Ellerini silkip, onuň sözlerini böldi:
—Men edepsizlik etme kemini goýmadym, Bibi! Sen durmuşa çykmandyň... men şol wagtlar oňa hatam ýazdym... Saňa-da diýmäge utandym-da... hut öz elim bilenjik özüne berdim.—Bibi demini alman diňleýärdi. Sadap, hamala, bu zatlary doly aýtmaga güýjüniň ýetmezinden çekinýän dek, çalt-çalt gepläp dowam etdi.—Ol bolsa haty okady-da, otlady... Sesini çykarmanam, yzyna dolandy. Men ol hakda il-günüň diýýän zatlaryna-da ynanamok. «Il agzyny bogup bolmaz» diýipdirler...
Bibi Sadaby ilkinji gezek görýän dek, gözlerini çüýjerdip, oňa tiňkesini dikip, bir salym oturdy. Soň onuň gözleriniň alny ümezläp, ýaňaklaryndan ýaş damjalary yzly-yzyna togalandy. Sylaplaryň maşgalasyna-da ýigit hakda il arasyna ýaýran gepler ýeten bolarly, Bibi Sadapdan: «Il ol hakda näme diýýärmiş?» diýip soramady. Gözüniň ýaşlaryny sylyp oturyşyna nalap:
—Wah, şol öý-işik bolup, ile goşulsa, başga armanymyzam ýok. Ýeköýliniň horazy ýaly bolup ýör welin... biz-ä ölüp bilemzok... Ejem-kakam-a şondan ýaňa halys iki büküldiler...
Sadap barha dogumlandy:
—Sen oňa meniň özüni gowy görýänimi bir aýdyp ber... Her zadam bolsa, doganyňdyr... Belki, düşünişersiň...
—Wah—diýip, Bibi janyýangynly gepledi.—Aýtmasyn-a aýdaryn welin... Diňlese diýsene şo... Asyl, öý-işik meselesinde dil ýaranog-a ol. Şeýdip bagyr-öýkenimize gan öýýä-dä!
Sadap özüne ejir berýän başga aladasyny ýaňzytdy:
—Ýa onuň halaýany barmyka?!
Bibi ýene bir belli zat aýtmady:
—Nä bileýin-dä! Bar bolsa, barlygyny duýduraýmal-a! Kakam pahyr dag-a ol ýeriň aňry ujundan gelin getirse-de, öňüne çöp atjak däller...
Sadap turmakçy boldy:
—Men gaýdaýyn, Bibi... Gyz bolup, oglana habar ibermek gowam-a däl welin... her zadam bolsa, sen onuň bilen gürleşip gör... Meniň ony sulhumyň alýany çyn...
—Bolýa, hökman gürleşeýin—diýip, Bibi söz berip galdy.
Sadap şol günüň ertesi Bibiniň ýanyna habaryny eşitmäge geldi. Ýöne Bibi ony begendirmedi.
—Onuň-a şol bir bolşy, diňlänogam—diýip, Sadaba sowuk habary ýetirdi.
Sadap Bibiniňkiden kellesine taýak degen ýaly bolup gaýtdy. Ýaşaýyş onuň üçin gyzyksyz bir zada öwrülip barýan ýalydy. Bar zada kejebesi darygýardy. Gabadyndan ötüp-geçip duranlaryň «gurgunmysyny-da» onuň ýüregine düşüp barýardy. «Göni geçiberenlerinde bolmaýarmyka?!» diýip, özi bilen saglyk-amanlyk soraşyp geçýänlere gaharlanýardy. Onuň hiç bir zada ünsüni sowman, pikirini böldürmän, ýüreginiň sedasyna diň salyp gidesi gelýärdi. Beýnisinde birsyhly: «Näme etsemkäm?» diýen sowal at çapýardy. «Indi nä alaç edeýin?» diýip, dodaklaryny müňküldedip, öz-özüne sowal berýärdi. Öz-özi bilen gürleşip barýardy. Ýöne bu sowallara jogap tapmaga onda güýç-kuwwat ýokdy. Onuň göz öňünden Sylap birje salym-da aýrylanokdy. Ýigidiň mydama aladaly, gamgyn nazarlaryny ýere dikip, çilim kükedip barýan keşbi gyzyň göz öňünde surat bolup galypdy. Ol pikir elegini her näçe elese-de, Sylap bilen çalşyp boljak ýigidi, özi üçin Sylabyň ornuny tutjak oglany hakydasyna getirip bilenokdy. «Sylapsyz ýaşamaly bolsam, ýaşajagam däl!» diýip, ol bir gün aýgytly pikire geldi. Sebäbi ol Sylapsyz ýaşaýşy göz öňüne getirip bilenokdy. Sylabyň öýünden özünden başga gyzyň girip-çykjagyna Sadap özüniň döz getirip bilmejekdigini bilýärdi.
Üstesine-de, Sadaplaryň gapysynam sawçylar yzly-yzyna kakýardy. Ejesi-kakasy her sawçy gelende, gyzyň daşyna geçip, bolmajysyny bolýardylar. Ýalbarýardylar, käýeýärdiler, düşündirýärdiler... Ýöne, barybir, gelen sawçylar yzyna ugradylyp durdy... Bu ýagdaýyň hem uzak dowam etmejekdigine Sadap aňryýany bilen göz ýetirýärdi. Ejesidir kakasynyň günleriň bir güni özleriniňkini gögertjekdigini duýýardy. Şonuň üçinem maý barka, Sylaba niýetine düwen zatlaryny diýip galmak isleýärdi.
Ol her gije Sylaby daşarda ýekeräk görmek üçin peýläp başlady. Oňa-muňa güýmenen bolup,
tä goňşy öýde çyra öçýänçä, daşarda köwlendi. Gözlerini goňşulardan aýyrmady. Tomsuň aý aýdyň gijeleriniň birinde hem oňa Sylaba sataşmak miýesser etdi. Obada toý boldy. Agşamlyk hemmeler bagşy diňlemäge gitdi. Sylap bilen Sadapdan başga jemende galmady. Sylap gapydaky agaç sekiniň üstünde ýassyga ýanbaşlap, täze gazetleri gözden geçirýärdi. Amatly pursada garaşyp, ýüregini eline alyp ýören Sadap öýler gowy çolaransoň, sallanjyrap, goňşulara ugrady. Ýüzüne gazet tutup, öz oý-pikirleri bilen başagaý bolup oturan Sylap birbada gyzyň tagta sekä golaýlaşanynam aňşyrmady. Sadap özüne üns berilmese-de, sekiniň bir gyrasynda çökdi. Aýaklaryny sallap oturdy. Sylaby içgin synlady. Oňa seretdigisaýy gözleriniň alny ümezledi. Ýamanlykda tutulan dek, galpyldady. Ýüregi böküp-böküp, agzyndan çykaýjak bolýardy. «Sen meni näme üçin halaňok?» diýip, gyz Sylaba seredip oturyşyna oňa sessiz ýüzlenýärdi. Şu sowal beýnide gaýtalandygysaýam gözýaşlar owany dolduryp barýardy. Birdenem gözüň owasy ýaşdan püre-pürlendi-de, damjalar gyzyň ýaňaklaryndan ýol ýasap gaýtdylar. Gyz aýalary bilen ýüzüni süpürip, uludan dem aldy. Onuň haşşyldysyna Sylap tisginip gitdi. Elindäki gazetini bir çete oklap, göze ilmez çaltlyk bilen ýerinden zöweldi. Sadabyň gelenini aňşyrmanyna geň galdymy ýa-da gyzyň sessiz gözýaş döküp oturmasyna aljyradymy, birbada näme diýjeginem bilmedi.

Dowamy bar

Ogulsenem taňňyýewa

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir