KYNÇYLYKLAR BILEN TAPLAN!
Sagyňa, soluňa göz aýla, heý-de başy agyrmaýan, damary syzlamaýan adama
gözüň düşdümi? Haýsy bir öýde bagry girýan dertliler ýok?
Köp sanly adam bardyr, başlary agyr gündedir. Birnäçe adam bardyr, sabryna
haýran galar oturarsyň. Bil, derde uçraýan bir özüň dälsiň. Gaýta, özgeleriň
ýanynda ýene-de derdi egsik, gaýgysy az bende özüň bolup galarsyň.
Ýyllarboýy düşekden galyp bilmän, agyrydan ýaňa perişan ýatan birnäçe
adam bardyr. Ýyllarboýy gün şöhlesini görmän, dört diwardan başga zady
bilmeýän zyndanda ýatan tussaglar bardyr. Ýaşlyk möwsüminde, ömürleriniň gül
açan çagynda göwher jigerini ellerinden aldyran ene-atalar bardyr. Gaýgyly,
bergidar, derde uçran, hasrata çümen birnäçe adam bardyr.
Kynçylyklaryň öňünde ejizleme, gaýta, olary ýeňip, özüňi tapla we beýgel!
Dünýe käte zyndan bolup görünse-de, gaýgy-hasratlaryň we külpetleriň mesgeni
ýaly bolup dursa-da, ruhdan düşme. Dünýe durmuşy göz ýumup-açasy salymda
üýtgäp bilýändir.
Öz derdiňi özgeleriň örtenmesi a-da öňki ötenleriň agyry-derdi bilen
deňeşdirip gör, olara garanyňda seniň süňňüňde dert ýokdugy äşgär bolar. Olaryň
agyrysynyň ýanynda seniň çekýän bu derdiň ýönekeý bir sanjym ýaly zatdyr.
Allanyň saňa mähirli bakyşyna şükür et. Özüňde ýok zada gyýylma, bar zadyňa
welin şükür et. Şeýdibem, töwrekdäkilerden beýikdigiňe, sagdyndygyňa göz
ýetirersiň. Pygamber alaýhyssalamdan nusga al: aýaklary ganjardy, ýüzi ýaralandy,
açlyk bilen daňyldy, agaç ýapraklaryny iýip, oňňut etdi. Mekkeden kowuldy,
dişleri döwüldi, päkize aýalyna şyltak atyldy. Sahabalaryndan ýetmişisi wepat
boldy. Ogluny elden aldyrdy. Açlykdan ýaňa garnyna daş daňyp gezdi. Ony
jadygöý, palçy, däli-mejnun, ýalançy diýip atlandyrdylar. Ol sabyr etdi, Allatagala
bolsa ony bu zatlaryň ählisinden gorap saklady. Bu adam balasynyň hökmany
görmeli synaglarydyr.
Musa köteklenildi (kemsidildi), Ybraýym Halyl oda oklanyldy. Dört
çaryýarlar hem şol ýoly geçdiler. Görnükli ymamlaryň arkasyna dürre gamçy
çalyndy. Ýagşyzadalar zyndana atyldy, asylzadalar kösendi, ýöne ählisi sabyr etdi.
Bu kynçylyklar bilen özlerini tapladylar we beýik bolup galdylar.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir