1983nji yylda burnumyn ichinden et orup, dem almak kynlashanson, Botkin adyndaky keselhana girmeli boldum. Men keselhanadakam edaramyza gelen Resul Gamzatow:
- Atajan gornenok welin, komandirowka dagy gitdimi? - diyip gyzyklanypdyr.
Menin degishgen kardeshim professor Shawkat Hyyazy:
- Ola-a keselhanada - diyip jogap beripdir.
- Name bolyar?
- Atajan uly burundanam irdim diyip, burnuny operasiya etdirdi, erte-birigun ishe chykanda, ozunem gorersin. Biz sorap gaytdyk. Indi onun edil yaponlanky yaly, chala bildiryan nepisje burny bar.
Bu habardan son Resul Gamzatow ozunin mahnet burnuny sypalapdyr-da:
- Hudaya shukur! - diyipdir. - Ozal gin dunyade iki sany beyik burunly bardy welin, indi tak ozum bolyan.

Atajan Tagan

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir