Alymlar koronawirus özgerip, has ýokuşagan boldy diýip hasaplaýarlar
Ýakynda Floridanyň Skripps ylmy-barlag institutynyň alymlary üýtgeşik bir çaklama bilen paýlaşdylar. Barlagçylaryň pikiriçe, koronawirus mutasiýa geçirýär we öňküsine garanda has ýokuşagan bolýar. Bu barada om1.ru habar berýär.
Koronawirusyň mutasiýa geçiren formasyna barlagçylar D614G adyny dakdylar. Degişli netijeler wirusyň organizmiň öýjügine aňsatlyk bilen girýändigini görkezen barlaglaryň esasynda alyndy. Alymlaryň pikiriçe, mutasiýa koronawirusyň ABŞ-da we Latyn Amerikanyň ýurtlarynda giňden ýaýramagynyň sebäbi boldy. Üns bersek, ABŞ-da soňky bir gije-gündiziň içinde koronawirus bilen kesellemegiň 25 müň töweregi täze ýagdaýy hasaba alyndy.
“Mutasiýa ýiti uçly beloga – wirusyň öýjüge girmek üçin ulanýan gurluşyna täsir edýär” – diýip, alymlar belleýär.
Häzir alymlar barlagyň netijelerine garaşýarlar. Eger-de olar tassyklanylsa, onda bu kimdir biriniň wirusyň mutasiýa geçirýändigini görkezen ilkinji ýagdaýy bolar.
Täsin ýeri, Italiýada düýbünden başga pikir saklanylýar. Ol ýerde alymlar koronawirus işjeňligini ýitirýär diýip hasaplaýarlar. BSGG-de bu pikiriň ikisini hem ýalana çykarýarlar, muny COVID-19-yň mutasiýa geçirip bilmeýändigi bilen düşündirýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir