Türkmeniñ tylla tagty


Türkmenlerde tagty miras almak dessury barada

Türkmeni dörediji millet hökmünde tanadýan gymmatlyklaryň, nusgawy dessurlaryň ählisi, gözbaşyny nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden alyp gaýdýar. Oguz han atamyzyň döreden, soňra adamzat nesline nusga bolan gymmatlyklarymyzyň – dessurlarymyzyň biri-de türkmeniň öz mukaddes tagtyny nesillerine miras galdyrmak däbidir. Oguz han, Gorkut ata we Görogly eýýamlarynda türkmenlerde, şeýle hem dünýäniň köp halklarynda patyşalyk, soltanlyk we hökümdarlyk etmek, tagta eýe bolmak hukugy Alla tarapyndan berilýär diýlip düşünilýärdi. Adamzat nesliniň aň-düşünjesiniň soňky asyrlarda görülmez derejede özgerendigine garamazdan, bu düşünjeler öz many-mazmunyny ýitimän, häli-häzirem dowam edip gelýär. Türkmen halky Taňrynyň nazar salan milleti. Hökümdarlyk hem-de  türkmeniň mukaddes tagty nesilbaşymyz Oguz hana Beýik Ýaradanyň özi tarapyndan berlen. Şonuň üçin hem türkmen halky Beýik Taňry tarapyndan şeýle gymmat, şeýle mukaddes peşgeşe eýe bolan dünýäniň iň gadymy milletleriniň biri hasap edilýär. Taňrynyň nazar salan milleti bolandygy, ony nurdan ýaradandygy üçin türkmen halky patyşalyk hukugyna – döwründe döwleltliligiň mukaddes alamatlarynyň biri hasap edilen tagta eýe bolup bilen, ony asyrlar boýy elinde saklap, dünýä dolan  milletdir.Tagta eýe bolmak hukugy, müňýyllyklaryň dowamynda adamzat jemgyýetiniň, şol sanda türkmen durmuşynyň hem özgermegi netijesinde  nesiller tarapyndan kämilleşdirilipdir. Taryhyň öwrümli pursatlarynda ata-babalarymyz Oguz hanyň taryhy tejribesiniň esasynda tagty miras galdyrmagyň özboluşlu usullaryny girizipdirler – kabul edipdirler. Eýsem-de bolsa, türkmenlerde tagty miras almagyň nähili usullary bolduka? Ol usullar esasan dört sanydyr:1.Atasyndan ogluna geçýän miras.2.Agasyndan inisine ýa-da uly gardaşyndan kiçi gardaşyna geçýän miras.3.Tagt saýlaw ýoly bilen hem miras alnypdyr.4.Türkmenlerde tagt han neslinden bolan zenanlara-da miras galdyrylyp    bilnipdir.    Halkymyzyň müňýyllyklaryň içinden geçip gelýän taryhy geçmişi tagty miras almakda esasan başky  iki usulyň has giň ýayrandygyny görkezýär. Aýdylanlary Oguz hanyň Adam atadan gelýän nesil daragty, şeýle hem soňra Oguzyň kowmundan dörän türkmen döwletleriniň taryhy subut edýär.  Patyşanyň tagty, jygasy (täji), tugy, tugrasy, nagara-depregi esasy hökümdarlyk alamatlary bolupdyr. Döwlet häkimiýetiniň esasy alamatlarynyň biri bolan tagt gymmatbaha zatlardan, esasan altyndan ýasalypdyr. Türkmenlerde asyrlar boýy aydylyp gelnen «tyllaýy-tagt» hakyndaky gürrüňler, megerem, şonuň üçin dörän bolsa gerek. Tagt kürsi şekilinde ýasalyp, ol adatça owadan halylar düşelen 2-3 basgançakly tagta sekiniň üstünde goýlupdyr. Tagt goýlan sekiniň ütüne ýupek we mahmal matalar bilen örtülen çadyr hem dikilipdir. Adat boýunça tagt mejlisler otagynyň töründe, patyşalaryň dynç alýan otagyna eltýän gapynyň sag tarapynda ýerleşdirilipdir. Tagtadan edilen aýakly  sekiler türkmen dilinde «Şasupa», «Taht» ýa-da «Tahta» diýlip hem atlandyrylýar. Häzirki döwürde agaçdan alynýan esasy gurluşyk çig maly bolan «tagta» hem şol sözden gelip çykan bolmaly. Döwlet maslahatlary, gurultaýlar, dabaralar geçirende, kese ýurtly ilçiler we myhmanlar kabul edilende patyşa tagtda oturypdyr. Tagt düşünjesiniň esasyny düzýän patyşalyk kürsüsi, hökümdar ýurda aýlanmaga çykanda ýa-da ýörişlere gidende goşunyň ýany bilen hem äkidilipdir. Şeýle kürsüni türkmenler «tagty-rowan» diýip atlandyrýar ekenler. Abdysetdar Kazynyň «Jeňnamasynda» şeýle setirler göze ilýär:«Ýene tagty-rowan tylla, zeberjet»1Türkmenlerde tagtyň altyndan edilendigine, özi hem ony ýörite galyplarda guýma görnüşde ýasandyklaryna taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. 568-nji ýylda Wizantiýaly ilçiler Günbatar Göktürkmenleriň döwletiniň paýtagty Akdaga gelenlerinde, ýunan (grek) ilçilerini hökümdar Istemi han (554-576) altyn tagtda oturyp resmi taýdan garşylapdyr. Ýunan taryhçysy Menandr öz ýurtlarynyň ilçileri garşylananda «Dizawul [Istemi] altyndan ýasalan tagtda otyrdy» diýip ýazmak bilen türkmen hökümdarynyň altyn tagtynyň bolandygyny belleýär.Tagty her hili gymmat bahaly daşlar bilen bezäpdirler. Taryhy çeşmelerde patyşalaryň tagtyna merjen däneleriniň düzülendigi, göwher gaşlar bilen bezelendigi barada aýdylýar. Tagtda patyşalaryň oturýan ýeri, kürsüniň iki gapdalynda gol goýulýan ýerleri gymmat baha matalar, esasan ýumşak ýüpek we mahmal mata bilen örtülipdir.                   Asly nurdan bolan türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz hanyň asly Pygamberler kowmundan  bolupdyr. Bu barada dünýäniň men diýen taryhçylary ummasyz köp mukdardaky maglumatlary galdyrypdyrlar. Aýratyn hem Juweýniniň, Reşideddiniň, Abulgazy hanyň we beýlekileriň işlerinde has hem jikme-jik maglumatlar berilýär. Olaryň ýazmagyna görä, türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar öz gözbaşyny Adam atadan alyp gaýdýarlar. Bu babatda Reşideddiniň hem-de Abulgazy hanyň berýän maglumatlary gyzyklydyr. Beýik Biribar tarapyndan ýaradylandan soň, Adam ata ýer ýüzünde 1000 ýyl ömür sürüpdir. Adam atanyň tahallusy «Sefiulla»  («Hudaýa çyn ýürekden berlen») bolupdyr. Adam ata aradan çykandan soň onuň yzynda 40 müň zürýady galypdyr. Ölmeziniň öňisyrasy ol ogly Sifi öz ornuna goýup gidipdir. «Sif» ýa-da «Gibýatulla» - «Hudaý beren» diýen manyny aňladýar. Sif 900 ýaşandan soň ornuny ogly Enosa miras  goýup gidipdir. Enosyň «Sadyk» manysy bolup, ol «dogruçyl» diýen many aňladýar. Enos 912 ýyl ýaşap, ýerine Kaýnany goýup, oňa köp öwütlerdir nesihatlary berip, dünýäden ötüpdir. Kaýnan 840 ýyl ýaşap, ornunda ogly Meleleýili galdyryp bakyýete gidipdir. Meleleýil adamlara öý gurmagy öwredipdir. Oňa çenli adamlar dag gowaklarynda ýaşaýar ekenler. Meleleýil adamlara nirede ýaşamak amatly bolsa ýer ýüzüne ýaýramagy, ekin-tikin ekmegi wesýet edipdir. Meleleýil 920 ýyl ömür sürüp, ornuna ogly Iýaredi goýup, bu dünýäden göç edipdir. Iýaret 960 ýyl ýaşapdyr. Ol ornuna ogly Enohy – «Idrisi» («Bilge») goýup gidipdir. Beýik Taňry Idrisi pygamber edip belläpdir. Ol 82 ýyllap pygamberlik edenden soň gaýyp ötüpdir. Idrisiň ornuny ogly Mafusal tutupdyr. Abulgazynyň ýazmagyna görä, Mafusalyň näçe ýaşandygy anyklanylmandyr. Ol dünýäden ötenden soň, onuň yzyny ogly Lameh dowam etdiripdir. Lameh hem köp ýyl ömür sürenden soň ornuny ogly Nuh pygambere galdyryp dünýäden ötüpdir. Nuh pygamberiň üç sany ogly bolupdyr. Ol ogullaryndan Hamy – Hindistana, Simi – Eýrana, Ýafesi bolsa Turana – Türkmenistana iberipdir. Nuhuň özi ýaly, Ýafes hem pygamber hasap edilýär. Onuň 8 sany ogly bolupdyr: Türk, Hazar, Saklab, Rus, Miň, Çin, Keýmary, Taryk. Ýafes öz ornuna iň uly ogly Türki goýup, «Türküň hökümdarlygyny ykrar ediň, oňa boýun egiň» diýip wesýet edipdir. Türküň 4 ogly bolup, olaryň iň ulusy Tutuk atasynyň ornuna galypdyr. Rowaýata görä, Tutuk örän pähimli hem-de baý hökümdar bolupdyr. Ol taryhda ynsanyýete duz ulanmagy öwreden hökümdar hökmünde tanalýar. Tutugyň hökümdarlygy ogly Ilçe hana, ondan hem agtygy Düýpbakuý hana («Düýp il ýaşulusy») miras galypdyr. Düýpbakuý hanyň ogly Gök han, agtygy Alynja han, çowlugy  bolsa Gara handyr. Gara han Oguz hanyň kakasydyr. Bu döwürler Gara han Ulydagda, Kiçidagda ýazlapdyr, sowuk düşende bolsa Garagumda we Syrderýanyň boýlarynda gyşlapdyr. Eger-de aýdylanlary bir ulgama düzmeli bolsa, onda Oguz hanyň şeýle şejeresi emele gelerdi. 1.Adam ata (1000) –2. Sif (920) –3. Enos (912) –4. Kaýnan (840) –5. Meleleýil (920) – 6.Iýaret (960) – 7.Enoh (82) – 8.Mafusal (?) – 9.Lameh (?) – 10. Nuh (950) – 11. Ýafes (250) – 12. Türk (?) – 13. Tutuk (240) – 14.Ilçe han (?) – 15. Düýpbakuý han (?)-16. Gök han (?)- 17. Alynja han (?)– 18. Gara han (?) – 19. Oguz han (116). Taryhçylaryň rowaýata öwrülip giden maglumatlaryndan görnüşi ýaly, türkmen kowmy müňlerçe ýýllap goja Zeminiň goýnunda agayana ýaşap, ömür sürüpdir. Hywa hany Abulgazy (1605-1664) «Türkmenleriň nesil daragty», «Türki halklaryň nesil daragty» atly eserleri bilen meşhurdyr. Abulgazy han hakykatdan hem taryh barada örän köp zatlary bilýän adam bolupdyr. Üstesine-de, Sefewi türkmenleriniň üçünji paýtagty Yspyhanda on ýýl ýaşap (1623-1633) köp taryhy eserler bilen tanyşypdyr. Şu ýerde hakykatyň hatyrasyna bir zady bellemelidir: Abulgazynyň okan, öwrenen taryhy eserleriniň aglabasy mongollaryň agalygy döwründe ýazylan eserlerdi. Aýratyn hem Atamälik Juweýniniň (1226-1283), Reşideddiniň (1247-1318), Kazwininiň eserleri mongolparazlyk ruhunda ýazylan işlerdi. Abulgazynyň özi  hem aslynyň Çingiz handan alyp gaýdýandygy sebäpli, ady agzalan işleri ýazmak üçin gürrüňi edilen ýazarlaryň eserleriniň ruhundan ugur alypdyr. Reşideddiniň döwründe mongollarda aslyňy ýitirmek, türkileşmek we musulmanlaşmak güýçli depginde dowam edýärdi. Bu ýagdaý mongol hökümdarlaryny çykgynsyz güne we uly howsala salypdyr. Şonuň üçin hem  mongol hökümdary Gazan han (1295-1304) öz ata-babalarynyň taryhyny ýazdyrmak üçin weziri Reşideddine buýruk beripdir. Hat-sowady ýetik hem-de alym adam hökmünde, Reşieddin geçmişi bilýän mongol begzadalaryndan köp maglumatlary ýazyp alypdyr we mongollaryň taryhyny ýazypdyr. Emma Reşideddin mongollaryň şejeresini Gündogarda asyrlar boýy ýaşap hem höküm sürüp gelen türkmen we türki halklarynyň nesil daragty bilen birleşdiripdir. Şol sebäpden hem mongollaryň nesil daragtynda Pygamberleriň, şeýle hem  Oguz han, Aý han, Gün han, Deňiz han ýaly türkmen şahslarynyň atlarynyň duşmagy ýöne ýerden däldir. Netijede, türkmen we türki asly bolmasa-da, türkmen we türki halklarynyň nesil daragtynda mongollaryň yzlaryny görmek bolýar. Mysal üçin, Abulgazynyň ady agzalan işlerinde Alança hanyň Mongol bilen Tatar atly ekiz oglunyň bolandygy barada aýdylýar. Özi hem, Abulgazynyň ýazmagyna görä, hamana Mongol Oguz hanyň atasymyş! Mongollaryň türki halk däldigi dünýä taryh ylmynda bireýýämden bäri bellidi. Emma şu ýoýulma, nebsimiz agyrsa-da,  asyrlar boýy dowam edip geldi. Dünýä taryhynda geçmişi ýoýmaklyk diňe mongollar üçin häsiýetli bolman, bu ýagdaý köp halklaryň taryhynda-da bolan hadysadyr. Sebäbi täze döwlet dörände, hökümdarlar birinji nobatda häkimiýeti kanunlaşdyrmagyň esasy serişdesi hökmünde taryha ýüzlenýärdiler. Sebäbi täze dörän döwleti kanunlaşdyrmak, ony goňşulara we beýleki sebitdeş döwletlere ykrar etdirmek meselesi ýüze çykýardy. Döwleti we häkimiýete gelen täze nesilşalygy ykrar etdirmek,  onuň tagta bolan hukugyny kanunlaşdyrmak üçin şejere görkezmeklik talap edilipdir. Has düşnükli edilip aýdylanda, täze dörän döwletiň gadymyýetini, döwlet guran halkyň taryhyny görkezmeli bolupdyr. Döwlet döreden halkyň öz oturan we döwlet guran ýurduna bolan eýeçilik hukugyny  gazanmak hem möhüm meseledi. Şeýdip, täze döwleti, häkimýete gelen nesilşalygyň tagta bolan hukugyny kanunlaşdyrmalydy. Täze dörän döwletiň we şol döwletiň raýatlary bolup durýan halkyň topragyna daşyndan ýüze çykyp biläýjek dawa-jenjelleriň öňüni almalydy we aradan aýyrmalydy. Kökleri we asly uzaga gitmeýän, öň dolandyryjy nesilşalyklary bolmadyk halklar, adatça öz şejerelerini beýik halklaryň şejeresi bilen sepleşdirýärdiler. Netijede toslama we ýasama şejereler döreýärdi. Muny Ýewropada we Aziýada taryhyň dürli döwürlerinde ýüze çykan döwletleriň geçmişi bilen ýakyndan tanyş bolnanda göz ýetirmek bolýar. Reşideddin bilen Abulgazy tarapyndan ýazylan, türkmenleriň we türki halklaryň aslyna sepleşdirilen - goşulan mongollaryň «nesil daragty» hem şeýle ýasama we toslama şejereleriň biridir. Sebäbi mongollaryň taryhyny olar bilen asyrlar boýy goňşy oturan hytaýlylar hem ýazypdyrlar. Hytaýlylar mongollaryň taryhy barada ençeme taryhy eserleri döredipdirler. Emma şol eserleriň iň naýbaşylary hasap edilýän «Ýuan çao-bişi» («Mongollaryň gizlin taryhy»), «Ýuan-şi» («Mongol [nesilşalygynyň] taryhy») eserlerinde Pygamberleriňem,  Nuhyňam , Oguz hanyňam atlary ýok!        Oguz hanyň ýokarda beýan edilen nesil daragtyndan görnüşi ýaly, hökümdarlyk hemişe atadan ogla geçipdir. Oguz hanyň döwründe iňňän gadym zamanlardan gelýän bu däp kämilleşdirilipdir we ösdürilipdir. Oguz hanyň nesihaty boýunça häkimiýet ýa-da tagt atadan ogla geçip bilşi ýaly, indi agasyndan inisine-de geçip bilipdir Oguz han türkmen tagtynda 116 ýyl adalatly hökümdarlyk edipdir. Nessilbaşymyz nesillerine pent hökmünde köp-köp öwütleri, nesihatlary berýär. Oguz han atamyz döwleti bitewilikde saklamagyň baş şertiniň bir agza bakmakdadygyny, agzybir bolmakdadygyny aýratyn nygtaýar. Şonda ol neberesine agzybirlikde nähili uly gudratyň - güýjüň bardygyny bir tymsalyň üsti bilen mysal edip görkezýär. Aýdylýan rowaýata görä, Oguz han nesillerine şeýle wesýet edýär:- Meniň wesýetime görä, menden soň ýerime Gün han bolsun. Onuň yzyndan ogly Gaýa han bolsun. Gaýa urugyndan han barka Baýat han bolmasyn. Ol diňe öz boýuna beg bolsun. Gaýa han bolsa, Baýat sag goluň begler begi bolar. Sol gol begler begi bolsa, Baýyndyrdyr. Şu tertipde aga barka ini agalyk etmesin, uly gardaş barka kiçi gardaş beg bolmasyn. Gaýa han on iki boý sag gola we on iki boý çep gola han bolar. Oguzlaryň däbine görä, tagta bolan hukuk atasyndan ogluna, agasyndan bolsa inisine geçip bilipdir. Seýle häkimiýet diňe bir türkmenlerde däl, eýsem dünýäniň aglaba milletlerinde-de kanuny hasap edilýär. Häkimýete hukugy bolmazdan, tagt eýelense, şeýle häkimiýet bikanun hasap edilýär. Bikanun häkimiýeti bolsa, ony beren Alla-da, bendeleri-de ykrar etmeýärler. Dünýä taryh ylmynda tagty miras almak bilen baglanyşykly «gerontokratiýa» – «neberäniň ýaşulysynyň häkimiýeti» diýlip atlandyrylýan düşünje saklanyp galypdyr. «Gerontokratiýa» adalgasyny türkmen dilinde «arka häkimiýeti» diýlip atlandyrylsa has hem düşnükli bolardy. Sebäbi türkmenlerde «ýedi arka» bilen baglanyşykly gadymy dessur bar. Halkymyzda diňe bir häkimiýet meselesinde däl, eýsem garyndaşlyk gatnaşyklary hem şu dessur esasynda amala aşyrylýardy. Arka häkimiýeti boýunça tagt mirasdara, ata-ogul gatnaşyklary esasynda däl-de, aga-ini ýa-da neberäniň, arkanyň ýaşulusynyň hukugy dessury esasynda geçip bilipdir. Şu dessur boýunça tagta patyşanyň ogly däl-de, patyşalyk edýän neberäniň ýaşulusy geçýärdi. Adatça, häkimýetden giden  patyşanyň inisi neberäniň iň ýaşulusy hasaplanypdyr. Ustesine-de, ol dowam edýän arkanyň, nesliň hem wekili bolupdyr. Şeýlelikde, tagtda oturyp hökümdarlyk etmeklik şu arka degişli hanzadalar gezekli-gezegine patyşalyk edip gutarýança dowam edipdir. Şundan soň tagt mirasy täze arkanyň nesilleri bolan şazadalaryň ygtyýaryna geçipdir. Mälim bolşy ýaly, tagta eýe bolmaklygyň gerontokratiýa usuly  giň ýaýran dessurlaryň biri bolupdyr. Bu usul Oguz hanyň dilinden aýdylýan «Şu tertipde aga barka ini agalyk etmesin, uly gardaş barka kiçi gardaş beg bolmasyn» diýen nesihata doly laýyk gelýär. Aýdylanlary halkymyzyň, şeýle hem dünýä taryhynda uly yz galdyran türkmen döwletleriniň taryhy subut edýär. Gadymy türkmen döwletleriniň biri bolan Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletini ägirt uly imperiýa derejesine ýetiren Mete hanyň bu ugurda amal eden işleri nusga alarlykdyr. Dessur boýunça Mete hanyň häkimiýeti ogly Gök hana miras galypdyr. Sebäbi Mete hanyň ornuny tutup biljek gardaşlary bolmandyr. Gök handan soň häkimiýet onuň ogly Gün hana miras galypdyr. Diýmek, tagta eýe bolmaklyk Oguz hanyň häkimiýeti miras galdyrmak dessurynyň birinji usuly (atadan ogla) boýunça dowam edipdir. Ýöne, Gün handan soň, häkimiýet onuň ogluna däl-de,  hanyň kiçi inilerine miras galypdyr. Sebäbi Gün hanyň inileri öz döwründe dowam edýän arkanyň ýaşululary bolupdyr. Täze nesiller häkimiýeti indi Oguz hanyň wesýet eden ikinji usuly boýunça (agasyndan inisine, uly gardaşyndan kiçi gardaşyna) miras alyp başlapdyrlar.Ýokardaky çyzgy gadymy hunlaryň – oguzlaryň giçki döwründe häkimýetiň nähili tertipde miras alnandygyny görkezýär. Bu ýerde-de häkimýetiň ýaşulylyk esasynda, başgaça aýdylanda, agasyndan inisine geçýändigi anyk görünýär. Seljuklar döwründe tagt mirasy galmaýan şazadalara uly welaýatlary mülk edip berýärdiler. Mülkleri soňra nesiden-nesle miras galdyryp bolýardy. Seljukly şazadalaryna berlen şol mirasdüşer mülkleriň esasynda soňra türkmenleriň Kermandaky, Yrakdaky,  Rumdaky we Şamdaky döwletleri döredi.  Türkmenleriň bu dessuryny dünýäniň köp döwletleri oňyn nusga hökmünde kabul edipdirler. Kiýew Rusyny we Moskwa döwletini dolandyran Rýurikleriň nesilşalygy hem amatly dessur hökmünde  Oguz hanyň tagty miras galdyrmak  tejribesini tä nesişalyk ýykylýança ulanypdyrlar. Orslarda asyrlar boýy dowam eden bu düzgüni meşhur taryhçy L.N.Gumilew «удельно-лествичная система» – «mülkdarlyk-basgançak (arka) ulgamy» diýip atlandyrýar. Bu düzgüni Rýuriklerden soň Orsýetde häkimýet başyna gelen Romanowlar (1613-1913) nesilşalygy ulanmandyr. Sebäbi Romanowlar özleriniň içeri we daşary syýasatynda Günbatara ýykgyn edýärdiler. Arka häkimiýeti çylşyrymly, ýöne örän oňyn dessur bolupdyr. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň kemala gelmeginde, onuň kuwwatly imperiýa öwrülmeginde we şol döwrüň türkmen jemgyýetine laýyk gelýän döwlet gurluşynyň kemala gelmeginde Mete hanyň ägirt uly hyzmaty bardyr. Mete han (b.e.ö. 209-174) tarapyndan döredilen we ösdürilen bu gurluş döwleti berkidipdir. Elbetde, tagta eýe bolmagyň ösen ulgamynda nesilşalykdaky şazadalaryň ýaşynyň ulylygy kän bir hasaba alynmandyr. Sebäbi dolandyryjy nesilşalykda ýaşulylygyň çylşyrymly hasabaty ýöredilipdir. Şonuň üçin hem kähalatlarda täze doglan hanzada oglanjyk nesilşalygyň iň garrysyndanam «ýaşuly» bolupdyr. Munuň özboluşly sebäbi bardyr. Käbir ýagdaýlarda hökümdaryň körpe ogly, onuň uly oglundan bolan agtygyndan birnäçe ýaş kiçi bolýardy. Emma ýaş şazada agasynyň oglundan ýaşy boýunça kiçi bolsa-da, derejesi boýunça ondan bir mertebe ýokarda durýardy. Sebäbi ol önki arkanyň, öňki nesliň dowamydy. Şazadanyň diňe bir uly agasynyň däl, eýsem beýleki agalarynyň ogullary hem täze arkanyň wekilleri bolupdyr. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, hökümdaryň körpe ogly, ýaşy kiçi bolsa-da, gürrüňsiz tagta eýe bolupdyr. Çünki onuň ata-babalaryndan gelýän neberäniň, öz arkasynyň ýaşulusy diýen derejesi bardy. Bir arka öňdäki nesliň sarpasy türkmenlerde häzir hem dowam edýär. Häzirki döwürde-de käbir adamlaryň agtyklarynyň ýaşynyň  onuň körpe oglundan uly bolýan ýagdaýlary bolýar. Emma agtyklar kakasynyň inisi bolup durandygy we bir arka öňdäki nesle degişlidigi üçin, ýaşy kiçi bolsa-da, oňa «ýaşuly» hökmünde uly sarpa goýýarlar. Ýaşululyk ýa-da arka usuly boýunça häkimiýetiň miras galdyrylmagy şazadalaryň  isleglerini doly kanagatlandyrypdyr. Adatça, häkimiýet atadan ogla geçende,  hökümdaryň miras düşmeýän beýleki ogullary nägile bolýardylar. Üstesine-de, nägile şazadalary ýurduň içindäki käbir matlaply syýasy toparlar hem goldaýardylar. Şunuň esasynda bolsa döwletiň içinde häkimiýet ugrunda özara uruşlar ýuze çykýardy. Tagt arka häkimiýeti esasynda miras galanda, beýle zatlar bolmaýardy. Sebäbi hökümdarlyk gezekli-gezegine, bir şazadadan beýleki bir şazada, dawa-jenjelsiz geçýärdi. Bu hakykatdan hem döwletiň ýaşaýşynyň belli-belli döwürlerinde adalatly düzgündi, döwletiň asudalygyny üpjin edýän, dolandyryjy nesilşalygyny biragza birikdirýän dessurdy.Tagty ata-baba ýörelgeler esasynda miras almak dessury Göktürkmenleriň döwleti döwründe has hem kämilleşdirilipdir. Bu türkmen döwletiniň taryhynda häkimýet agasyndan inisine, uly gardaşyndan kiçi gardaşyna miras galypdyr. Aýdylanlary aşakdaky çyzgy hem tassyk edýän bolsa gerek.                                            I arka.  1. Bumyn2. Istemi II arka. 3. Gara Yssy— 4. Mugan—5. Arslan—6. Ýokdan                      7. Garaçör 8. TürksanfIII arka. 9. Ýetdi 10. Çölli    11. Töremen  12. Emrek13. Tegin  14. Böri  15. Baga16.  ÝaňsowukIV arka.17.Ulug-18.Düzlük 19.Jangar- 20.Yşbara.  21. Iltegin--22. Basyl--23. Şeguý--24. Tünýabgu--25. Bagaşat V arka. 26. Türkşat 27. Çölli. 28. Tugber.29. Taman.30. Kölşat.31. Tarduş.32. Tegin. 33. Nişi. 34. Toňşat. 35. Böri.(meşhur taryhçy L.N.Gumilýowyň ýazgylarynyň esasynda)Dykgat bilen üns berlende Seljuk türkmenleriniň şejere daragtynda-da  «mülkdarlyk-arka ulgamynyň» ýa-da neberäniň ýaşulysynyň häkimýetiniň yzlaryny görmek bolýar. Tagty eýelemegiň bu usuly seljukly neslinden bolan soltanlara Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda asyrlar boýy hökümdarlyk etmäge mümkinçilik beripdir. Türkmenleriň Beýik seljuk, Kerman seljuk, Şam seljuk, Yrak seljuk we Rum seljuk döwletleriniň ýüze çykmagy we olaryň kuwwatly döwletlere öwrülmegi hut şu ulgamyň ulanylmagynyň esasynda boldy.Osmanly türkmen döwletinde Oguz hanyň tagty miras galdyrmak dessurynyň iki usuly hem ulanylypdyr. Döwletiň güýçlenýän we giňeýän döwründe häkimiýet atadan ogla, kuwwatly döwlete öwrülenden soň bolsa agasyndan inisine geçipdir. 1299-njy ýylda Osman Gazy tarapyndan döwlet esaslandyrylandan soň, osmanly tagty tä Muhammet III (1595-1603) döwrüne çenli diňe atadan ogla, soňra bolsa uly agasyndan inisine geçipdir. Muhammet III tagtdan gidenden soň, häkimiýet ilki onuň uly ogly Ahmet I (1603-1617), onuň yzyndan bolsa, kiçi ogly Mustapa I (1617-1628) miras galypdyr. Mustapa I soň häkimiýet ýene-de agasy Ahmet I ogullary Osman II, Myrat IV we Ybraýyma geçipdir. Ýöne, häkimiýet indi Ybraýymyň ogullary Muhammet IV, Süleýman II, Ahmet II miras galypdyr. Osmanly nesilşalygynyň on ýedinji arkasy bolan Mustapa II (1695-1703) häkimýeti, inisi Ahmet III (1703-1730), ondan soň bolsa, onuň uly agasy bolan Mustapa II ogullary Mahmyt I (1730-1754) we Osman III (1754-1757) geçýär.  Osman III-den soň tagt ýene-de Ahmet III-iñ ogullaryna geçipdir. Getirilen mysallary aşakdaky çyzgy subut edýär. 1. Osman 2. Orhan3. Myrat I                  4. Baýazit I5. Muhammet I6. Myrat II7. Muhammet II8. Baýazit II9. Selim I10. Süleýman I11. Selim II12. Myrat III13.Muhammet III14. Ahmet I                             15. Mustafa I16. Osman II          17. Myrat IV        18. Ybraýym19. Muhammet IV                             20. Süleýman II     21. Ahmet II                  22. Mustapa II                                       23. Ahmet III24. Mahmyt I           25. Osman III       26. Mustapa III      27. Abdylhamit I28. Selim III29. Mustapa IV          30. Mahmyt II31. Abdylmejit                32. Abdyleziz33.Myrat V             34. Abdylhamit II35. Mehmet Reşat36. Wahdetdin.Bu maglumatlar geçmişde türkmenlerde tagty miras almagyň özboluşly usulynyň bolandygyny görkezýär.Tagty miras galdyrmagyň Oguz han tarapyndan wesýet edilen dessurlarynyň yzlaryny beýleki köpsanly ownukly-irili türkmen döwletleriniň ählisinde diýen ýaly görmek bolýar.Türkmenlerde başarjaň han-begleri saýlaw ýoly bilen hem tagta çykarypdyrlar. Emma saýlaw esasynda tagta, birä döwletiň gowşan mahaly, birem halkyň dagynyk döwründe  eýe bolnup bilnipdir. Sebäbi ýurt üçin, halk üçin çylşyrymly pursatlarda döwletiň hökümdarlygyna başarjaň adamlary getirmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Şunda häkimýete gelýaniň  diňe bir ata-babalarynyň türkmen tagtyna eýe bolup bilmek hukuklary nazara alynman eýsem, tagta gelýäniň şahsy sypatlarynyň hem uly ähmiýeti bolupdyr.Türkmeniň meşhur serkerdesi hem-de hökümdary Nedir şa (1736-1747) hem häkimiýete saýlaw ýoly bilen gelen hökümdardyr. Nedir şanyň häkimýete gelen döwri türkmen hökümdarlygynyň uly kynçylyklara sezewar bolan yyllarydy. Sefewi türkmenleriniň hökümdarlygy diýseň gowşapdy. Mundan bolsa owgan taýpalary peýdalandy we türkmen döwletiniň ýerleri kesekiler tarapyndan eýelendi. Ýurtda türkmenleriň awşar taýpasyndan bolan Nedir hanyň baştutanlygynda owganlara garşy azadedijilik urşy başlady. Netijede, 1736-njy ýyla çenli Nedir han owganlary ýurtdan kowup çykardy we olaryň özlerini hem türkmen hökümdarlygyna tabyn etdi.Nedir şa Türkmeniň hökümdar saýlanyşy örän gyzyklydyr. Bu barada taryhçylar Mürze Mäti han, Muhammet Kazym, şyh Muhammedaly Hazin we ermeni patriarhy, katolikos Abram Kretasi gymmatly ýazgylary galdyrypdyrlar. Türkmenleriň şasyny saýlamak üçin gurultaý geçirmek karar edilýär. Gurultaýy türkmenleriň ata-baba ýaýlagy bolan Mugan çölünde geçirilipdir. Gurultaýa uly din wekilleri, metjitleriň ymamlary we kazylar, ermenileriň din wekilleri, hanlar we täsipli begzadalar, çarwa taýpalaryň serdarlary, şäherleriň galandarlary hatda şaher mähelleleriniň we obalaryň kethydalary hem çagyrylypdyr. Heniz görülmedik bu uly ýygnanyşyga 20 müň adam çözüji ses bilen gatnaşypdyr. Netijede, Mugandaky gurultaýy guramaçylykly geçirmek, oňa gatnaşyjylara hyzmat etmek üçin getirilen adamlary hem hasap edeniňde, jemi 100 müň adam ýygnanypdyr. Şunça mukdardaky adamlary ýerleşdirmek üçin 12 müňe barabar wagtlaýyn öýler, şol sanda metjitler, hammamlar, we bazarlar gurlupdyr.Mugandaky gurultaý 1736-njy ýylyň ýanwarynda açylypdyr. Şol ýlyň 21-nji martynda – Täze ýylyň bosagasynda, Nedir şa hökümdar saýlanypdyr. Şalyga göterilen Nediri türkmenleriň gadymy däbi boýunça, ak atkeçä mündüripdirler we soňra ýörite taýýarlanyp goýlan tagtda oturdupdyrlar Ýeri gelende aýtsak, 552-nji ýylda göktürkmenleriň hökümdary Bumyn han, sarahsly türkmenleriň serdary Gowşut han hem hanlyga göterilende ak atkeçä mündürilipdir. Mugandaky gurultaý Nedir şany hökümdar saýlamak, täze saýlanan şanyň adyndan gurultaýa gatnaşyjylaryň ählisine sowgat-serpaý gowşurmak bilen  tamamlanypdyr.  Geň-enaýy wakalara baý, özboluşly türkmen taryhynda her hili dessurlar – düzgünler bolupdyr. Türkmeniň baý gemişinde zenan patyşalar hem bolupdyr. Muňa mysal edip türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan massagetleriň hökümdary Tomiris – Tumarlynyň (b.e.ö. VI a.), saklaryň hökümdary Zarinanyň (b.e.ö.VI a.) atlaryny görkezmek bolar.Yslam dininiň oňlamaýandygyna garamazdan, tagt türkmenlerde musulmançylyk döwründe han neslinden bolan aýal-gyzlara-da miras galdyrylyp bilnipdir. Türkmen taryhynda tagta eýe bolan zenanlar bir ýa-da iki däl. Taryhy çeşmeler şindi oguzlaryň zamanynda Altyn Gözgi (Salyr Gazan alpyň aýaly), Barçyn Salyr, Şabaty hanym (Gaýa bayň gyzy, Çowdur alpyň aýaly), Günün Görkli, ýene-de bir Günün Görkli, Gerçebolady hanym (Alp Arslanyň gyzy), Kugatly hanym (Kynyk baýyň gyzy) ýaly zenan hökümdarlaryň bolandygyny habar berýärler. Türkmen taryhynda uly yz galdyran zenan hökümdarlaryň hatarynda Rumdaky Seljuk türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Gylyç Arslan II (1156-1188) gyzy, Kaýseriniň hökümdary Göwher Hatynyň, Saltyklar begliginiň hökümdary Mama Hatynyň (1191-1201), türkmenleriň Delidäki döwletiniň patyşasy Iltutmuş  soltanyň gyzy Radiýa Hanymyň (1236-1240), Kermandaky Gutlug han türkmenleriniň hökümdary Gutlug Hatynyň (1257-1282), ady agzalan döwleti 1293-1295-nji ýyllarda dolandyran Patyşa Hatynyň, Parsdaky Salyr türkmenleriniň döwletiniň iň soňky hökümdary Abyş Hanymyň (1263-1287) atlaryny görkezmek bolar. Ýöne, bu däp tagty saýlaw ýoly bilen miras almak usuly bilen birlikde, halkymyzda hemişelik dessura öwrülmändir.Türkmeniň Oguz handan miras galan tyllaýy tagty hakyndaky gürrüňlerden mälim bolşy ýaly,  halkymyzyň beýleki nusgawy dessurlary bilen bir hatarda, mirasdüşerlik hukugy hem milletimiziň özboluşly däpleriniň biri bolupdyr. Asyrlaryň dagynyklygyndan we döwletsizliginden soň Garaşsyz hem baky Bitarap türkmen döwletiniň döredilmegi bilen, ýurdumyzyň dolandyryş ulgamynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, many-mazmuny millilige ýugrulan bütinleý täze dolandyryş nusgalyklary kemala geldi.

Jumadurdy ANNAORAZOW,taryh ylymlarynyñ kandidaty.


www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir