18-nji ýanwarda dünýäde iň kiçijik adam diýip hasaba alnan Nepally Khagendra Thapa Magar 27 ýaşynyň içinde aradan çykdy diýip, The Straits Times habar berdi.
Magaryň boýy 67,08 santimetra barabar eken. Ol ene-atasy bilen ýaşan ýeri bolan Pokhara şäheriniň hassahanasynda pnewmoniýa keselinden aradan çykypdyr.
Magaryň rekordy Ginnesiň rekordlar kitabynda 2010-njy ýylda 18 ýaşyndan soň resmi taýdan hasaba alynýar.
Birnäçe wagtlap ol rekordsmen statusyndan aýrylypdyr, 2015-nji ýyla çenli iň kiçi adam 54,6 santimetr boýy bolan Hindistanly Çandra Bahadur Dangi eken.
Öz ömründe Magar köp ýurtlara aýlanypdyr we ýewropanyň we amerikanyň teleşowlaryna gatnaşypdyr. Magary "iň uly Ewerest dagynda ýaşaýan iň kiçi adam" diýip atlandyrypdyrlar.
Indi dünýä boýunça iň kiçi adam 70,21 santimetr boýy bolan Kolumbiýaly Edward Ernades bolup galdy.

Täzelikler, htkursant tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir