BSGG-niň hünärmenleri ýurtda COVID-19 boýunça öňüni alyş çärelerini geçirmekde gymmatly goldaw berdiler – diýip, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow BSGG-niň işiniň jemi boýunça geçirilen brifingde aýtdy.

6-njy iýulda başlanan işiň dowamynda hünärmenler dürli lukmançylyk edaralarynda, serhetlerdäki barlag-geçiriş nokatlarynda we ş.m boldular hem-de ýerlerdäki jogapkär hünärmenler bilen duşuşdylar. Olar COVID-19 keseliniň ýüze çykyş ýagdaýlarynyň öňüni alyş hem-de oňa garşy alnyp barylýan çäreler, epidemiýa gözegçiliginiň, barlaghana keseli anyklaýyş işleriniň, syrkawlaryň kliniki öwrenilişiniň, infeksion gözegçiligiň gurnalyşy bilen tanyşdylar.
Ministr BSGG-niň hünärmenlerine we BSGG-niň ýurt edarasyna COVID-19-a garşy çäreleri we taýýarlygy üpjün etmekde milli kuwwaty güýçlendirmek meselesi boýunça konsultatiw-tehniki goldawy berendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.
Ýagny, ýurtda COVID-19-yň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, epidemiýa garşy çäreleri güýçlendirmek boýunça Pudagara meýilnamasy durmuşa geçirilýär. Ýokanç kesellere epidemik gözegçiligiň we öňüni almagyň, hojalyk obýekleriniň işine sanitar gözegçiligiň usullary we normatiwleri, daşky gurşawy, şol sanda suwy, howany, topragy, iýmit önümlerini öwrenmegiň barlaghana usullary kämilleşdirildi.
2020-nji ýylyň martyndan beýleki ýurtlar bilen howa ýollary boýunça aragatnaşyk wagtlaýyn bes edildi, raýatlaryň girişine we çykyşyna, ýerüsti, derýa-deňiz ýollary boýunça gatnawlara, sebitleriň arasyndaky ulag aragatnaşyklaryna çäklendirme girizildi. Raýatlaryň içki migrasiýasyna gözegçilik işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň arasyndaky serhetlerde raýatlary lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek boýunça postlar gurnaldy we saglyk ýagdaýy barada kepilnamanyň bardygy barlanylýar. Jemgyýetçilik ýerleriniň we jemgyýetçilik ulaglarynyň dezinfeksiýa işleri geçirilýär.
Bellenilen lukmançylyk edaralary ýokary derejede taýýarlyk ýagdaýynda işleýärler diýip, ministr aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, ýurtda wirusa garşy, antibakteriýa we beýleki derman serişdeleriniň, dezinfektantlaryň, indiwidual gorag serişdeleriniň ýeterlik derejede ätiýaçlyklary, şeýle-de COVID-19 keselini anyklamak boýunça barlag-ulgamlary döredildi.
Keseli anyklaýyş işleri Aşgabatda Dümewiň milli merkezi derejesini alan Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirusolog barlaghanasynda hem-de 5 sany welaýat bellenilen we baha berlen barlaghanalarynda geçirilýär.
N.Amannepesowyň aýtmagyna görä, awtomobil we demir ýol arkaly ýük gatnatmak bilen meşgullanýan ähli adamlar döwlet serhedinden geçenlerinde COVID-19 üçin barlagdan geçirilýär we 14 günlük hökmany karantine alynýar. Giriş nokatlarynda dezinfeksion binalary guruldy, awtomobil we demir ýol ulagy ýurduň territoriýasyna girmezden öň dezinfeksiýa geçýär, getirilýän ösümlik gelip çykyşly önümler tüsseletme işinden geçirilýär.
Ekzogen şertleriniň zyýanly täsiriniň öňüni almak üçin serhetdäki territoriýalarda uçarlaryň ulanylmagy bilen dezinfektantlary sepme işleri geçirilýär.
BSGG we BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň COVID-19 koronawirus ýokanjy ýagdaýyna taýýarlygyny we oňa garşy hereketini üpjün etmegiň Meýilnamasy işlenilip düzüldi. Dürli enjamlary, zerur bolan serişdeleri hem-de materiallary satyn almak we ýetirmek işleri alnyp barylýar. Ýakynda ýurda lukmançylyk görkezmesiniň enjamlarynyň we önümleriniň ýene bir ýük tapgyry getirildi diýip, Amannepesow belledi we Meýilnamany durmuşa geçirmekde goldaw berendigi üçin BMG-niň agentliklerine minnetdarlyk bildirdi.
Ministr alymlar tarapyndan wirusyň Merkezi Aziýanyň duýgur ekologik gurşawynda howa akymy arkaly geçýändigi bilen bagly öňe sürlen pikir barada hem aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, esasy howpy Aral deňziniň guramagy bilen ýüze çykýan ekologik betbagtçylygyň zonasynda emele gelýän howa agramy salýar.
Aral deňziniň guran düýbünden zyýanly maddalary getirýän tozan-duz tupanlary müňlerçe kilometre ýaýraýar we adamyň janyna howp salýar diýip, ministr belleýär. Ol şunuň bilen baglylykda lukmançylyk hünärmenleri, hyzmatlar gurşawynyň işgärleri üçin 6-njy iýuldan tutuş ýurt boýunça lukmançylyk örtüklerini hökman dakynmalydygy barada kararyň kabul edilendigini aýtdy.
BSGG-niň toparynyň gelmeginiň netijesi boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi milli kuwwaty berkitmäge hem-de bu pudakda alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge kömek etjek ähli maslahatlary we hünärmenleriň tekliplerini göz öňünde tutar diýip, ministr ynandyrdy.

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir