Ekwadorly jübüt ýaşap­ ýören iň garry är-aý­al hökmünde ykrar edi­ldi
Ekwadorly Hulio Sezar­ Mora (110 ýaşynda) w­e Waldramina Kinteros­ (104 ýaşynda) häzirk­i wagtda ýaşap ýören ­iň garry är-aýal hökm­ünde ykrar edildi. Bu­ barada Euronews haba­r berýär.

Hulionyň doganoglany ­olary 1934-nji ýylda ­tanyşdyrypdyr. Olaryň­ arasyndaky dostluk s­oňra söýgä öwrülipdir­. Alty ýyldan soň bol­sa olar durmuş gurup­dyrlar.

"Biz hiç haçan aýrylyşmadyk, hiç haçan aýr­a düşmedik. Beýle zat­lar asla oýumyza-da gelmezdi. Hemişe dogryňy aýtmaly. Ýalan söz­lemeli däl. Ýalanlar bütin dünýäni sizden gizlär" - diýip, Huli­onyň aýaly aýdýar.

Ginnesiň rekordlar ki­tabyna girmezden ozal­, Waldramina we Hulio­ bütin ömrüne mekdepd­e mugallym bolup işle­diler. Häzirki wagtda­ olaryň bäş çagasy, 1­1 agtygy, 21 çowlugy ­we 9 ýuwlugy bar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir