Bagyşlawer.

Ir säher "Ertiriň haýyr" diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma "Hyýaldaky ýigidiň".

Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni "şahyr" diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkilleň.

Ýöne sen meň bilen deň bolma, dünýäm,
Wah, nädeýin, perwaýsyz men dogluşdan.
Kä bildirip, kä bilniksiz ynjansyň,
Haýyş, meni bagyşlawer ýalňyşsam.

Uçursyz mähre zar gyzlyk dünýäňe
Ýazgarma büs-bütin girmänim üçin.
Ýazgarmakçy bolsaň hökman bir zatda,
Ýazgar, seni söýüp irmänim üçin!

30.10.2016ý.

Sapa HOMMADOW

Bagyşla...(Oýlanma)

Eger sen şu setirleri okaýan bolsañ bilgin, men ýene-de ýazýan we ýazylanlar sen hakda. Ol öz adyndan senden ötünç soramagymy isledi, Bagyşla ony. Sen bilýäñ onda goşgy ýazarlyk zehin ýoklugyny. Ýogsam ol seniñ bagyşlamagyñ üçin Sapañkydan belki gowrak edip hem goşgy ýazardy. Näme etsin onda-da bary. Ýüregindäkiler gabat gelýän goşgyny, ýüregindäki gyzy ýatlap okamak. Bagyşla ony, ondan hata geçen bolsa. Bagyşla ony häzirki durmuş aladalary bilen ýüregindäki ynsanlaryndan azajyk ünsi sowulan bolsa. Ýok, ýok unudandyr diýme, seni unutmak üçin geçen ümsümlikdäki günler ýeterlik däl. Belki ol hasaply 80 ýa 90 ýaşap akyl huşyny ýitiren ak sakal garry bolan wagtynda seni unudar, onda hem öz islegi bilen däl, garrylyk gursun kellämiziñ nerw öýjükleri ep esli gurap ýatlamalary rugsatsyz elden alanynda. Wagt adamyñ kellesindäkileri alyp biler emma ýüregindäkileri almagy diñe Alla başarmasa başga başarjak tapylmaz. Sen bolsa onuñ ýüreginde öz ornuñ bar. Şonuñ üçin gabyr goýnuna alýança unutmaz seni. Ol saña başda aýdypdy boýnumyza alýan ýükimiz agyr ýükdir, ýarty ýolda taşlamak bolmaz, sen şolara taýýarmy -diýip. Sen bolsa ýarty ýolda taşlaman -diýipdiñ. Indi şol ýüküñ agyrlaşýan we ýoldan dänilýän pursat geldimi näme? Onda näme üçin irden hoşlaşyk sözlerini ýazdyñ? Mähir bilen gurylan duýgulary üzmek şeýle añsatmy? Dogry onda günä bardyr emma günäsiniñ agramy iki ýüzlilik, wyjdansyzlyk we ýalan sözlemek ýaly işleriñ ýanynda hiç hili saldamy, göwrimi ýoga. Onda hem göwniñe degen bolsa bagyşla öt günäsini. Indem aýyr eliñi ýaşly gözleñden, ýuw ýüziñi, naharlan, aýnañ garşysyna geçde keşbi görünýän gözeliñ gözlerine bakyp ýylgyr, görersiñ, dünýädäki iñ owadan ýylgyryş kimde ekenligini. Azajygam bolsa öýkäñ ýazyldymy. Bolmalsam şeýle, sebäbi ýazylanlar sen hakda. Gara gözim, Korolewam meniñ, näme edeýin mende-de bary, ýüregimdäkiler gabat gelýän goşgyny, ýüregimdäki gyzy ýatlap okamak we duýgularymy setirlere çyrşamak.

✏mrokas

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir