Emir Rasen ''Türkmenim'' repiniñ teksti

Satmady dosty sada,
Il topary dogada,
Palta dostdy çynara,
Arka doly jynaza.

Barga gezerdi gaýa,
Ok çeñelse-de gaýa,
Garyp gezerdi baýam,
Bala çekerdi daýa.

Türkmen ogly geldi ara,
Bol sowulda çek kenara,
Goç ýigitler zar yşara,
Poh syçardy patyşalar.

Diñle bagyr bir dag ýaly,
Birje gabyr bil armany,
Gökde gezendir handany,
Jeñde berendir bar jany.

Gahrymanu är we han,
Her juwany pälwan,
Gaplañ alar näguman,
Ejize bil päsuwan.

Watana bakan türkmenim,
Galaba bakan türkmenim,
Orsa bakan, atany atan,
Ärdoganly türkmenim.

Magtymguly pyragyly,
Eli galamly türkmenim.
Saparmyrat ady diri,
Aşgabatly türkmenim.

Oraz han we Hemze bar,
Anna geldi, Bilge han,
Kürşat, Alp Arslan,
Oguz hanly türkmenim.

Tañry dagda derede gezen,
Bagry jany berene beren,
Yftyharly kepene beren,
Ölse ady ýene-de gelen.

Türkmen ogly, aldy ýere, jany ele,
Öldi dökdi gany ýere,
Zöhre bagdy han geze,
Ýaşy dökdi taý geze.

Teýmur hentde şaý geze,
Jennetde jaý geze,
Garyp ölse göwnümizde baý bize,
Öñüne gelene, gelene gülene.
Jeñine gelene, diline gülene,
Geline degeniñ, elini döwen
Watana diline paý geze...

Geçip gide bilmedi däbim menden,
Geçip gide bilmerin däbimden men,
Şeke-peke düşmen,
Köp bize duşman,
Depä gidip geçsem däbimden men.
Türkmen geýmeli, gezmeli,
Diýmeli, gitmeli, gelmeli.
Bir söze bitmeli kesekiler ýitmeli.
El tuta ýetmeli, bergili ýitmeli.
Her dili bilmeli, bir dile ölmeli,
Dil bile kesmeli, il bile ösmeli,
Ene dili bilmeli, ýedi yzy bilmeli,
Ene dili bilýän, ýedi yzy bilýän däli topar.

El bereniñ urdy manyñ,
Gerden egen boldy galyñ,
Iýdi baly, gyrdy aryñ,
Ol yzy Çin, biz Mary.

Bildim bolmaz orsdan dost,
Hilesi bolmasa diýmeýär dost,
Çüýrä bolmaz terden dost,
Ýar bolmaz bildim syrdaşdan,
Soñra hatardyr terkeşden,
Ýaz ozaldyr bildim gyşdan,
Gep götermedim her kişiden,

Birje gadyr ol ýaradan,
Müberradyr her garadan,
Dagy-da garga halk eden,
Balyga jan bere gark eden,

Han bolmak mala däl,
Arslan arslan ýaly däl,
Güýçli agzy ala däl,
Türke daýza, hala däl,

Har bolma solan güle,
Ýar bolar ýolan ele,
Tar bolup bakan ýeriñ
Dar bolar baran ýeriñ,
Ýazar goýar, eser Emin,
Ölsemde gezer repim.
Eşiden gerek däl gepime,
Diñlän gerek her gepime.

Emin Rasen

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir