RUHLARYÑ SESINI EŞDIP BOLÝARMY?

Fridrih Ýurgenson 1959-njy ýylda guşlaryñ sesini ýazga geçirmek üçin şwed tokaýlarynda magnitofon goýanynda, alan netijesine haýran galdy. Ol kassetadan birwagt ölüp giden ejesiniñ sesini eşidýärdi: "Fridrih, meniñ eýjejik perişdejigim, sesimi eşidýämi?" Kassetany yzyna sarap, gaýta-gaýta diñlän Ýurgenson ýalñyşmaýandygyna anyk göz ýetirdi. Ejesiniñ sesidiginden şübhelenmedik sesi ýañky jümläni zol-zol tekrarlap durdy... 1903-nji ýylyñ 8-nji fewralynda Ukrainanyñ Odessa şäherinde doglup, 1987-nji ýylyñ 15-nji oktýabrynda Şwesiýanyñ Hýoer şäherinde aradan çykan ýazyjy, suratkeş we prodýuser Fridrih Ýurgenson birnäçe ýyla çekjek barlaglaryna başlady. Ol ses ýazgy edilen kassetalarynda ýüzlerçe ses eşitdi, ýöne bular köplenç bir-iki sözden ybaratdy. Ýurgensonyñ ilkinji barlagyndan soñ başga barlagçylaram şuña meñzeş sesleri eşdip başladylar. Ýokardaky aýdylanlar psihiki barlaglar bilen meşgullanýanlaryñ netijesine ençeme ýyllardan bäri garaşyp ýörensoñ, ölen adamlaryñ ruhlary bilen geçirilen işleriñ gutarnykly delili hökmünde kabul edildi. Ýurgenson on dört ýyldan soñ magnitofon kassetasyndan ejesini sesini eşitmegiñ özi üçin garaşylmadyk we haýran galdyryjy waka bolandygyny aýtdy. Emma ol soñky çykyşlarynda, aslynda şol wagtlar birdenkä özünde nämälimlikler bilen aragatnaşyk açmak babatda gyzyklanma dörändigini aýtdy. Ol bu bolşuna özi-de haýran galyp, gyzyklanýan meselesine ynanmazçylykly göz bilen çemeleşipdir. Emma birdenkä ejesiniñ sesiniñ eşitmegi ýazyjynyñ ähli şübheleriniñ soñuna nokat goýdy... Ýurgensonyñ synagyndan soñ bu meselede barlaglara başlan doktor Raudiwe ses ýazgy edende, kiçijik mikrofonlardan we magnitofonlardan başlap her dürli ses ýazýan enjamlary synap gördi. Ol jemi 70 müñden gowrak ses ýazgy etdi. Alym 1971-nji ýylda ýazan "Eşdilmeýänler indi eşdilýär" atly kitabynda geçiren barlaglarynyñ üstünde giñişleýin durup geçýär. Raudiwe şeýle diýýär: "Ýeterlik sabyr-takatly biriniñ bular ýaly sesleri eşitmezligine hiç hili sebäp ýok. Emma şeýle synagy geçirjek kişi arman-ýadaman kassetalary diñlemeli we bu sesleri seljerip bilmeli. Başda parazit ýaly eşdilýän sesler aslynda ruhlaryñ sesidir. Olaryñ tebigy taýdan amplifikatorlar bilen gataldylmagy we dürli seljermelerden geçirilmegi gerek".Raudiwe eşden sesleriniñ ölen adamlaryñ sesidigine çyny bilen ynanýar. Sesler dürli dillerden ybarat. Ol özüniñ Angliýanyñ birwagtky premýer-ministri Winston Çerçilliñ sesini hem eşdendigini öñe sürdi. Emma Çerçilliñ sesini kassetadan diñläp görenler, eşden sözleri barada bir-birlerinden tapawutly düşündirişleri berdi. Çünki kassetadan gelen sesler boýunça iñ uly meseleleriñ biri-de subýektiwlige doly açyklygydy. Aýry-aýry adamlar dürli-dürli sesleri eşdendiklerini öñe sürdiler. Raudiwäniñ kassetasyna sesleriniñ ýazylandygy öñe sürülýän adamlaryñ arasynda Lew Tolstoý, Fridrih Nişse, Jon Kennedi, Gitler, Stalin ýaly meşhur adamlar hem bar. Raudiwäniñ işlerine şübheli çemeleşenleriñ arasynda Kembriž uniwersitetinden Dawin Ellis onuñ toplan kassetalaryny içgin öwrendi. 1974-nji ýylda çap edilen makalasynda Ellis "ruhlaryñ şular ýaly görnüşde aragatnaşyga girme mümkinçiligini püçege çykarjak deliliniñ ýokdugyny, emma Raudiwäniñ eşden sesleriniñ nirden gelip çykýandygy babatda şübheleriniñ" bardygyny aýtdy. Ellis şeýle diýýär: "Bizi gurşap alan atmosfera dürli ses tolkunlaryndan doly. Bular radio tolkunlaryñ, rasiýalardyr telefonlaryñ ýa-da ş.m. başga-da birnäçe aragatnaşyk serişdelerinden gelen sesler bolup biler". Eşdilýän sesleriñ hemmesini ruhlaryñ sesi diýip düşündirip bolmajagy üçin Ellis Raudiwäniñ telekinetik ukybynyñ bardygyny we bu sesleri onuñ özüniñ toslap tapandygyny öñe sürdi. Ellisiñ pikirine görä, ruhlar bilen hakykatdanam gepleşse bolar, emma başga-başga görnüşlerde bolup biler. "Mysal üçin ruhlardan gelen yşaratlary synap gören kişini Raudiwe medium hökmünde ýanyna alypdyr we megerem, özleri-de bilmän ruhlaryñ sesini magnitofona ýazypdyr". Bu boýunça barlaglar geçiren başga bir hünärmen Raýmond Kass 1974-nji ýylyñ 18-nji iýunynda ýazgy eden kassetasyndan şeýle ses eşidendigini öñe sürdi: "Raudiwe, gabyra sary!" Ol bu ses ýazgynyñ nusgalaryny bu mesele boýunça meşgullanýan hünärmenleriniñ üçüsine ýollady. Üç aýdan soñ 63 ýaşly Raudiwe aradan çykdy. Ruhlar bilen elektronik ýollar arkaly aragatnaşyk açmak düşünjesi soñ çykan zat däl. Fizika ugrundan Nobel baýragynyñ eýesi italiýaly Gulýelmo Markoni we amerikan oýlap tapyjysy Tomas Edison şuña meñzeş taslamalaryñ üstünde birnäçe ýyllap işlediler. Baryp 1920-nji ýylda Edison ölen adamyñ öz hossarlary bilen gepleşip biljek elektron enjamyny döretmäge synanşypdy. Onuñ gelen netijesine görä, gysga we uzyn tolkunlaryñ arasynda galan radio tolkunlsrynyñ frekansy arkaly nämälim dünýä bilen gepleşip bolýar. Markoni bolsa aradan çykjak 1937-nji ýylyna çenli gizlin enjamyñ üstünde işledi. Ol tehniki taýdan düşünmesi kyn bu enjam arkaly geçmişde ýaşap geçen adamlar bilen aragatnaşyk açyp boljakdygyna ynanýardy. Yñdarma katolik Markoniniñ bar maksady Isa pygamberiñ haça çüýlenen wagtynda aýdan sözlerini öwrenmekdi. Hudaý we "beýin" düşünjeleri boýunça ençeme ylmy barlaglaryñ awtory professor Maýkl Persinjer hem öz gezeginde bir şlýom oýlap tapypdy. Motosikl sürüjiniñ kaskasyna meñzeýän bu şlýom kellä geýlen pursatyndan başlap, beýnä tolkunlar ugradýar. Persinjeriñ aýtmagyna görä, adam ölüm bilen ýüzbe-ýüz pursatynda üýtgeşik şöhlelere we birmahal ölen hossarlaryna uçraýar. "EVP-Electronic voice phenomena" ("Elektronik ses fenomeni") ses ýazgylarynda eşdilen ruhlaryñ sesi bir tarapdan alan paranormal ýagdaýdyr. Ses ýazýan enjamdan gelýän geñsi sesler, radio bekedinden gelýän sesler we beýleki elektron enjamlardan gelýän sesler EVP sistemasy bilen ýazga geçirilýär. Geñsi sesler ýazgy gidip durka eşdilmese-de, ýazgy enjamy yza saralyp diñlenende arkaýyn eşdip bolýar. Bassyr dört gezek "Oskar" baýragyny alan we "Nadanlygyñ garaşylmadyk gaýraty" ("Birdman") çeper kinofilminiñ baş gahrymany Maýkl Kitonyñ oýnan we 2005-nji ýylda düşürilen "Göze görünmeýän sesler" ("Белый шум") çeper filmindäki bir epizodda filmiñ personažy Jonatan Riwers EVP signallary arkaly ölen aýaly bilen gepleşmäge synanyşýar. Jeýms Çýorçward 1931-nji ýylda ýazan "Gaýyp bolan yklym Munyñ perzentleri" ("The Children of Mu") atly kitabynda bir ruhanynyñ ruhlar barada aýdan sözlerinden söhbet açýar. "Bir gün men ondan soradym: Kämagal birwagt ölüp gidenleri görüp bilerismi? Ýogsa-da bu ýöne hyýaly göz öñüne getirmemi? Onuñ jogaby şeýle boldy: "Oglum, bu hyýaly göz öñüne getirme däl, käbir kişileriñ ýanyna käte o dünýäden gelýänleriñ gelip-gidýändigi hakykat. Hemme adam olary görme ukybyna eýe däl. Bolubam bilmez.." Yslam dini hem ölenleriñ ruhy bilen dirileriñ gürleşip bilýändigini inkär edenok. Bu boýunça birnäçe deliller bar. Türkmenistanly bir ildeşimiz (käbir sebäplere görä, adyny mälim etmekden saklanýan), dört-bäş ýyllykda Eýrandan gelen nohurly garyndaşy Hojamuhammet ahun bilen Gypjakdaky "Ymam Kasym" öwlüýäsine zyýarat edende, ahun hezretleriniñ gonamçylykda ölenleriñ ruhy bilen gönüden-göni gepleşendigini hut gözi bilen görendigini aýdyp beripdi. Aslynda biz muny häzir ýaşap ýören adamlaryñ görenlerine salgylanyp aýtdyk. Emma bu boýunça ýüzlerçe, belki-de, müñlerçe deliller yslam kitaplarynda gabat gelýändir. Belki-de, özüñizem, şeýle wakalara şaýat bolanlaryñ gürrüñini diñlänsiñiz, kim bilýä, aramyzda muña şaýat bolanlaryñyzam bar bolsa bardyr... "Alla ölen wagtynda janlary alar, ölmedikleri-de ukularynda, soñra ölümine höküm edenini ýanynda tutar, beýlekileri-de belli bir wagta çenli (bedenlerine) ugradar". ("Zümer" süresi, 39/42). Ibn Abbas (r.a) bu aýaty şeýle tefsirläpdir: "Maña gelip gowşandyklaryna görä, dirileriñ ruhlary bilen ölüleriñ ruhlary biri-birleri bilen tapyşyp, sorag-jogap alyşarlar. Soñra Alla ölüleriñ ruhlaryny saklar, dirileriñ ruhlaryny öz bedenlerine ugradar". Said ibn Jübeýr hem "Ukuda wagty dirileriñ we ölüleriñ ruhy bir-birleri bilen görüşerler" diýipdir. (Seret: "El-Jewâhir fî Tefsîri’l-Kur’ân", 18/161). Garward we Ýel ýaly dünýäniñ iñ abraýly uniwersitetlerinde kliniki psihologiýa boýunça professorlyk eden doktor Geri Şwars adamlaryñ ölen hossarlary bilen gepleşip biljekdigini synag tejribeleri arkaly subut edendigini öñe sürýär. "Ölen ýakynlaryñyz sizi diñe sizi nähili söýýändigini we göresinuñ gelendigini aýdyp bilmez. Ýöne size abanýan howplardan gorap biler" diýen Şwars bu baradaky pikirlerini şeýle dowam etdirýär: "Ölümi esasan fiziki çarçuwada göz öñüne getirýäris we ten ölende añ (сознание) hem ölýär diýip çak edýäris. Men düýbünden başga pikiri orta atýaryn. Eger añyñyz ýaşaýan bolsa, añyñyzda häzirem bir zatlar aýlanýan bolsa we häzirem ölmedik bolsañyz "dünýäde nämeler bolup geçýär?" diýip esewan edip bilýänligiñizdir. Ölen diñe siziñ fiziki teniñizdir. Menem beýlekiler ýaly bu barlaglara başlamanka, teniñ ölümi bilen birlikde akyl hem ölýändir öýdýärdim. Indi munuñ tersine düşünýän. Geçiren ylmy barlaglarym hem fiziki ölümden soñam ýaşaýşyñ dowam edýändigini, aklym ölümden soñam özgerip ösýändigini we syýahat edýändigini görkezdi. Synaglaryñ netijesinde mediumlaryñ detallaýyn maglumat alýandygyny gördük. Hususanam, haýsydyr bir kişiniñ we bakyýete "göçen" hossarynyñ bilibiljek käbir umumylyklary hakynda maglumat alýarlar. Bu maglumatlary psihiki ýollardan başga ýollar arkaly almak mümkin däl. Amerikanyñ tanymal mediumlaryndan Jon Edwardyñ meniñ laboratoriýamda geçiren bir barlagyny aýdyp bereýin. Jon ejesi ölmänkä oña gizlin kodlaryñ birini aýdypdyr. Ol ejesi aradan çykansoñ, başga bir mediuma şol kody anyklamagy tabşyrdy. Ol medium Jonyñ ejesinden başga adam oglunyñ bilmesi mümkin däl kody bildi we Jona aýdyp berdi. Jon Edward derejesinde meşhur däl gatlaklardan birnäçe adamlarda birnäçe synaglary geçirip gördüm. Netije birmeñzeş boldy: men olaryñ hemmesinde o dünýä bilen aragatnaşyk açyp bolýandygyna anyk göz ýetirdim we muny gutarnykly subut etdim". 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

www.kitapcy.ga

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir