Bu sözleri ýazmagymyň maksady ýüregime sygmadyk duýgylarymy söýgülime ýetirmek .Belkide bu sözleri Şirinaýym okar.

Şirinaý
Şu ady eşdenimde ýüregim jigläp gidýär.Diňe bir iki üç gezek däl her gezek eşdenimde ýüregim jigläp gidýär .Näme üçin beýlekä?
Bu nähili söýgi boldygy,bu nähili duýgy boldygy ? Ynanyň bu duýgyny beýan etmäge hiç bir söz hiç bir sözlem ýetmeýär.Bu duýgyny beýan ederden sözler ejiz.Bu duýgyny söz bilen beýan edip bilemok.
Howa bu duýgyny başdan geçirnedikler oňa düşünmezler.
Aslynda men seni näme üçin söýdümkäm,men seni näme üçin söýýärkäm? Sen beýle bir owadanam,baýam,akyllam däl.Men seni näme üçin söýýän ?Ýokardada aýdyşym ýaly ony söz bilen beýan ederden sözler ejiz .Meniň saňa ruhum,bedenim,kalbym siňen.
Sen şeýle bir gaharjaň.Sähel zada gaharlanýaň.Ýöne näme üçin şonda-da seniň sözleriňe ýüregim ýumşaýar .Sesiňi her eşdenimde,sesiňi her eşdenimde ,sesiňi her eşdenimde ...ýok ol duýgyny söz bilen beýan edip biljek däl .
Bilýäňmi meni şahyr edenem sen .Eýsem sen bilýänem dälsiň men ilkinji goşgymy seniň söýgüňden ylhamlanyp ýazdym .

Men saňa bakýan
Sen maňa bakýaň
Bakmak bilenem
Ýüregmi ýakýaň

Göräýmäne ýönekeýji sanawaç ýaly sözlemler.Ýöne men bu sözlemleri hakydamda ýüregimde göterip ýörün.Bu sözlemler çaga kalbymyň joşgunly owazy,bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary

Şirin aýtsana
Meni söýýäňmi
Meniň söýgümi
Senem duýýaňmy

Heý adamy beýle söýmek bolarmy?.Beýlede söýgi bolarmy? Elbetde bu söýgümi Şirinaýymam göterip bilmedi.Ýöne men oňa söýgi sözlerimiň hemmesinem aýtmandym.Käbir goşgylarymy sms edip tel nomerna ygradypdym.Sen ol goşgylary okap aglapdyň .Näme üçin agladyň? Men aglar ýaly söz ýazmadym ahyry

Gör ne elhenç ýagyş ýagýar daşarda
Meňzäp kalbymdaky harasatlara
Ýüregimi persala edýän bu söýgi
Goýmady göwnümde parahatlygam

Aldyň sen aňymdan akyl huşumy
Galmady elimde eradam erkim
Bu duýgyny gursagymdan çykarsam
Gerçek däliräpdir diýerler her kim

Aýtsana Şirinaý jadygöýmiň sen
Beýle nädip jadyladyň sen meni ...

Boldy besdir mundan artyk ejiz ýürekleri aglatmana dözemok.Şonsuzam gyz ýüregi juda näzik.Saňa bolan söýgümi goşgy setirlerinde beýan etmäge dowam ederin .Belkem düşünersiň

Ýazan : Gerçeknazar

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir