Dünýäde häzirki günde dowam edýän we güýjini ýitiren jemi 10 müňe ýakyn din/ynanç bardyr.
Bu 10 müňe ýakyn ynanç arasyndan Yslam we Yslamyň hudaýy Allah barada kiçiräk ýöne kyn seljerme geçirjek.
Yslamda, ýagny Gurhandan, hadyslardan we Yslam alymlaryndan Allahyň sypaty barada maglumat edinmek mümkin. Allahy taryp edilende onlarça sypatlandyrmasy bardyr. Men bularyň ikisi barda gürrüň etjek.
1. Äl-Alym: Geçmişde bolan we geljekde boljak hemme zady bilýän.
2. Äl-Kadyr: Hemme zady üýtgetmäge, hemme zada (wakalara) täsir etmäge güýji ýetýän.
Bu iki sypat oksýumorondyr (Oksýumoron: Biri-birine gapma-garşy aýratynlyklara eýe bolan).
Bu iki aýratynlyk birlikde bolup bilmez.
Hemme zady bilýän Allah, eger hemme zady bilýän bolsa hiç-zat etmez, hiç-zady üýtgetmez, şeýlelikde hemme zady bilmek we hemme zady bilip başlan wagtyna çenli eden zatlaryndan başgasyna güýji ýetmeýän ýagdaýa düşýär.
Hemme zady bilýän Allah, geljekde özüniň etjek bir zadynam başda hemme zady bilmäge başlan pursatyndan beýläk bilýär diýmekdir. Eger muny bilýän bolsa ony başda bilen pursadynda etdi hem diýmekdir. Sebäbi ony indi üýtgedip bilmez. Eger üýtgedäýse, üýtgetmäge mejbur eden ýagdaýda ýa-da az-owlak sýurprize duş geldi diýmekdir we şeýlelikde ol üýtgeşikligi etjegini bilýär diýmekdir.
Munyň has düşnükli bolmagy üçin mysal bereýin:
Yslam dinine görä Allah owaldan bäri bardyr we ebedidir. Älemi, perişdeleri we kellämize gelýän-gelmeýän hemme zady ýaradandyr. Wagty gelende Adamy ýaratjagyny we perişdelere muňa sežde etmegini buýurjagyny ýöne bu emre şeýtanyň garşy çykyp özüne garşy baş göterjegini bilýärdi. Eger Allah muny bilýän bolsa, şeýtanyň başgaça hereket etmegi, mysal üçin; Adama sežde edip Allaha sýurpriz etmegi mümkin däldi. Şeýtan, Allahyň bilişi ýaly etmeli işini ýerine ýetirdi we şeýlelikde Adama sežde etmekden boýun gaçyrdy.
Bu ýagdaýda sorag şeýle:
Allah, şeýtanyň Adama sežde etmejegini bilip durka, şeýtanyň Adama sežde edip Allaha sýurpriz etmek mümkinçiligi barmydy? Eger şeýle etmek mümkinçilik bar bolsady, Allah hemme zady bilenok, öz şansyny barlap görýär diýmek bolýar. Eger-de şeýle etmek mümkinçiligi ýok bolsady, şeýtan Allahyň islegi bilen öz wezipesini/borjuny ýerine ýetiren bolýar. Allah, wagty gelende öz wezipesini/borjuny ýerine ýetirjek şeýtanyň bu herekedini şeýtany ýaradan pursadyndan başlap bilmek bilen bilelikde, geljekde bu herekedini üýtgedip bilmez, muňa güýji ýetmez ýagdaýa düşüren bolýar özüni.
Ýene-de bir zat, eger Allah soňky pursatda şeýtana sežde etdirdi diýeli, onda bolsa Allah, şeýtany ýaradanda onuň geljekde özüne baş galdyrjagyny bilenok diýmek bolýar we bu ýagdaýda-da Allanyň “Äl-Alym” sypatam manysyz bolýar.

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir