Spirtli içgiler adamyň beýnisine nähili täsir edýär?

Alkogolly içgiler näçe köp kabul edildigiçe, beýni şonça-da garramak bilen bolýar. Barlaglar spirtli içgileriň muşdaklarynda bedeniň möhüm organlarynyň tiz kiçelýändigini görkezdi.

Eger-de adam spirtli içgilere yzygiderli ýykgyn edýän bolsa, onda şol adamda görejiniň we gepleýiş diliniň bozulmak hadysasy şeýle içgileri köp içmeýän adamlara garanda, has ir bolup geçýär. Bu hemmä mälimdir, emma häzirki wagta çenli ylym alkogolyň uzak möhletiň dowamynda, esasanam, garramak bilen bagly beýnä nähili täsir edýändigine düşünmän geldi. Häzir bolsa barlaglar her gün agşam wino ýa-da piwo içýän spirt içgileriniň muşdaklarynyň beýniniň göwrüminiň çalt kiçelmek hadysasy bilen çaknyşýandygyny görkezdi.

Bu netijeler Beýik Britaniýanyň 45-den 81 ýaş aralygyndaky müňe golaý ýaşaýjysynyň beýnisiniň skanirlenmegi esasynda alyndy. Beýniniň skanlaryny kabul edilýän alkogolyň möçberi baradaky informasiýalar bilen deňeşdirdiler. Arassa alkogolyň her bir goşmaça grammynyň esasynda adamyň beýnisi her günde 0,02 ýyl garraýar, bu bolsa, takmynan, bir ýarym güne deň gelýär. Has garry beýni alkogoly köp içmeýän adamlaryň beýnisi bilen deňeşdirilende, işjeňligini gowşatmaga has ýakyn bolýar.

Çilim çekmek ýa-da spirtli içgileri içmek ýaly belli bir endikler beýnä negatiw täsir edýärler. Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň Keck School of Medicine fakultetiniň barlagçylary alkogolyň we çilim çekmegiň beýnini nähili garradýandygyny anyk kesgitlemegi başardylar. Ýagny, ölemen çilimkeşleriň beýnisi az çekýänler ýa-da asyl çekmeýänler bilen deňeşdirilende, has garry bolýar. Ýylda her bir goşmaça paçkanyň netijesinde beýniniň ýaşy 0,03 ýyl artýar, bu barada «Scientific Reports» žurnaly habar berýär.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir