Sünnet bilinşi ýaly yslamdan gelýän düzgün däldir. Ol Ybraýymyň Müsürdäki elitleriň arasyna girmek üçin etdiren zadydy. Sebäbi gadymy Müsürde sünnet, elit, saýlama adamlara degişli yşaratdy.
Müsürde sünnet däbi nähili başlady diýsek;
Sünnet yslamda Habyl we Kabyl diýip agzalýan gadymy Müsüriň Osiris we Set-iň rowaýady bilen başlaýar.
Rowaýadyň gysgaça mazmuny şeýleräk;
Iki dogan taňrylar Osiris we Set biri birniň tersidir, biri ýagşylygyň (Osiris) biri bolsa içi garalygyň (Set), ýamanlygyň simwoldydyr.
Taňry Isida Osirisiň aýaly. Isida şeýle bir owadan bolupdyr welin Set hem muňa aşyk eken. Set bu sebäpden Osirisi ýigrenýärdi, ony öldürmegiň kassyna düşýär we Osirisi öldürip bölekleýär. Set şeýlebir gaharly eken hat-da Osirisiň jynsy organynam kesip aýyrýar. Osirisiň gözlegine çykan Isida wagtyň geçmegi bilen onuň böleklerini tapyp ýygnaýar we birleşdirýär, ýöne jynsy organy ýok. Ol tapylmadyk organ üçin halk içinde dabaralar edilýär we erbet Set-e gargynç okalýar we ýagşyzada Osirise alkyş okalýar. Taňry Osiris-e wepalylyk kasamy edende bolsa käbirleri jynsy organyny düýbünden, käbirleri bolsa belli bir hamyny kesipdirler.
Bu däp wagtyň geçmegi bilen Osiris-e wepalylyk ritualyna öwrülýär we sünnet edilenler Osirisiň jepasyny paýlaşýan, mukaddes, saýlama adam bolýandyklaryna ynanypdyrlar.
Ybraýym hem Müsüre baranda bu däp ol ýerde meşhur bolandygy üçin elitlere goşulmak üçin sünnet etdirýär.
Bu ritual Ybraýymdan, musewilige we ondanam yslama geçýär. Şeýlelikde, sünnet piker edilşi ýaly ylahy buýruk däl, köne Müsür däp-dessury.

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir