Iki sany gaharly adam pukara birini köçede südenekledip, kazynyň ýanyna eltýärler. Köçedäki beýleki ynsanlar bilen bilelikde dört ýaşly çagajyk hem waka bilen gyzyklanyp, olaryň ýanyna barýar. Dawagärleriň biri gyssanmaç düşündirmäge başlaýar:

— Hormatly kazy, biz üç dostduk. Üçimiz bilelikde işledik we ep-esli gazanç etdik. Dogrusyny dogry aýtmaly bolsa, biri-birimize ynamymyz ýokdy. Şonuň üçin pulumyzy hemmämiziň ynamdar adamymyza saklamak üçin bermegi müwessa bilip, şunuň ýanyna bardyk. Ähli gazanjymyzy saklamak üçin berip: «Üç bolup bilelikde gelmesek, hiç birimize ýeke köpügem berme» diýip, öwran-öwran nygtadyk. Ýöne bu bize hyýanat etdi. Kazy pukara görgülä seredip:

— Aýdylanlar dogrumy?

 — diýýär. Ol:

— Dogry, ýöne egsik.

 — O nähili?

— Hawa, bular geçen agşam bir küýze tylla getirdiler. «Üç bolup gelmesek, hiç birimize berme» diýibem tabşyrdylar. Ýöne heniz elli ädim hem gitmänkäler, biri gelip altynlary sorady. Men ara uzak bolansoň gygyryp, «Bereýinmi?» diýip, bularyň ikisinden soradym. Bularam «Beräý» diýip, başlaryny atdylar. Kazy dawagärlere ýüzlenip:

— Muňa näme diýýäňiz?

— diýip soraýar. Olar:

— Pullary goýup gidenimizde häzir ýanymyzda ýok bolan tanşymyz: «Ähli pulumyzy goýmasyna goýduk welin, bu gün agşam näme iýip-içeliň» diýdi. Bizem onuň agşamlyk üçin biraz pul almagyna razylyk bildirdik. Onuň hemme puly alyp, gaçyp gitjekdigini nireden bileli?! Kazy:

— Bar mesele aýdyňlaşdy. Üçünji dostuňyz ähli puly alyp, gaçdy diýseňizläň? Dawagärler:

— Dogry, ýöne biz bu tentege üç bolup gelmesek, hiç zat berme diýip ýörite tabşyrdyk. Bulam razy boldy. Bar zada şu günäkär. Kellesini işletmeli eken. Indem öz sadalygynyň jezasyny çeksin. Biziň hakymyzy gaýtaryp bersin. Gerek bolsa, öz jübüsinden çykarsyn! «Tölesin» diýmek dilde aňsat, garyp bende onça altyny niresinden çykarsyn? Öz gowşaklygyna bogazy dolup, zordan duran bende ýuwaşjadan:

— Men ýazykly, kazym. Jezamada razy — diýýär. Kazy bu ýagdaýdan çykalga agtaryp, sakgalyny sypalap oturşyna ençe wagtlap pikirlenýär. Birdenem mähelläniň arasyndan hälki dört ýaşlyja çaga çykyp:

— Gynanmaň, agam — diýip, pukara görgülä teselli berýär.

— Men gynanman, kim gynansyn. Düşen ýagdaýyma bir sered-ä.

 — Sen meni diňle. Diýeli altynlar sende. Ony almak üçin bularyň üçüsiniň bilelikde gelmekleri hökman dälmidi? Üçünji dostlaryny getirsinler-de, alsynlar pullaryny.

Nähili üýtgeşik zehin, şeýle dälmi?! Bu çaga ulalansoň, Ymam Şapygy ady bilen meşhur bolýar.

Çeşme: Türkmen dünýäsi gazetiniň 09.012020-nji ýylda çykan sany

Edebiýat, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir