Türkiýede koronawirusyň has üýtgän genleri tapyldy
Türkiýeden genetikleriň we epidemiologlaryň topary täze görnüşli koronawirusyň ýygy-ýygydan üýtgeýän genini kesgitlediler. Alymlar üýtgän wirusyň hassahanalardan akar suwa ýa-da jemgyýetçilik ulaglaryna düşmeginiň heläkçilikli netijelere getirip biljekdigini duýdurýarlar. Bu barada infosmi.net habar berýär.

Egeý uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň işgärleri dünýäniň ýüzlerçe ýurdundaky müň syrkawdan gelen koronawirusyň genomy baradaky 30 000 maglumaty seljerdiler. Barlag işi wirusyň dürli derejede üýtgemeginiň genomyň aýry böleklerine täsir edýändigini görkezdi: käbir genler seýrek üýtgeýärler, käbirleri – ýygy-ýygydan.
Hünärmenler duýdansyz üýtgemeler olara lukmançylyk edaralaryndan daşary çykmak we populýasiýada ornaşmak başartsa, wirusyň ýokujylygyny we ölümliligini ýokarlandyryp biler diýip hasaplaýarlar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir