"Agla, gözlerim gan agla..."

– Bir gün öýümize Abdylla Myradow bilen Saýlaw Myradow ikisi myhmançylyga geldi. Ýetmiş ýaşy arka atan kakam Begmyrat Gylyçmergen oglunyň gürrüňi olar bilen alşyp gitdi. Şonda ol edebiýatçy ýigitlere nohurlylaryň taryhy barada gyzykly gürrüň berdi. Olar hoşlaşyp turjak bolanlarynda kakama ýüzlenip: «Begmyrat aga, bi gürrüňlerizi sizden başga kagyza gecirjek adam ýok. Öz eşiden, gören zatlaryňyzy bolşy­bolşy ýaly ýazyň« diýip, öwran­öwran sargadylar. Ýaşuly olara belli bir zat aýtmasa­da, soň pikir edendir­dä, ýaşynyň soňunda galama ýapyşdy. Iş edinip, ine, şu zatlary ýazyp goýup gitdi­ diýip, ömrüni magaryf işinde geçiren meniň söhbetdeşim Seýitnur aga maşynkadan geçirilen uly göwrümli golýazmany maňa usullylyk bilen uzatdy: «Ýaşulynyň çeken zähmeti yrýa bolmasa ýagşy« diýdi. Men oňa bu golýazmany okajakdygyma söz berip, ony wagtlaýynça goýup gitmegini haýyş etdim.Golýazmany bir demde okap çykdym. Ol gyzykly ýazylypdyr. Geçen asyrda nohurlylaryň Eýran şasynyň goşunlaryna garşy söweşişleri, nohur ilatynyň şol döwürdäki ýaşaýyş durmuşy beýan edilýär. Belli­belli taryhy şahslar hakda gyzykly maglumatlar berilýär. Meniň pikirimçe, golýazma taryhçy alymlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma. Olar bu golýazma bilen ýörite gyzyklanarlar diýen umydym bar. Ony «Ylym«neşirýaty özbaşyna kitapça görnüşinde neşir etse­de bolman durmazdy. Haçanda üýtgedip gurmak döwründe, halkymyzyň taryhy täzeden düýpli, her taraplaýyn öwrenilmäge synanyşyk edilýän döwürde bu golýazmanyň ähmiýetini inkär etmek bolmaz.Golýazmanyň gazet möçberinden ulydygyny nazara alyp, şondan bir bölejigini «Edebiýat we sungatyň« okyjylaryna ýetirmegi makul bildim.* * *Geçen asyrda, ondan öňem gyzylbaşlar Garrynohury özlerine tabyn etjek bolup, häli­şindi parahat oturan obanyň üstüne çozuş edip durupdyrlar. Nohurlylar bolsa azdyklaryna garamazdan, öz ar­namyslaryny gorap, gyz­-gelinleri gyzylbaşlaryň eline bermejek bolup söweşipdirler. Bir sapar gyzylbaşlaryň köp sanly goşuny duýdansyzlykda gelip, Nohuryň hemme ýoluny we töweregini baglaýar. Goňşy obadaky türkmenlere habar ýetirmäge hiç ­hili puryja galmandyr. Nohurlylar gala gabalýarlar. Gazaply söweşlerden soň, gyzylbaşlara galany almak başardypdyr. Kürtler galany basyp alanlaryndan soň, bar mallary olja alýarlar, gyz­-gelinleri­-de ýesir edip, Nohurdan alyp ugraýarlar. Gije Tagarowyň dagyna ýetýärler. Garaňky düşýär. Şol ýerde kürtler ýatarman bolýarlar. Garawul goýlan kürtler ýatanda, birnäçe adama gaçmak başardypdyr. Olar öz ýanlary bilen gelin­gyzlaryň hem birnäçesini alypdyrlar. Kürtler bolsa gojalardyr çagalary, mal­-garalary Eýrana sürüp äkidýärler. Bu habar şaha ýetýär. Şa «Ähli nohurlylary getirdiňizmi?« diýip soraýar. Onda «Biz ählisini getirýärdik, ýöne Tagarow dagynda gije özüni oňarýan erkekler bilen aýal­gyzlar gaçdylar« diýýärler. Şa aýdýar: «Aç börüni goýup gelipsiňiz. Indi olar ýekesi ölýänçä urşarlar. Gowusy eltip öňki ýerlerinde goýuň». Şondan soň olar ýesirleri getirip, Nohurda goýup gidipdirler. Birnäçe ýyldan soň, gyzylbaşlar ýene Nohura çozuş edýär. Eýran şasy goşun serkerdesine perman beripdir: «Nohuryň bag-­bakjasyny gyryp, bugdaý­arpasyny atlara orup beriň, öýlerini otlaň, gaýtawul berenini öldürip galanyny ýesir edip getiriň, özlerinem Dübün (Diwin) diýen ýerde oturdyň « diýýär.Goşun gelip Nohury gabaýar. Bakjasyny gyrýar, öýlerini otlaýarlar. Bugdaý­arpalaryny göklügine atlaryna orup berýärler. Gan döküşiklik köp bolýar. Iki tarapdan hem adam ölýar. Iki aýdan soň, kürtler zor salyp, Nohury basyp alýarlar. Ýesir edip, Eýrana sürüp ugraýarlar. Şarowyň tagtasyna çykýarlar. Ýesirleri saklap, kürt goşunynyň baştutany şeýle diýýär. «Ýurt aýralygy ýaman bolar. Siziň içiňizde şahyryňyz, dessan düzýäniňiz ýokmy? Ýadygärlik galar ýaly aýtsaňyz, hup bolardy». Şonda Şyh Abdylla diýen biri gözüne ýaş aýlap, kürtlere bildirmejek bolup, gelin­gyzlaryň ýesir bolşuna bagyşlap, şu goşgyny aýdypdyr:Ýesir etdi kürtler bizi, Agla, gözlerim, gan agla. Ýetim goýdy oglan­gyzy, Agla, gözlerim, gan agla.Nohuryň gara daglary, Saýalydyr çynarlary. Aýrakly­-goçly daglary, Galdy, gözlerim, gan agla.Gyzyl başlar hüjim kyldy, Degre­daşy gurşap aldy. Nohur­ türkmen ilim galdy,Galdy, gözlerim, gan agla.Garawul­otum, suwlugym, Üçguýudadyr ýaýlagym. Şarow­çeşmedir oýnagym, Galdy, gözlerim, gan agla.Ýesir boldy gelin­gyzlar, Sargardy merdana ýüzler, Gyşa döndi bahar­ýazlar. Agla, gözlerim, gan agla.Bag­-bakjalary gyrdylar, Bugdaýy bişmän ordular. Tamlarmyza ot urdular, Agla, gözlerim, gan agla.Kesir, Tutlygala hem Deşt, Bizden galyp bolmaň serhoş, Diňläň sözüm siz deňi­duş,Galdy, gözlerim, gan agla.Manaman hem Kelet dagy, Gyzylbaşlar boldy ýagy. Könegümmez, Akbulagy, Galdy, gözlerim, gan agla.Gezdepe hem Garkyn gala, Aýydere, Çarbag bile, Gyz­gelinler seýran kylar. Galdy, gözlerim, gan agla.Gyzylbaşlar saldy dawa, Ot goýdular Nohur oba. Arçman, Börme goňşy oba, Galdy, gözlerim, gan agla.Kesearkajyň düz sährasy, Gumda gezer baý çarwasy. Iner, maýa­arwanasy Galdy, gözlerim, gan agla.Abdylla diýr, ýigitlerim, Aryny alar mertlerim, Bizden galsyn şu atlarym, Galdy, gözlerim, gan agla.

1990 ý, oktýabr.

A. Çüriýew


www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir