Baýguş ugursuz guşmy? Näme üçin baýguş halanmaýar. Bu hakda Süleýman pygamber bilen Baýguşyñ arasyndaky gürrüñdeşligi diñläñ!

Kabul Ahbaryñ hezreti Omaryñ huzurynda pygamberleriñ kitabynda okap eşiden rowaýatyny aýdyp bermegi:

''Günlerde bir gün Süleýman pygamberiñ huzuryna baýguş gelipdir. Süleýman pygamber ondan sorapdyr:
ㅡ Näme üçin beýleki guşlar ýaly arpa, bugdaý nubuwwatlary iýmeýärsiñ?
ㅡ Sebäbi Adam ata bilen How ene şol nubuwwatlary iýendikleri üçin Jennetden kowulypdyrlar. Şoñ üçinem men ondan iýmeýärin.
ㅡ Seniñ suw içmeýändigiñem eşitdim, muñ sebäbi näme?
ㅡ Sebäbi Nuh pygamberiñ döwründe adamlar suwa gark boldylar. Şoñ üçin men suwa toba etdim. Şoñ üçin ondan içmeýärin ㅡ diýdi baýguş.
ㅡ Näme üçin harabalykda ýaşap beýleki guşlar ýaly bagy bossanlykda saýalañok?
ㅡ Sebäbi harabalyk hemmeleriñ taşlap giden, eýesiz ýeri bolandygy üçin ýaşaýaryn. Onsoñam adamlara: ''Eý adamlar ýaşaýan ýerimi, bu harabalygy görýäñizmi? Bir gün sizem bu harabalyklar ýaly harap bolarsyñyz'' diýip ýatlatmak üçin ýaşaýaryn ㅡ diýipdir.
ㅡ Näme üçin gijelerine oýa gezip, gündüzine uklaýarsyñ. Muñ sebäbi näme?
ㅡ Eý Allanyñ pygamberi, men adamlaryñ gündüzki edýän zulumlaryny, şady-horramlygyny gözüm görmesin diýip gije oýa, gündiz uklap geçirýärin...
ㅡ Adamlar seni hemişe ugursyz saýýarlar, muñ sebäbi näme diýip Süleýman aleýhissalam soranda, baýguş:
ㅡ Olar ýaly bolsa maña gowy-da, goý meni hiç kim halamasyn ㅡ diýip uçup gidipdir''.



Çeçmesi:
https://www.muhammed.gen.tr/baykus-un-hz-suleyman-nasihati/

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir