Ahemeniler döwleti.

Persler hakyndaky iň irki maglumatlary biz Urmiýa kölüniň, günorta-günbatarynda ýerleşen Parsna welaýatynyň ýerlerinden tapylan b.e. öň IX asyra degişli assiriýa ýazgylaryndan bilýäris. Soňra parslar bu ýerden günorta tarap süşüpdirler we m. öň VII asyrlarda Elam ýerlerinde basyp alypdyrlar. Bu ýerler soňra Persiýa (köneçe Parsa) diýilip atlandyryp ugrapdyr.
M. öňki VIII asryrlardan başlap pers taýpa birleşmesine görnükli tireleriniň biri bolan Ahemeniler baştutanlyk edipdirler. Bu nesilşalygyny (hanedany) esaslandyran m. öň VIII asyryň ahyrynda VII asyryň başynda ýaşap geçen Ahemen diýen adam bolupdyr. Persler şol wagtlar eýýam Elam ýerlerini basyp almaklyga girişipdirler.
Emma m. öň assiriýalylar Elamy eýeläpdirler we pers patyşasy Kir I (köne pers dilinde Kuruş) assiriýalylaryň häkimýetine ykrar etmäne mejbur bolupdyr.
M. öň 600 ýylda 559 ýyla çenli Kombiz I-niň (Kombužiýa) patyşalyk eden ýyllarynda persiýa Midiýadan elgarama ýagdaýda bolupdyr.
Kambiz I Midiýa patyşasy Astiýagyň gyzy Mandana öýlenipdir. Şeýlelik bilen onuň ogly Kir II Astiýagyň agtygyu bolupdyr. Rowaýata görä Asfiýag düýş görýär (ýakymsyz). Gurrandazlaryň ýorgudyna görä Asfiýagy Mandanadan dogan agtygy tagtdan agdarýar.
M. öň 558-nji ýylda Kir persiýanyň ekerançy taýpalarynyň (pasagarad) patyşasy bolýar we pers döwletiniň birinji paýtagty Porsagarat şäherini esaslandyrýar.
m. öň 553-nji ýylda Kir Midiýa agalygyna garşy göreşe geçýär. Olaryň arasynda bolup geçen iki söweş netijrsinde Midiýalylar ýeňilişe sezewar bolýarlar we perslaryň gol astyna düşýärler. M. öň 550-nji ýylda Midiýanyň paýtagty Etbatan persla tarapyndan basylyp alynýar. Midiýany dyza çökermek bilen perslar olaryň medeniýetini we döwlet dolandyryş ulgamyny kabul edipdirler.
M. öň 549-njy ýylda Elamyň ahli ýerleri perslar tarapyndan basylyp alynýar. Onuň yzy süre oňa Midiýanyň düzümine giren Parfiýa, Girkaniýa we Ermenistan boýun egdirilýär. M. öň 547-nji ýylda Lidiýa döwleti we Kiçi Aziýanyň kenarýaka şäherleri, şol sanda Milet derbi dagyn edilýär. Şondan soň birnäçe aýyň dowamynda Kir Wawilona (Babil) hem basyp alýar. Günbatar Aziýanyň ähli ýurtlary tä Müsüre barýança Kire uruşsyz boýun egýärler. Muňa Finikiýanyň, Wawilonyň we Kiçi Aziýanyň täjirlere uly ýardan edýärler, çünki bütewi döwletiň döredilmegi olar üçin bähbit bolýar. (ýollar howupsyz gümrik päsgelçilikleri azalýar.) Soňra Kir döwletiniň gündogar araçäginde ýaşaýan Orta Aziýanyň Massaget çarwa taýpalaryna garşy hüjüme geçýär. Emma m. öň 530-njy ýylda bolup geçen bir aýgytlaýçy söweşde ýeňilýär weheläk bolýar.
Şol ýyl Kir II-niň ogly Kambiz II tagta çykýar we Müsüre garşy ýörüşe başlaýar. Kambiziň goşunlarynyň sany basylyp alynan ýurtlarda ýygnalan esgerleriň hasabyna has artýar, oň Finikiýanyň we Kipriň güýçli floty goldaw berýär, arap taýpalary persiýanyň goşununa Sinaý ýarym adasynyň suwsuz çöllerinden geçmäge kömek berýärler.
Müsüriň araçak şäheri bolan Pelusiýanyň ýanyda bolup geçen söweşde persler ýeňiş gazanýarlar we Müsüriň paýtagty Membis şäherini eýeleýärler. Basym bütin Müsür persleriň eline geçipdir.
M.öň 525 –nji ýylda Kambiz Müsuriň faragony diýilip yglan edilýär, (ol täze XXVII nesilşalygyny esaslandyrypdyr, ,,Müsüriň we ähli ýurtlaryň Patyşasy” diýen ungany (titul) kabul edýär, Pa we Osiris hudaýlarynyň nesili diýen ady alýar… Ol öňki faragonlaryň syýasatyny dowam etdiripdir we Müsürlileri öz tarapyna çekmäne çalşypdyr. Kambiz Müsürlilere dini we şahsy durmuşunda erkinlik beripdir.
Soňra ol günorta Nubiýa ýöriş edipdir, emma şowsuzlyga duşup yzyna çekilmäne mejbur bolupdyr. Onuň günbatar Libiýa eden ýörişi hem şowsuz bolup çykypdyr. Kambiziň persiýadan ülňelikde Müsürde bolan 3 ýylynyň içinde Eýranda tolgunyşyklar başlapdyr. M. öň 522-nji ýylda Kambiz Eýranda özüniň kiçi dogany Bardiýanyň gozgalaň tuzdurandygy hakyndaky habary alyp Eýrana ugraýar, ýöne ýolda düşüniksiz ýagdaýda ölýär. Behistun ýazgylarynda mälim bolşuna görä
Eýranda Bardiýanyň ady bilen häkimýeti Gaumata diýilýän bir ruhany (Žres, Mag) basyp alypdyr. Ol Wawilonda (Babil) gozgalaň edip köpçülik tarapynda goldanyp Kiriň we Kambiziň döwletine patyşa bolupdyr. Häkimýetde berkleşmek maksady bilen ol salgytlary we harby borçlary üç ýyllap ýatyrypdyr. Gaumata agalyk edýän toparyň artykmaç hukuklaryny ýatyrmak üçin birnäçe çäreleri durmuşa geçiripdir.
Gaumata ýurtda çäklendirilmedik patyşa häkimýetini dikeltmäne çalşypdyr.
Emma ol ýedi aý häkimýetde oturandan soň m. öň 522-nji ýylda köne beg toparynyň dil düwüşiginiň pidasy bolupdyr. Tagta ýaş Dariý çykarylypdyr, pers begleriniň köne artykmaç hukuklary gaýtadan dikeldilipdir.


Nury GAJAROW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir