AWSTRIÝADAKY GITLERIÑ GIZLIN ÝERASTY GEÇELGESI

Ikinji jahan urşunda adyny doñýüreklilikde tanadan Faşizm Gitleriñ ýeriñ üstünde abat ýer galdyrmandygy ýetmedik ýaly, ýeriñ aşaklaryndanam hinler gurnap ýerzeminler döredip ýetişipdir.
Bu barada www.ntv.com atly türk internet sahypasy 2014-nji ýylda makala elektron görnüşde çapdan çykdy.
Ýagny Awstriýanyñ çäklerinde jahankeşde Andreas Sulzer gizlin ýerasty geçelgäni tapypdyr. A. Sulzer 1885 ㅡ 1958-nji ýyllar aralygynda ýaşan biolog Wiktor Sçawbergeriñ (Victor Schauberger) ömür beýanyny añladýan filmiñ üstünde işläp ýördi. Ol hakda maglumatlary toplaşdyrýardy. Bu hem ony gözleglere çykardy. Ýyllara çeken gözleg-barlaglaryñ netijesinde A.Sulzer Sçawberger bilen Nasist lideri Gitleriñ işleşendigini öwrendi. Awstriýanyñ basylyp alynşy hakynda gürrüñ berýän A. Sulzeriñ pikiriçe Sçawberger 1941- nji ýylda Awstriýanyñ St. Georgen etrabyndaky gizlin tunelde atom bombasynyñ proýektleriniñ üstünde işläpdir.
Ol özüniñ çaklamasyny Sçawbergeriñ şol wagtlarda dostlaryna ýazan hatlaryna duş gelendigi bilen dogrulaýar.
Sçawberger dostlaryny Nasistleriñ gizlin tunellerine garşy häzir bolmalydygyny ýatladýar eken.
Sulzer ikinji Jahan urşunyñ tamamlanýan wagtlarynda bu etraplary basyp alan Ruslaryñ tunellardaky gözleglerinde tehnikalary we ulaglary talandyklaryny, tunelleriñ käbiriniñ bolsa partlama berendiklerini çaklaýar.



Bellik:
https://www.ntv.com.tr/galeri/dunya/hitlerin-gizli-tuneli,j9OZbSDymEyOhVSyAZzIFQ

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir