Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň (Parlamentiniň) energetika komissiýasynyň başlygy Fereýdun Abbasi eýran-türkmen gaz dawasy bilen baglanyşykly ýakyn wagtda Tähranda türkmen ilçisi bilen boljak duşuşygyň parlament diplomatiýasy arkaly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary öňküsinden-de pugtalandyrjakdygyna we güýçlendirjekdigine ynam bildirdi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Fereýdun Abbasi Eýranyň ICANA parlament habar gullugyna beren interwýusynda Mejlisiň energetika komissiýasynyň ýörite ýygnagynyň Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeniň gatnaşmagynda geçirilendigini aýtdy. Zangane deputatlaryň soraglaryna jogap berdi.
ICANA-nyň habar bermegine görä, soraglaryň biri Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz şertnamasy bilen baglanyşykly boldy. Energetika komissiýasynyň başlygynyň sözlerine görä, nebit ministri ikitaraplaýyn gaz şertnamasy barada aýdyp, oňa soňky ýyllarda kabul edilen goşmaçalary we türkmen gazynyň bahasynyň üýtgemegini düşündirdi.

Eýran öňküsi ýaly dostlukly goňşy ýurt hökmünde Türkmenistan bilen gatnaşyklary saklaýar we munuň geljekde-de dowam etmegine gaz dawasy täsir etmez — diýip, Abbasi belleýär.

Şeýle hem ol Eýranyň Mejlisiniň Energetika komissiýasynyň agzalarynyň Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşygynyň ýakynda boljakdygyny mälim etdi we gaz dawasy bilen baglanyşykly degişli resminamalara garamak üçin ýörite geňeş döretmek kararyna gelnendigini aýtdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Eýran gaz bergisi üçin Türkmenistana 2 milliard dollar tölemäge borçly edildi
Halkara arbitraž kazyýeti Eýran bilen Türkmenistanyň gaz dawasy boýunça çözgüt kabul etdi

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir