MÜSÜR PIRAMIDALARY GURULANDA AMPUL ULANYLDYMY?

Alymlar Müsürde gazuw-agtaryş işlerini geçirýärkäler Dendara ybadathanasynda aklyñy haýrana goýýan suratlar hakynda ençeme makalalar, eserler ýazypdyrlar.
Bu suratda görnüşi ýaly bir müsürli eli bilen uly ampuly göterip dur.
Erik Von Danikeniñ aýtmagyna görä bu iýerogliferde görkezilýän şekildäki uzyn süýri jisim lampany añlatýar.
Bu Ampul diýilýän şekiliñ Müsür ybadathanasynda bardygyny türk dilindäki www.habernediyor.com internet sahypasy habar berýär.
Ýazyjy Erik Von Danikeniñ aýtmagyna görä işçiler piramidanyñ içki otaglarynda işleýärkäler lampa ýagtylygy bilen işläpdirler.
Bu suratdaky lampa Dendera lampasy ady berildi.
Ýöne taryhçylar piramidalaryñ okalgalarynyñ diwarlarynda ýag soralan ýakylýan taýaklary tapýarlar. Bu bolsa işleriñ ujy ýakylan taýaklar bilen ýagtylyk gazanylyp ýerine ýetirilendigine güwä geçýär.
Ýene bir ýandan bu iýeroglifde görkezilýän şekiliñ (lampa hasap edilýän şekil) içinde ýylan bar we onuñ daşyndaky bolsa Lotus güli diýip hasap edilýär. Ýylan her gün irden ýañy dogan Günüñ tañrysy Harsomtusy añladýar. Antik Müsürdäki her bir şekil döwrümizdäki ulanýan enjamlarymyza meñzeýändigi üçin şony añlatmaýar. Sebäbi suratdaky çaklanylýan Ampul barda şoña degişli yz ýada salgylanma ýok. Şonuñ üçinem ony Ampul diýip hasaplamak nädogrydyr.


Çeşme:

https://www.habernediyor.com/m/yasam/antik-misir-da-helikopter-izleri-ve-bazi-cevaplar-h279.html

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir