2. PERIŞDELERE IMAN

Perişdeler diñe Allatagalanyñ emirlerini ýerine ýetirýän, nurdan ýaradylan mukaddes barlyklar bolup, Olar hiç günä etmeýän, güýçli, kuwwatly, çaltlyk bilen hereket edýän ruhy barlyklardyr. Perişdelerde jynsy aýratynlyklar bolmaýar we olar iýip-içmeýäler. Perişdeleriñ sany diñe Allatagalanyñ Özüne mälimdir. Perişdeleriñ her haýsynyñ ýerine ýetirýän wezipesi bardyr.

ESASY PERIŞDELER WE OLARYÑ WEZIPELERI

1. Jebraýyl. Perişdeleriñ iñ ulusydyr. Wezipesi bolsa Allatagala bilen pygamberleriñ arasynda ilçilik etmek, wahy arkaly Allatagalanyñ kitaplaryny pygamberlerine getirmekdir. Mukaddes Gurhany Kerimi hem wahy arkaly Allatagaladan pygamberimiz Muhammet aleýhissalama getiren Jebraýyldyr.
2. Mikaýyl. Tebigat hadyslarynyñ hökümi öz ygtyýaryna berlen perişdedir (ýagşyñ ýagmagy, ýeliñ öwüsmegi, ekinleriñ bitmegi we ş.m.).
3. Ysrapyl. Allatagalanyñ buýrugy bilen kyýamatyñ gopmasy üçin ''Sur'' atly surnaýy (tüýdügi) çalmak we Allatagalanyñ buýrugy bilen ynsanlaryñ ölenlerinden soñra täzeden direldilmekleri üçin ''Sur'' atly surnaýy ikinji gezek çalmak onuñ wezipesidir.
4. Ezraýyl. Ömürleri gutaran adamlaryñ janyny almak onuñ wezipesidir.
Kiramen Katibin. Bular iki perişdedir. Biri adamyñ sagynda, beýlekisi bolsa solunda bolup, sagyndaky adamyñ edýän gowy işlerini, solundaky bolsa edýän erbet işlerini ýazýarlar. Şeýlelikde, her bir adamyñ gowy tarapy we erbet tarapy ýazylan ''Amal depderleri'' peýda bolar.
Münker we Nekir. Bu perişdeler hem ikidir. Bulara adam öleninden soñra gabyrda ondan sorag-sowal etmek wezipesi berlendir.
Ridwan. Jennetdäki perişdeleriñ ýolbaşçysydyr.
Mälik. Dowzahdaky perişdeleriñ ýolbaşçysydyr.





NAMAZ KITABY
Türkmenistanyñ müftüsiniñ müdiriýeti.
Aşgabat-2014.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir