Iň agyr almanyň agramy 1 kilogram 849 gram (1.849 kg). Ony ýaponiýaly Hisato Iwasaki öz melleginde ösdürip ýetişdirýär.
2. Bambuk 24 sagadyň dowamynda 3 metre çenli ösüp bilýär.
3. Limonyň düzüminde klubnika görä has köp şeker bar.
4. «Gülki gülleri» diýlip atlandyrylýan güller bar. Ol gülleriň ýanynda hiç hili sebäpsiz ýarym sagatlap gülmek bolýar.
5. Ruýa raimondi ösümligi Günorta Amerikada ösýär. Bu ösümligiň geň tarapy ol ömründe ýekeje gezek, haçan-da 150 ýaşa ýetende gülleýär. Ol gülläninden soňra guraýar.
6. Agaçlar, esasan, howadan iýmitlenip, iýmitiň diňe 10%-ni ýerden alýar.
7. Käbir güller iýmit hökmünde hem ulanylýar. Mysal üçin, olardan dürli salatlary taýýarlap bolýar. Esasy zat gülüň ajysy çykýança suwa salyp goýmaly.
8. Hindistanda adaty däl Kalir-kanda atly ösümlik ösýär. Oňa halk arasynda «Aşgazany aldaýan ösümlik» diýilýär. Sebäbi onuň ýapraklaryndan iýen adamlar bi hepdä golaý açlygy duýmaýar. Bu ajaýyp ösümlik artykmaç agramdan saplanmak isleýänler üçin hem peýdalydyr.

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir