Türkmenistanda Koronawirusy görülen däldir

Türkmenistanda Koronawirusy görülen däldir
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministrligi şu mahala çenli bu ýurtda Koronawirusynyň görülmändigini habar berdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministrligi bu ýurtda Koronawirusynyň görülmändigini habar bermek bilen Türkmenistan döwletiniň Koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurda bütin dünýä saglygy goraýyş guramanyň berýän tabşyryklaryna amal edýänligini habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň saglygy goraýyş komissiýasynyň başlygy P.Agamyradow we saglygy goraýyş ministri N.Amannepesowyň duşuşygynda Koronawirusy(ýiti öýken sowuklama keseli) barada gürrüň edip bu wirusyň Türkmenistana ornamagynyň öňüni almakda jogapkärleriň berk çäre görmeklerini nygtady.

Türkmenistan döwleti Koronawirusynyň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almakda daşary ýurtlylaryň bu ýurda gelmeklerine çäklik girizmegiň ýanynda Türkmenistan bilen Pekin,Kuala-Lampur we Bankok arasyndaky howa ýollary togtadandyr hem-de daşardan getirilýän iýmit maddalara edilýän gözegçiligi güýçlendirendir.

aýtmak ýerli sebitiň habar serişdeleri geçen hepde Türkmenistanda bir adamyň bu keselden ölenligini habar beripdiler emma bu habary Türkmenistanyň resmileri makullan däldirler.

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir