Türkiýe koronawirus sebäpli syýahatçylar üçin gapylaryny ýapmak islemeýär
Türkiýe 2020-nji ýylyň tomus möwsüminden başlap, “Sagdyn syýahatçylygyň şahadatnamasy” meýilnamasyny işe girizmek bilen, daşary ýurtlar üçin öz serhetlerini açmak isleýär. Bu barada RiaNowostiniň alan ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň beýannamasyna aýdylýar.
Öň, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi ulagly gatnaw, ýaşaýyş, syýahatçylyk gurşawyndaky edaralaryň işgärleriniň we ýurduň myhmanlarynyň saglyk ýagdaýy boýunça howpsuzlyk çäreleriniň uly toplumyny öz içine alýan sagdyn syýahatçylygy şahadatnamalaşdyrma boýunça meýilnamanyň işe girizilýändigi barada habar berdi. Şahadatnamanyň meýilnamasy dört bölümden ybarat: “Ýolagçylaryň saglygy we howpsuzlygy”, “Işgärleriň saglygy we howpsuzlygy”, “Obýektlerde howpuzlyk çäreleri”, “Ýol-ulag gurşawynda howpsuzlyk çäreleri”. Myhmanhanalary şahadatnamalaşdyrmak işine 2020-nji ýylyň maýynda başlamak meýilleşdirilýär.
“Şu şahadatnamalaşdyryş meýilnamasynyň işe girizilmegi Türkiýäniň syýahatçylyk gurşawynyň işini kadalaşdyrmakda öňdebaryjy roly oýnamalydygyny aňladýar. Häzirki wagtda tutuş dünýäde öň görülmedik netijelere getiren hemmetaraplaýyn karantin çäreleri ýuwaş-ýuwaşdan gowşadylýar we hut şu syýahatçylyk gurşawy hem jemgyýeti kadaly durmuşa getirmek nukdaýnazaryndan möhüm roly ýerine ýetirýär. Myhmansöýerlik biziň medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolmak bilen bizi “sagdyn syýahatçylyk” formatyna birinji nobatda taýýar bolmaga borçly edýär” – diýip, ministr belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, şahadatnamalaşdyryş meýilnamasy Türkiýä gelýän syýahatçylaryň öz dynç alyşlaryny howpsuz we gigiýeniki ýagdaýda geçirjekdiklerine we bu ýere gelen wagtlarynda özlerini rahat duýjakdyklaryna kepil geçmeli.
Şahadatnamany alan obýektleriň sanawy 1-nji iýunda neşir ediler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir