Gelip çykyş

1‑nji bap

1. Hudaý dünýäni we adamzady ýaradýar. 2. Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.
3. Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy. 4. Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy. 5. Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi. 6. Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi. 7. Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy. 8. Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
9. Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 10. Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 11. Soňra Hudaý: «Ýerde her dürli ösümlikler emele gelsin. Tohum berýän her dürli ösümlikler we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlar össün. Soňra olaryň tohumlaryndan dürli ösümlikler we agaçlar gögersin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 12. Şeýdip, ýer tohum berýän her dürli ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan her dürli miweli agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 13. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.
14. Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin. 15. Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 16. Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy – gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi. 17-18. Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi. 19. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.
20. Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. 21. Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. 22. Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi. 23. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi..
24. Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 25. Hudaý ýer ýüzünde dürli haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26. Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
27. Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28. Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi. 29. Hudaý olara: «Indi Men size ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumy miwesiniň içinde bolan miweli agaçlary berýärin, olar size iýmit bolar. 30. Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ähli gök otlary iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 31. Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir