S​özbaşy
Bismillähirrahmänirrahym

Gör nähili gowy kalba sygmadyk
Duýgylarmy Seniň bilen paýlaşýan
Ýüregimi gije-gündiz ýygladyp

Bu sözleri anyk beýan etmäne
Ylahydan ylham söz gory gerek
Aýdyň hakykaty aýan etmäne

Eý meniň goşgymy okap oturan
Musulman doganym !
Bagyşla meni
Juda ujypsyzja size ýetiren

bujagaz kiçijek kindiwan goşgym
Men öz kalbymdaky Alla söýgimi
Beýan etmek üçin bir goşgy goşdym

Şol söýgimi ak kagyzyň ýüzüne
Sygdyryp bilemok bagyşla meni
Ol söýgi sygmaýar ýeriň ýüzine

Allahym bagyşla meni çünki Sen
Merhenetlileriň merhemetlisi
Rehmetiňe umyt baglap geldim men

Men ejiz biçäre günäli guluň
Günälerni bagyşla eý Allahym
Hemişe zikriňi eýlesin dilim

Allahym sabyr ber ,her kynçylykdan
näletli şeýtanyň waswasasyndan
aldanan adamlaň aldawlaryndan

Durmuş aladasyn ýeňip geçmäge
Sabyr ber Allahym maňa sabyr ber
Nebsiň isleglerin zyňyp geçmäge

Men biçäre ejiz bendä ýardam ber
Seniň razylygyňy gazanmak üçin
Ýogsa ýalançyda ýaşaýyn nüçin

Eý Allahym Öziň maňa ýol görkez
Bize ol behişdiň gapylaryny aç
Ygtyýarsyz gapyl gözlermiz görmez

Seniň eradaň hem rehmiň bolmasa
Dünýe garaňkylyga gaplanar durar
Adly aňlaýanlar adalat görer

Behişt bu nähili ajaýyp ýerdir
Gahar-gazap,ýalançylyk,zulum ýok
Garrylyk ýok
Hassalyk ýok
Ölim ýok

Heniz gözlermiziň görmedik ýeri
Heniz gulagmyzyň eşdip bilmedik
Akylmyzyň aňlap almadyk ýeri

Pygamberler ,weliler hem öwilýäler
Möminler ,şehitler ,barça musulman
Jennetiň işine girirler durman

Eý Allahym
Şol gün
Hasaply günde
Mizanly syratly
azaply günde
Merhemet kyl sorag -jogaly günde

Pygamberler söhmetine gatnaşyp .
Elmydama aladasyz dynçlyk da
Gezerismi baky bagta utgaşyp

Iň esasy beýik Perwerdigäriň
Jemalyn görmek
Neneň bolar Hakyň jemalym görsek?

Şu zatlar barada oýlanan wagtyň
Öziň nädereje pesde durýanyň
Äşgär duýýarsyň

Bes şeýtanyň şerne gulak asylmaz
Alla merhemetli iň mähribandyr
Onuň rehnetinden umyt kesilmez

Gerçeknazar Amannazarow

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir