Salam eje! Bu ýene men - Ikinjiň...

EJEME HAT. Salam eje! Bu ýene men - Ikinjiň. Öz aýdyşyň ýaly - ýaşajyk şahyr!

Oýlanyp - oýlanyp säher, ikindin,
Ýene-de galama ýapyşdym ahyr.
Ýagdaýlarym gowy, janymam sagat,

Özbaşdak ýaşaýyş düşüp dur egne.
Öýden gaýdyp gözüm ýetirdim magat,
Öýmüziň bar ýerden üýtgeşikdigne.

Küýsedim kakamyň öwüdin, pähmin,
Ýene bir ýetmezim – ol seniň mähriň,
Sizi hakydama getirip ýörün.
Perzentlik borjunyň gapdaly bilen,
Talyp diýen ady göterip ýörün.

Okap ýörün hyjuw, josh bilen örän,
Kitaba özümi söýdürmek üçhin.
Yhlasly okaýan, ýürekde dörän,
Joşgunymy hemmä duýdurmak üçin.
Bagtly ataň ogly diýdirmek üçin!
Bagtly enäň ogly diýdirmek üçin!

Şeýle bir göresim gelýäle eje,
Gaşyňda dyzymy epesim gelýär.
Ukusyn almadyk ençeme gije,
Nury egsilmejek gara gözüňden,
Mübärek ýüzüňden öpesim gelýär.

Säherler oýanyp, durlap nepesim,
Ýaňlandyryp Köpetdagyň depesin,
Waspyňa bir aýdym aýdasym gelýär.
Mähelläň, säheriň, şäheriň sesin,
Mylaýym hüwdiňdir öýdesim gelýär.

...Okaryn mydama bilim guşalgy,
Sözlerim ýürekden. Duýsadyň eje!
Halys öwrenşenim - gyzgyn gujagňy.
Men, ýigit çyksam-da küýsedim eje.
Bolýar onda. (ýeter sunça ýazanym)
Haty ýazdym bir güýz güni ikindin.
Sag bol eje! Men ýene-de ýazaryn.
Salam bilen: eziz ogluň – Ikinjiň...


Awtor: ✏???...

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir