Ol zol-zol gaşanýardy. Gije baldyrynyň ýumry ýerinden bir çybyn dişlän
bolmaga çemeli. Üns bermejek boldugyça beter gijeýär. Irden turanda-da
beýle jan derdi däldi. Häzir welin gijisi ýüregine dökülip barýar,
gaşandygyça beter gijeýär. Ýedi ýoluň üstünde gaşanyp durmagam
gelşiksiz. Şonda-da gijeýän ýerinden elini aýyrasy gelenok. „Bu nämämiň
azary? Beýle-de bir çybyn bolarmy? Ýok-la, çybyn däl – ýaşaýşym.
Ýaşadygymça ýaşasym gelýär, gaşadygymça gaşasym. Hemmesem
ýüregime dökülip barýan dert, azar. Gülüp ýeňjek bolýan, cybyndyr-da
diýýän. Olam... olam agladaýjak bolýar...“ Bir ýerim gijiýär diýip her kes
beýle-beýle pikirleri etmese-de etmez, emma onuň durmuşy
köpümiziňkiden tapawutly, üstesine-de ol şahyr. Hawa, ol şahyr. Ulumy-
kiçimi, wagtyň özi kesgitlemeli diýilýän şahyr. Galamy bilen güzeranyny
görüp ýör. Hal-ýagdaýy soralsa: „Hal-ýagdaýam suwda akyp barýan kädiň
üstünde ýaly. Birden çümýäs, birden suwuň ýüzüne çykýas. Heniz-ä batyp
galamyzok, şoňa-da şükür“ diýip, töweregini gülüşdirýär. Ajy-ajy ýylgyrýar.
Şonda-da ol ajyny kim duýýar, kim duýmaýar. Şahyr halky ömürboýy,
begenjinem, gynanjynam, tutuş durkuny ile açmagyň höwesinde. Ýöne,
haýran galaýmaly, şol höwesini näçe gizläp, owadan gyzyň näzi ýaly çalaja
äşgäre çykaryp bildigiçe, ony çyn şahyr hasap edýärler. Megerem
şondandyr, ol ajy-ajy ýylgyrsa ýylgyrardy, emma aňsat-aňsat zeýrenmez,
diýse: „Näme üçin zeýreneýin? Özüm saýlap aldym bu käri. Derdini
çekmäge-de, keýpini görmäge-de özüm boýun boldum. Dogry, keýpinden
derdi köpräk eken. Islendik käriňem keýpinden derdi köp. Düşünene tutuş
dünýäň keýpinden derdi köp. Bolanja keýpem şu gijiň keýpi-dä“ diýer.
Onuň dünýäsiniň hakykatdanam keýpinden derdi köpdi. Öýünde ýarym
adam, bilinden aşagy ysmaýan, maýyp aýaly indi onbäş ýyl bäri
„arabajygyny tigirläp” ýör. Ýöne, ol muňa şeýle bir öwrenşipdi, dertdiginem
bilmeýärdi. Bir derdi bar bolsa, olam edebiýat. Häzirem neşirýatdan gelýär.
Soňky ýazan goşgularyny toplap kitapça edipdi. Neşirýadyň başlygy
sypaýçylyk bilen goşguly kitaplaryň bazarynyň ýokdugyny aýtdy.
Kitapçasyny alyp galsa-da, haçan neşir etjegini aýtmady. Goşgularynyň
neşirýatda eslije ýatjakdygyny düşnükli etdi. „Onsuzam, bary düşnükli.
Goşgy kime gerek, şahyr kime gerek?“ Başga-da barara ýeri bolmansoň
goşgularyny goýup gaýtdy. Beýleki neşirýatlara barsa kitapçasyny alybamgaljak däldiler. Bu neşirýadyň eýesiniň özem şahyr bolansoň, ýitgi
çekmäge golaý barsa-da, ýylda iki-üç goşgular kitapçasyny çap edip dur.
Okap görse, belki ýüregini gozgar, kellesiniň gyzgynyna bularam çap
edeýin diýer. „Adamlar goşgudan näme beýle birden doýaýdylarka?
Ýigrimi-otuz ýyl mundan öňem beýle däl eken. Kimi gürletseň şol döwrüň
şahyrlaryndan söz açýar. Olaram bolup bilseler biz ýaly bolandyr ýogsa.
Aý, bilýän-le, dirikäler olaňam gadyry bilnen däldir. Şahyrçylyk gadyryňy
bildirjek bolmagam däl aslynda. Şahyrçylyk... Şahyrçylyk – gadyryňy
gaçyrmagam-a däldir...“ Öýüne gelýänçä ýüregine düşen gijisiniň azary
ýaly içinden edýän pikirlerem biri-biri bilen çaknyşyp oňa dert baryny berdi.
„Bolmasa proza synanşyp göräýsemmikäm? Roman ýazyp ýörenlerem
görýäs-le.“ „Aç ölýänem bolsam, men şolar ýaly prozany ýazjak däl, ýazjak
däl.“ „Sen şolar ýaly ýazma, başgaça ýaz.“ „Başgaçamy? Dilde aňsat,
başgaça ýazmak.“ „Kynçylygyna dözseň...“ „Kerpiç örýän kerpiji, agaç
ussasy agajy bilen bolsun-la. Kynçylygam şol, beýlekisem“. Özi bilen
jedelleşe-jedelleşe ol, ahyrynda-da, erteki ýazyp göreýin diýen pikire geldi.
Bu onuň biraz ökjesini ýeňletdi. „Iň köp satylýan kitap ertekili kitap. Her
kimiň çagasy bar. Çaga-da erteki gerek. Ökde ertekiçi dagy bolup
biläýseň... Goşgy ýazmaňam goý diýýän ýok. Arasynda ýazyber.
Güzeranyň aladasyndan dynsaň goşgy gaýta gowy ýazylar. Dogrudanam,
men ölmeli welin, zarňyllap duran erteki ýazmaly. Özem köp ýazmaly.
Zarňyllap duran diýýänim, neşirýatlar garbap alar ýaly erteki ýazmaly.
Nädersiň neşirýatçy dost gapysyndan baranymdan ýüzüni sortduryp
durman, gaýta nirede oturtjagyny bilmän dursa. Bir aýda üçi-dördi
ýazylmazmyka? Goşgudan kyn däldir-ä?!“ Öýüne girende guraksy garaýyşy
bilen garşylan maýyp aýaly onda bir üýtgeşmäň bolandygyny ýüzünden
aňdy. - Kitabyňy çykarjak diýdilermi? - Hawa. - Haçan? - Haçandygyny
aýtmadylar. Özüne gynanylyp bakylmaly aýaly gaýta oňa nebsiagyrjylyk
bilen garap durdy. Içinden: „Neşirýatdan ýene boş sözlere ynanan bolup
gaýtdyňmy?“ diýýäni gözünden görnüp durdy. Adamsy onuň bu
bakyşyndan ýaňa näderini bilmedi. - Biýäňmi keýwanym, meniň kelläme
„otliçnyý“ pikir geldi. Aýaly arabasyny duran ýerinde diýen ýaly aýlap, yza
çekildi. Adamsyna ýol berip durşuna: - Aýdymçylara goşgy ýazyp
berjekmi? – diýdi. - Aýdymçylary goýsana. Olara aýdym üçin nähili
goşgulaň gerekdigini bilýäň-ä. - Saňa näme? - Hawa, sözleri pylanyňky
diýsinler, menem utanjymdan ýere girip bilmäýin. Gowusy sen arabajygyňy
tigirle-de, çaý getir. - Söýgi hakynda gowy goşgy ýazsaň, gowam aýdym
bolsa. Atly bagşylaň birem aýtsa. Gaýta adyň ýaýrar. Soň kitaplaňam gowy
alynar. Bar-a şeýle aýdymlar. Aýaly görgüli sözüni delillendirmek üçin bir
gowy aýdymy ýadyna saljak bolýança, adamsy tigirçekli oturgyjyň ýüzüni
aşhana tarap öwürdi. Ol ädimlerini ýeňil alyp keýpihonsyraýardy, arman
baldyryndaky gijisi ýene başlady. Aýaly oturgyjynda elini salgap „Aý,
erkekleň öz kellesine gelmese gep düşündirip bolasy ýok“ diýip, hüňürdäp
galdy. Aýalyny aşhanada goýup, iş otagyna gelende ol ilki bilen baldyrynyň
gijeýän ýerine seretdi. Üýtgeşik zadam ýok. Gaşanyna çala gyzarypdyr
diýäýmeseň. Şol gyzylyň ortarasynda kiçijik düwrtügi görüp hasam gaşanasy geldi, hem ellese beter gijär öýdüp gorkdy. Derrew balagynyň
gonjuny goýberdi. Iş stolunyň başyna geçdi. Adaty bolşy ýaly stolunyň
üstünde galam-kagyz taýýar dur. Başlaber ertekiňe başlasaň. „Bir bar eken
bir ýok eken diýip başlaýsammykam?“ Emma nähili dowam etdirjegini
bilmedi. Üçe-dörde hyýal edýäň, sen entek birinden habar ber! Uludan
demini alyp, çep gapdalda, diwardan asylgy duran aýna seretdi. Aýnaň
ýüzünde sag egnindäki diwar hem göni özüne seredip duran öz şekili
görünýärdi. Iş otagynyň bir burçunda asylgy duran bu aýna seretmäge ol
endik bolup gidipdi. Hasam öz gözlerine serederdi. Gözüniň içine-içine
bakyşy, ondan bir zatlar okajak bolýan ýalydy. Aýaly oňa „Ýüz görülýän
aýna özüňe serenjam berilýän ýerde asylar-da, muny bärden aýyraly“
diýende, „Goý dursun. Adam hemme ýerde özüne serenjam berip gezmeli“
diýip, aýnany ýerinden gozgamandy. Emma her gezek aýna seredende
aladasy „serenjamy“ däldi. Aýnada görünýän özüne ol höwri ýaly bakardy.
Öz şekili bilen gürleşýän adam hakynda bir kitapda okapdam. Belki
şondandyr, belki-de adama özünden ýakyn höwrüň ýoklugyndandyr.
Hasam gözleri... Aýaly pessejik stoluň üstünde goýlan, elektrik togy bilen
işleýän semawarda çaý gaýnatdy. Aşhanada ähli zat oňa tigirçekli
oturgyjynda oturan ýerinden eli ýeter ýaly edilip gurnalandy. Bu on bäş
ýylyň tejribesidi. Ýokarrakda kakylan asgyçlar aşak düşürilipdi. Gap-gaç
ýuwulýan maşyn, gaz plitasy, tumbajyk, toguň öçürilip ýakylýanyna deňiç...
bar zat oňa görädi. Olam bu zatlara görädi. Maýyplygy ýadyndan çykar
giderdi, hatda içinden „Tigirçekli oturgyçda oturan ýerimden, gaýta, maňa
aňsat düşýär“ diýerdi. Tigirçekli oturgyjynyň öňüne goşmaça oturdylan
ýasyja demiriň üstünde ýerleşdirip getiren çaýyny-käsesini ol adamsynyň
iş stoluň bir burçunda goýdy. Uly sazandalaň perdä seretmän saz
çalyşlary ýay, gaty arkaýyn hereket edip, çaýy käsä guýup agdardy. Çaýyň
ýeke damjasam stola dammady. Iki gözi welin adamsyndady. - Näme
beýle seredýäň? - Garrapsyň. - Täzelik aýtdymmykam diýýäňmi? Özüň
näme? - Men hiç-le... Sesi naýynjar çykandan boldumy, aýaly hyrra yzyna
aýlandy. Bu çaltlyk tigirçekler sebäpli bolan bolmagam mümkin. Ýogsa ol
adamsyndan beýle çalt ýüzüni öwürmek islemändi. Etjek alajy ýok,
gaňyrlyp adamsyna seretdi-de, çykyp gitdi. Çagalar bagynda goýlup gidilip
barylýan çagaň ejesiniň yzyndan gaňyrlyp seredişi ýaly aýalynyň naýynjar
bakyşyna, onuň endamy tikenekledip gitdi. Turup aýalynyň arabajygynyň
yzyndan ýapyşasy geldi. Ertekem gümüne gitsin, goşgam. Hiç zadyň
gürrüňinem etmän ýüzüne seredip durjakdy. Emma ol eýýäm aşhana ýetdi.
Bolmanda şeýle ýeňil aýlanýan tigirçekler baryp direnip durar ýaly gapyda
işik bolsady, olam ýok. Aýalyna aňsat bolsun diýip ähli gapylaryň aşaky
işiklerini özi aýyrdypdy. „Ilki badalar nähilidi, ýüzünde çala gussa gördügim
derrew elim oňa uzardy. Olam beýle çalt menden daşlaşmazdy...“ Şol
döwürlerde goşgularynam gazet-žurnallarda göwünjeň çap ederdiler. Soň
dili siňňiliň biri „Goşgularyňy öýüňdäki durmuşyňa dözmän çap edýärler“
diýen manydaky gürrüňi onuň gulagyna ýetirdi. „Goşgularymyň öýüme
näme dahyly bar? Bir setirimde-de günümden zeýrenen ýerim ýok“ diýipdi.
Emma, şonda-da ýüreginde düwün galdy. Öňküleri ýaly gije ýazan goşgusyny ertesi irden redaksiýa eltmesini, dostlaryna okap bermesini
goýdy. Ara eslije maý salyp elten goşgusy çap edilse-de, öňküleri ýaly
begenmedi. Öňler elinde goşgusy çykan gazet, awtobusda barýarka,
ýolagçylary ýörite synlardy. Olardan bolmanda biriniň goşgularyny okap
barýanyny göresi gelerdi. Bolmanda bir adam... Emma, özünden başga hiç
kimiň elinde goşgulary çykan gazet ýokdy. „Zyýany ýok, öýlerine bararlar,
poçta gelendir. Iş ýerlerine gazet gelýändir. Açarlar, okarlar...“ diýerdi. O
günlerden bäri näçe ýyllar geçdi! Näçe gazetlerde, näçe žurnallarda
goşgulary çykdy. Bir okyjysyndan: „Goşgularyňy yzygider okaýan“ diýen
hatam alyp gördi. Mekdebi gutaraly esli ýyl görüşmedik klasdaşlaryndan
birine duşanda: „Şindem goşgy ýazyp ýörmüň?“ sözünem eşitdi... Ol
aýnadaky höwrüne bakdy. Honha, ýitisi gaýdyşan göreçler, äýneginiň
aşagynda hasam pökgi görünýän halka. Duluklarynda dörän uzyn, galyň
gasyn. Hemmesi gussa. Çalaran saçlary biraz düşüp, giňän maňlaýyndaky
inçejik ýygyrtlara çenli hemmesi gussa... Ýene-de öz göwnüni özi
götermäge durdy. Içinden: „Şu ýygyrtlar, gasynlar bolmasa ýüzüm artylan
käşir ýaly has betnyşan görünmezmi? Iki gaşyň arasyndaky dik ýygyrda
seret, ol dagy Wan Goguňam elinden gelmez! Bolsa-bolsun gussa...
Gussaly-da bolsa, bu men. Meniň özüm“. Çäýnegi stoluň üstünde goýup
„garrapsyň“ diýen aýalynyň naýynjar bakyp ondan üýtgeşik bir jogaba,
hereketlere garaşýarka, ýerinden turmaga ýetişmediksirän bolany onuň
ýene endamyny düýrükdirdi. Arabasyndan ýapyşyp ony saklamak beýle-de
dursun, „Özüň näme?“ diýenine utanjyndan gabagynam galdyryp bilmedi.
„Alkymymda duran aýalyma, mundan öň ýetmiş gezek dadyna ýetişen
aýalyma bu gün näme ýetişip bilmedim?“ „Garraýdymmykam? Saçlarym
çalarypdyr, ýüzüm ýygyrt-ýygrt... Şular sebäplimi men garry? Ýaşyma
seretseňem hemme zat dogry! Eýýäm elliden geçipdirin. Ýöne, men iliň
diýýän ellisini geçmek beýle-de dursun, oňa ýetibem bilemok ahyryn! Sen
ony bilýäňä, keýwanyjygym. Saç ak boldy näme, gara boldy näme? Buýra-
buýra boldy näme, düşe-düşe selçeňlän boldy näme? Tüý – tüýdürdä!
Şonuň üçinem beýle çalt ýüzüňi sowup gitmek bormy? Äý...“ „Äý-den“ soň
elini salganda, aýnadaky şekilem onuň pikirlerini tassyklaýan ýaly elini
salgap goýberdi. Ol ýerinden turup aýna has ýakyn bardy. Äýnegini aýyryp
ýene gözlerine bakdy. Soňam: „Sen hiç wagt kejime gitmeýäň. Sözümi
tassyklaňda-da ýaranjaňlyk edeňok“. Ol aýna bakyp gaşlaryny ýazdy.
Aýnasam oňa ýazylyp jogap berdi. Aýnasynyň bolşuna başyny ýaýkap,
barşyna stolunyň aňyrsyna geçdi. Onuň başyny ýaýkap, baryşy
aýnasynda-da gaýtalandy. Tas erteki ýazmasyny goýup garrylyk, aýaly
hakyndaky pikirlerini kagyza geçirmäge oturypdy. Emma içindäki özi
razylaşmady. „Özüni aklajak bolup ýazylýan ýazgylara meňzär-dä“ diýip,
bu pikirinden el çekdirdi. „Aýalymam garry diýýän bolsa, diýmek
garrandyryn...“ Hälki keýpihonlugyndan nam-nyşan galmady. „Hakykatda
bu dünýede garry ýa-da ýaş diýlen zat ýok. Köp ýaşan bar, az ýaşan bar.
Ýaşym, inimiňkiden uly bolup biler. Ýöne, men ondan garry däl.“ Özi bilmän
baldyryna eli bardy. Ýüzünde hem gijisini basmaga hyjuw, hem ejir bardy.
Ýüregindäkini diýip düşündirip bilmeýäniň ejiri, gaşanyp gijisini ýatyryp bilmeýäniň ejiri. Ahyry gijisi biraz kepän ýaly etdi. Galamyny eline aldy.
Alsa-da, sakaw adam ýaly birbada hiç zat ýazyp bilmedi. Birdenem
ýazmaga başlady. Ertekim gara gazana derek ak antenaly, Jemşiidň
jamyna derek, dünýä bilen habarlaşdyryp duran internetli, kompýuterli
döwrüň ertekisi ahyryn?! Şeýle döwürde bir bar eken, bir ýok eken diýip
ertekä başalamagyň özem bir erteki. Ata-babalarymyzdan hernäçe
ozdurdykmykak diýsegem olar ýene öňde. Görüň ahyryn, mundan täzeçil
edip aýtmak mümkin däl – bir bar eken, bir ýok eken. Hem bar, hem ýok.
Ýa-da bir-ä „bar“ bar, birem „ýok“ bar. Ýa-da şol bir zat birden-ä bar bolup
dur, birdenem ýok. Ýa-da „men saňa bar zadyň gürrüňini bereýin, ýöne
aslynda, ol ýokdur“. Ýa-da tersine. Nähili düşünseň düşünip oturmaly!
Ertekisiniň birinji abzasyny ýazanyna biraz ynjaldy. Emma işiň kyny indi
başlanýar. „Bir bar eken, bir ýok eken“ diýdiňem-dä, onsoň näme? Özüň
oňa nähili düşündiň? Nähili düşündirjek? Goşguda aňsat. Başlap bilseň
yzy öz-özi geliberýär. Bu gezek aýna däl-de, penjireden görünýän görnüşe
bakdy. Arman golaýdan gowy görýän gözleri uzakdaky şekilleri äýnegini
dakynsyn-dakynmasyn o diýen saýgaryp bilmeýärdi. Öýleri baýryň
gerşinde ýerleşensoň penjiresinden birgiden jaýlaryň üçegi görünýärdi.
Jaýlardan aňyrdaky uzaga ýaýylyp ýatan görnüş ümezläp ümür-dumanyň
içinde galýar. Bu ümezleşigi içine sorjak bolan ýaly ol haşylap goýberdi.
Ertekiň dowamy geläýen ýaly? Hawa, nähili düşünsegem, bir bar eken, bir
ýok eken, gadym zamanda Şährişemistan diýen bir şäher bar eken. Bu
şäheriň owadanlygy belent-belent binalarynda bolman, şol binalaryň mähir
bilen gurulanlygynda eken. Jaýlaryň diwarlary kerpiçdenem däl,
betondanam däl, mähirdenmiş. Düşegi aýnadan ýasalan köçeler ýöremäge
şeýle rahatmyş. Maşynlar onuň ýüzünde edil suwda akan ýaly akyp
barýarmyş. Aýna köçeler döwülmez eken, jaýrylmaz eken, öwrülmez eken,
kesişmez eken. Adamlaryň ýanyndan gara kölegeleri däl, öz aýdyň şekilleri
aýrylmaz eken. Şol şekillerden adamlar biri-biriniň ýüzüne göni seretmän,
garry ýa ýaşdyklaryny däl, hal-ýagdaýlaryny görer ekenler. Içiňdäki
duýgulara gaplanyp, özüň bilmän gussa batyp, ýüzüňi aşak sallaýsaň
dagy, ýoluňda görünýän keşbiňe öz nebsiň agyryp, nädip ýylgyranyňy
bilmän galýan ekeniň. Ony görüp töweregiňde-de birgiden ýylgyryşlar
peýda bolar eken. Aýna düşýän şekil şekiliň üstünden geçende biri-birini
mährem gujaklaýan ýaly bolar eken. Ol ertekisini joşup ýazyp otyrka,
gijisinem unudyp, stoluň aşagyna uzadan aýagyny özem bilmän, gezekli
gezegine ýelkilledýärdi. Mundan keýp alýardy. Diwardan asylgy aýnada
„gujaklaşýan şekiller“ görenen ýaly boldy. Birdenem ol görnüşler ýitip,
ýerine geň galyp otyran öz şekili geldi. Ol aýnadan çalt ýüzüni sowdu-da
ertekisini dowam etdirmäge hasam hyjuwlandy. Aýna köçeleriň gyrasynda
ýaşyl baglar öser eken. Güller, gök maýsalar çar töwerekde nagyş ýaly
çyzylyp, ülpüldäp oturansoň göçüp-gonup ýören guşlaram bu şäheri terk
etmeýärmiş. Maşynlar tüsselemeýän ýalymyş. Beýle owadan şäherde
tüsseläp ýörmekden utanjyna, bir näsazlyk tapyp tüssesi artan maşynyň
özi sakga durberýän bolmasyn? Ýok, Şährişemistanda şeýle bir ussalar
bar, olar maşynlar ýörände çykarýan tüssesi, adamlaryň dem alanda çykarýan demindenem az bolar ýaly edenmişler. Şäheriň ortarasyndan
akýan, akýany akmaýanam bildirmeýän, ýüzündäki owunjak tolkunlar oňa
bezeg üçin berlen ýaly görünýän derýaň suwunyň reňki Asman bilen
reňkdeş – göm-gök bolansoň, onuň bilen ornuny çalyşdymyka diýdirýärdi.
Derýa ýokarda, ýüzünden bulutlar suw ýaly akýar. Asman aşakda, onuň
ýüzünde daň atyp Gün, agşam düşüp Aý dogýarmyş. Suwunyň
durulygyndan ýaňa derýaň içine iňňe gaçsa görüner durar eken. Ýüzüp
ýören gyzyl balyklaryň topary bu derýanyň düýbünde çigildemler
açyldymyka diýdirse, ak hem altyn balyklar derýadan çopantelpekler akyp
gelýärmikä diýdirýän eken. Gyzlaryň başyndaky öýmesiniň şemala
ülpüldeýişine meňzäp, saz edip tolkunlar gelýär. Hem gelýär, hem gidýär.
Kenarda dörän ak köpürjikler bolsa, çogan süýdüň köpügi ýaly ýumşak
hem göze ýakymlymyş. Şährişemistan şeýle bir şäher, şeýle bir şäher...
ertekilerdäki şäherler ýaly şähermiş, görenler görküne haýranmyş.
„Ertekilerdäki“ diýen deňeşdirmesindäki çeperlige ol hoşal boldy. „Hakyna
seretseň meniň Şährişemistanym ertekilerdäki şäher däl, hyýalymdaky
şäher. Häzir hyýalymdaky köçä çyksam, gara kölegäme derek aýnadaky
aýdyň şekilimi görsem, hyýalymdaky ýalam ondan ýöresem... Hyýalyň
bardygam bir gowy zat. Megerem, her kimiň öz hyýaly, özi üçin iň oňat
edebiýatdyr, iň oňat eserdir. Şol eseriň baş gahrymanam her kimiň özi!
Hemmäň hyýalynda üýtgeşik ýaşaýyş bar bolansoň, adamlar bu başly-
barat, öýkeli-kineli hakyky durmuşa ähmiýedem bermän ýaşap ýör... Kimi
hyýalynda jennetde ýaşaýar, kimi dowzahdan halas bolmagyň
aladasynda... Wah, jenneti bolup ýaşasadyň, dowzah seniň üçin
gurulmadyk ýaly bolsady... Men ýene hyýalyma aldanýan.“ Maňlaýyndaky
ýygyrtlary, duluklaryndaky galyň gasynlary ýazjak bolup, äýnegini aýyryp,
gözüni-ýüzüni owkalaşdyrdygyça, ýüzünde ak kagyz düýrlenen ýaly,
gasynlary beter köpelene meňzedi. Gözüniň ümezi has artdy. Diwardan
asylgy aýna bakdy. Gözi äýneksiz bolansoň aýnadaky şekili bulaşyk
görünýärdi. Äýnegini dakynyp seretdi. Soň ondan ýüzüni öwrüp özüne:
„Hany badymyzy gowşatmaly, nirä barar, bu... erteki“ diýdi. Özüne oňaýly
goýjak boldumy, ýa öz göwnüni özi göterjek bolup eden hereketinden
boldumy, süýşüren kagyzy tas aýalynyň goýup giden çäýnegini agdarypdy.
Tisginip, bir eli bilen çäýneginiň depesinden basyp saklamaga ýetişdi.
„Ýazdyrjak däl-ä bular maňa, ýazdyrjak däl-ä“ Janyndan syzdyran bu
sözlerini ol daşyndan aýtdy. Birdenem aýaly özüni synlap, näme diýeninem
eşidip duran ýaly kellesini galdyrdy. Aýaly görnenokdy, açylan telewizoryň
çala sesi gelýärdi. Diňe, aýna ondan gözüni aýyrman, eden hereketini
gaýtalap durdy. Ýykylman galan çäýnegi usullyk bilen öňüne çekdi.
Aýalynyň eliniň yzlaryny görjek bolýan ýaly oňa içgin-içgin seretdi. Soňam
görjek bolýan zadyny tapmadyk ýaly ony yzyna süýşürip goýberdi. „Nädip
ýazjak, näme ýazjak?“ „Ýazaryn, ýazaýmaly, bar zady unutmaly. Diňe
Şährişemistan bar dünýede, diňe ertekim“. Şährişemistan jennet däl, bir
günden bir gün onuň dury derýasy bulanmaga başlady. Adamlaryň
ýüzünde mähir azalyp, gahar köpeldi. Çünki olaryň hemmesi jenneti
adamlar däldiler. Süýji sözlere derek, göwne degmeler artdy. Iň ýykylmagy aňsat zat göwün boldy. Ýykylan göwünleriň harabaçylygy ýürek
gysdyrjydy. Asmanyňam görki gaçdy, derýaňam. Maşynlaryň tüsselemesi
artyp, köçeleriniň ýagtysy öçdi. Şekilleriň ýerine gara kölegeler döredi.
Gapylara gulplar uruldy. Mundan ozal çagalarynyň eljagazyndan tutup
köçä çykýan adamlar, indi agyzlary tor bilen baglanan itleri yzlaryna tirkäp
ugradylar. Ine şeýle günleriň birinde-de derýaň kenarynda bir ýigit gama
batyp otyrdy. Onuň ýüzüniň reňki bulançak suwuň reňki ýaly solgundy. Şol
wagt onuň gaşyna bir altyn balyk ýüzüp geldi-de, şäheri halas etmegiň
syryny aýtmaga başlady. - Eý, ýigit, müň gaýgy bir iş bitirmez. Derýa
bulançagam bolsa, seniň ýüregiň tämiz. Tüssesi şäheri ýuwdup barýanam
bolsa, seniň demiň baharyň sergin şemaly ýaly arassa. Men diňe seniň
hatyraňa başyňyza düşen beladan halas bolmagyň ýoluny aýdaýyn. Emma
ony nädip başaryp boljakdygyny men bilmeýän. - Aýtsana, tylla balyk belki
bir alajy bolar. - Aýtsam, şäherde iki aşyk ýaşap geçmeli. Olar ömür boýy
biri-birlerinden gözlerini aýryp bilmän otursalaram, sesleri biri-birine ýetip
dursa-da, biri-birlerine elleri ýetmeli däl. Şeýle günlerinde-de ýene özlerini
bagtly saýmaly. Aşykdyrlar, hak aşykdyrlar, emma muny hiç kimse bilmez.
Olar diňe ölenlerinden soň barlyşmaly. - Haý, tylla balyk, bulançak suwuň
içinde nämeler diýip duranyňy özüňem bileňok öýdýän. Heý iki aşygyň biri-
birine sesi ýeter-de eli ýetmezmi? Heý iki aşygam biri-birini görüp durar-da
barlyşyp bilmezmi? Gülüne ýetmek üçin bal arysy nijeme menzilleri
aşmyýarmy näme? Perwana aşygyna gowuşmak üçin özüni oda
urmaýarmy? Perhat Şirine ýetmek üçin daglar gazmadymy? Ýa Tahyr
Zöhre diýip sandyk içinde derýada akmadymy? Züleýhany diýsene! Öz
guluna aşyk bolup, guluna gul bolmaga kaýyl bolmadymy?Ýa Romeo...
Ýigit bir seretse tylla balyk bulançak suwda gözden gaýyp bolupdyr. Ol
tylla balyga ynanjagynam bilmedi, ynanmajagynam. Ylgap baryp bu
wakany ilki duşanyna aýdyp berdi. Soň ikinjisine, üçünjüsine,
dördünjisine... Kime gürrüň berse, çäre gözleşmekden geçen, gaýta
üstünden güldüler. Ol ýigidem şondan soň Şährişemistany halas etmegiň
ýolundan söz açmasyny goýdy. Kellesine gelen, ertekisine sygmajak
pikirler ertekisiniň arasyny böldi. „Bu ertekem däl-le! Adam mydam şeýle.
Töwerek tüm garaňkylyk. Garaňkylygyň arasynda bir yşyk görner. Oňa
dogry gitseler tümlükden gutuljakdyrlar. Yşygy ilki gören
töweregindäkilere-de ony görkezmäge çalşar, olary halas etjekdir. Emma
biri tapylar: „Yşyk diýýänimiz salgym bolaýmasyn? Men ýagtyny barýan
ugrumyzyň ters tarapynda görýän“ diýer. Hemmeler sakga durar.
Dogrudanam garşy tarapda-da yşyk bar ýaly. Kim aýdyp biljek indi
haýsysynyň salgym däldigini? Iki arada galarlar. Hakyky yşygy göreni
taşlar giderler“. Ol bu pikirlerini ertekisine goşmak isledi. Emma, nädip?
„Goşguda bogun sanyna seret, setir sanyna seret, bolmanda sazlaşygy
aýdyp durandyr, artygyny-kemini. Proza bir jana dert. Gerekmejek zatlary
ýazyp oturan bolsaňam, iň geregini ýazman goýup barýan bolsaňam bellisi
ýok. Ertekimikä bir bü? Ertekiň nädip ýazylýanyny bilemog-a“. Ol elindäki
galamyny petde kagyzyň üstüne gaharly taşlanda, kagyzy ýüzüne urlan
ýaly titiräp gitdi. Muny duýup, ol derrew galamyny yzyna aldy. Kagyzda näme günä, galamda näme günä? Häzir iş stolunyň başyndan turup
gidäýse, ertekiň dowamyny ýazmajagyny syzdy. Ýazanlaryny, özüne
buýrup, birlaý gaýtadan okap çykdy. Bu näme, ylhamyň oýnumy ýa beýnisi
ertekini ýazmagy dowam etdirmejek bolup gaçyp atalga tapdymy, atasy
pahyrdan eşiden wakasy onuň ýadynda oýandy. Togsana golaýlap
ýogalan atasy. Garryja atasy... Hasaplap gördi, bu wakany başdan
geçirende ol özi ýaly – kyrk ýaşlarynda eken. Şol gyş on töweregi düýeli
bolup atasy pahyr Daşoguza argyşa gidipdir. Bärden ugranlarynda beýle
bir sowugam däl eken. Howaň sowap, garyň ýagmasy olar Daşoguzdan
yzlaryna gaýdyp gelýärkäler, çölüň ortasyna ýetiberenlerinde başlapdyr.
Şeýle bir gar tozaýarmyş, gökden ýagýarmy, ýerden göterilýärmi aňşyrar
ýaly bolmandyr. Häzirki ýaly maşynyň pejini ýakyp, ýuwaşja ýöräbereýin
diýjek gümanyňam ýok. Ulaglary ýükçi erkek, düýe. Olaram syrgyndan
ýaňa biri-birine penalajak bolup, bozlaşyp duranmyşlar. Has beterem on
adamyň hersi bir kelle. Biri ýel ýatýança bir oýda düşläliň diýýär, başga
birem: «Ýeliň haçan ýatjagyny nä bilýäň? Sowugy göreňokmy, bir ýerde
durdugymyz doňup galarys, ýöräliň» diýýär. Durjak bolsaň nirede durmaly,
ýörejek bolsaň, haýsy tarapa ýöremeli? Ne penalar ýaly ýer bar, ne-de
gidere ugur. Gündogaram bildirenok, günbataram. Sowukdan, syrgyndan
ýaňa masalahatlaşara-da ýagdaý ýok. Ahyry atasy ýoldaşlaryna: «Menden
galmaň, yzyma düşüň» diýip, zordan sesini eşitdiripdir. On düýeliň ýedisi
bir ugra, onuň yzyna düşüpdir. Üçüsem muňa razy bolman düýeleriniň
başyny başga tarapa öwrüpdirler. Olary «Terse gidýäňiz» diýip, saklajagam
bolupdyrlar, etmändirler. Käbir adamyň kyn gününde hasam kejeňekligi
artýar. Şol üçüň birem şeýle adamlardan eken: «Siz terse gidýäňiz» diýip,
öz diýenini tutup durupdyr. Ýakyn garyndaş bolansoňlar, ýanyndaky ikisem
oňa janyny ynanypdyr, gepindenem çykyp bilmändir. Garaz, düşünşere
maý ýok, her kim özüniňkini dogry hasaplap, öz ýoluny tutupdyr. Atasy
münüp oturan garry erkeginiň owsaryny boýnuna atyp, «Oba özi elter»
diýip, ýoldaşlary bilen bir tarapa, ol üçüsem başga bir tarapa gidiberipdir.
Münüp oturan erkegine her näçe ynansa-da, tä gumdan çykýançalar
atasynyň ýüreginiň howsalasy ýatmandyr. Birdenem, demirýola ýetipdirler,
emma bu Aşgabadyň deňimi, Tejeniň deňimi, ýa Bäherdeniň töwereklerimi
belli däl. Nire bolsa-da, ilatly ýere gelenlerine şükür edipdirler. Soň,
seretseler, erkek ýalňyşman eken, olary öz obalarynyň deňinden
çykarypdyr. Şeýdibem halas bolupdyrlar. Terse giden üç ýoldaş bolsa bir
hepdeden soň Daşoguz eteklerinde tapylypdyr. Elini-aýagyny, gözüni-
gulagyny sowuk aldyrany haýsy, bolsa-da ölmän galypdyrlar. „Ine saňa
erteki! Durmuşyň ertekisi! Indi olar ýaly argyşa gitmegem ýok, garry
inerlerem. Atam ýalňyşaryn öýdübem gorkmandyr. Häzir diri bolan bolsa:
«Ýoldaşlaryň hiçisi saňa gulak asman, «Biz bir garry erkegemi janymyzy
ynanmaly?» diýen bolsa näderdiň?» diýip sorardym. Megerem, atam ýeke
giderdi, ýöne dogry ýolundan çykmazdy. Belki, özüne şeýle ynamy bolany
üçin beýleki ýoldaşlary ondan galan däldir... Erteki, eger çynym erteki,
onda-da nähili erteki! Men bolsam özümden toslap erteki ýazaýyn diýip
masgara bolup otyryn. Wagtynda bu wakadan bolmanda gül ýaly hekaýa ýazyp bilerdim. Goşgy diýip ýapyşyp ýatypdyryn“ diýip pikir etdi. „Goşgy...
goşgy...“ diýip içinden gaýtalap ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Aýalynyň
açan, telewizorynyň sesine diňşirgendi. Kitap tekjesiniň öňüne bardy. Bir
kitaby hatardan çekip alyp, içindäki gizlengi duran suraty çykarmanka,
suratdaky on sekiz-ýigrimi ýaşlaryndaky owadan gyzyň ýylgyryp durşy göz
öňüne geldi. Aýalynyň gyzka, synalary abatka düşen suraty. Içinden „Häzir
gerek däl...“ diýip, ýaýdanyp, eline alan kitabyny gatynam açman yzyna
goýmakçy boldy. Emma hälki arabaň yzyndan ýapyşyp ýetişmänine ahmyr
edip oturan elleri aňyndan öňürtdi. Kitabyň gaty açyldy, içindäki suratam
akyp diýen ýaly eline geldi. „Şu suraty elime aljak bolup kitaplarymyň
ýanyna gelmedimmi näme?..“ Birmahalky oňa seredip goşgy ýazan
gezeklerindäki ýaly gözleri süzüldi. Oňa seredip otura-otura ýitiren
wagtyna gynanjagyny bilse-de, häzir onuň şeýdip wagtyny ýitirjegi çynydy.
Çünki munuň özbaşyna bir lezzeti bardy... Ony ilkinji gezek eline alan
gününi ýatlady. (Ýogsa bu ýatlama gör näçinji gezek ýatlanýandyr?!) Aýal
dogany getirip beripdi. „Owadanmy?“ diýipdi. Ol bolsa dili tutulan ýaly
jogabam berip bilmändi. Bir zatdan gorkýan ýalymydy, ýylgyrýarmydy,
ýygralýarmydy, aljyraýarmydy – sesi çykanokdy. Aýal dogany ýene:
„Owdan gerek?!“ diýdi. Ondan ýene jogap bolmady. Dogany o gyzdan
suraty alyp bilşini uly gahrymançylyk hasap edýärdi. Gyzyň suratyny
bermejek bolşuny, özüniňem her hili sözler bilen ugruny tapyp suraty
alşyny, hezil edip gürrüň berýärdi. Ol ýa gürrüňiniň deňlenýänine
deňlenmeýänine ähmiýedem bermeýärdi, ýa-da jigisiniň sessiz durşuna
özüni diňleýändir diýip düşünipdi. Jigisiniň welin gulaklary gapykdy. Dili lal
açypdy. Diňe gözi, gözem diňe suraty görýärdi. Seredip duran suraty surat
däl-de, lagl-jowahyrmy ýa başga bir planetadan gelen üýtgeşik bir jisimmi,
henize çenli görmedik bir zady ýalydy. Gözi, gaşy, çala ýylgyrmasyna
gerilen dodaklar... suratdaky islendik nokat täsindi... Soň ol ony näme
etjegini bilmedi. Stolunyň çekmesinde goýup gördi. Depderiniň arasyna
saldy. Kitabyň sahypalarynyň arasynda gizledi. Ýanynda göterdi. Maý
tapdygy oňa ýene, ýene, ýene seredesi geldi ýördi... Ýatlamasynyň şu
ýerine ýetende kellesiniň bir burçunda ertekisiniň dowamy oýandy.
Stolunyň başyna geçdi. Suraty bir gapdala goýdu-da kagyzlarynyň üstüne
egildi. Ýyllar geçdi, aýlar geçdi. Bäbekler ýigit çykdy, ýigitler gojalyp,
gojalar dünýeden ötdi. Haýyr bilen şer söweşdi, Şährişemistanda üstün
çykan şer boldy. Çyn bilen ýalan söweşdi, Şährişemistanda üstün çykan
ýalan boldy. Söýgi bilen aýraçylyk söweşdi, bu gezek söweş uzaga çekdi.
Çünki söýgi aýraçylykdan hem pida çekýärdi, hem güýç alýardy.
Horlandygyça güýjeýärdi. Aýraçylygam söýgüniň güýçlenişini görüp, beter
möwjeýärdi. Iki tarapam ýeňilerli däldi. Ahyrynda-da ikisem dişlerini
gyjaşyp aýryldylar. Söýgi gülleriň görküne, bilbilleriň owazyna, şahyrlaryň
setirlerine siňip gitdi. Aýraçylyk bolsa biwepalyga, betpällige, bihaýalyga,
ýalançylyga öwrüldi. Ine şeýle günleriň birinde-de, zemine, Allahyň emri
bilen, ähli zada jan beren, umytsyzlyklaryň gury köküne nem indirip,
ýaşaýyşa gaýtadan many getiren bahar pasly gelenmiş. Gök gümmeziniň
şasy - Güneş gülümsiräp Asman gözýetiminiň döşüne älemgoşar dakanmyş. Bir görmegeý ýigit bilen bir owadan gyz hem hersiniň elinde bir
nahal deň-duşlary bilen agaç ekmäge çykanmyş. Ýigidiň gyza ýakyn
durasy, elindäki nahalyny gyzyň nahalyna ýakyn ekesi gelýärmiş. Kalby
gyzyň çoguna ýanyp bişse-de, aňy-paýhasy: „Dur. Heý-de bu gözelligiň
perdesini syryp bolarmy? Uzalt yşkyň ömrüni“ diýýärmiş. Kalby döş
kapasasyna sygman ýene: „Ýakynla söýgüňe. Gözellik hiç bir perdäň
aňyrsynda galmasyn. Ara aýraçylygy salma“ diýýärmiş. Gözel gyzam, diňe
göz gytagyny aýlanda ýigitler içinde bir ýigide duşanyny aňsa-da yşk bilen
edaň arasynda perwana deý perwaz urýan ýüregini diňlemän, aňynyň „Dur“
diýmesine diňşirgenenmiş. Aňy oňa „Dur. Perhat Şirin diýip daglar
gazmadymy? Perhatlygy çyn bolsa on ädim aralygy dem salymda geçip
gaşyňa geler. Gelmese yşky ýalandyr. Ýanma ýalanyň oduna. Heý bu
pursatlara taý geljek pursat barmy? Goý, gelmesin, gelmesinem
gitmesinem. Ýok, yşkyň görki aýraçylykdadyr“ diýenmiş. Gyz güýmenen.
Emma ýigit aralykdaky „dem salymda geçmeli on ädimiň“ bir ädiminem
ädip bilmändir. Şol barmana-da käriz başynyň gögerçinleri ýaly gyzyň
joralary, ýigidiň deň-duşlary güsürdeşip geldiler. Söýgünem aňmadylar,
yşkam. Salymyny bermän ikisiniňem nahalyny ekişdiler, olary erkine
goýmanam sürülerine goşup alyp gitdiler. Ýigit gyzyň edadanam aşyp,
özüne gaýta-gaýta bakýanyny görmäge-de ýetişmedi. Ol soň, öýüne
barandan soň, geljeginden jyda düşenini syzyp yzyna geçmişde galan
pursada tarap ylganmyş. Demi-demine ýetmän, bag eken ýerlerine
gelenmiş. Arman, deňiňden geçensoň, sähelçejik, dem salymlyk pursada-
da dolanmak ýok. Ýigit bagda biri-birine intizar bakyp oturan
nahallaryndan başga hiç zat tapmanmyş. Oglan aýlanan-dolanan ýerlerine
bakanmyş. Gyzyň oturdan nahalynyň entek pyntygam ýarylmadyk ýaşajyk
golunyň birine daňylgy ýüpek elýaglyjaga gözi düşenmiş. „Bu onuňkydyr!
Gör-ä ýumşajykdygyny!Bu onuň eliniň ýumşaklygy! Munuň ysy ýaly ys
güllerde-de ýokdur, illerde-de. Bu maňa yşarat! Ýa, ýöne, eken nahalyna
bellik etdimikä, ýa ýakan ýüregine bellik etdimi? Oh-h! Indi bildim Kaýsyň
nädip Mejnun bolanyny! Mejnuna däli diýýän bolsaňyz siz Leýliňizi gören
dälsiňiz. Of-f...“ Ýigit dert çeke, dert çeke gidipdir. Gideni bilenem gyz
gelenmiş. „Gelipdir. Ýaglygymam alypdyr. Ýa gowşak daňaýdymmykam?
Ýa sergezdan ýel aldymyka? Ýa bir bigänemi ony çözdi? Ýok, bu şoldur!
Indi düşündim Şasenemiň derdine. Şa gyzyka bir garyba aşyk bolşuna!
Men şa gyzam däl, Senemem. Men diňe, men diňe... şu nahaly oturdan
gyz, bu nahaly oturdyp giden oglana-da aşyk. Boý alyň daragtlar, boý alyň!
Belki-de siziň saýaňyzda duşuşjak wagtymyz bardyr“. Gyz umytlaryna
gaplanyp giden. Ýigit gelen. Ýüregi bir zatlar syzyp, öýläne çenli garaşan.
Gyz gelmändir. Ýigit gidipdir. Gyz gelipdir. Agşama çenli garaşypdyr, ýigit
gelmändir. Gyzam giden. Soň gyzam gelmänmiş, ýigidem... Aýraçylyk
üstün çykanmyş söýgüden. Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr,
geçip gidip otyr... „Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr...“ Ol
galamyny duruzdy. Ýene-de suraty eline aldy. „Bir döwürler elimde şu
surat, şu suratdaky ýrymam ýanymda joşumdan aýdymdym, sazdym,
dünýäni daşyma aýlap tans edýärdim. Arman, tansyňam, islendik zat ýaly soňy gelýär eken. Suratyň welin, şol bir durşy... Hatda suratdakam indi
özüne meňzänok... Ine saňa ýene bir erteki!..“ Bu „erteki“ nähili geň
başlanypdy! Ýogsa ol söýüşip öýlenjekdi. Hatda biri bilen
söýüşäýsemmikäm diýibem ýördi. Birdenem bu surat ara düşdi. Ejesi
pahyr gudaçylykdan gelende: „Şeýle bir gyz, oglum, gyzylly halka elimize
ilendir“ diýip gelipdi. Kakasy pahyr welin, „Haý nä bileýin, her kimem gelin
edinmänkä şeýdiýýär“ diýip, ony inkise gidiripdi. Gelnejesem çala eşitdirip:
„Indiki geljegem bizden artyk bolasy ýok“ diýipdi. Goňşularam, garyndaş-u
ýatlar gözlerini güldürşip: „Nädäýerkäň!“ diýýäne meňzeýärdiler. Tas
baryny bulaşdyrypdylar... Ýöne surat bar zady ýerli-ýerinde goýýardy. Ähli
zat, işi-güýji, gazeti-goşgusy, bary ony ondan sowaşdyrasy gelip durdy.
Diňe suratyň öňküje ýylysydy. Şol ýylam ähli sowuklyklardan üstündi.
Gijäň bir wagty ýazyp bolan goşgusyny eline alyp, oýaly-ukuly ýatan
gelnine „Goşgy okap bereýinmi?“ diýende, ol „Henizem ýataňokmy?“ diýip
aňyrsyna bakardy. Olam goşgusyny çalaja pyşyrdap şu surata okap
bererdi. Bir gezek dagy içinden: „Özüm şahyr, şahyr gyza öýlensem
bolmaýarmy“ diýipdem. Soň bolsa „Şahyr gyzamy? Şahyr gyz eýýäm gyz
däl, şahyr. Şahyr bilen nädip ýaşaşjak. Ýene şu maňa çydap ýör. Ikiňden
biriň şu durmuşda ýaşamasaň nähili bolar?“ diýipdi. Häzirem bu pikirlerini
göwün aldamak hasap etdi. „Özüme özüm erteki otarypdyryn. Şu wagta
çenli näçe goşgy ýazdyň. Içinde özüne bagyşlap ýazanlaryňam bar. Heý
birjigini oňa okap berdiňmi? Ol heý birjigini saňa okap ber diýdimi? Onda
näme ol mydam stolumyň üstünde kagyz galamy taýýar edip goýýar.
Goşgy ýaz diýdigi dälmi şol? Stoluňy tertipleşdirip gidýärem welin, sen
hoşal bolup otyrsyň. Çünki bu-da bir erteki-dä. Menem, olam onuň bir
gahrymany.“ Ol stolunyň başyndan turdy. Aýalyndan nägile bolmak
duýgusy baryp onbäş ýyl mundan öň onda ölüpdi. Aýaly arabajygyna
münen gününden bäri. Şonuň üçinem häzirki pikirleri onuň göwnüne
ýakmady. Ol aýalynyň ýanyna ugrady. Aýaly telewizor görýänlerden bolup
otyrdy. - Sonam, tas goýup gaýdan çaýyňy döküpdim. Hernä tutup
ýetişäýdim. - Näme beýle? Ol aýalynyň arabasyny öňüne alyp jaýyň içinde
iki ýana sürmäge durdy. Bu onuň dynç almak endigidi. Aýalam muňa
beletdi hem mundan lezzet alardy. Ol söýgüsiniň sallançagynda üwrelýän
ýaly meýmirärdi. Gaharly bolsa gahary ýatardy, öýkeli bolsa öýkesi zym-
zyýat bolardy. Adatça ol geplemezdi, diňe adamsy göwnündäkini aýdardy.
Köplenç-ä olam geplemezdi. Bu gezek näme üçindir Sonaň gepläsi,
ýüregini açasy geldi. - Garrapsyň diýenime gaharyň geldimi? - Aý, garrasaň
garrapsyň diýerler-dä. - Näme üçin diýenimem bilmändirin. Birden...
dilimden sypaýdy... Bolmanda çagajygymyz bolanam bolsa boljakdy. -
Çagamy? Bu gürrüňi gozgamaly diýmänmidik näme? - Hemme zady diýip
düzetjek bolaýýas. Diýemizde näme? Sen meni söýýänem diýýäň, diýeňde
näme? Nämämi söýýäň? Görgümimi? Ol aýalynyň arabasyny tigirlemesini
goýmaýardy. Onuň „ýaryljagyny“ öňünden syzypdy. Syzyp, ody özüne
almak üçin gelipdi. „Ýogsa Sonamy maňa garrapsyň diýjek? Arman
ertekim... - Sona, men erteki ýazyp otyryn. - Ertekimi? Goý ertekiňi. Şu
wagta çenli erteki bolup ýaşadyk besdir. - Sona saňa näme bolýar? Ýa men... - Ýene özünden günä gözelýär-dä! Mende günä, mende. Men
maýyp! Goý tigirlemäňi şu artyby – diýip, Sona arabasynyň tigrine
ýumrugyny urdy. Hynçgyryp aglamaga durdy. Ol arabany saklady. - Bolýar,
men aýdym ýazaýyn. Häzir bir kompozitor bilen gepleşeýin, ýöne sen
aglama. - Aýdym ýazanyň bilen düzelýämi onsoň? - Dagy näme edeýin? -
Meni günüme goý. Bar ertekiňi ýaz-da, meni aglamaga goý. Sen şonda,
bada aýrylyşmalydyň. Gelnejeň gitsin diýdi, doganyň gitsin diýdi. Ejeňem
gelnim jan diýse-de gidenimi kem görmedi. Sen näme üçin... näme üçin
olaň diýenini etmediň? Ol bu sözleri aýdyp duranyň Sonadygyna
ynanmaýan ýaly arabaň öňüne geçdi. Aýaly ýarym-ýaş aglaýardy. Al saňa
gerek bolsa erteki! Haçandan bäri ol gülüp gezip ýördi ahyryn!
„Dogrudanam garrap ýörmükäm. Bir maýyp aýalymyň göwnüni tapyp
bilemok? Gidip gülmi, şokoladmy, birzatlar alyp gelsem näderkä? Häzir
ýeke goýup bolmaz. Köşeşsin.“ Ol ýuwaşlyjak bilen ýene arabany
iteklemäge başlady. Aýaly garşylyk görkezmedi. Käwagt bir hynçgyryp
ýatyrdy. Sona doly köşeşen bolarly. Ol yzyna gaňyrlyp: - Şahyr bolanyň
üçin... şahyr adyňy depelemejek bolup aýrylmadyňmy? - Şahyrlygyň muňa
näme dahyly bar? - Gaýta şahyrlar gyz-gelinçil bolmaýamy näme? Hä? Heý
seni söýen bolmadymy? Seni özümjik bezäp... - Sona, ýüregiňi
çişirmesene. - Ýüregim çişe-çişe gursagyma sygman ýarylsa bolmaýarmy!
Sona ýene aglamaga durdy. Ol arabany saklap aýalynyň ýumşajyk elinden
tutdy. Onda göz ýaşyň çala çygy bardy. - Sona, gel täzeden çaý içeli. Men
gidip şokolad getireýin, hä? - Gitme, şokolad bar. Sona arabsyny özi tigirläp
aşhana gitdi. Ol iş otagyna dolansa-da, ertekiň ruhundan çykypdy.
Stolunyň başyna geçman garşydaky diwana çökdi. Biraz wagtdan gapy
itildi. Sona bir käsesem içilmedik çaýy gaýtadan demlemek üçin çäýnegi
äkitdi. Hereketlerinden bir zatlar aňmaga çalşyp adamsy ony iki gözi bilen
garşylap, iki gözi bilenem ugratdy. Emma hiç zat aňyp bilmedi. Bir görseň
ol aglamadyk ýalydy, bir görseňem sähel bahana bolsa içi-içine sygmajaga
meňzeýärdi. Birden aýagyndaky gijisi ýadyna düşdi. Sona yzyna geldi.
Ýöne ol öňki Sona däldi. Ol aýagy ädilýän bolanda şokolady ylgap alyp
geljege meňzeýärdi. Şokoladam, çaýam geldi. Ol ardynjyrap, uly märekäň
öňünde goşgy okandaky ýaly tolgunyp ertekisini okamaga başlady. Sona
ony üns berip diňleýärdi. Arasynda çaýyňy sowatma diýjek bolup
gobsunyp, adamsynyň sözünem bölüp bilmän, öz käsesinem elläp bilmän
otyrdy. Ol okamasyny bölüp: - Gyzyklymy, diňledýämi? – diýip sorady.
Sona: - Gyzykly, arasynda çaýyňam içäý – diýdi. Ol ýylgyryp käsesinden bir
owurt owurtlady-da, okamasyny dowam etdirdi. Ertekisiniň soňuna ýetdi.
Aýraçylyk üstün çykanmyş söýgüden. Günler bolsa kerwen gurap geçip
gidip otyr, geçip gidip otyr... Ýüzüni galdyryp Sona seretdi. Ol ertekisiniň
eden täsirini görjek bolýardy. Sona göwünsiz özüniňem, onuňam käsesine
çaý guýdy. - Nähili? - Men näbileýin. Agajy Şäher... näme diýdiň şoňa? -
Şährişemistan. - Hawa, şo taýda ekýälermi? - Dagy nirede eksinler? - Oglan
kim? Senmi? - Kim bolanda näme? Sen ertekiň manysyny aldyňmy? - Waý,
bu oglany, ertekidir-dä. Aýaly arabajygyny tigirläp gidensoň, ol ýazanlaryna
seredip lapykeç oturdy. „Düşünmese-de, köşeşdi, şoňa şükür. Men muny dowam etdirmeli. Ertekiň yzy bolmaly. Şu durşuna dogrudanam bu hiç zat.
„Günler kerwen gurap“ diýeniň bilen jemleme bolmaýar. Wah, durmuşyň
özüni ýazyp bolýan bolsady...“ Ol ýene-de suraty eline aldy. Ol pyşyrdan
ýaly boldy. Öňem bu surat bilen pyşyrdaşyp gürleşen gezekleri kän
bolardy. Emma gözlerine ynanmady. Suratdaky häzirki Sonady. „Gitjek ýeri
nire diýsene, ol şeýle-de Sona ahyryn! Mundan öň näme üçin beýle
däldikä?“ Ol suratda häzirki Sonany has aç-açan gördi. Sonaň aglap diňen
gözleriniň gabaklary edil suratdaky gabaklar. Ýaňaklary häzir kiçelipdir,
gözlerem munda şadyýan. Oňa derek gaşlary, göreçleri, seredişi... Ol elini
suratyň ýüzünden emaý bilen ýöretdi. Ony Sonaň özüne görkezmek üçin,
özem bilmän gadymkyja aýdymyna hiňlenjiräp beýleki otaga ugrady.
„Sona gelin, Sona gelin bir bäriňe baksana, Aýlanaýyn...“ - Hih, bu nireden
çykdy? Men ony ýitirdim diýip ýördüm. - Görýäňä ýitmän eken. Bu bilýäňmi
näme? Bu maňa seniň sendigiňi görkezýän dokument, şahadatnama. Bu...
bu gepleşibem bilýär. - Goýsana ertekiňi. - Erteki däl, çynym. Ýaňy sen
gideňsoň ol maňa ertekiň yzyny ýaz diýdi... Gülüşdiler. Agşamlyk nahar
edindiler. Ol bu suraty äkidip hudožnik dostuna uly portret etdirjek diýdi.
Sona ilki razy bolmady. Soň ylalaşdylar. Ertekiň welin dowamy ýazylmady.
Ýatar wagt boldy. Ol Sonany bäbek götern ýaly gujagyna alyp arabasyndan
düşürdi, düşegine geçirip ýatyrdy. Sona oňa gysmyljyrady. Olam ony
bagryna basdy. - Bilýäňmi men saňa häli garrapsyň diýdim? - Näme üçin?
Ýöne aglaýmagyn. - Aglaman, indi hejem aglaman. Näme üçin aglaýyn?
Menden bagtly kim bar? Ol Sonasyny ýene berk gujaklady. - Eliňi bersene.
Sona adamsynyň elinden tutmagy gowy görerdi. - Saňa garrapsyň
diýemde... Indi sen hiç kim bilen söýüşmersiň, garrapsyň diýdim. Ýogsa
men seni günde işe ugradamda eşikleriňi ütükläp-ütükläp ugradardym.
Gowy gyzlardan, gelinlerden söz açdyrjak bolardym. Şahyr gelin bolmasyn,
goý özüm ýaly okuwsyz biri bolaýsyn, on iki synasy ýerinde öz söýeniňe
duşmazmykaň diýip garaşdym. Duşan bolsadyň, men seni oglumy öýeren
ýaly öz elim bilen öýerjekdim. Seň birini tapynjakdygyňa şeýle
ynanýardym. Sen bolsa... sen bolsa arabama ýapyşdyň ýördüň... Ol Sonaň
gözünden, gabaklaryndan ogşaşdyrdy. - Sonam maňa bu dünýede senden
başga hiç kim gerek däl. - Ýöne... ýöne - Ýönesi ýok. - Ýönesi ýok, bilýän.
Ýöne men saňa elimi uzadýan, elimi uzadýan ýetip bilemok. Senem
maňa... - Düýşüňdemi? Sona jogap bermedi. „Wah, düýşüm bolsady,
aýtmazdymam“ diýjek boldy-da, dilini dişledi. Olam sesini çykarmady.
Sessiz ýatyşyna içinden: - Sonam meni diňle. Bu erteki däl. Bilýäňmi...
mende bir üýtgeşik söýgi bar. Mende diýýänim... ol meni gurşap dur. Şeýle
bir gurşaýar, ynanmarsyň. Kä gün öýden çykýan welin OL edil seni
gujagyma alyp düşegiňe geçirşim ýaly meni gujagyna alýar. Ýumşajyk,
göze-de görünmeýän şemaly bilen meni gujaklaýar. Özüne gysýar, meniň
welin ýüregim giňeýär. Gysdygyça giňeýän. Şemaly bilen saçlarymy darap,
ýüzümden ogşaýar. Çyn söýgüde şeýle bolýan bolaýmasyn? Hä Sona?
Maňa seni söýdürýänem şol söýgi, şol söýgi meni senden aýyranok. Men
Ony söýenim üçin senden aýrylamok. Ýüregimde şol söýgi bolmasady... –
diýip ýatyşyna, daşyndan aýtsa bularda hiç many galmajak ýaly boldy durdy. Sona oňa geplemäge maý bemedi. Ýaňagyndan ogşady. Soň olar
ýatdylar. Ertesi irden Sona oýansa, ýanynda adamsy ýokdy. Ol ertekisiniň
dowamyny ýazyp otyrdy. Günlerde bir gün, togsan dolup ýere ýyly girende,
ähli agaçlar bilen birlikde ilki ýigdiň, soň gyzyň eken nahalynyň endamyna
suw ýaýrady. Şahalarda düzüm-düzüm goýulan nokatlara meňzeş
pyntyjyklar daglarda dömüp çykýan wulkanlaryň ýarylyşy ýaly ýarylmaga
başladylar. Bu täsin ýarylyş köpleriň gözüne-de ilmedi. Bir-iki hepde
geçenden soň nokatlaryň ýerinde oturan ýapraklary görüp „Bu ýapraklar
kindiwanja pyntyklaryň içine nädip sygdyka? Baharyň gelişi duranja ertekiň
bar-da!“ diýip geň galdylar. Bu geň dünýede, görüň-ä, her kim bir zada geň
galýar. Her kime bir zat erteki ýaly görünýär. Gün nurundan gözleri açylan
ýaşajyk nahallaryň bolsa gözleriniň ilki göreni biri-biri boldy. Ýaşajyk
şahalara şelpe bolup düzülen terje ýapraklar sähel şemala tolkunyp-
tolgunyp bir-birlerine söz gatdylar. Nahallaryň kalbynda yşk hesreti
oýandy. Yşka düşen aşyk nahallar gün-günden gözelleşýärdiler. Olaryň
boý alşyna gije ýyldyzlaryň gözi gidýärdi, gündiz Güneşiň. Gündiz guşlar
bu aşyklaryň söýgi sözlerini gatnatsa, gije mymyjak şemal arada gezdi.
Deňizleri öpüp gelen şemalyň getirýän habarlaryna begenip terje ýapraklar
şahalarynda tansa başlardylar. Ýapraklaryň täsin hereketlerinden joşa
gelen şahalar ygşyldap owsun atmaga durardylar. Bu tansa goşulmak üçin
Güneşden ýere çenli ençeme müň ýyllyk ýoly geçip şöhleler gelerdiler.
Asmanda ak bulutlar ak lybasly periler kimin gol tutuşyp döwre gurardylar.
Suratkeşler nahallaryň bu täsin tansynyň suratyny çekerdiler, tansçylar
tansyň üýtgeşik owadan hereketlerini olardan öwrenerdiler. Dünýe söýdi
olaryň söýgüsini. Biri-birlerine dyrnagyň üsti ýalam süýşüp bilmän bir
duran ýerlerinde tans edýän bu iki agajyň bolsa bar gaýgysy biri-biriniň
derdini ýeňletmek, gussasyny egisdirmek, göwnüni açmak bolupdyr. - Diňe
ikimizmi näme? Ýyldyz ýyldyza, deňiz deňize, gije gündizlere, daglar
düzlere... Älem Zemine biz ýaly aşyk. Diňe ikimiz bolamyzda-da men seniň
zaryňdyryn. - Menem saňa zar. - Bir gün garrasam pyntyklarym ýarylmaz,
güllerim açylmaz, köklerim gurap damarlarymdan suwlar akmaz. Men
şonda saňa tarap ýykylaryn. - Menem saňa tarap. Aşyklar biri-birine
gowuşmak islediler. Ýele-şemala ýalbardylar. - Sen bizi gatyrak egsene.
Birimiziň şahamyz beýlekimize ýetmezmikä?Gatyrak egsene, gatyrak. -
Mundan artyk egsem döwülersiňiz. - Goý, döwülsek döwüleli, muňa
aşyklyk diýerler. - Döwülseňiz sizi goparyp ýakarlar. -Goý, ýaksynlar, muňa
yşk ody diýerler. Ýalynymyz ýalynymyza garyşar, tüssämiz tüssämize.
Külümiz külümize garyşar, gussamyz gussamyza. Ýene azajyk gatyrak ös.
Bolmasa döw bizi. Ýalbarýas ýel jan azajyk gatyrak ösäý-dä... Ýel ýuwaş-
ýuwaşdan güjäp ugrady. Ýaş daragtlar egildi, döwülere geldi. Emma ol
nahalyň şahasy bu nahala ýetmedi. «Ýene azajyk gatyrak ös“ diýip,
nahallar ýele ýalbarmalaryny goýmaýardylar. Hernä ýel badyny gowşatdy.
Ýelden soň ýagyş geldi. Ýaşajyk ýapraklaryň ýüzünden damjalar syrygyp
ýere damdylar. Soň gara bulutlary paralap Gün çykdy. Älemgoşar dakdy
gögüň boýnuna. Soň... soň... ýumşajyk garlaram ýagdy, aýazly gijelerem
geldi. Şeýde-şeýde nahallar ösdüler, bedenleri berkäp, berdaşly agaç bolup ýetişdiler. Bir günem, ertekiň däl, dünýäň gurluşy şeýle, aşyk agaçlaryň
ösüp oturan ýerinden ýol düşdi. Olary goparmaly etdiler. Negözel agaçlara
palta saldylar, byçgy urdular. Her palta degende agaçlaryň ýaşyl
ýapraklary tisginip-tisginip gitdi. Byçgylar iňleýärmi ýa-da şahalar zaryn-
zaryn ses edýärmi aňşyrar ýaly bolmady. - Diňe ikimizmi näme? Ýyldyz
ýyldyza, deňiz deňize, gije gündizlere, daglar düzlere... Älem Zemine biz
ýaly aşyk. Diňe ikimiz bolamyzda-da men seniň zaryňdyryn. - Menem saňa
zar. - Bir gün garrasam pyntyklarym ýarylmaz, güllerim açylmaz, köklerim
gurap damarlarymdan suwlar akmaz. Men şonda saňa tarap ýykylaryn. -
Menem saňa tarap... Ol „Agaçlaryň biri-birine tarap ýykylanyny hiç kimem
aňmady“ diýip ýazdy-da, ertekisiniň soňky nokadyny goýdum etdi. Diwana
geçip gyşardy. Goparlan iki agajyň şahalarynyň biri-biriniň iç-içinden geçip
ýatyşy göz öňüne geldi. Ýazanlaryndan hoşal gözüni ýumdy. Şobada-da
uka gitdi. Üsti açyk ýatanyny grüp Sona emaý bilen adamsynyň üstüni
örtdi. „Wah, men oňa näme üçin aýraçylyk söýgüden üstün çykdy
diýjekdim. Hany nädip gutardyka, ýa ýene gutarman goýdumyka?” diýip ol
ertekini galan ýerinden okap çykdy. Her abzasy okandamy ýa-da ertekiň
has göwnüne ýaran ýerlerindemi ol başyny galdyryp adamsyna seredýärdi.
Adamsy süýji ukuda ýatyrdy. Ertekini okap çykdy. Gözüne ýaş aýlandy.
Sona kagyzlary emaý bilen toplap, sahypama sahypa goýdy. Ol uzak
ýatdy. Belki henizem ýatardy, aýagynyň gijisine oýandy. Ukudaka-da bir-iki
sapar gaşan bolmaly. Aýagynyň hamy soýulyp çalaja ganjyrajak bolupdyr.
„Sonaň gördügi ýüregi ýarylar“. Sonaň welin keýpi kökdi. Ol begene-begene
ertekini okanyny, gowy görenini aýtdy. Ýöne ady bolmandyr diýdi. - „Men
söýermen göwnüm üçin“ Ertekiň ady däl-ä. Hekaýa bolsa bolardy. Ol
ylalaşdy. Bir ýerden derman tapyp, Sona aňdyrman gijileýän düwrtügi
töweregi bilen daglady. Soň ertekä at gözlediler. Näme diýseler
göwünlerine jaý bolmady. Sagat eýýäm on bolupdyr. Erteki ýazanyny
aýtmak üçin ýazyjy dostuna jaň etdi. „Ertekimi, hekaýamy, onam bilemok.
Erbet bolmadymyka-ra diýýän. Gel diýseň baraýan. Kofe-de içäýeris.
Bardym“. Sona ony bu gezek hasam geýindirip ugratdy. Başam barmagyny
görkezip: „Sen gelýänçäň men ony ýumup saklaryn“ diýdi. „Biderek zatlary
yrym edinme. Men derrew gelerin“ diýip, ol ýylgyryp çykyp gitdi.

Internet Sahypalaryndan

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir