Kompýuterler arasyna maglumatlar ugradylanda baglanyşygyň liniýasyna, kompýuteriň görnüşine we programma üpjünçiliklerine bagly bolmazlyk üçin, ýörite maglumatlary alyş-çalyş etmegiň protokoly işlenilip düzülen.
Protokol – bu iki ýa-da birnäçe ulgamlaryň arasynda maglumat çalşygy amala aşyrylanda maglumatlaryň görnüşini anyklaýan, ýalňyşlary we düzgünleri gaýtadan işläp taýýarlaýan kada-kanunlaryň toplumydyr. Olar berlenleri maglumatlary bloklara bölmek, gezekli gezegine salgylara ugratmak düzgüninde işleýärler.
Internetde protokollaryň iki görnüşi ulanylýar.

Ulgamara protokol (Internet Protokol - IP). Ol berlenleri aýry-aýry paketlere bölýär we olary maglumaty kabul etmegiň salgysy görkezilýän ýerde at bilen üpjün edýär.
Bu paketiň dogry salgy boýunça barşyna iberilenleri dolandyr￾ýan protokol (Transmission Control Protokol – TCP) jogap berýär.
Iki protokola bilelikdäki (TCP/IP) protokollar diýilýär. Bu pro￾tokollar bolmasa global ulgamlardaky kompýuterler bilen maglumat￾lary alyş-çalyş edip bolmaýar.

TCP/IP – bu kommunikasiýa protokollarynyň köplügi bolup, dürli görnüşli kompýuterleriň öz aralarynda nädip “gürleşip”, “bagla￾nyşyp” bilýändigini kesgitleýär.
Internete çatylan her bir kompýuteriň sanlaryň ikilik hasaplaýyş ulgamynda öz hususy 32-bitlik IP salgylanmasy bardyr.
IP salgylanmalaryň umumy mukdary N = 232 formula boýunça kesitlenilýär:
N = 232 = 4 294 967 296.
IP salgylanmalary paýlamakda maksimal çeýeligi üpjün etmek üçin tordaky kompýuterleriň sanyna laýyklykda salgylar üç – A, B, C
toparlara bölünýär.
Salgynyň 1-nji bitleri topary kesgitlemäge berilýär, beýlekileri bolsa, toruň we kompýuter salgysyna berilýär.

Onluk hasaplaýyş ulgamynda IP salgylanma aralarynda nokat belgisi goýlan 0-dan 255-e çenli aralykdaky dört sany sanlaryň toplumyndan durýar. Meselem, 198.31.23.12.
IP salgylanmanyň haýsy topara degişlidigini birinji sandan bilip bolýar:
A topar – 0-dan 127-ä çenli aralykda;
B topar – 128-den 191-e çenli aralykda;
C topar – 192-den 223-e çenli aralykda

Tehnologiýa, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir