Ykjam el telefonlary ulanmaklygyň zyýanyndan goranmaklyk üçin Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy şulary maslahat berýär:
Ykjam el telefonlary biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ykjam telefonlar aslynda diňe ýakyn wagytda gerekli adamy tapmaklyga niýetlenen hem bolsa, kämil tehnologiýalarynyň ösmekligi netijesinde, häzirki wagytda ykjam el telefonlary güýmenje görnüşine geçip ylaýtada çagalar we ýetginjeklereriň arasynda, aýdym-saz diňlemek, oýun oýnamaklyk üçin esasy çeşme boldy. Ýöne onuň saglyga ýetirýän zyýanly täsirleri barada biz näme bilýäris?

1. Ykjam el telefonlary özinden elektromagnit şöhlelenmesini bölüp çykarýar. Şöhlelenme gowşak täsirli hem bolsa, onuň uzak we ýakyn aralykda täsir etmekligi saglyga zyýan ýetirip bilýär.

2. Ykjam el telefonlary özinden gyzgynlyk bölüp çykarýar, ol gyzgynlygyň uzak täsir etmekligi hem saglyga zyýanlydyr.

3. Telefonyň ekranynda berilýän maglumatlaryň kiçi görnüşdeligi sebäpli, gözleriň has dartgynly seretmegine sebäp bolýar, şonyň netijesinde hem gözlerde çalt argynlyk ýüze çykýar. Ykjam el telefonlarynda haýsy hem bolsa bir zada güýmenje bolýan adam öziniň argynlygyny duýmaýar, netije gözlere agram düşüp başlaýar we saglyga oňaýsyz täsiri bolan gaýra üzülmeleriň ýüze çykmaklygy mümkin.

4. Aglaba oýunlar oýnalanda adamynyň psihikasyna zyýanly täsir beriji bolup, olary uzak oýnamaklyk psiho-emosinal dartgynlyga getirýär. Dartgynlygyň uzak wagytlaýyn dowam etmekligi bolsa, nerw keselleriniň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Ylaýtada bu ýagdaý ýetginjeklere we çagalara degişlidir.

5. Mejbury ýagdaýyň döremegi-ýagny telefonyň ekranyny synlamaklyk üçin boýnuň aşak egilmekligi elleriň dartgynly ýagdaýda eplenmekligini talap edýär. Bu ýagdaýda uzak wagt durmaklyk boýnuň gyşarmaklygyna we oňurgalaryň boýun bölüminiň gyşarmagyna getirýär. Elleriň, barmaklaryň uzak eplenmekligi, elleriň dartgynlygyň döremegine getirýär. Bu bolsa ellerde gan aýlanşynyň bozulmagyna geirýär.

6. Aşa köp dartgynly oýun oýnamaklyk özine maýyl etmeklige başlaýar we netijede bu zyýanly endige öwrülýär, zyýanly endige erkini beren çaga, adam bu endige erkini beren adam baglylyk ýagdaýa sezewar bolýar.

7. Ykjam el telefonlarynyň kömegi bilen aýdym diňlemekligiň hem öz kadasy bardyr. Egerde aýdym, saz gylaga dykylarynyň kömegi bilen diňlenýän bolsa onda onň uzakwagtyn dowamynda has beýik sesde diňlenmegi bedeniň eşidiş synalaryna, ýürek-damar ulgamyna, merkezi nerw ulgamyna zyýanly täsirini ýetirýär.



II. Mähriban ene-atalar çagalaryňyzyň saglygy we öz saglygyňyz Siziň eliňizdedigini hergiz unutmaň!
1. Ykjam el telefonlar-diňe gepleşik üçin ulanmaly we onuň ulanylşynyň dowamlylygy 15-20 min geçmeli däl. Telegony öziňize ýakyn götermeli däl. Telegony özinizden daşda ýörite ýan torbalarda götermekligi endik edinmeli.
2. Telefon arkaly oýun oýnamaklygy endik edinmäň, ylaýtada bu ýetginjeklere we çagalara degişlidir.
3. Ykjam el telefonlary arkaly hat ýazmaklyk zerurlygy ýüze çyksa, onda onuň dowamlylygy 20 min geçmeli däl. Gözde, elde, boýunda argynlyk duýulsa onda haýal etmän ýerinden turmaly we gezmelemeli. Gözlere rahatlyk bermeklik üçin Gözini ýumup bäbenegi iki ýana hereketlendirmeli.
4. Aýdym-sazy diňläniňizde onuň beýikligine üns beriň! Gulak dykyly aýdymalry köçede, ýolda, işde ýa-da ýokary ünsi talap edýän ýagdaýlarada diňlemeklik maslahat berilmeýär.
5. 3 ýaşa çenli çagalara ykjam el telefony ulanmaga bermeklik maslahat berilmeýär. Uly ýaşly çaglara, ýetginjeklere telefon bermek zerurlygy ýüze çyksa onda, olaryň ulanylşyna, oýnaýan oýunlarynyň görnüşine, wagtyna üns beriň!
6. Telefonlaryň arassaçylyk kada düzgünlerini talap edýändigi unutmaň! Telefonlary çem gelen ýerde goýmaň! Şahsy ykjam el telefonlary başga adamlara ulanmaga bermäň, ýiti respirator keseli bilen hassa wagtyňyz telefonda gepleşmekligiňizi çäklendiriň!

Shu makala turkmentv saytyndan gochurildi

Tehnologiýa, bank tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir