Hezreti Resul aydyar: on kişiniň dogasy hemişe kabul bolyandyr

1 alym
2 ylym talyby
3 hoş gylyk kişi
4 bimar (hassa)
5 yetim
6 kazy 7 hajy
8 nesihatçy
9 wepaly perzent
10 ata-ene

Iki dana hiç haçan sögüşmez hem uruşmaz Danalar yeňles bilen güýç synaşyp görüşmez Nadan wagşylyk bilen gygyrar, damak ýyrtar Dana mylakat bilen ili özüne dartar Sahydan dileseň eger seniň hajatyň biter Aydan-a nur, deryadan suw, zeri känden zer yeter Açgözden hajat dilemek pişikden nan dilän dek Itdenem süňk, eşekden arpa dilän dek hatar Saylanmakçy bolsaň bu zamanada Edep bilen ylym öwrenmek kada Seniň aslyň çüýräp yatan süňkleri Hem göçen ruhlary yetişmez dada Öz dostunyň ayby-nogsanyn görüp Ayna dek yüzbe-ýüz durup aydyjy dost ýagşydyr Bu daraknyň tersi ki , darak arkada durup Müň til bilen her gyla syryň açyp çagşadar Özüňi saklap bilmekden ähli närseleri saklap bilmek aňsadrakdyr. Kimi durmuş dana edip bilmese ony hiç kim dana edip bilmeyär Birewiň başyna iş düşende elinden gelse hem hajatyny çykarmadyk adam hakyky pes adamdyr Öwnüp, lap urup onuň hotdesinden gelip bilmedik kişi iň şermende kişidir Yönekeylikden beyiklige yetip, yönekeylikdäki haly bilen iş tutyan adam iň dana adamdyr...
Arxiv

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir