Bir toýda maşynlar signal berşip, gelnaja ugraýarlar. Iki sany oglanam toýa gijä galyp gelendigi üçin, olara maşyn tapylmaýar. Ýaňkylaryň biri sakow eken, dostuna garap:
- D-d-dawaý, ik-ikimizem maşyn maşyn maşyn, maşyn maşyn maşyn, tap-tapaly?
- Ýekeje maşyn tapylman durka, onça maşyny başyňa ýapjakmaý...

Bir erkek türmeden çykdy. Iki adam öldüreni üçin basylypdy. Indi otlyda öýüne barýar. Kupesine girýär, 3 sany buluç otyr. Ikisi stolda iýip otyr, 3-njisi ýokarky polkada ýatyr. Buluçlar muny görenden çörege çagyrdylar. Aý olam begenip otyrdy, iýdiler içdiler. Iki buluç "biz çilim çekip geläli" diýip çykyp gitdiler. 5 minutdan otly silkendi, ýokarda ýatan buluç aşak gaýtýar, kelleside stola degip ýarylýar. Erkek ýürek urşuny barlaýar, ölüpdir. "Blýat, maňa indi kim ynanar, özüm şu wagt türmeden gelýän" diýip pikir etdide, ýaňky bulujy aýnadan oklap göýberdi. Özide hiç zat bolmadyk ýaly iýip otyr. Giden iki buluç gaýdyp gelip: - Nätanyş adam, hany bizziň ýoldaşymyz? - Ol ýaňy siz çykanda, siziň yzyňyzdan çykdy. - O nähili çykdy? Ol ýogalypdy, biz ony Ýolötene jaýlamana alyp barýadyk.

Ýolda maşyn birini kakypdyr. Şol yerde üyşmeleñ bolup durdy. Gazet üçin habar gözläp yören işgärem tizräk suratyny aljak bolup:
- "Çekiliñ gyra, men öleniñ kakasy" - diýip bardy welin, ýerde ýatan eşekdi...


- Salam gowmy, näme işleýäň?
- Salam, gowy, seni göresim gelip otyryn, birnäçe gün bäri görşemzogam, 2-3 gezek seni düýşümdede görüp ýetişdim, sen näme işleýäň?
- Kelem çorba iýýän.

Oturşykda 2 sany işgär gurleşýär:
- puuf kim osurdy? kim osurdy diyyan!
- ýuwaşrak bol, başlyk osurdy!
- mmm ysynyň gowydygny?!


Mugallym: Klasda testden diňe Aman 99 bal aldy.
Aman: Aňsatjak şo test dagy, baryňyz tupoý ekeniňiz.
Mugallym: Galanlaryň hemmesi 100 bal aldy.

- Kaka-a, erkek diýip kime aýdylýar?
- Erkek diýip, güýçli adama, maşgalasyna seredýän, goraýan adama aýdylýar!
- Gowydygyny! Onda menem erkek bolasym gelýär, ejem ýaly!

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir