"IBLISIÑ ÝALAN-ÝAŞRYKLARDAN WE TÖHMETLERDEN DÜZÜLEN KYSSASY:
▶ "ÝÜZÜKLERIÑ HÖKÜMDARY"

Gurhanda şeýle diýilýär: "Şeýtan siziñ duşmanyñyzdyr. Sizem oña duşman boluñ!". Iblisiñ prodýuserlik edýän kinofilmleriniñ yşaratlary. Iblisiñ ýalan-ýaşryklar we töhmetler kyssasy: "Ýüzükleriñ hökümdary" Biz bu makalamyzda iñlis ýazyjysy professor J.R.R.Tolkieniñ 1954-nji ýylda kitap satuwyna çykarylan we 17 ýylyñ dowamynda ýazylyp gutarylan üç kitaplyk "Ýüzükleriñ hökümdary kyssasyna" we onuñ içindäki "şeýtany sýužetlere" seljerme bermäge synanşarys. Altmyş ýyl mundan öñ Tolkiene ýazdyrylan bu kyssa eseri içindäki "sýužetleriñ" nukdaýnazaryndan seredende: Hudaýa, perişdelere, Süleýman pygambere (a.s) atylan töhmetlerden - Süleýman pygamberiñ möhüri-ýüzügi, Deçjal, äjit-mäjit, kyýamat urşy, mediumlyk-jadygöýlük, jynlar-şeýtanlar we tümlük bilen ýagtylygyñ gapma-garşylygy ýaly birnäçe sýužetleri öz içine alýar.
■ KITABYÑ TÄSIRI
1954-nji ýylda kitap satuwyna çykan gününden başlap 1968-nji ýyla çenli diñe Angliýada otuz sekiz gezek neşir edilmegi bu "şeýtany sýužetlerden" doly kitaba bolan gyzyklanmanyñ şol wagtlardan başlap köp bolandygyny görkezýär. Häzirki wagta çenli kyrk dile terjime edilen kitabyñ okyjysynyñ 100 milliona ýetendigi çaklanylýar. Kitabyñ täsiri geçen asyryñ 60-njy ýyllarynda aktiwist talyplaryñ çykyşlaryna hem ýiti täsirini ýetiripdir: Hatda talyplaryñ ýaşaýan umumyýaşaýyş jaýynyñ girelgelerinde: "Frodo ýaşaýar", "Biziñ Prezidentlige dalaşgärimiz Gandalf" ýaly ýazgyly plakatlar asylgy durupdyr. Şeýle-de meşhur rok aýdymçysy Sting öz adyny Frodonyñ gylyjyndan, meşhur "New Age" aýdym-saz topary özüniñ "Shadowfax" ("Kölege ýal") adyny Gandalfyñ atyndan alypdyr.
■ ÝAZYJY TOLKIEN
Oksford uniwersitetiniñ edebiýat professory Tolkien "Silmarillion", "Ýüzükleriñ hökümdary", "Hobbit" ýaly başga-da birnäçe eseriñ awtorydyr. Ýogsa-da, hakykatdanam ýazyjy bu kitaplary özi ýazdymyka, ýa ýazdyryldymyka? Üns beriñ, "Silmarillion" eseri barada ýazyjynyñ özi näme diýýär" "Ömrüm boýy "Silmarillionda" beýan edilen hekaýatlary oýlanman gezen wagtym bolmady". Eýse, Tolkieni kim joşa getirdi? Ol bu sýužetleri, düşnüksiz wakalary we antik eýýamlara degişli maglumatlary nireden bilýärkä? Ýaradylyş we ondan soñky taryha degişli birnäçe taryhy faktlary oña elýeterli eden we olary göz-görtele ýoýulan şekilde beýan etmesine ýol beren kimler? Ýazyjynyñ öz-ä "Men diñe gyzyl kitaby terjime etdim" diýýär. Eger kinofilmine özüñizi aldyrman, onuñ hyýaly dünýäsine daşardan sereder ýaly derejede bolsañyz, onda epizodlary birikdirip görüñ. Şonda sizem bu haý-haýly eseriñ Tolkieniñ galamyndan çykmandygyna anyk göz ýetirersiñiz. Gaýtam tersine, onuñ adyndan halka hödürlenen kitaplar belli bir maksada hyzmat edýär.
■ ŞEÝTANLAR KIME WAHYÝ EDIP BILER?
Owaly-ahyry bolmadyk Beýik Allatagala adamzada ugradan iñ soñky wahysy Gurhanda bize şeýle duýduryş berýär: "Şeýlelikde, Biz hem nebi üçin adam we jyn şeýtanlaryndan bir duşman ýaratdyk. Olaryñ käbiri käbirine aldawçy owadan sözler bilen wahyý eder (gürlär). Gürrüñsiz, seniñ Rebbiñ islemese muny beýtmezdi. Olary töhmetleri bilen ikiçäk goý". [EN'AM(6)/112] "Üstüne Allanyñ ady ýatlanmaýan hiç zady iýmäñ. Gürrüñsiz ol pasyklykdyr. Şeýtanlar size garşy gitsinler diýip dostlaryna wahyý ederler. Eger siz olara ytagat etseñiz, onda sizem müşrikleriñ hataryna geçersiñiz". [EN'AM(6)/121] "Şeýtanlaryñ kimiñ üstüne inýändigini size habar bereýinmi? Her günäkär-töhmetçiniñ üstüne inýär. Olar (şeýtanlara) gulak gererler we bularyñ köpüsi ýalançydyr". [ŞUARA(26)/221-223] Görşümiz ýaly, aşakda tankydy seljermesi beriljek "Silmarillion" eserini ýokarky görkezilen aýatlaryñ yşygynda öwrenenimizde, Tolkieniñ bilmesi mümkin däl "gadymy hakykatlaryñ" ýoýulmagy we toslama hekaýatlary bilen bezelip-beslenmesi esasynda ýazylan eserdigini görmek bolýar. Gadym-gadym eýýamlarda bolup geçen bu wakalary bilýän we olary öz hapa maksatlaryny amala aşyrmak üçin ýoýup berýän "antik baýguş" - adamzadyñ ganym duşmany bolan Iblisiñ obrazydyr. Bu eserler "şeýtany dilde" ýazylyp, ähli progressiw düşünjeler bulam-bujar edilipdir. "Hak bilen Batylyñ göreşiniñ" batyl tarapy bolan Iblis bu çeper kinofilmde batyl göreşiniñ birnäçe kodlaryny özünde saklaýar we adamzady ýolundan azaşdyryp taşlajak duzaklary gurýar. Ýönekeý bir tomaşaçynyñ ýa-da okyjynyñ bu duzaklary seljerip bilmegi mümkin däl. Biz bu makalamyzda agzalan "kinofilmleriñ we kitaplaryñ şeýtany meýilnamalaryny paş etmek bilen birlikde, Iblisiñ we syrtyny şoña direýän "Global güýçleriñ" hakyky ýüzüni görkezmäge synanyşarys.
■ REŽISSÝOR WE ONUÑ KINOFILMLERI
Üç kitapdan ybarat bu kyssa mukaddes ýazgylara çemeleşilen ýaly aýratyyn üns berilip, kitapda beýan edilenlerden onçakly üýtgedilmän meşhur režissýor Piter Jekson tarapyndan sekiz ýyla çeken taýýarlygyñ soñunda 2001-2003-nji ýyllarda 285 million dollar çykdajy edilip surata düşürildi. Kinofilm 11 ugur boýunda "Oskar" baýragyna mynasyp boldy. Dünýä boýunça alanda 500 million adam "Ýüzükleriñ hökümdaryna tomaşa etdi. Režissýor şol bir wagtyñ özünde "Göze gelüwli ruhlar", başga saýýaralylar hakyndaky "9-njy sebit", 2011-2012-nji ýylda görkezilişe goýberilen "Hobbit-1", "Hobbit-2" çeper-fantastiki kinofilmleriniñem režissýory we prodýuseridir. Iblisiñ esasy ýörelgesi bolan "hakykatlary çöwresine öwrüp taşlamak" we "pöwhe hyýallary döretmek" sungaty gürrüñi gidýän kinofilmde ussatlyk bilen işlenipdir. Kinofilmde hereket edýän birnäçe legendar "gahrymanlar, obrazlar we simwollar" "Iblisiñ gadymy meýilnamasyna" laýyklykda dizaýn edilip, tomaşaçylaryñ añyna siñdirilmäge çalyşylýar. Ynha, biz şu seljermämizde kinofilmdäki "kodly sms-leri" paş ederis we gyýtaklaýyn yşarat görkezýän sms-leriñem hakyky manysyny hem-de düşündirişini bereris. Şonuñ üçin ilki bilen "Ýüzükleriñ hökümdary" kyssasynyñ başlangyç bölümlerini gürrüñ berýän we "kodly düşünjeleri" añladýan "Silmarillion" eserine gysgaça göz aýlalyñ: Kinofilmiñ süññüni ýüzügiñ üstünde gidýän dawalar düzýär. Ýüzük hakykatynda - Süleýman pygamberiñ (a.s) ýüzügi. Ýöne düşünilmesin diýip üýtgedilen görnüşde berilýär. Süleýmanyñ ýüzügiñ "Dawut ýyldyzly möhürdir".
■ "ÝÜZÜKLERIÑ HÖKÜMDARY" KINOFILMINIÑ REFERANSY: "SILMARILLION"
"Silmarillion" Tolkiene tä ölýänçä megerem gulagyna Iblisiñ pyşyrdap ýazdyran we ölüminden soñ ýazyjynyñ oglunuñ elýazma belliklerden toplap çap etdiren eseridir. Bu eser "Ýüzükleriñ hökümdaryndaky kyssalaryñ has başky döwürlerine gidip, perişdeleriñ we älemiñ ýaradylan wagtyny, Iblisiñ Hudaýa garşy gidişini, onuñ ýer ýüzüne sürgün edilmeginden soñky döwrüni we jynlaryñ dünýä bilen baglanyşykly taryhyny "toslamalara we gödek ýoýulmalara büräp" gürrüñ berýär. Silmarillion - eserde elfleriñ (jynlaryñ) atasy Feanoryñ ak agaçdan ýasan we Sauron atly perişdäniñ ogurlan üç ýüzügine berilen atdyr. Kitabyñ esasy bölümlerine aşakdaky birnäçe paragraf arkaly gysgaça göz aýlap geçeliñ. Iblisiñ çöwrüp taşlan düşünjelerinden doldurylan bu eseriñ nämäni öñe sürýändigine düşünmek üçin kodly düşünjeler arkaly yşarat edilen we biz tarapyndan berilen düşündirişleri goşadyrnaga alyp geçeris. Şu ýerde biz goşadyrnaga alynan düşündirişleriñ eseriñ asyl nusgasynda ýokdugyny hem aýratyn belläp geçmek isleýäris:
■ "SILMARILLIONDAN" BIR BÖLEK:
"Owal Eru (Alla-Hudaý) bardy - ýeke-täk (Hudaý). Arda bolsa (Arz-Dünýäde) Illuwatar (Alla-Tañry) diýip at berildi we Aýnury (Melaýy Ala – baş perişdeleri), ýagny mukeddesleri ýaratdy. Olar heniz hiç zat ýaradylmanka Onuñ ýanyndadylar. Soñra Aýnur (Melaýy Ala - baş perişdeler) bilen bile Uly Sazy döretdiler. Yzyndan Aýnura (Melaýy Ala) sazdaky älemi bina etmegi emredildi. Emma sazyñ adaty ritmine ters hereket eden Melkor (Iblis) Ylluwataryñ (Hudaýyñ) islän äleminiñ ýaradylýan wagtynda-da, edil saz döredilende edişi ýaly Oña (Hudaýa) garşy gitdi we ýanyna pes güýçli başga jandarlary (jynlary) toplady. J.R.R.Tolkieniñ hyýaly dünýäsi Orta Dünýäniñ (Orta Gündogaryñ, ýagny Ýakyn Gündogaryñ) başlangyjyny gürrüñ berýän "Aýnulindalýo" bölüminde äleme berilen at - Eä. Arda (Arz) bolsa bu älemde dünýäniñ elfler (jyn-şeýtanlar) tarapyndan berilen adydyr. Arda (Arz) Eäniñ (älemiñ) ortarasynda ýerleşýär. "Ylluwataryñ (Hudaýyñ) akylynda Manwe (Mikaýyl), Melkoryñ (Iblisiñ) doganydy. Ol Ylluwataryñ (Hudaýyñ) Melkoryñ (Iblisiñ) ahlaksyzlygyna garşy ýokarlandyran ikinji temasynyñ baş guralydy. (…) Manwe (Mikaýyl) Melkora (Iblise) şeýle diýdi: "Bu patyşalygy adalatsyzlyk edip özüñe alyp bilmersiñ, sebäbi başgalary-da bärde senden az işlemedi". Manwe (Mikail) we Melkor (Iblis) Ylluwataryñ (Hudaýyñ) gözünde biri-birine dogandylar. Dünýä gelen Aýnuryñ (Melaýy ala - baş perişdeler) arasynda iñ güýçlüsi ilkibaşda Melkordy (Iblisdi). Emma Manwe (Mikaýyl), Ylluwataryñ (Hudaýyñ) iñ eý görýän, isleglerine iñ gowy düşünýän perişdesidi. Aýnuryñ (Melaýy Ala - baş perişdeler) arasynda iñ asylzadasy bolan Manwe (Mikaýyl) esasan howa we şemala erk edipdir. Orta Dünýa: Hernäçe fantastiki ýurt hökmünde suratlandyrylsa-da, ol Süleýmanyñ häkimiýet çägi bolan Ierusalim merkezli Orta Gündogardyr. (…) "Walar bilen (Aýnur - Melaýy Ala bilen) birlikde döreýşi Dünýäniñ ýaradylyşyndan has irki döwürlere esaslanýan "başga ruhlaram" Dünýä aralaşdylar. Walar bilen (Melaýy Ala-Baş perişdeler bilen) meñzeş eradanyñ ýaradan, ýöne has pes derejeliler. Olara Maiar (perişdeler) diýilýär. Walaryñ (Melaýy Alanyñ-Baş perişdeleriñ) kowumy, olaryñ hyzmatkärleri we kömekçileri. (…) "Melkoryñ (Iblisiñ) hyzmatyndaky erbet we adybelli Maia (perişde) bolsa Sauronyñ özüdi. Onuñ erbetligi Melkoryñ (Iblisiñ) bäri ýanydy. Melkoryñ (Iblisiñ ähli etsem-petsemlerinde Sauronyñ (perişdäniñ) paýy bar. Ilkibaşda demirçi ussa Aulýonyñ Maiasy bolan Sauron (perişde) soñra ugruny üýtgedip Melkoryñ (Iblisiñ) tarapyna geçýär. Birinji eýýamyñ soñunda Melkor (Iblis), Walar (Melaýy Ala-Baş perişdeler) tarapyndan başy başlanan gazap urşunda (Allanyñ gasabyna uçrap) ýeñilip Boşluga (Jennetiñ daşyna) zyñylanda, Sauron (perişde) Orta Dünýäniñ (Orta Gündogaryñ, Ýakyn Gündogartñ) gündogar etrabyna (Babyla) gaçdy. Ol soñky eýýamlarda erbetlikleruñ başy Gara hojaýyn bolup Aman daşyndaky bütin jahana howp saldy". Ilkibaşda mifologik eser hökmünde garşy alynan we birnäçeleri tarapyndan näme many añladýandygyna düşünip bolmajak aýlawly jümlelerden doly bu kitapda Iblis Tolkiene Allatagalanyñ älemi ýaradyp başlan pursatyndan bäri bolup geçen wakalary, Hudaýa garşy turan pitnäni, Melaýy Ala (Baş perişdeler) we beýleki perişdeler bilen baglanyşykly wakalary käbir "möhüm ýerlerinde aýgytlaýjy üýtgeşmeler" girizip gürrüñ berýär.
■ KITAPDAKY DÜŞÜNJELERIÑ ÇÖWRE ÝÜZI
Düşnüksiz görünýän bu eseriñ ýönekeý okyjynyñ düşünmegi kyndygy üçin biz bu ýerde kiçijik sözlük döredip, ol düşünjeleriñ hakyky mansyny has aýdyñ we düşnükli bolar ýaly etmäge çalyşarys:Ylluwatar (Eru) - Ýeke-täk we barçany ýaradan Tañry - Allatagala. Aýnur (Walar) - ilkinji ýaradylan dört mukaddes ruh. Dört uly perişde (Jebra-El, Mika-El, Azra-El, Israf-El) - Melaýy Ala. Melkor - asly jynlaryñ kethudalaryndan biri bolup, Hudaýa yhlasly gulluk edendigi üçin, Hudaý ony "perişde derejesine" çykarypdyr. Ol Melaýy Ala bilen deñ derejä göterilýär. Şonuñ üçin onuñ ady ilkibaşda Aziz-El (Eliñ ezizi - Allanyñ ezizläni, ýagny "Azazyl") bolupdyr. Ilkibaşda Aziz-El ýer ýüzüne inip kapyr jynlara garşy uruşypdyr. Ýanynda-da perişdelerden kömekçileri bolupdyr. Sauron hem onuñ kömekçileriniñ biridi. Aziz-El gazanan ýeñişlerinden we amallaryndan ýaña başy aýlanyp men-menlik satmaga başlaýar. Ol özüni beter akyllydyryn öýdýär we Adam atanyñ özüne ytagat etmegine garaşýar. Onuñ bu men-menligi gowlugyñ üstünden äkitmeýär. Gaýtam onuñ özüne Adam atanyñ öñünde tagzym etmek emredilýär. Ol mundan görnetin ýüz dönderýär. Şeýlelikde ol Allatagalanyñ buýrugyna gönüden-göni garşy gitdi we ylahy dergähden kowuldy. Ol hem-ä "perişde derejesinden" jyda düşürildi, hemem Allanyñ gargyşyna galyp, ähli görk-görmegini we ygtybarlylygyny elden giderdi, umytsyz (Iblise) öwrüldi. Oña kyýamata çenli möhlet berildi. Näletsiñen şeýtan ähli gujur-gaýratyny orta goýup şol günden bäri adamzady ýoldan çykarmagyñ başagaýlygynda gezip ýör. Onuñ "Ähtli gadymy meýilnamasy" doly güýjünde işleýär. Häzirki wagtda Şeýtan, Satan, Lusifer, Iblis ýaly atlar onuñ iñ köp tutulýan atlarydyr. Bu atlardan birini beýlekisinden başga many añladýandyr öýdenler Iblisiñ duzagyna düşüp "aldananlardyr", ýa-da Iblisiñ emrindäki "güýç brokerleridir". Manwe - İblisiñ gürrüñinden munuñ baş perişde Mika-Eldigini bilmek mümkin. Iblis entek Aziz-El wagtlary, elbetde ähli baş perişdeler bilen arasynda yslam doganlygy bardy. Onuñ Mika-El bilen ýakynlygy beýlekilere garanda has köpem bolmagy mümkin. Emma Hudaýy sylaman "şeýtanlaşan adama" hiç bir perişde ýa-da musulman adam ýakyn durasy gelmez we hemişe ony ýazgarar. Musulman diýeniñ Allanyñ we adamzadyñ duşmanyny öz duşmany hasaplar. Iblis ýakyn dostudygyny aýdýan baş perişde Mika-Eliñ adyny ulanyp, adamlaryñ gözüne Mika-El bolup görünýär. Arhangel Mihail (Baş perişde Mikaýyl) bolup dünýäde adamzada garşy "şeýtany manipulýasiýalary" ýöredýär. Maia: Walaryñ (Baş perişdeleriñ) kömekçi perişdesi. Maianyñ köplügi Maiar - baş perişdelerden soñky kömekçu perişdeler. Perişdeleriñ arasynda ýokardan aşaklygyna "dereje ierarhiýasy" bolupdyr. Iblis bu ierarhiýany gaýtalap, özüne rabyn "şeýtan ordasyna" ogurlan "spiritual ierarhiýa" adyny beripdir. Ol her meselä maýmyn kimin çemeleşýär we "Allanyñ ýola goýan sistemalaryny" gaýtalaýar. Sauron - onuñ özü-de Maia, ýagny perişdedir. Eger eserdäki Iblisiñ berýän gürrüñinde dogrulygyñ ýokundysy bar bolsa, onda Iblis heniz Aziz-Elkä dünýäde kapyr jynlara garşy uruşda Sauron onuñ kömekçisi bolan bolmaly. "Gabra giden özüne ýoldaş gözlär" diýen nakyla eýerip, Iblisem özi ýaly Hudaýa garşy giden we "kowulan perişdeler" toslamasyny ýaýmaga çalyşýar. Iblis özi bilen bile başga perişdeleriñem kowlandygy baradaky ýalan gürrüñi taryhyñ dürli döwürlerinde kimdir birileriñe kellesine guýup geldi. Hamala Sauronam olardan birimiş we "erbetligiñ öñbaşçysy" bolup dünýäde galanmyş. Erbetligiñ-tümlügiñ hojaýyny aslynda özüdigine garamazdan, özüni ýagtylyk saçyjy (Lusifer) ýa-da Baş perişde Mikaýyl hökmünde görkezmäge çalyşýar. Gurhan Iblisden başga ähli perişdeleriñ sejde egilendigini we Hudaýa ytagat edendiggini açykdan açyk beýan edýär. Ýöne jynlaryñ arasynda Allanyñ guly bolmagyñ deregine Aziz-Eliñ guly bolmagy saýlan "käbir öýkelileriñ" onuñ bilen bile pitnä goşulyp Iblisiñ nökeri bolandygyny çaklamak mümkin. Elfler - manysy-da jyn bolan bu adalgaganyñ jynlary we al-arwahlary añladýandygy mälimdir. Ýöne kinofilmde elfler hem-ä owadan, hemem adamlardan has güýçli edilip görkezilýär. Bu bolsa hakykata düýbünden ters gelýändir we ýalandyr. Aslynda adamlar jynlary haýran galdyrjak derejede owadan ýaradylypdyr we şol bir wagtyñ özünde güýçli jandardyr. Gurhanyñ özi bu hakykaty tassyklaýar. Iblisiñ bu görnetin hakykaty ýalan-ýaşryklar bilen çalşyrmagy, elbetde onuñ ýygy-ýygydan ýüz urýan usullarynyñ biridir. Şol sanda Gurhan jynlaryñ adamlardan has owal ýaradylandygyna-da güwä geçýär. Ea - Älem. Arda - Arz, ýagny dünýä. Ýokarda mazmunynyñ üstünde gysgaça durlup geçilen eseri beren bu düşündirişli sözlügimiz esasynda seljerip bilersiñiz. Netijede Iblis käbir wakalary bolşy ýaly gürrüñem berýär, emma düşünjeleri ýoýup berýär. Haky batyl, batyly-da "Hak" edip görkezýär. Ol bu düýpli şeýtany pyrryldagyny owadan sözler-ýalanlar bilen bezeýär. Mysal üçin onuñ pitne turzandygy we Hakyñ dergähinden kowulandygy dogry, ýöne onuñ özüni ýagtylyk saçyjy baş perişde Mika-Eldigi hakykatyñ doly galplaşdyrylmagydyr. Özi bilen bile pitnä goşulan perişdeleriñ bolandygy baradaky gürrüñ düýbünden ýalan. Sauronyñ pitnä goşulan perişdeleriñ biridigi hakyndaky toslamasy gapma-garşylyk kanunyna görä "Tümlügiñ hojaýynyny" döretmek üçin tapylan zat. Sebäbi hakyna seredende adamzat taryhy Hak (nur-aýdyñlyk-ýagtylyk) bilen Batylyñ (zulmat-tümlük) göreşiniñ taryhydyr. Tükeniksiz belentligiñ eýesi bolan Belent Allatagalanyñ gapma-garşylyk (dualite) kanunyny gowy bilýän Iblis ýagtylyk-tümlük göreşiniñ şamçyragy bolup görünmäge çalyşýar. Ol öz tabynlygyndakylara "ýagtylygyñ gullukçylary", özüne garşy gidenlere-de "tümlügiñ güýçleri (energiýalar)" diýmek bilen hemişeki bolşy ýaly hakykaty bulam-bujar edip taşlaýar.
■ Kinofilmiñ gysgaça mazmuny
Frodo Baggins - Hobbit Kinofilm aýry-aýry dokuz kowumdan ybarat Orta Dünýäde bolup geçýän "ýagtylyk-tümlük güýçleriñ" arasyndaky göreşi suratlandyrýar. Personažlar öz arasynda tümlük we ýagtylyk güýçleri diýen iki bölege bölünen. Tümlügiñ güýçleri şulardyr:Frodo Baggins Orta Dünýäniñ ýüzügiñ güýjüni elinde saklaýan azat halklaryny gula öwürmek isleýär. Ol bu göreşde üstünlik gazanmak üçin bar güýç-gaýratyny jemläp ýüzügi ele geçirmegiñ kül-külünde gezýär. Bir mahallar danalar geñeşine kethudalyk eden Saruman hem wagtyñ geçmegi bilen şeýtanyñ güýjüne boýun egip, onuñ bilen ýaranlyk edip başlaýar. Öñki hobbit Gollum ýüzügi tötänleýin bir kölüñ düýbünden tapýar we ýüzlerçe ýyllap garañky gowaklarda hiç kime bildirmän bukup saklaýar. Şol wagtyñ içinde ol ýüzügiñ täsiri bilen deformirlenip, bedroýlaşýar. Orklar - bular Orta Dünýäniñ halklarynyñ biri bolup, Sarumanyñ emrine giren iñ pis, iñ wagşy we iñ gorkunç kowumlaryñ biridir. Orklar ilkibaşdan elflerden bolup, soñra Saurona hyzmat edip başlansoñ bu sypata giripdirler. Sarumanyñ jansyzlary bolan guşlar. Olar Saruman üçin Orta Dünýäde uçuşyp, oña maglumat çöpleýärler. Ýagtylygyñ güýçleri şulardyr: Batyr, edermen, uzak ýyllap sürgünde wagtyny janly tebigatyñ arasynda geçiren Aragorn. Ol şol bir wagtyñ özünde Gondor patyşalygynyn hem ýeke-täk mirasdüşeri. Ýüzügi ýok etmegi boýnuna alan hobbit - Frodo. Ol birgiden jepalara döz gelip ýüzügi "Höküm dagyna" çenli äkitmege we ýok etmege razylyk berýär. Ýüzügiñ ýok edilme meýilnamasyny işläp düzen jadygöý Gandalf. Gollum - aslynda Süleýman pygamberiñ ýüzügini ogurlan jyn-şeýtan. Ýagtylygyñ güýçlerine elf patyşalary, girdenekler, hobbitler, adamlar we gürleşme-hereket etme ukybyna eýe agaçlaram (entler) hem degişlidir. Ýüzügiñ şeýle hekaýaty bar: Ýüzük Sauron tarapyndan müñlerçe ýyl öñ "Höküm dagynda" ýasalypdyr. "Ýüzügiñ" has owal elflere, girdeneklere we adamlara berilen beýleki ýüzüklere höküm etme güýji bar. Ony ýok edip boljak ýeke-täk ýer bolsa ýüzügiñ ilkinji gezek ýasalan Mordor ülkesindäki "Höküm dagydyr". Sauron adamlara garşy bolan uruşlaryñ birinde bu ýüzügi ulanyp ýeñiş gazanjak bolup durka, adamlaryñ patyşasy we Aragornyñ ataay Isildur tarapyndan barmagy kesilip, ýüzügi elinden aldyrýar. Aradan müñlerçe ýyl geçensoñ ýüzük tötänleýin bir kölüñ düýbünde Gollumyñ öñünden çykýar. Ol ýüzügi ençeme ýyllap garañky gowaklarda gizläp saklaýar. Ýüzük ýene-de başga bir hobbit bolan Bilbo Bagginsiñ eline düşýär. Bilbo garransoñ ýüzügi öz garyndaşy Frodä berýär. Ýüzük Sauronuñ elindekä oña garşy başlanan uruşda ýeñiş gazanmak mümkin däl. Bu iññän gadymy göreş. Kinofilmde ýagtylygyñ güýçleri hökmünde görkezilen tarap ýüzügi ýok etmegi iñ makul çykalga hasaplaýar. Şonuñ üçin "ýüzük doganlygy" atly bir topar döredilýär. Ýüzük doganlygynyñ agzalary Gandalf, Aragorn, girdenek Gimli, hobbitlerden Frodo, Sam, Pippin, elflerden Legolas we Gondoryñ ogly Boromir dagylardan ybarat. Toparda ýüzügi Frodo göterýär. Kinfilmiñ jemleýji bölüminde "ýüzük doganlygy" maksadyna ýetýär. Ýüzük "Höküm dagyna" zyñylyp ýok edilýär. Ýagtylygyñ we tümlügiñ arasyndaky bu iñ soñky söweşde ýüzügiñ ýok edilmegi tümlügiñ güýçlerini ýeñlişe uçradýar. Aragorn gazanan ýeñişiniñ netijesi hökmünde mirasdüşerlik edýän tagtyna oturýar. Şeýlelikde Orta Dünýäniñ beýleki halklary-da azatlyga gýar.
■ KINOFILMDÄKI PERSONAŽLAR:
Sauron - baş perişdäniñ görkezmesi bilen Süleýmana ýardam edýän esasy perişde. Ýarymaý - yslamyñ simwoly. Göz bolsa Allanyñ hemme zady görýändigini añladýar. Ýöne aldawçy kezzap Iblis Saurony betnyşan biri we tümlük güýçleriniñ ýolbaşçysy ýaly edip görkezýär. Indi bolsa kinofilmdäki personažlara, düşünjelere, yşaratlaryñ hakyky manylaryna we añlatmak islenen şeýtany yşaratlara göz aýlalyñ: Sauron - "Silmarillion" eserinde agzalýan we öñki perişde Maia (melek) Sauron Melkora (Iblise) boýun sunup tümlügiñ tarapuka geçýär we erbetligiñ hökümdary bolýar. Kinofilmde Saurona berilen many şundan ybaratdyr. Biz munuñ näletkerde Iblisiñ toslap tapan ýalan gepidigini ýokarda aýdyp geçipdik. Şeýle-de kinofilmde Lord Sauron rehimsizlige, erbetliklige we ähli halklara höküm etme islegine bäs gelip bilmän Orta Dünýäniñ azat halklaryny gula öwürýär. Bu Allanyñ pygamberi Süleýmanyñ üsti bilen Orta Gündogar merkezli häkimiýete şeýtany yşaratdyr. Aslynda hemme zady gören göz Allatagaladyr. Tümlügiñ güýjüniñ ýolbaşçysy hökmünde sypatlandyrylan Allanyñ perişdesi Saurondyr. Yslamy alamatlandyrýan Ýarymaýa we onuñ ortasyndaky "hemme zady görýän göz" Sauron-Saruman frontuny añladýar. Sauron (perişde) bilen Saruman (Süleýman) ikisi bile Hudaýa we yslama yşarat edýär hem-de hakykat ýüzünee "Hak-Aýdyñlygyñ" (ýagtylygyñ) tarapdarydygyna garamazdan, tümlügiñ güýçleri ýaly edilip görkezilipdir. Iblis aýdyñlygyñ we garañkylygyñ ýerini çalşyşy ýaly, syrtyny sypalaýan masonlarynyñ "Depegözli piramidalarynda-da" "Beýik Binagär" hökmünde öz ornuny tapypdyr. Allatarapyn Süleýmana berilen we onuñ bilen şeýtanlary boýunturyk astyna salan ýüzük özbaşyna bir güýji añladyp bilmez. Ýüzük - simwoldyr we möhürdir. Ýüzügiñ güýji Allatagalanyñ Süleýmana iberen perişdesi arkaly (Sauron) täsirini görkezýär. Saruman - jadygöý sypatynda berilen bu personaž aslynda Süleýman pygamberiñ obrazydyr. Allatagala jynlary we şeýtanlary Süleýman pygamberiñ emrine berýär. Şeýtanlar suwda ýüzmekden başlap tä daş goparmak işlerine çenli ähli gara işlerde işledilipdir. Süleýmanyñ goşuny jynlardan, guşlardan we adamlardan ybaratdy. Allatagala ýeli onuñ ygtyýaryna berdi. Pygamber ýeliñ güýjüne hereket edipdir. Ýüzük bolsa bu ümmülmez baýlygy we güýji alamatlandyrýan möhürdi. Gysgaça aýdanda, tümlügiñ emrinde jadygöý-ruhany syparynda berilen Saruman asynda Süleýman pygamberdir. Taryhy hakykatlary bulaşdyrmak arkaly bu ýerde aslynda Süleýmandan "ar" alynýar. Şeýtanlar hakyky durmuşda-da irki döwürlerden bäri Süleýmandan kastlaryny çykaryp gelipdirler. Haçanda Süleýman pygamber ýogalan wagtynda onuñ tagtyna "Jadygöýlük kitabyny" goýup, oña jadygöý diýip töhmet atdylar. Ysraýylogullarynyñ (ýewreýler) bör bölegi-de bu töhmete ynanyp, pitnä baş goşdular. Ýewreý mistisizmi kabala taglymatynyñ düýbüni tutujular hut şu myjabatçylykly töhmet esasynda ezoterik sistemany işläp düzdüler. Gurhan Iblisiñ guly bolan şeýtanlaryñ Süleýman pygambere töhmet atyp, adamlaryñ aklyny bulaşdyrýandygyny bize mälim edipdir: "Olar, Süleymanyñ mülki babatda şeýtanlaryñ sözlerine uýdular. Süleyman haky örtmedi, ýöne şeýtanlar haky örtdüler..." [BAKARA(2)/102]
■ Elfleriñ (jyn-şeýtanlaryñ) ýolbaşçysy we uruşjañ elf.
Aragorn (Ýolgezer) - Mesih Deçjal Söweşde ulanylan piller. Elfler - Elf sözüniñ (Elves) sözme-söz manysy jyn-şeýtan diýmekdir. Hakykatda jynlaryñ daşky ölçegi adamlardan bir mertebe artykmaçdyr. Şonuñ üçinem olary Gurhanda-da aýdylyşy ýaly adamlar görüp bilmeýär, emma olar adamlary görüp bilýär. Özüniñem asly jyn bolan Iblis we onuñ sülsady ölçeg artykmaçlygyny şeýtany meýilnamalary amala aşyran wagtynda dürli ýagdaýlarda ir zamanlardan bäri ulanyp gelýär. Hut şol usul bilenem olar "Awatar" çeper-fantastiji kinofilminde suratlandyrylyşyna meñzeş şekilde bu kinofilminde-de özlerini mümkingadar owadan, akyl-paýhasly we wepadar kişiler hökmünde adamlaryñ añyna siñmäge çalşypdyrlar. Telepatiýa arkaly akyl ýetirip bolýan we ýagtylygyñ hökümdarlygy (!) bolan elf kowumy (jyn-şeýtanlar) kinofilmde şol bir wagtyñ özünde hiç haçan ölmeýän jandarlar hökmünde janlandyrylýar. Öñki amerikan kinofilmlerinde bolşy ýaly bu kinofilmde-de elfler (jyn-şeýtanlar) mukaddesleşdirilýär. Aragorn (Ýolgezer): Ýolgezer hem diýilýän Aragorn kinofilmde Gondoryñ (adamlar şäheri) mirasdüşeridir, ol sumat bolup adamlaryñ gelerine umyt bilen garaşýan patyşasydyr, uruşjañ we başarjañ ýolbaşçylyk ukyby bolan gahrymandyr. Ol hem edil Ida pygamber ýaly kesellileri bejerýär. Kyýamat urşuna (Armageddon urşy) meñzedip boljak bu uruşda-da hemmeleriñ halasgär hökmünde bil baglaýan adamy Aragorn "Halasgär-Mesih" bolup çykyş edýär. Iblisiñ prodýuserlik edýän bu kinofilmleriñ ählisiniñ nähilidir bir "Mesih" gahrymany bardyr. Tomaşaçylaryñ añyna siñdirilmäge çalşylýan "Halasgär-Mesih" aslynda "Mesihi Deçjaldyr". Bu kinofilmde-de "Mesihi-Deçjal" Aragorndyr. Hezreti Pygamberimiz Deçjaly sypatlandyranda "gezende, köp aýlanýan, birnäçe ýüzli" diýipdir. Ýagny, kinofilmdäki ýolgezer Aragorndyr. Kinofilmdäki Aragorn patyşa bolup dolanmagyñ pursatyny peýleýär we wagty-sagady gelýänça garaşýar. Şol aralykda ol kiçiliginden elfleriñ (jyn-şeýtanlaryñ) elinde terbiýelenýär. Elfleriñ içinde ýaşan otuz ýylynyñ dowamynda edil bir elf ýaly artykmaç ukyplara eýe bolýar. Hakykatda bolsa Deçjal Allanyñ tä orta çykmagyna idin berjek gününe çenli şeýtanlardan tälim alýar. Iblisiñ gadymy meýilnamasyna görä, adamzat ilki başdan geçirmeli "gowgaly we haos" döwründe bir halasgäriñ gelerine garaşmaly. Yzyndan "Mesih Deçjal" halasgär hökmünde orta çykmaly. Gahryman (!) Aragornyñ "duşman goşunynyñ ýüregine aralaşma taktikasy-da" şer güýç hökmünde görkezilen yslam goşunlarynyñ adybelli gahrymany Halit ibn Welitden ogurlanypdyr. Kinofilmdäki "pilli söweş sahnalarynyñ" we "darama taktikalarynyñ" Kadisiýe we Ýermuk söweşlerinden alnan sahnalardan bire-bir göçürilendigi bu ugur boýunça ýörite hünärmenlere mesaña bildirse gerek. Hobbitler: Hobbit sözüniñ müsür hudaýy Ranyñ (Gün hudaýy Iblisiñ) ruhanysy (ilçisi) bolan bir personaždan dörändigi aýdylýar. Şu nukdaýnazardan seredende Tolkieniñ hobbitler ýoly bilen (Iblisiñ ilçisi ýoly bilen) yşarat berendigini aýtsa bolar. Hobbitler kinofilmde mähir-muhabbete we söýgä beslenip parahatçylykda, agzybirlikde ýaşaýan halk hökmünde suratlandyrylýar. Ýagny häzirki şeýtany "New Age" sektalarynyñ galp "söýgi pelsepesiniñ" birnäçe aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Ýüzügi ýok edip, Iblisiñ söýgi ilçileri hökmünde kinofilmde öz ýerlerini alýarlar. Netijede hobbitleriñ jyn-şeýtanlaryñ bir taýpasydygyna göz ýetirmek bolýar. Ýaşyl Gandalf: Dana, ýolbelet we jadygöý. Ol ýaşylka birden Ak (!) Gandalfa öwrülýär. Gandalf hemmeleriñ sabyrsyzlyk we uly gyzyklanma bilen agzyndan söz gaçaryna garaşylýan, jadygöýlügi ussatlyk bilen ulanýan obraz. Ol her gezek jadygöýlük güýjüni synap görüp, öñküsindenem beter güýçlenýär. Gandalf Orta Dünýäniñ ykbalyny kesgitleýji esasy güýç bolup çykyş edýär. Gandalf: Ýagtylygyñ wekili hökmünde görkezilen, ýöne tümlüge wekilçilik edýän Iblisiñ ruhany-mediumy. Sagynda bir elf (jyn-şeýtan, çepinde adamzada mahabatlanan Mesih Deçjal: Aragorn bar. Ork: Äjit-mäjitler Orklar - äjit-mäjit goşunydyr. Gandalf kinofilmde pygamber kimin görkezilip, Saruman jadygöý sypatynda janlandyrylýar. Hakyna seredende Gandalf bütinleý başgaçadyr: ol Iblisiñ ilçisidir (medium-jadygöý) we Süleýmandyr "Allanyñ perişdesine" garşysyna uruşýar. Pygamber sypatly görkezilen jadygöý Gandalfyñ oýnan roluna meñzeş roly häzirki wagtda Iblisiñ mediumlary oýnaýar. Ýagny häzirki mediumlaram şeýtanlara (Krýon, Tobias, Sent-Žermen, Iblis we başg.) araçylyk edýärler. Şeýtanyñ wekili bolan bu mediumlaryñ her biri synalarynda we kalplarynda ýaşadyp ýören şeýtanlardan yzygiderli alýan ýalan habarlaryny göni ýaýlymda berýär. Has soñra bu şeýtany pyşyrdylar kitap, wideo we kinofilm görnüşinde taýynlanyp, "Iblisiñ gadymy meýilnamasyna" görä hereket edilýär. Iblis bu wekilleriñ we kinofilmleriñ üsti bilen adamlara her dürli wadalary berýär. Emma Gurhanyñ dili bilen aýdanda, Iblis "wada berip bilmez, ol diñe aldanmagy wada berip biler". Orklar - Kinofilmde dürli ölçegde we şekillerde sypatlandyrylan, adam etini iýip garnyny doýurýan, uruşjañ, öz egindeşlerini hem iýýän wagşy jemende. Orklar kyýamat sagady golaýlaşanda Deçjalyñ Isa pygamber tarapyndan öldürilmeginiñ yzysüre, "Iblise boýun egen güýç brokerlerini we jemagatyny ýok etmek üçin çar tarapdan hüjüme geçjek äjit-mäjitleri alamatlandyrýar. Äjit-mäjit - Atlantis zamanynda "adam-jyn-şeýtan" garyşygyndan emele gelen nesile berlen at bolmagy ähtimal. Atlantis bütin dünýäni agalygy astyna alan şeýtanlaşan adamlaryñ siwilizasiýasydy. Iblisiñ nökerleri adamlara Gün energiýasyndan peýdalanmangyñ tehnologiýasyny öwredenlerinde, munuñ deregine adamlardan öz nesillerini öndürmäge (nusgalamaga) çalşypdyrlar. Netijede gibrid nesil bolan orklar (äjit-mäjit) ýüze çykypdyr. Şol döwürler dünýäde eden-etdilik höküm sürüpdir. Şonuñ üçin bütindünýä Nuh tupany bolup geçdi. Netijede dünýä azgyn kapyrlardan arassalandy. Äjit-mäjitler ýerasty gowaklarda we gaçybatalgalarda ýaşaýardylar. Ol suwuñ astynda galan ýerler bilen bile ýerastyna sümüldiler. Olar kyýamat sagadyna çenli ösüp-örñäp köpelmeli we ahyrete golaý wagtda ýer ýüzüne çykyp azgyn kapyrlary-häkimleri ýok etmeli. Munuñ täsin ironiýasy bar. Bu meseläniñ üstünde makalamyzyñ "Jyn-şeýtanlar. Äjit-mäjit" bölüminde ýörite durup geçeris. Bu ýagdaý Gurhanda, hususanam "Sahyh Hadyslarda" agzalyp geçilýär. "Köne Ähtde" (Töwratda) dürli pygamberleriñ ady ýygy-ýygydan tutulýar. Pygamberimiziñ hadyslarynda aýdylyşyna görä, äjit-mäjit, dowzah jemagaty, kapyrlar, azgynlar we wagşylar özbaşyna bir jemgyýetdir. Döwlerden we girdeneklerden ybarat äjit-mäjitler sülsady Allatagalanyñ heläk ediji goşunydyr. Garşy çykyp bolmajak derejede güýji bolan bu leşger Iblisiñ ýoldan çykaran "azgyn kapyrlarynyñ" tepbedini okamaly. Haka garşy meýilnamalary düzýän we duzaklary gurýan Lusifer (Iblis) kellelileriñ heläk boluşy bu kowumyñ (äjit-mäjitleriñ) ýüze çykmagy bilen tamamlanmaly. Äjit-mäjitleriñ hüjümi Gurhanda kä ýerde açyk, kä ýerde gizlin howp hökmünde teswirlenipdir. Ynha, onuñ açyk howp hökmünde suratlandyrylan aýaty: "Bir Karýete (Ysraýylogullary) olary heläk etmegi haram (kyldyk). Olar şübhesiz (haka) dönmezler. Tä äjit-mäjit ýüze çykýança we her depeden çozýança! Hakyñ wadasy (ýagny wada eden heläkçiligi) golaýlaşdy. Şol wagt haky örtenleriñ gözleri bir nokada dikiler we "Waý biziñ başymyza, biz mundan (heläkçilikden) bihabardyk. Tersine bizler zalymlardan bolduk" (diýerler). [ENBİYA(21)/95-97] Iblisiñ ordasynyñ hatarynda uruşa goşulan Ent (Agaç) - Barypýatan jypdyrma! Entler (Agaçsakal) - entler kinofilmde hereket etmäge ukyply gepleýän agaçlardyr. Gurhan bize maddanyñ iñ kiçijik böleginiñem melekutdygyny we külli närseleriñ melekutynyñ Allanyñ elindedigini aýdýar. Aslynda jansyz ýaly bolup görünýän her bir maddanyñ ruhy, özeni, ýagny hakydasy bar. Alla maddalara ýüzlenen wagtynda olar herekete girer, edil adam ýaly geplär, düşüner we Onuñ emrine ytagat eder. Pygamberimiziñem (s.a.w) agaçlary ýanyna çagyrandygy we agaçlaryñ Allanyñ rugsady bilen onuñ ýanyna gelendigu barada hadyslar bar. Galyberse-de agaçlaryñ hereket etme ukybynyñ bardygyna "kyýamat urşunda" bir agaç öz arkasyna bukulan ýewreýi musulmanlara aýan edip: "Ynha, gel tut, arkamda bir ýewreý gizlenip dur" diýip dillenjekdigi baradaky hadys hem doly güwä geçýär. Kinofilmde agaçlar Süleýmanyñ (Sarumanyñ) duşmany hökmünde suratlandyrylypdyr. Agaçlar aslynda hemişe Allatagalanyñ emrindedir we musulmanlaryñ tarapyndadyr. Iblis bu güýjüñ diñe Hudaýa degişlidiguni we agaçlaryñ Onuñ sözünden çykmaýandygyny gowy bilýär. Emma bu eserde şeýtan batyla hak donuny geýdirýär. Iblis agaç epizodyny "Awatar" ýaly beýleki kinifilmlerde-de ulanýar. Ol muny "Greenpeace" ýaly tebigaty goraýjy "New Age" akymlarynyñ üsti bilen tebigaty mukaddesleşdirip görkezmek isleýär. "Global güýç şemşirleriniñ" ekologik weýrançylygynyñ garşysynda goşmaça ýeñillikler döredip berme düşünjesi şeýlelikde iým hökmünde ulanylýar.
■ "ÝÜZÜGIÑ ÝOK EDİLMEGI WE "KYÝAMAT URŞY"
Sauronyñ barmagyndaky ýüzük -[/b] hakykatda Sauron Allanyñ perişdesidir. Ýüzügi ýasanam, ýasansoñ Süleýmana getirip berenem we oña ýardam berenem şol kömekçi perişdedir. Kinofilmiñ başyndan başlap işlenen baş temalaryñ biri-de "güýç ýüzüginiñ" ýok edilme sýužetidir. Orta Dünýäni (Orta Gündogary) erkinlik getirmek maksady bilen Saurona degişli we ähli zada höküm etme aýratynlygy bolan ýüzügiñ ýok edilmegi hökmany şert bolup durýar. Ýokarda-da giñişleýin durup geçişimiz ýaly, ýüzük Alla tarapyn Süleýman pygambere beren we güýji arkaly şeýtanlary tabyn eden "möhür-ýüzükdir". Bu ýüzúgiñ ýok edilmeginiñ düýp maksady şeýtanlary erkinlige çykarmakdyr. Şeýle-de Iblisiñ müñlerçe ýyllap külli adamzada mazamlaýan erkinligi "adamyñ öz nebsine we şeýtanlara gul bolmakdan" başga zada ýaraman geldi. Kinofilmde Sauronyñ we beýleki halklaryñ arasynda gidýän bu uruşyñ kyýamat sagady golaýlaşanda turmagyna garaşylýar. Sauronyñ uruşyñ ahyrynda ýeñilip bedeniniñ eremegi we ýok bolmagy, Isa pygamberyñ Deçjalyñ üstüne gaýdanda Deçjalyñ duzly suwda eräp ýok bolmagy baradaky hakykatyñ ýoýulan sahnasydyr. Hakykatda, Isa pygamber kyýamat golaýlaşyp dünýä gaýtadan inmeli pursaty gelende "Mesih" Deçjaly öldürmeli. Şeýlelikde, kör Deçjalyñ döwri tamamlanda ölmän galan gäbi azan azgyn kapyrlar äjit-mäjit tarapyndan ýok edilmeli. Sarumanyñ (Süleýmanyñ) meñzedilen obrazy - Ysraýylyñ howa hüjüminde şehit düşüren "Hamas" lideri Şeýh Ahmet Ýasindir. Şol bir wagtyñ özünde kinofilmde guşlar hem ýygy-ýygydan ulanylýar. Bir epizodda guşlar Sarumanyñ jansyzlary bolup çykyş edýär. Gurhanda guşlaryñam Süleýmanyñ goşunyna degişli bolandygy, mysal üçin Hüthüt guşunyñ onuñ çapary bolandygy aýdylýar. Eserde aýratynam Süleýmanyñ emrindäki guşlara kakdyrylýan sahnalar bar. Bir zada üns bermezlik mümkin däl: Kinofilmde hereket edýän hoşniýetli gahrymanlaryñ ählisi-de ýewropaly adamlar hökmünde suratlandyrylýar. Sauronyñ goşunynda bolsa bugdaýreñk we arap sypatly adamlar bar. Aýratynam Saruman (Süleýman) obrazynyñ Ysraýylyñ howa hüjüminde pajygaly ýagdaýda aradan çykan "Hamas" lideri Şeýh Ahmet Ýasine nähili meñzedilendine göz ýetirmek kyn däl.
■ NETIJE
"Iblisiñ gadymy meýilnamasyna" gulluk edýän "Ýüzükleriñ hökümdary" epiki eseri we kinofilmi uludan kiçä birgiden adamy haýrana goýdy. Hususanam FRP (Fantasy Role Play - her kesiñ oturyp kinofilmden bir obrazy janlandyryp oýnaýan oýny) we beýleki komýuter oýunlary ýaşlary özüne bendi etmegi başarýar. Iblis bu kinofilmiñ üsti bilen tarapdarlary bolan şeýtanlaryñ Süleýmanyñ döwründe başdan geçiren horluklarynyñ we kemsidilmeleriniñ aryny almaga synanyşypdyr. Ol bu kastyny çykaranda Deçjal, kyýamat urşy we äjit-mäjit ýaly kyýamat sagadynyñ möhüm hadysalaryny ýoýup, gelejekde bolmagyna garaşylýan hakyky wakalary bulam-bujar edip suratlandyrmaga ýykgyn edipdir. Kinofilmiñ ilkinji minutlaryndan başlap orta atylan esasy maksat "ýüzügiñ ýok edilmegidir". Bu Süleýman pygamberiñ "şeýtanlara ýüzügiñ kömegi bilen uran zynjyrlarynyñ" rewanşydyr. Iblis hakykatda adamzat taryhynyñ iñ soñky urşunda adamzady aldawa düşürmek we hakyñ ýolundan azaşdyrmak üçin ähli sülsadyny daşyna jemläp ýer ýüzünde hereket edýär. "Ýüzükleriñ hökümdary" kinofilmi Nuh eýýamyndan bäri ýaşap geçen pygamberleriñ öz kowumlaryna ýatladan "Deçjal pitnesini" mahabatlandyrma göreşiniñ möhüm etabydyr. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Iblisiñ prodýuserlik eden kinofilmleriniñ içinde iñ möhümi bolan bu kinofilm Iblisiñ we onuñ ýolbaşçylyk edýän "Global güýç brokerleriniñ" we "Masonik mahfilleriñ" "Dünýä häkimiýetini" berkarar etme arzuwlarynyñ çeper beýanydyr. Ýöne Lusifere (Iblise) arkalanýanlaryñ "global oýunlary we etsem-petsemleri" "Iblisiñ meýilnamasynyñ" gurşawyna girýär. Ýagy bu güýçler altyn pyýala salyp gulkuldadýan "imperial häkimiýetiniñ" serhoşlugyndan aýñalmankalar zäherlenendiklerine we iki dünýänin azabyna uçrandyklaryna düşünerler. Barça "jynlar we adam şeýtanlar şuña göz ýetirip bilenoklar: älemdäki ähli meýilnamalar "Soñsuz belentligiñ eýesi Allatagalanyñ meýilnamasynyñ gurşawyndadyr. Onuñ makullamadyk ähli meýilnamasynyñ we duzaklarynuñ "taryhyñ zibil atylýan sebetine" oklanjak günleri daşda däl.

Aýhan DEMIRPEHLIWAN.

■ Peýdalanylan çeşmeler:
1) Kurany Kerim;
2) Tabary, "Tarih-i Taberi", C.1, terj.eden: Faruk Gürtunca, s. 532-534, "Sağlam" neşirýaty; 
3) Kitaby Mukaddes;
4) J.R.R.Tolkien, "Ýüzükleriñ hökümdary. Ýüzük doganlygy, Iki diñ, Patyşanyñ dolanyp gelmegi". Terjime eden: Çigdem Erkal Ipek. "Metis Edebiyat" neşirýaty, 1999;
5) J.R.R Tolkien "Silmarillion", terj.eden: Serap Erinjin, Hakan Aytutujy. "Altıkırkbeş" neşirýaty, 1999;
6) lordoftherings.net
7) yuzuklerinefendisi.com.tr/rakamlar.asp
8) en.wikipedia.org/wiki/Category: Characters_in_The_Silmarillion
9) glyphweb.com/arda/s/silmarillion.html
10) en.wikipedia.org/wiki/The_Lord_of_the_Rings

Çeşme: http://kitapcy.com/news/2020-08-11-10260

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir