MakGregor Hamzat Çimaýewiň çagyryşyny kabul etdi — UFC-niň prezidenti
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt irlandiýaly Konor MakGregoryň asly çeçen bolan şwesiýaly türgen Hamzat Çimaýewiň söweş çagyryşyny kabul eden twitine seslendi. Onuň sözlerine görä, irlandiýaly pälwan Çimaýewe garşy söweşmäge taýýardygyny hakykatdan-da açyk mälim edipdir. Bu barada RIA NOWOSTI agentligi habar berýär.

"Bu Hamzata iberilen habar. Çimaýew Diaz, Maswidal ýa-da MakGregor bilen söweşmek isleýändigini ýazypdy. Konor hem muňa razydygyny aýtdy. Ine, bolan zat. Ýöne, bilşimiz ýaly, Konor öz karýerasyny tamamlandygyny yglan edipdi" diýip, Uaýt Las Wegasda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

UFC-niň ýolbaşçysy meşhur irlandiýaly söweşijiniň professional ringe dolanyp biljekdigini hem inkär etmedi, ýöne onuň ýeňil agramda häzirki çempion Habib Nurmagomedow bilen gaýtadan söweşmek isleýändigini aýtdy.
Iýul aýynda Çimaýew UFC-däki ilkinji söweşini geçirdi we on günde iki söweşde ýeňiş gazanyp, rekord goýdy. MakGregor şwesiýaly türgen hakdaky ýazgylaryň birinde teswir galdyrdy. Ol: "Alaka dodak" diýip, irlandiýaly Çimaýewiň dodagy daky çapygyň üstünden güldi. Şondan soň Çimaýew dawaçyl irlandiýalyny söweşe çagyrdy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir