Irden adaty günler ýaly ertirlik edinip işe gideýin diýip eşiklerim geýenim hem şoldy welin ,maňlaý goňşymyz Täzegül gelnejem ylgap geldi
- işe gitman ekeniň Mähra bir zada bolýar,gyzgyny düşenok ,ot ýaly özem
1-nji sentýabr okuwa ibermejek hem bolsam aglap eşigin geýip mekdebe dyzap dur ,iň bolmanda bir sagatjyk gyzgyny gaýdar ýaly bir zat urup beräýdä
-bor gelneje , bir sagatlyk gowy etmeris ,sagalar ýaly ukol edäýerin häzir,diýdimde olara gitdim
Barsam hakykatdanda Mahrijigim ot ýaly
Özem okuw eşigin geýip ,sumkajygyn ,sumkajygynyň ýanyndan suwjagaz hem alypdyr
Ullakan desse gyzyl,ak,sary bägüllerden ýasalan çemen hem ýanynda,hatda köwşüni hem geýipdir
Mährime ukolyn urup azajyk ýat diýsem ol
- ýok ,men okuwa gitjek diýip aglap başlady
Täzegül gelnejem köşeşdirip bilmän oda ýalbarýar erte gidäý diýip
-okuwa gitjek okuwa gitjek ,ýaňy ukol urdurmasaň okuwa iberjekdäl diýdiň,ukol urdurdyma indi gowy
Täzeden gyzgynyn ölçedim ,ýagdaýy oňat
-gelneje äkidäýsene oňat ,mekdep ýakyna ýaramasa gelerdä ,mugallymyna tabşyrda gaýdaýgyn
-borda
Mähri mekdebe gitdi ,şatlanyp begenip
Ozal hem aýyň 26.08.2016 ýyl Mähriň okuw esbaplarny ,egin eşiklerni alyp berenlerinden bäri ,ol günde men işden gelemde eşiklerni we köwşüni günde maňa üç dört gezek geýip görkezip gidýärdi

Öýe gelenimden soň şeýle bir ýüregim gysdy

19 ýyl mündan öňki wakam ýadyma düşdi

1-nji sentýabr güni menem edil Mährijik ýaly ot ýaly gyzypdym
Temperaturam peselmänsoň meniň hem ejem Mährijigiň ejesi ýaly ukol urdurmasaň mekdebe gitmersiň diýipdi
Men edil Mährijik ýaly mekdebe gija galaýmaýyn diýip gije turyp eşiklermi geýip ýatypdym ,hatda ejene bildirmän sagadymyzam öňe süýşuripdim
Meniň şeýle bir aglasym gelýar,ejejan seni küseýän ,seni göresim gelýär

Meniň bu ýagdaýyma çäre barmyka ?
Işden gelip Baýramala gideýin, ejem ýanyna
Ejem baş uçuna kellami goýsam , belki ýüregim aram tapar

Nowça

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir