Geçen geçdi
Geçeni ýatlap, geçmişiň hyýalynda gezmek, geçmişi yzyna dolajak bolmak,
öten günüň hesretine gyýlyp ýörmek akmaklyk we dälilikdir, erk-islegiňe tagna
salyp, oňa kast etmekdir, häzirki durmuşyň ýoguna ýanmakdyr. Akyldarlar
geçmişiň hasap depderini düýrleýärler hem-de ol hakda söhbet etjek bolmaýarlar.
Ony ebedilik unutganlyk zyndanyna, açary ýitirilen gulpuň aňyrsyna oklaýarlar.
Perwaýsyzlyk türmesinde goluny, aýagyny berk gandallap goýýarlar we ol ýerden
çykarmak hakda asla pikirem etmeýärler. Ol hiç hili yş we ýagtylyk görmän, şol
ýerde galyberýär. Sebäbi ol gutaran, geçen zat. Gaýgy-gam ony yzyna gaýtaryp
bilmez. Pikir-alada ony dikeldip bilmez. Ünji-oý ony sagaldyp bilmez. Hasratam
ony gaýtadan direldip bilmez, sebäbi ol indi ýokluk, bolmajak, dolanmajak zat.
Geçmişiň garabasmasyna berilme we ötegçi kölegelerde saklanma. Özüňi
geçmişiň salgymyna kowalamakdan halas et. Derýalary gözbaşyna, Güni dogýan
ýerine, çagany enesiniň göwresine, süýdi göwüslere, gözýaşlary göze tarap yzyna
öwürmek isleýärmiň?! Gaýdyp dolanmajak zatlaryň hyýalynda gezmek, bolup
geçen zatlary gaýta-gaýta pikiriňde göterip, ahmyr çekip, öteniň oduna örtenip
ýörmek ­ gynançly, gorkuly, eýmendiriji, haýykdyrjy ýagdaýdyr.
Düýnki günüň depderlerini okasaň, bu günüňi elden giderersiň, yhlasyňy dyr-
pytrak edersiň, häzirki sagatda bitirmeli zatlaryňa hötde gelip bilmersiň. Allatagala
öten kowumlary we olaryň eden işlerini ýatlap "Olar eýýäm geçip giden kowum"
diýip aýtdy. Iş soňlandy, wagt gutardy. Zamanaň göwresini uzaltmak üçin
amalyýet geçirilmeýär, operasiýa edibem, döwri dolap bolanok. Müň tilsim
ulanybam, taryhyň çarhyny yzyna dolamak mümkin däldir. Ol gitdi.
Könäniň küýüne berlip, geçeni yzyna dolamak isleýän adam öň üwelen uny
gaýtadan degirmene guýýan adam ýalydyr. Agaç üpüllerini gaýtadan ýonmak
isleýän neçjar mysalydyr. Geçmişine gözýaş dökýän adam hakda gadymdan bäri
aýdylýan bir söz bar: "Merhumlary göründen yzyna çykarjak bolma" diýilýär.
Haýwanlaryň diline düşgür adamlaryň biri: "Sen näme üçin beýleki haýwanlar
ýaly gäwüşäňok?" diýip eşekden sorapdyr. Eşek: "Men ýalan, esassyz hereketleri
halamaýaryn" diýip jogap beripdir.
Biziň özümizi dürsemegimize bökdençlik döredýän, ejizlige salýan esasy
kynçylyk şu günümizi unudyp, geçmişiň pikirlerine aşa köp berilmegimizdir.
Owadan köşklerimize biperwaý bakýarys-da, döwük köprülerde nazarymyzy
egleýäris, ýöne yns-u jynlar birigip, bir hörpden gopsa-da, olar geçmişi yzyna
dolap bilmezler. Bu bolmajak zat.
Öňe gidilýän ýolda adamlar yzyna garajak bolmasyn, ýeňsesine tiňke dikip
durmasyn. Ýel elmydama öňe tarap öwüsýändir. Suw öňe tarap akýandyr. Kerwen
öňe tarap ýöreýändir. Sen durmuşyň bu däbine ters hereket etmegin.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir