Gadymy golýazma sungatymyz

Orta asyrlarda türkmenleriň Beýik Seljuk, Osmanly, Garagoýunly, Akgoýunly we Sefewi döwletlerinde medeniýetiň ösmegi, dünýewi edebiýata we sungata gyzyklanmanyň güýjemegi bilen Türkmenistanda we türkmenleriň döwlet guran musulman Gündogarynda bezegli golýazma kitaplaryna bolan isleg artypdyr we ol kem-kemden çeper döredijilikde möhüm orna eýe bolupdyr. Şol döwürler Gurhandan we onuň teswirinden başga-da Gündogaryň meşhur orta asyr alymlarynyň, şahyrlarynyň we ýazarlarynyň tebigat ylymlary, taryhy we edebi-çeper eserleriniň golýazmalary döredilipdir. Eger-de Gurhany Kerime gözel nagyşlar çekilen bolsa, dünýewi häsiýetdäki eserler ajaýyp suratlar we nagyşlar bilen bezelipdir. Bu bolsa diňe bir hatdatlygyň ýa-da suratkeşligiň ösmegine däl, eýsem golýazmalaryň çeper bezeg sungatyň aýrylmaz bir bölegine öwrülmegine getiripdir. Dürli asyrlarda türkmen çeper bezeg sungatynyň ussatlarynyň elinden çykan Ibn Bagtyşyň « Menafi ul-Haýawan» («Haýwanlaryň peýdasy») (1291), Reşid ed-Diniň «Jemi at-Tawarih» («Ýyl ýazgylarynyň ýygyndasy») (1314-1318), Ferdöwsiniň «Şanama» (1333), Nyzamynyň «Hamsa» (1539-1543), Hafyzyň «Diwan» (1518-1540), Ysmaýyl şa Hataýynyň «Diwan» (1535-1536), Jamanyň «Silsilat uz-Zahab» («Altyn halka») (1549), «Sabhat ul-abrar» («Takwalaryň tesbisi») (1613-1614), Muhammet Fizulynyň «Diwan» we başga-da ençeme alymlaryň we söz ussatlarynyň eserleriniň gözel nusgalyklary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Elbetde, golýazma sungaty bir ýylda ýa-da on ýylda kemala gelen senet däl. Ol türkmen soltanlarynyň we emirleriniň aladalary we hyzmatlary bilen asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşipdir. Türkmen hökümdarlarynyň köşkleriniň ýanynda ýerleşen ussahanalarda senet ussatlary ýokary hilli kagyzlary, kartonlary (jilt kagyzy), syýalaryň we reňkleriň dürli görnüşlerini, ýelim, lak we başga-da golýazma kitaplaryny döretmek üçin zerur bolan ähli zatlary öndüripdirler. Gündogaryň belli hatdatlary Myraly Töwrüzliniň (XIV-XV), Soltanaly Maşadynyň (XV-XVI) Kazy Ahmediň (XVI), Mustapa Aly Çelebi Türkmeniň, taryhçy Isgender beg Türkmeniň, aýratyn hem XVI asyryň ikinji ýarymynyň we XVII asyryň başlarynyň belli türkmen suratkeşi, taryhşysy we şahyry Sadyk beg Awşaryň eserlerinde ajaýyp golýazmalaryň döredilişi we bu işde zerur bolan zatlaryň öndürilişi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Ady agzalan ýazarlaryň işlerinde golýazmalaryň dörediliş taryhy, onuň çeper bezeg sungatynyň aýrylmaz bölegine öwrülişi anyk mysallaryň esasynda beýan edilýär.  Orta asyrlarda Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem köşk sungaty bolan ajaýyp bezelen golýazma kitaplarynyň sungat derejesine ýetirilmegi üçin birnäçe şertleriň bolmaklygy zerurdy. Golýazma sungaty köp hysyrdyny, maliýe we maddy serişdeleriň sarp edilmegini talap edýärdi, şonuň üçin bu işi diňe şalaryň we emirleriň köşklerinde ýerine ýetirip boljakdy. Şol şertler bolsa dürli çeperçilik hünärleriniň ussatlaryny saklamakdan, olaryň köp ýyllyk işlerini zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmekden, ussatlary şeýle gymmat seişdeler bolan altyn we kümüş, gymmat baha minerallar-daşlar,  ýokary hilli el kagyzy, gön we başgalar bilen üpjün etmekden ybaratdy. Sungatyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, çeper golýazmalary  döretmek işine senetçilik hünärleriniň dürli ugurlarynyň hünärmenleri hatdatlar, suratkeş – miniatýuraçylar, nagyşçy–gyzyl çaýýanlar we çeper jiltlemäniň ussalary gatnaşýardylar. Çeper golýazmalary döretmekde esasy hünärmenlerden başga-da onuň döredilmegine gyzyl taplaýjylar we çaýyjylar lakçylar, deriniň ýüzüne nagyş çekijiler, ak, «mermer»  we reňkli kagyzlary, kartonlary, laklary, reňkleri  ýasaýjylar we başgalar zähmet çekipdirler. Dürli senetleriň ussatlary tarapyndan köpçülikleýin ýerine ýetirilýän bu işlerde, belli wezipeleri we maksatlary bolan, yzygiderlilik we özara baglanşyk tutuş golýazmanyň çeper birleşigini we umumylylygyny we onuň ýerine ýetiriliş taýdan kämil bolmagyny üpjün edipdir. Çeper  golýäzmalaryň döredilmeginde hatdatyň  hyzmaty we jogapkärçiligi örän ýokarydy, sebäbi ol golýazmanyň hatyny ýöne sünnäläp göçüräýmek bilen çeklenmän, ol ýa-da beýleki edebi-çeper eseriň golýazmasynyň özboluşly baş redaktory hem bolupdyr. Hatdat golýazmanyň mazmumyny göçürmekde ýazuw düzgünleriniň kufi, nash, talik, nastalik, suls, rega we başga usullaryny ussatlyk bilen ulanypdyr.  Şeýle hem hatdat suratkeş - miniatýuraçy tarapyndan  çekiljek golýazmanyň mazmunyna laýyk geläýjek şekilleri hem kesgitläpdir.     Şalar ýa-da ýerli emirler tarapyndan buýrulan golýazma surat çekmäge degişli bolsa onuň üstünde hatdatdan soň suratkeş işläpdir. Suratkeşiň işiniň yzygiderliligi şeýle bolupdyr:ol öz çekjek suratynyň mysaly nusgasyny suwda öllenen sürteç bilen kagyzyň ýüzüne geçiripdir. Kagyzyň ýüzüne siňen suw guranyndan soň, onuň yzy bilen gyzyl ýa-da gara syýa bilen suratyň mysaly şekilini çekipdir. Onuň üstünden ýelim bilen ýumurtga sarysynyň garyndysyny çalyp, kagyzyň ýüzüni ýalpyldadypdyr. Şundan soň suratçylar nusganyň ýüzüne gerekli reňkleri çalyp, islän suratlaryny çekip bilipdirler. Suratlardaky käbir görnüşler – asman, toprak egin-eşikleriň, adam şekilleriniň we beýan edilýän dürli zatlaryň aýry-aýry ýerlerine kähalatlarda altyn hem çaýylypdyr. Kümüş bolsa köplenç çeşme-bulaklary şekillendirmek üçin ulanylypdyr. Miniatýura suratlary çekilende onuň düşegine ýumurtgaly, lakly we ýelimli reňkleri çalypdyrlar. Muňa suratkeşlik sungatynda suratyň çekiljek ýerini düşekleme diýip atlandyrýarlar. Düşekleme suratyň ýeriniň ýylmanak bolmagyna we oňa çalynan reňkleriň düşege has berk ýapyşmagyna oňyn täsir edipdir we şeýle suratlar golýazmanyň özi ýaly köp asyrlap üýtgemän saklanypdyr. Golýazmadaky suratyň ýeri düşeklenilende gurşunly ak reňk aýratyn giň ulanylypdyr. Ol hem peýdaly hem-de amatly bolupdyr, sebäbi ak düşek köp öwüşgünli suratlar çekilende reňkleriň aýdyň görünmegine gowy täsir edipdir. Ähli reňkler düzümi boýunça üç topara – ýumurtgaly, lakly we ýelimli reňklere bölünipdir. Sadyk beg Awşar özüniň «Kanun as-Suwar» («Şekilleriň [çekilişiniň] düzgünleri») eserinde lakly reňk bilen işlemegiň çylşyrymlydygyny belläp:- Eger-de zerurlyk ýüze çyksa lakly surat çekmägeSen isleseň-islemeseň tertipli bolmaly bolarsyň - diýip ýazypdyr. Soňra ol lak bilen işlemegiň yzygiderligini şeýle beýan edýär:                            - Sen öňi bilen eseriň ýerini düşeklemeli bolarsyň.Düşekleme - bu ýoldyr, ony bilmek hökmandyr. [onuň düzümi ösümlik] we balyk ýelimi, hem-de gurum bilen üzüm şiresi.Düşeklemeden soň bu sungatdaSeniň serişdeleriň lak bilen ak reňkdir.Düşek ýeri ýitýänçä, ak reňk bilen iki gezek geçmeli.Şundan soň islän işiňe başlaber,Islän reňkiňi alda çalyber.Golýazmanyň bezeg işlerini hatdatdan we suratçydan  soň «lawwah» (nagyşçy-gyzyl çaýyjy) dowam etdirip, ol golýazmanyň herbir sahypasyny owadan nagyşlar we bezegler bilen bezäpdir. Aýratyn buýurulýan golýazmalara lawwah altyn-kümüş çaýypdyr, olaryň ýukajyk gabygyny golýazmanyň zerur ýerlerine geýdiripdir ýa-da ýelmäpdir. Golýazmanyň bezeg işlerini «sahhaf» (sahypaçy- jilitçi) tamamlapdyr. Ol golýazmanyň ähli sahypalaryny bir ýere jemläp tikipdir we jiltläpdir. Şunuň bilen bir hatarda jildi hem içinden hem-de daşyndan çeperçilik bilen bezäpdir. Jiltçi şunda öz döwründe  Gündogarda ulanylan jiltlemäniň dürli usullaryny ulanypdyr.Orta asyrlarda hatdatlaryň, suratçylaryň, gyzyl çaýyjylaryň, jiltçileriň işleri üçin zerur bolea zatlar olaryň özleri tarapyndan ýa-da dürli senet ussatlary tarapyndan ýasalypdyr we taýýarlanylypdyr. Hatdatlar, suratçylar, sahypaçylar we jiltçiler, kagyz, karton öndüripdirler we golýazmanyň bezegi üçin zerur bolan göni-derini adaty we özleri tarapyndan kämilleşdirilen usullar bilen eýläpdirler. Hatdatlar, nagyşçy-bezegçiler, suratçylar syýa, reňk sürteç (çotga), suwuk görnüşindäki we gabyjak görnüşindäki altyn we kümüşi, şeýle hem beýleki zerur zatlary, olary taýýarlamagyň usullaryny has-da kämilleşdirmek arkaly özleri taýýarlamagy başarypdyrlar. Çeper senediň her bir ussadynyň köplenç halatlarda ol ýa-da beýleki bir serişdäni öndürmekde öz usuly bolup, şol usuly iň amatly hasap edip, ony gizlinlikde saklamaga çalyşypdyr. Şu ýerde orta asyrlarda senetçilik önümçiliginiň berk düzgün-tertibiniň bolandygyny hem göz öňüne tutmak gerek. Sebäbi syrlaryň saklanylmagy ussat senetçilere ajaýyp eserleri döretmäge we şonuň esasynda oňa gün-güzeranyny aýlamaga mümkinçilik berýärdi. Hatdatlar, suratçylar we çeper bezeg sungatynyň beýleki ussatlary özleriniň hünär syrlaryny gizlinlikde saklapdyrlar, ony diňe öz çagalaryna öwredipdirler. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä  käbir ussalar bu syrlary hat-da öz çagalaryndan hem gizläpdirler.  Bu barada Sadyk beg Awşar: «Senedini hatda öz çagalaryna-da öwretmek islemeýän ussalaryň öwretmegine garaşma. Eger-de seniň başarnygyň bu sungaty özbaşdak öwrenmekden ejiz gelse, ömürboýy şägirt bolup galarsyň» diýip ýaş ussatlara özbaşdak işlemekligi we kämilleşmekligi maslahat beripdir. Kagyz golýazmalary döretmekde esasy şerişdeleriň biri bolup durýar. Sebäbi kagyz golýazmanyň süňňi we durkydyr. Ähli ýazylýan ýazgylar, çekilýän suratlardyr nagyşlar esasan kagyzyň ýüzüne çekilýär. Entäk musulman Gündogarynda kagyz ýüze çykmanka golýazma kitaplary döredilende papirus, deri, pergament, kendir, süňk, taňňyt (keramika) we agaç ýaly zatlary ulanypdyrlar. Emma bularyň hersiniň özüne ýetik kemçiligi bardy. Papirus ýeňil bolupdyr ýöne port, taňňyt – döwlegen, kendir bolsa tiz çüýräpdir. Orta Gündogarda kagyzy VIII asyrda ilki Samarkantda, Merwde, soňra bolsa halif Harun ar-Reşidiň döwründe Bagdatda öndürip başlapdyrlar. Täze we arzan serişde bolan kagyz şeýlelik bilen pergament bilen papirusyň ýerini çalşypdyr. Ýöne, Gurhan döredilende X asyra çenli pergament ulanylypdyr. X-XI asyrlarda kagyz öndürmeklik Orta we Ýakyn Gündogara doly ýaýrapdyr. Şol döwürlerde Türkmenistanyň häzirki ýerinde Merwde, Köneürgençde we Sarahsda kagyz öndürülipdir. Emma XIII asyrda Çingiz hanyň talançylykly ýörişlerinde bu şäherler weýran bolandan soň Türkmenistanda kagyz öndürülmändir. Oňa derek türkmenleriň höküm süren döwletlerinde kagyz öndürmeklik giň gerime eýe bolupdyr we kagyzlaryň hili boýunça tapawutlanýan dürli görnüşleri ýasalypdyr. XIV-XVII asyrlarda kagyzyň Töwrüziň reňkli kagyzy («gawuny»), «soltany», «bagdady», «samarkandy», «yspyhany», «buharaýy», «hytaýy», «hanbalygy», «sürmeýi», «tirmeýi», «adylşahy», «nyzamşahy» we «hindi» ýaly kagyz görnüsleri köpçülikleýin öndürilipdir.       Kagyz dürli serişdelerden ýasalypdyr. Kagyzlaryň bir görnüşi ýüpegiň arassa darakdişinden alynypdyr. Şeýle kagyz özüniň dykyzlygy, iňňän arassalygy we ýuzüniň ýylmanaklygy bilen tapawutlanypdyr. Kagyzyň beýleki bir görnüşi ýarym ýüpek görnüşinde bolup, ol ýüpek we kenep ýüplükleriniň garyndasyndan alynypdyr. Ol hem dykyz bolupdyr we üstünde işlenelinde gowy ýalpyldapdyr. Elbetde, kagyz öndürmeklik munuň bilen tamamlanmandyr. Kagyz alynandan soň ony mazaly petläpdirler, soňra bolsa ýaldyradypdyrlar. Kähalatlarda bolsa zerur öwüşgini bermek üçin kagyzy reňkden doýurupdyrlar. Ýüzüne hat ýazmak, nagyşdyr surat çekmek, altyn – kümüşiň külkesini çaýmak üçin niýetlenen kagyzy adatça krahmallapdyrlar (petläpdirler) we ýalpyldalypdyrlar. Sebäbi krahmallanan we ýalpyldadylan kagyzda galam gowy ýazypdyr we hat dogry düşüpdir, ergin görnüşdäki altyn-kümüş bolsa açyk ýaldyrapdyr. Pet kagyzyň ýüzündäki nätekiz ýerleri ýapypdyr, syýadaky suwuklygyň kagyza siňmeginiň we ýaýramagynyň öňüne alypdyr. Petlenilmedik kagyz syýanyň we reňkleriň düzümindäki garyjy we ýapyşdyryjy maddalary özüne siňdiripdir. Şeýle kagyzlarda syýa ýaýrap gidýär we harplaryň şekili bozulýar. Metal külkeleri bolsa tozap gidýär we olary ýalpyldadyp bolmaýar.  Petlemek üçin krahmal çyryşyny şeýdip gaýnadýarlar: Öňi bilen krahmal bilen suwy garyp goýutmak edýärler, soňra suwuklandyryp az wagytlyk güýçli otda gaýnadýarlar. Alynan ergini süzüp ýumşajak mata bilen kagyzyň ýüzüne çalýarlar. Şundan soň kagyzyň ýüzündäki büdür – südür we ýygyrt atan ýerlerini mazaly öllenen mata bilen tekizleýärler. Krahmallanan kagyz gurandan soň ony ýalpyldadýarlar. Ýalpyldatmak üçin petlenilen we guradylan kagyzy kaştan agajyndan edilen ýasyja tagtanyň ýuzüne goýup, onuň ýüzüni ýylmanak zatlar, meselem, aýna ýumurtga, çüýşe bilen ýaldyradýarlar.                 Sadyk begiň reňkleriň alnyşy we taýýarlanylyşy barada berýän maglumatlary has hem gyzykly. Gurşunly ak reňkiň alnyşy barada ol şeýle maglumatlary getirýär. Zerur mukdardaky gurşuny toýun gaba salyp, ony aşagynda ot ýanyp duran taganyň üstünde goýýarlar. Erän gurşuny demir kepgir bilen endigan garyp, bu işi tä ergin gurşun howadaky kislorod bilen birleşip garamtyl-çal külkä öwrülýänçä dowam etdiripdirler. Şundan soň gabyň agzyny mäkäm ýapyp üstünem basyryp goýupdyrlar. Gap gowy sowandan soň alnan maddany duzly suwyň ergini bilen gowy edip ýuwupdyrlar. Bu işi üç gezek gaýtalanlaryndan soň alnan madda naşatyr goşup, sirke bilen eýläpdirler. Endigan eýlemek bilen onuň düzüminden naşatyry gidiripdirler we maddany guradyp gaýtadan sirke bilen eýläpdirler. Ikinji gezek ýuwulandan we gowy gyzdyrlandan soň ak reňk emele gelipdir. Ýene-de bir ýola ýuwulandan soň emele gelen maddany çökündilerden arassalapdyrlar.     Mämişi reňkiň alnyşy barada-da Sadyk beg gymmatly maglumatlary berýär. Onuň hödürleýän usulyna görä, bu reňki almak üçin gurşunly ak reňki dowamly gyzartmaly we ony yzygider bulap durmaly bolupdyr. Bu iş dowam edip duran mahaly gyzardylýan madda howa bilen garyşypdyr we mämişi reňkiň kemala gelmegine ýardam edipdir. Bu barada Sadyk beg: « Ony    [ak reňki] gaýtadan gyzartsaň … arassa we çökündisiz mämişi reňk emele geler» – diýip ýazýar.     Suratkeşlikde giňden ulanylýan gyzyl reňki Gündogar Hindistanda ösýän santal agajyndan alypdyrlar. Bu agajyň owradylan bölejiklerini aşgarly ergine atyp gaýnadypdyrlar. Soňra alnan maddany toýun bilen garyp lak alypdyrlar. Sadyk begiň usuly boýunça santal agajynyň şahajyklaryny suwda gaýnadyp, ondan lagy aýyrýarlar we ondan alynan önümi sabynly ergin bilen gaýnadýarlar. Gaýnap duran ergini reňkleýji madda bölünip çykýança çöpjagaz bilen bulaýarlar. Soňra ony üwelen hek bilen mazaly garýarlar. On gezek gaýnadylyp sowadylandan soň alynan ergini süzýärler. Emele gelen maddany gaýtadan gaýnadyp ony guradýarlar. Şeýlelikde lakly gyzyl reňkiň külkesi alynýar. Dogry, külke görnüşinde ol ýaşýl reňkde bolýar, ýöne ýelim, lak we ýumurtga sarysy goşulyp ergin görnüşine getirlende ol gyzyl reňke öwrülýär.         Açyk gyzyl öwüşgünli simap reňki. Bu reňki Sadyk beg gaty jyns görnüşdäki simap bilen kükürdiň garyndasyndan almagy maslahat berýär. Bu reňki almagyň usulyny ol goşgy sebirleri bilen şeýle beýan edýär:- Üç-dört mysgal simap tap.            At onuň üstüne üç mysgal kükürt.          Garyndyny bir sagatlap, ondanam köp,
Daşyň üstünde mazaly owrat.                
Üns berme eger-de peýda bolsa gara kül
Sal ony daşyna palçyk çalnan bir aýna gaba
Ot ýak aşagynda günortandan agşama.
Setirlerden görnüşi ýaly ussat simap bilen kükürt garylanda gara külkäniň emele gelmegine üns bermeli däldigini, çünki külke soňra gyzdyrylyp sowadylandan soň onuň gyzyl reňkli gaty jisime öwrilýändigini belleýär. Açyk gök reňki almak üçin tebigy lazurit meneralyny-magdanyny ulanýarlar. Özüniň himiki düzümi boýunça lazurit natriniň kremturşy duzunyň ikilemesi bolup durýar. Lazurit Badahşandan getirilipdir.  Emma lazuritiň bahasynyň gymmat bolandygy üçin onuň ýerine Sadyk begiň ýazmagyna görä, misi, sirkäni we naşatyry ulanyp emeli usulda, gök reňki almagy başarypdyrlar. Lazuritden edilen gök reňki almak üçin, lazuriti gowy edip üweýärler. Soňra un elekden geçirip, bagdat sabyny bilen ýuwýarlar. Adatça reňk almak üçin lazuritiň açyk we ýaldyrawuk hilisini ulanypdyrlar. Lazuriti ýuwmaklyk şeýle tertipde amala aşyrylypdyr: arassa gaba gyzyn suw guýup onuň içine sabynyň bölejiklerini atýarlar we ony köpürjikleýänçä gaýnadýarlar. Elekden geçirilen külke lazuriti sabynly suwa atýarlar we ony gowy edip bulaýarlar. Külke lazurit gabyň düýbüne çöker ýaly ony bir sagatlap goýýarlar. Soňra suwuny döküp çökündini arassa sabynly suw bilen ýuwýarlar. Şeýdip lazurit külkesi onuň düzüminden gerekmejek zatlar aýrylýança birnäçe gezek ýyljajyk sabynly suw bilen ýuwup durýarlar. Şundan soň emele gelen çökündini guradýarlar we şepbik bilen eýleýärler. Eýlemeklik birnäçe gezek amala aşyrylýar: arasalanylan külkäni birnäçe damja şepbik bilen garýarlar we ony goýutmaga öwürýärler, soňra ony üstüne şepbigiň erginini guýup we eýläp, has suwuk hala getirýärler.  Şepbik köpräk goşulsa alnan reňkiň ýaşylymtyl öwüşgüni bolýar. Şonuň üçin hem Sadyk beg lazurit külkesi bilen şepbik garylanda onuň ölçegine üns bermelidiniň belleýär.     Golýazmalary döretmekde zerur serişdeleriň biri-de ýelim bolup durýar. Sebäbi ýelim bu iş ýerine ýetirilýän mahaly giňden ulanylýar: reňk taýýarlamakda, suratlaryň ýeri düşeklenilende, sahypalananda, jiltlenende we başga-da ençeme ululy-kiçili işler edilende ýelim giňden ulanylypdyr. Orta asyrlarda ýelimi balygyň dürli görnüşleriniň iç goşundan, derisinden, süňklerinden we ýüzgüçlerinden, şeýle hem dürli ösümlik şepbiklerinden alypdyrlar. Ýelim köplenç balygyň galyndylaryndan edilipdir. Şonuň üçin hem «balyk ýelimi» has giň ýaýrapdyr we ulanylypdyr. Balyk ýelimi akjymak-sarymtyl reňkde bolup, onuň alnyşy şeýle bir çylşyrymly bolmandyr. Balyk ýelimi sowuk suwda çişegen, gyzgyn suwda bolsa ýeňillik bilen eräp gidýär. Balyk ýelimi reňkler ýasalanda-da giňden ulanylypdyr. Sebäbi düzüminde ýelimiň bolmaklygy reňkleriň kagyzyň ýa-da başga zatlaryň ýüzünde uzak wagtlap saklanmagyna ýardam edipdir. Reňkleriň düzümine ýelimiň goşulmagy takyklygy talap edipdir. Reňke zerur möçberde ýelim goşulanda, ol reňkiň doýgunlygyna, ýumşaklygyna we guran mahaly reňkiň owüşgüniniň üýtgemezligine ýardam edýär. Eger-de reňke ýelim köp goşulanda reňk özüniň öwüşgünlerini ýitiripdir we reňk çalnan ýerlerde menek peýda bolupdyr. Şonuň üçin hem Sadyk beg Awşar: «Eger-de seniň reňkiňde ýelim az bolsa edil gury kül ýaly pytyrar, a eger-de köp bolsa, [onda reňk] şepbeşer; diýmek, [ýelimiň] ölçegini bilmeli» – diýip duýdurýar.    Suratçy ussalar we hatdatlar ýelimi kagyzyň ýüzünde kä halatlarda peýda bolýan ýag meneklerini ýa-da tötänleýin ýag degende ony ýuwup aýyrmak üçin hem ulanypdyrlar. Bu barada Sadyk beg şeýle gymmatly maslahat berýär. «Eger-de edip oturan işiňe ýagly eliň degäýse, ony balyk ýeliminiň ergini bilen howlukman ýuw we seniň çalan reňkiň endigan we doly bolar ýaly şol reňk bilen birnäçe gezek geç. Köp ýa-da az geçendigiňe gynanma, ahyry seniň işiň düzelse bolany».    Suratkeşlikde we hatdatlykda galam esasy ulanylýan gurallaryň biri bolupdyr. Hatdatyň galamyny, suratkeşiň sürtejiniň bir görnüşini (ol hem galam görnüşinde bolupdyr) öndürmekde esasy çig mal-gamyş hyzmat edipdir. Galamyň we sürtejiň-çotganyň dessesi-sapjagazy gamyşdan ýasalypdyr. Orta asyrlarda galam ýasamak üçin gamyşyň üç hili görnüşi ulanylypdyr: wasiti, amuýi we mysry-mazendarani. Hili boýunça birinji ýerde Yrakda (wasiti), ikinji ýerde Amyderýada (amuýi) we üçünji ýerde bolsa Müsürde we Mazendaranda (mysry-mazendarany) ösýän gamyş durupdyr.     Suratkeşiň we nagyşçynyň sürteji (çotga) inçe işler üçin aýratyn ýumşaklygy we inçeligi bilen tapawutlanypdyr. Sürteç üçin tüý iki aýlyk pişijegiň ýeňsesinden alnypdyr. Kähalatlarda gowy hilli tüý almak üçin suratçylaryň özleri pişik idedipdirler. Pişigiň ýeňsesinden gaýçy bilen gyrkyp alnan tüýi gyzgyn suwda gowy edip ýagdan arassalapdyrlar. Ýagdan arassalanan tüýjagazlary taňňydyň (küýze bölejigi) üstünde guradyp, ondan kinniwanja dessejikleri taýýarlapdyrlar. Dessejikleri ýüpek ýüplik bilen bogýarlar, şunda dessejigiň ortarasynda beýlekilere görä uzynja ýekeje tar gyl galdyrýarlar. Dessejik taýýar bolandan soň ony kepderiň ganatyndan alnan ýelegiň ujuny ölläp, dessejige geýdirýärler. Kepderiniň ganatyndan alynan ýelekleri suratkeşligiň has inçe işlerini ýerine ýetirenlerinde ulanypdyrlar, gamyşdan edilen sürteç bilen bolsa uly işleri, meselem, çekiljek suratlaryň ýerini düşeklemekde ulanypdyrlar. Sadyk begiň bellemegine görä, kepderiniň her ganatyndan sürteç ýasamak üçin zerur bolan uly ýelekleriň üç sanysyny alyp bolupdyr.     Sadyk beg Awşar «Kanun as-suwar» işinde sürteji ýasamak üçin pişigiň tüýünden, çal belkanyň guýrugundan alynýan tüýüň has amatlydygyny we hiliniň ýokarydygyny, sürtejiň dessesi üçin bolsa kepderiniň ýelegine derek, gazyň ýeleginiň has amatlydygyny tekrarlaýar. Ökde ussalar günüň dowamynda sürteçleriň iki-üç sanysyny ýasap bilipdirler. Sürteç bilen işlemegiň aýratynlygy, hatdatlaryň gamyş galamyny üç barmagy bilen tutuşlary ýaly däl-de, Sadyk begiň görkezişi ýaly, iş endigan we ýeňil gider ýaly sürteji iki barmagyň arasynda saklamaly, beýleki üç barmak bolsa olara tekge bermeli bolupdyr. «Işläňde ynamly işlemeli we sürteji eliňde ýeňil saklamaly» – diýip Sadyk beg maslahat berýär. Golýazmalaryň diňe bir çeper eser bolman, eýsem özboluşly sungat eseridigini  biz eýýäm belläpdik. Golýazmalary döretmekde olara aýratyn bezeg we gymmatlylyk bermek üçin, altyn-kümüş hem giňişleýin ulanylypdyr. Altyn-kümüş ýasyja gabyk görnüşünde-de, ergin görnüşnde-de golýazma bezeginde köp ulanylýar. Ýöne bu iş örän kyn bolupdyr. Aýratyn hem   altyn-kümüşi ergin görnüşine getirmek has kyn we hysyrdyly iş hasap edilýär. Altyn-kümüşiň erginini almak üçin ony öňi bilen külke halyna getirmeli bolýardy. Munuň üçin golýazmanyň döredilmegine gatnaşýan zergär bu gymmatly magdanyň - metalyň uly bolmadyk bölejiklerini alyp olary birnäçe gat edilip goýlan sugun derisiniň kijijik bölejikleriniň içine dolapdyr we onuň daşyny inçejik sim bilen sarapdyr. Soňra ony çekiç bilen ýenjip altyny ýa-da kümuşi ýukajyk gabyga öwüripdir. Gabygyň ýüzüne ýelmeşen deri bölejiklerini zergär päki bilen deriň ỳüzünden arassalapdyr. Alnan gabyjaklary külke görnüşe getirmek üçin olary gury ýelim bilen garyp agaç çekiç bilen daşyň ýüzünde ownujak bölejiklere bölüşdirýärler. Şunda altyn ýa-da kümüş bölejikleri ýelim bilen garyşyp goýutmaga öwrülipdir. Soňra ony ýelim doly ereýänçä suwda gaýnadýarlar. Alnan suwuk ergini ergindäki metal gabyň düýbüne çökýänçä üç sagatlap goýýarlar we suwuklygy bolsa dökýärler. Metal görnüşindäki külke çökündini arassa suw bilen ýuwup guradýarlar. Zerurlyk ýüze çykanda külkäni balyk ýelimi bilen garýarlar. Altyn külüň öwüşgünini güýçlendirmek üçin oňa belli bir derejede aşgar erginini hem goşupdyrlar. Sadyk beg suwuk altynyň ýa-da kümüşiň alnyşynyň başgarak usulyny teklip edýär: - Arassaja balyk ýelimini al, ölle-de ony soňra otda goý.Ýag ýoky degmedik arassa gaba, edil şunuň ýaly ergin ýelim guý.Ýöne, pikir eýle ölçeg barada.Deň bolmaly ölçegi altyn bilen ýelimiň.Ỳarym owradylan duz dänelerini at içine we bula, eý ynsan ogly!Gury eliň bilen bulamaly däl, çünki gura ýelmeşýändir öl.Barmagyň uçlaryny suw bilen ölläp, dowam etdir bu işi,Suw sepele üstüne, ýöne oduny öçürme.Bula ony bir sagatdan gowurak, eý ussat kişi!Ýöne ondan geçirme.Bulanyňdan soň ony bir sagat, işi tamam eýle ýyly suw bilen.Haçanda gaby çaýkap goýaňsoň, ondaky ergini derrew käsä guý.Ergini alaňsoň eý alym kişi!Oňa ýarym sagat el degirmän goý.Çökýänçä garaş gabyň düýbüne.Ondan ussat adam goý haýyr görsün.Altyn ýa kümüş doly çökensöň,Gabyň ýokarsyna suwy çykansoň, dök ol suwy eger beter köp görseň.Şundan soň az-azdan işe başlaber Sungat şalygyna aralaşyber.  
■ Lak önüminiň alnyşy.
Çeperçilik önümçiliginde lak ulanmaklyk gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Lagyň bu görnüşini owradylan we gaýnadylan şepbigi kenep ýagy bilen goşup alýarlar we ony suratkeşlikde giňden ulanypdyrlar. Lagy golýazmalaryň bezeg işleriniň hemmesinde, zerlemekde, altyndyr kümüş çaýmakda, düşekleme üçin hem peýdalanypdyrlar.     Lak gaýnatmak üçin ulanylýan şepbigi Demirgazyk Afrikada ösýän pürli agaçlardan alýarlar. Şepbik sary reňkde bolup, ol däne görnüşinde, aňyrsy görnüp duran, pytragan maddadyr.     Sadyk beg Awşar lak gaýnadylyşynyň düzgünleri barada-da gymmatly maslahatlary berýär. Lak gaýnatmak üçin bir man (3 kg) şepbigi alýarlar we onuň dänejiklerini çekiç bilen owradýarlar. Taganyň üstüne küýzeden edilen gaby goýup, onuň bar ýerini palçyk bilen suwap, gaby gowy gyzdyrmak üçin onuň bar ýerine kerpiç we daş örülýär. Soňra aşagynda güýçli ot ýakýarlar we Sadyk begiň ýazyşy ýaly «edil demirçiniň demir hem-de polady körükde gyzardyşy kimin» gyzdyrýarlar. Gyzan gaba üwelen şepbigi atyp, kepgir bilen bulap ony eredýärler. Şunda Sadyk beg bu işiň örän howlydygyny we gapdan uzagrakda bolmaklygy  guýdurýar. Şepbik gowy eräp, doly suwuklyga öwürlenden soň onuň üstüne şepbikden iki esse köp kenep ýagyny guýýarlar. Şunda Sadyk beg  ägä bolmaklygy maslahat berýär, sebäbi gyzgyn erginde ýagyň birden ot alaýmagy mümkin. Emele gelen ergin birnäçe gezek gaýnadylandan soň, onuň bir damjasy suwa damdyrylýar, eger lak damjasy suwuň ýüzünde tes-tegelek bolup gitse, lagyň taýýar bolandygynyň alamaty. Bu işiň howplydygyny nazarda tutyp, Sadyk beg lak almak bilen bagly işleri şäheriň daşynda etmekligi maslahat berýär.     Golýazmalaryň döredilmeginde reňkleriň dürli görnüşleriniň ulanylyşy ýaly, syýanyň hem birnäçe görnüşlerinden-gara, ak, ýaşyl, gyzyl, mawy reňklerini peýdalanypdyrlar. Ýöne, esasy gara syýany ulanypdyrlar. Ýazuw üçin ulanylýan syýalaryň hiliniň ýokary bolmaklygy hökmandy. Çünki kagyz öndürmeklik kyndy we ol gymmat düşýärdi. Şol sebäpden hem ýüzüne hat ýazylýan kagyzlar zaýalanmaly däldi. Şeýle hem kagyza hatdat tarapyndan tötänleýin ýalňyş ýazgylar edilse ýa-da syýa damyp kagyz zaýalansa ony ýuwup aýyrmaly hem bolýardy. Şol sebäpden hem syýa taýýarlaýan hatdatlar ähli zatlary göz öňünde tutmaly bolýardylar.    Orta asyrlarda hatdatlar syýany dürli maddalary peýdalanmak bilen ýasaýardylar. Meşhur türkmen hatdaty Myraly Töwrizli syýany ýasamaklygyň birnäçe usullaryny salgy berýär. Onuň ýazmagyna görä, syýa almak üçin esasan dört sany maddalardan – gurumdan, mis külkesinden, hoz gabygyndan we şepbikden peýdalanypdyrlar. Syýa ýasalanda gurum bilen mis külkesiniň deň ölçegini, bu ikisiniň bilelikdäki ölçegine barabar hoz gabygyny we üçüsiniň bilelikdäki ölçegine barabar şepbik ulanmaly. Syýany almagyň bu usuly giň ýaýran usullaryň biri bolupdyr. Myraly Töwrizli syýanyň alnyşy we onuň düzümi barada şeýle maglumat berýär:»Syýanyň dürli usullar bilen öndürilýändigini ýatda sakla, ýöne onuň iň gowy usuly şudyr: on dirhem (1 dirhem – 5 gr) gurum we on dirhem türk[men] mis külkesi, bäş dirhem hoz gabygy, onbäş dirhem zagpyran agajynyň ýapragy, şeýle hem onbäş dirhem hyna bilen wesme, ýarym dirhem naşatyr maddasy, otuzbäş dirhem şepbik, bir dirhem şafran almaly. Daş gabyň içine ýedi man [1 man- 3 kg] arassa suw guýmaly we onuň ýary bugaryp gutarýança gaýnatmaly. Soňra hoz gabygyny mis külkesini şepbigi we hynanyň ýaprajyklaryny hersini bir tabaga salyp, eziler ýaly üstüne suw guýmaly hoz gabyklaryny suwa atmazdan öň ony bäş-alty sany bölege bölmeli. Şundan soň gurumy kagyza dolap, haltajyga salýarlar we ony ýaýylan hamyryň içine salyp gyzgyn tamdyrda bişirýärler. Soňra düzüminden ýagy giden gurumy naşatyr bilen sokynyň içine salýarlar we azajyk ýelim erginini goşup uzak wagtlap üweýärler. Öňden ezilip goýulan hoz gabygyndan mis külkesinden hynadan we zagpyran agajynyň ýapraklaryndan emele gelen erginleriň her birini aýratynlykda süzüp, olary suwly gaba guýýarlar we haýal otda gaýnadýarlar. Emele gelen ergini kagyzyň ýüzüne sepip hilini barlaýarlar. Şundan soň bu suwuklygy gurum bilen naşatyryň üwelip goýulan sokynyň içine az-azdan guýýarlar we ýene-de üweýärler. Soňra şafranyň we gandyň ergininiň hersini aýratyn gaýnadýarlar we süzüp sokynyň içindäki ergin bilen bilelikde başky daş gapdaky suwuň üstüne guýýarlar. Az-azdan guýmak bilen ony bulamaklygy dowam etdirýärler. Syýanyň taýýar bolandygyna göz ýetirip ony ýüpek mata bilen süzýärler we ony küýze ýa-da çüýşe gapda saklaýarlar. Bu hat-da suw degsede zaýalanmaýan arassa syýadyr».     Syýanyň gara reňkinden başgada onuň birnäçe görnüşleriniň bolandygyny belläpdik. Reňkli syýalaryň alnyşy suratkeşlik üçin zerur bolan dürli reňkleriň alnyşý bilen meňzeş. Bir tapawutly ýeri hat ýazmak üçin niýetlenen reňkli syýa ýumurtga sarysy goşulmaýarda, olary ösümlik ýa-da balyk ýelimi bilen garýarlar. Reňkli syýalar ýa-da suwuk altyn bilen hat ýazylanda hatdatlar sürteji bu reňklere ýa-da syýalara batyrýarlar we sürteje galam degirip soňra hat ýazypdyrlar.      Taýýar edilen golýazmany jiltlemekde, jildiň daşyna guty etmekde, galamdanlary we çeper bezeg üçin zerur zatlary ýasamakda gön bilen bir hatarda möhüm serişdeleriň biri-de karton bolup durýar. Golýazmanyň jildini kartonyň daşyna gön geýdirmek arkaly ýa-da bolmasa kartonyň özüne zerur bezeg işlerini geçirip edýärler.        Kartony ýasamak üçin adatça kagyz galyndylary ulanypdyr. Şol galyndylary gaýnadyp bulamak ýaly edýärler we golýazmanyň ölçegine laýyk gelýän kerseniň içine guýýarlar. Iki-üç gün durandan soň ýelim erginini garyp eýleýärler we zerur ölçege getirýärler. Şeýle usul bilen alnan kartonyň ýüzüni ýelim ýa-da gurumly ergin bilen örtýärler we ýüzüni ýaldyradýarlar. Şundan soň kartonyň ýüzünde emele gelen düşegiň üstüne lakly ýa-da ýelimli reňkiň kömegi bilen surat çekilipdir, suratdan soň bolsa açyk lak bilen ýukajyk suwapdyrlar.    Köplenç kartondan edilýän esbaplar (galamdan, guty we ş.m.) we jilt edilende kartony düşeklemek aýratyn zerur bolupdyr. Kartonyň lakly reňk bilen düşeklenilşi we onuň zerlenilişi, kümüşlenilişi Sadyk begiň kitabynda görkezilipdir. Kartonyň ýüzüni ösümlik ýelimi, balyk ýelimi, gurum we üzüm mürepbesinden ýasalan goýtmak bilen düşekleýärler. Düşegiň üsti gurşyn reňki bilen düşegiň reňki ýitýänçä birnäçe gezek reňklenilýär. Şundan soň düşegi Günüň aşagynda azajyk guradyp, ýarym öl ýagdaýda onuň ýüzüne kümüş ýa-da altyn gabyklary ýelmäbermeli.     Golýazmanyň iň soňky işleri sahhap tarapyndan amala aşyrylýar. Sahhap golýazmanyň ähli sahypalaryny bir ýere toplap tikipdir we jiltlemek işini tamamlapdyr. Sungatyň we senetçiligiň birnäçe ugurlarynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda, irginsiz we hyşyrdyly işleriniň netijesinde kämil sungat eseri bolan golýazmalar şeýdip döredilipdir.     Golýazma sungaty halkymyzyň gadymdan gelýän inçe senetleriniň biri. Asyrlaryň dowamynda ylmyň we sungatyň merkezi bolan Türkmenistanda we türkmenleriň guran beýleki döwletlerinde bu sungat ösüpdir. Beýik Seljuk türkmenleriniň we Köneürgenç türkmenleriniň döwletleri döwründe Maryda we Köneürgençde-de ajaýyp golýazmalar döredilýär eken. Emma Çingiz hanyň we Agsak Teýmiriň çozuşlarynda Köneürgenjem, Merwem weýran edilipdir we bu sungat türkmenleriň ata-baba ýurdunda ýatyp galypdyr. Ýöne, mongol ýörüşlerinden soň türkmenleriň Orta Gündogardaky Garagoýunly, Akgoýunly, Sefewi we Osmanly döwletlerinde bu sungat gaýtadan janlanypdyr we ajaýyp ösüşlere eýe bolupdyr. Beýik Mogollaryň döwletine-de bu sungat türkmen döwletlerinden geçipdir. 1530-njy ýylda häkimýetini owganlara aldyran Humaýyň arka gözläp Sefewi türkmenleriniň döwletine gelende ajaýyp golýazma eserlerini  roup haýran galypdyr. Haçan-da türkmenleriň kömegi bilen tagtyny gaýtaryp alandan soň, ol ençeme senet ussatlaryny Hindistana alyp gidipdir.     Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalarynyň netijesinde milletimiziň guwanjy – golýazmalary bir ýere jemlenip, olar häzir Türkmenistanyň milli golýazmalar institutynda aýawly saklanylýar. Bar bolan gyzyldan gymmatly mirasymyzyň üsti Ýurt baştutanymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde dürli ýurtlarda saklanylýan golýazmalar bilen doldurylýar. Elbetde, Türkmenistanda indi golýazmalar döredilenok, sebäbi Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanda okamaga-da, görmäge-de gymmatlyklar ýeterlik. Ýöne, türkmenler öz ata-baba mirasy bolan milli golýazma eserlerine iňňän aýawly garaýarlar we olary öýüniň töründe –  Türkmenistanyň milli golýäzmalar institutynda saklaýar.    

Jumadurdy ANNAORAZOW,taryh ylymlarynyñ kandidaty.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir