Nohur wakasy

Bu ýazgyda köp asyrdan hem aňyrdaky pajygaly wakalar dogrusynda söhbet açylýar. Elbetde, o wakalar dogrusynda biziň elimizde dokumental arhiw materiallary ýok. Şeýle­-de bolsa gadymy Nohur obasynyň adamlary o wakalar hakyndaky ýatlamalary arkama­-arka ýetiripdirler. Halkyň hakydasy dagyň düýbünden şildiräp akyp ýatan bir çeşmäni ýadyňa salýar.O wakalar dogrusyndaky söhbetler nohurly ýaşuly Begmyrat Gylyçmergen ogluna degişli. Begmyrat ýaşuly öz topragyny, il­ gününi, onuň taryhyny oňat bilýan adamdy. Ol "Her obanyň öz taryhy bolmalydyr. Her bir adam öz taýpa-tiresiniň taryhyna belet bolmalydyr" diýip öwrederdi.Belki, şonuň üçindir, onuň ogly köne magaryf işgäri Seýitnur Begmyrat kakasyndan galan mirasy gözüniň göreji ýaly aýap sakla­ ýar. Begmyrat aganyň ruhunyň öňünde öz borjumyzy haklarys diýen niýet bilen, biz hem ýaşulynyň nohurlylaryň geçen asyryň ortalarynda gyzylbaşlardan çeken ezýetleri hakdaky hasratly söhbetlerini taraşlap, okyjylara ýetirmegi makul bildik.* * *Geçen asyrda, ondan öňem gyzylbaşlar Garrynohury özlerine tabyn etjek bolup, häli­şindi parahat oturan obanyň üstüne çozuş edip durupdyrlar. Nohurlylar bolsa azdyklaryna garamazdan, öz ar-namyslaryny gorap, gyz-gelinleri gyzylbaşlaryň eline bermejek bolup söweşipdirler.Bir sapar gyzylbaşlaryň köp sanly goşuny duýdansyzlykda gelip, Nohuryň hemme ýoluny we töweregini baglaýar. Goňşy obadaky türkmenlere habar ýetirmäge hiç hili puryja galmandyr. Gazaply söweşlerden soň, gyzylbaşlara galany almak başardypdyr. Iki tarapdan hem adam ölýär. Kürtler galany basyp alanlaryndan soň, bar mallary olja alýarlar, gyz­gelinleri-de ýesir edip, Nohurdan alyp ugraýarlar. Gije Tagarow dagyna ýetýärler. Garaňky düşýär. Şol ýerde kurtler ýatarman bolýarlar. Garawul goýlan kurtler ýatanda, birnäçe adama gaçmak başardypdyr. Olar öz ýanlary bilen gelin-gyzlaryň hem birnäçesini alypdyrlar. Kürtler bolsa gojalardyr çagalary, mal-garalary Eýrana sürüp äkidýärler. Bu habar şaha etýär. Şa "Ähli nohurlylary getirdiňizmi?" diýip soraýar. Onda «Biz ählisini getirýardik, ýöne Tagarow dagynda gije özüni oňarýan erkekler bilen aýal­gyzlar gaçdylar« diýýärler . Şa aýdýar: «Aç börüni goýup gelipsiňiz. Indi enesi ölýänçä urşarlar. Gowusy eltip öňki ýerlerinde goýuň». Şondan soň olar esirleri getirip, Nohurda goýup gidipdirler. Birnäçe ýyldan soň, gyzylbaşlar ýene Nohura çozuş edýär. Eýran şasy goşun serkerdesine perman beripdir: «Nohuryň bag-bakçasyny gyryň, bugdaý-arpasyny atlara orup beriň, öýlerini otlaň, gaýtawul bereňini öldüriň, galanyny ýesir edip getiriň. Özlerinem Dübün diýen ýerde oturdyň« diýýär.Goşun gelip Nohury gabaýar, bag-bakjasyny gyrýar, öýlerini otlaýar. Bugdaý-arpalaryny göklügine orupatlaryna berýärler. Gan döküşik köp bolýar. Iki tarapdan hem adam ölýär. Iki aýdan soň, kürtler zor salyp Nohury basyp alýarlar. Ýesir edip, Eýrana sürüp ugraýarlar. Şarowyň tagtasyna çykýarlar. Ýesirleri saklap, kürt goşunynyň baş­ tutany şeýle diýýär: «Ýurt aýralygy ýaman bolýar. Siziň içiňizde şahyrlaryňyz, dessan düzýäniňiz ýokmy?. Ýadygärlik galar ýaly aýtsaňyz, hup bolardy». Şonda Şyhabdylla diýen bir ýaşuly gözüne ýaş aýlap, kürtlere bildirmejek bolup, gelin-gyzlaryň ýesir bolşuna bagyşlap şu goşgyny aýdypdyr:Ýesir etdi kürtler biziAgla, gözlerim, gan agla.Ýetim goýdy oglan-gyzy,Agla, gözlerim, gan agla.Nohuryň gara baglary,Saýalypdyr çynarlary,Aýrakly­goçly daglary,Galdy, gözlerim gan agla.Gyzylbaşlar hüjüm kyldy,Degre-daşy gurşap aldy,Nohur türkmen ilim galdy,Galdy, gözlerim gan agla.Garawul-otum, suwlagym,Üçguýudadyr ýaýlagym,Şarow-çeşmedir oýnagym,Galdy, gözlerim gan agla.Kesarkaçyň düz sährasy,Gumda gezer baý çarwasy,Iner, maýa, arwanasyGaldy, gözlerim gan agla.Abdylla diýer, ýigitlerim,Aryny alar mertlerim,Bizden galsyn şu atlarymGaldy, gözlerim gan agla.Şondan soň, ýesirleri alyp ugraýarlar. Eýrana äkidip, Dübün diýen ýerde göz tussagy hökmünde saklamaly diýip Japarguly hana tabşyrýärlar. Han aýdyşlary ýaly olary pugta saklaýar. Hiç bir ýere göýbermeýär. Birnäçe wagt geçensoň nohurlylar «Han bilen aragatnaşyk saklamaly« diýýip, maslahat edýärler. Şondan soň, Japarguly hanyň ýanyna barýarlar. Hana salam berýärler. Han bolsa «Hoş geldiňiz, geliň« diýýär. Nohurlylar «Han aga, size haýyşymyz bar« diýýärler. Han «Näme haýyşyňyz bar, aýdyberiň« diýýär.Nohurlylar: «Biz ýurdundan aýrylan adam, emma ata­babalarymyzyň meýdiniň galan ýeri Nohurda, biz bolsak Eýranda. Siziň goluňyzda ýaşaýarys. «Ölümsiz dirilik ýok, rugsat etseňiz, kazasy dolup ölen adam bolsa ata-babalarymyzyň ýanyna eltip, Nohurda, goýsak diýip ýüz tutýarys« diýýär.« Bu sözi eşidensoň Japargula han «eger seýle bolsa, onda öliňizi hiç kime duýdurman eltiň. Gije alyp çykyň. Üç-dört atly boluň-da goýup gaýdyň« diýipdir. Nohurlylar «Han aga, ýene bir arzymyz bar« diýýärler. Han «Çekinmäň­de, aýdyberiň». «Bir ýyldan gowrak wagt bäri Siziň ýanyňyzda. Hiç ýana göýbereňzok. Goçantdyr Maşat diýen ýaly şäherlere baryp söwda-satyg edip, gerek zatlarmyzy alyp gelmäge rugsat etseňiz« diýip, haýyş edýärler. Han köp pikirlenip, «hup, bolýar« diýýär.Şondan soň ýesirler nirede, nähili ýoluň bardygyny öwrenip başlaýarlar. Hanyň aýalyna hem özüne sowgat getirip berýärler. Şonluk bilen olar ýuwaş­ýuwaşdan han bilen aragatnaşygy sazlaýarlar. Her gije kürt obalaryny talap, hana getirip berýärler. Han bolsa şat bolýar. Japarguly han nohurlylarndan şeýle bir göwni hoş bolýar welin, aýdar ýaly däl. Olaryň batyrlygyna we sadalygyna, bir gepli edermen adamlardygyna han aşa ynanýar.Bir gün Gurban serdar gizlinlikde nohurlylaryň birnäçesini öz ýanyna çagyrýar we maslahatlaşýar. «Her kim oňardygyndan Nohura bugdaýdyr arpa ýaly zatlardan az-azdan eltip, gömüp gaýdyň« diýýär. «Az­azdan daşamaly, öý goşy diýen ýaly, bugdaý, arpa diýen ýaly zatlary Nohura eltip gömüp goýuň, hiç kim bilmesin. Şu wagtlar Japar­ guly han bize ynanýar. Nirä gitsek gidibermeli, gelibermeli. Öňümize garawul goýanok« diýýär. Şonda Nazar aksakal şeýle mysal getirýär."Gulatynyň syýasynda gezenden,Burgüt penjesinde galan ýagşydyr"diýipdirler. Kürtleriň golunyň aşagynda bolandan, nähili­de bolsa, sypjak bolmaly. Ýurdumyza barmagyň pikirini etmeli. Bulaň öz etlerini özlerine iýdirmelidir« diýýär. Wagt geçip dur. Şondan soň, Fataly şahyň ogly Muhammet şaha kürt obalaryndan şikaýat ýagyp başlaýar: «Japaguly han Dübüniň hany. Şonuň ýanyndaky gaba telpekli türkmenler şa ýolundan gatnaýan kürt kerwenlerini-bezirgenlerini we obalaryny çapyp-talap alyp gidýärler. Şolara han tarapyndan towugyna tok diýen adam ýok. Edenlerini edip ýörler». Şikaýaty okap gören şa gahar-gazaba münýär. Iki ýüz elli atly goşuna baş edip Gulam diýen serkerdesini iberýar. «Bar-da Japargulyny tutup, alyp gel« diýip, perman berpär. Japarguly han bu habary eşidip, nohurlylara sala salýar. Gurban serdar, Nyýazmergen, Nazar aksakgal: «Han aga, sizi Gulam nökeriň eline berip göýberip bolmaz. Sen gorkma« diýýip aýdýarlar. Han bolsa nohurlylaryň batyr we mertligine haýran galyp, «Maşalla, tamam hem şeýledi« diýýär. Şondan soň nohurlylar han bilen maslahatlaşyp, şanyň goşunynyň öňünde nagym gazyp ýatýarlar.Gurban serdar, Nazar aksakgal öz adamlaryna «Indi durmaň, Gulam kürdüň goşunyny aman göýbermeli däl. Zulum gününde şadan arymyzy almaly. Olaň at-ýaraglaryny alsak, göç ulagy bolar« diýýip aýdýarlar. Şanyň goşun başlygy Gulamyň bolsa bu zatlardan habary ýok. Nohurlylar Japarguly han bilen bile onuň üstüne «Alla« diýýip çozýarlar. Iki ýüz elli atlydan oňly zat galman gyrylýar. Bäş-üç sany atly gaçyp baryp, şaha gol gowşuryp, arz edýärler. «Japarguly hanyň türkmenleri öňümizde buky goýup, goşuny gyrdylar« diýip aýdýarlar. Şanyň muňa gahary gelip çykyp baran Gulamy ýanyndakylary bilen hyra salýar.Şa bu wakadan soň, ýamaşgandan goşun iberýär. Şa: «Türkmenleriň hem hersini bir şähere iberiň. Biri-biriňi görmesin, günäkärlerini şol ýerde öldüriň« diýip, perman berýär. Japarguly han şanyň dek ýatmajagyny bilip, nohur ýaşulularyna «Indi näme işlemeli« diýýär. Nazar aksakgal we Gurban serdar, Nyýazbatyr, Şyhabdylla: «Biz urşarys« diýýärler. Han bularyň sada, saýhally, mert gürrüňlerine haýran galyp, «Maşalla, aperin, set aperin« diýýär. «Men sizden razy. Siz bala-çagaňyzy zalym Muhammet şanyň elinde galdyrmaň, Size rugsat, ata watanyňyza baryň. Nohurdan bärde aýak çekmäň.Belki, men hem aman galsam, hemme günäni siziň boýnuňyza ataryn. Indi ele düşmäň, siz maňa köp iş bitirdiňiz. Eger­de men hem siziň bilen ötägitsem hem bolar, emma meniň yzymda galan tohum-tijimi gyrarlar« diýip nohurlylar bilen hoşlaşyp, rugsat berýär. Nohur türkmenleri göçmäge durýarlar. Şyhabdylla şonda şeýle goşgy ýazypdyr:Syçan ýyly esir geldik,Goýun ýyly azat bolduk,Şahyň esgerini gyrdyk,Köne watana gaýdalyň.Han rugsady berdi bize,Hiç kim durmaz öňümize.Baryp ýetsek ilimize,Toý tutup, saza ýeteliň.Ýaragy baglap biliňe,Gijäni alyp öňüňe.Garaman duşman jeňine,Indi watana baralyň.Abdylla diýr, öňün başlap,Alla diýip köňül hoşlap,Gyzylbaşy yzda taşlap,Toý edip, saza ýeteliň.Aý, garaz Nohurdaky uly çynarlardan başga gögerip oturan agaç galmandyr. Şeýle bir weýrançylyk, aýdar-goýar ýaly däl. Çeşmeleri tikenli jeňňellik basypdyr. Çaýyň ugry jeňňellige öwrülipdir. Munda çöl möjekleri mesgen tutupdyr. Sekiz ýyl az däl. Keýikler, käkilikler baýyrlarda gezişip ýörler. Bu weýrançylyklary gören halk köp gamgyn bolupdyr. Emma Şyhabdylla halka ýüzlenip: «Gamgyn bolmaň, bu gün şatlyk günüdir« diýip, bir gazaly aýdýar.Toý esbabyn uly gürüň,Eziz watanyma geldik.Gyzylbaşa gyrran salyp,Öwrülip watana geldik.Dübünde goýduk belgini,Gaçyrdyk Japargulyny.Gyryp şahyň Gulamyny,Dolanyp watana geldik.Şu gün bize döwran güni,Aýryldy synam düwüni.Gurban serdaryň oýuny,Dolanyp watana geldik.Indi habary Japarguly handan alalyň. Muhammet şanyň goşuny Dübün galasyny gabaýar. Japaguly hany tutup, şahyň huzyryna alyp barýarlar.Şa «Türkmenleriň nirede Japarguly han« diýip soraýar. Han boýnuny burup, «Eý, şahy-jahan älem, «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz« diýleni ýalan däl eken. Türkmenleri maňa berdiň welin bu türkmenler dag börüsi ýaly garaňky gijelerde hiç ýatmaýar. Çem gelen ýerini harap edýärler. Ertesi boýun alanoklar. Meni birnäçe gezek öldürjek boldular, emma men öýümiň içinde gizlin ýerzemin edindim we şonuň içinde ýatardym« diýýär. Şa ýene soraýar: «250 esgeri kim gyrdy?« Japarguly han: «Şahym, türkmenler gyrdy. Olar şeýle batyr, mert, bir gepli adamlar. Hiç kime gulak asman, özleri urşup, özleri goýdular« diýýar. Şa gahar-gazaba münip, «Goý, sesiňi zeňňata. Sen şeýle batyr bolsaň, olary neneňsi eliňden sypdyrdyň?« diýip soraýar. Japarguly handan ses ýok. Şa «Eger olar meň ýanymda bolan bolsadylar, atlarynyň nalyny gyzyldan ederdim« diýip, «Japargulynyň aýagyny kesiň« diýip, buýruk berýär. Onuň sag aýagyny dyzyndan kesýärler. Japarguly hany tebibe berýärler. Han köp wagt ýatandan soň gutulýar. Şa hanyň gutulandygyny eşidýär. Ene ýanyna çagyrýar. «Öz günäkärligiň üçin aýagyňy kesdiler. Bu sünnüler ýene dek durmazlar. Çetdäki kürt obalaryny çaparlar we talarlar« diýip, şa aýdýär. «Sizi çagyrmagymyň sebäbi, şo nohurlylary nätüýsli ýol bilen ele salyp boljakdygyny bilmekçi« diýýär. «Olar nämäni gowy görýär». Japarguly han «Eý, şahy-jahan, olar dag möjegi ýaly hiç zatdan gorkanoklar. Ýöne meniň pikirimçe, olar şeýle bir ynanjaň adamlar». Şa «Nämä ynynýarlar?« diýip soraýar. Japarguly han «Bular hoja, seýit diýseň, öwlat diýseň ynanýar. Hojalardan içaly iberiň. Nohurlylar ynanar ýaly adam bolsun. Ýöne muny goňşy türkmenler duýmasyn« diýip, maslahat berýär. Şa makul görýär. Şondan soň Raz galasyndan, Gul jülgesinden oturymly hojalardan Elekber hojanyň garyndaşlaryny kürt hanyndan öýkelän mysalynda Nohura iberýärler. Nohurlylar bolsa olara «Öýkeläp gelipdir« diýip ynanýarlar. Garry hojama suw, ýer berýärler. Onuň garyndaşlary Elekber, Musa Apbas Nohura görme-görşe gelýärler. Şondan birki ýyl geçensoň Elekber Eýran nökerleriniň öňüne düşüp gelýär. Emma nohurlylaram seresaplygy hiç elden bermändirler. Olar töwerek-daşlaryna mergenlerini çykarýan ekenler. Olar Eýran tarapdan gelýän nökerleri görüp, goňşy obalara habar ýetiripdirler. Obalardan köp atlylar kömege gelýärler. Kürtler Nohura girip bilmeýärler. Ahyry nätjeklerini bilmän, kürt goşunynyň serkerdesi içaly Elekber hoja bilen maslahatlaşýar. Şonda hoja «Ýalandan barlyşyk etmeli, şeýlelik bilen aldap, bularyň başyna bir gara gün salmaly« diýýär.Goşuň başlygy: «Ynanarlarmyka?« diýip soraýar. Içaly «Meniň agam Garry hoja ynanyp, ýer-suw berdiler. «Esadylla beg siziň bilen uruşmaga gelenok. Ýaraşmaga geldi« diýsem, maňa ynanarlar. Nohurdaky hojalar maňa şaýat bolarlar. Şondan soň, bir ýol bilen Nazar aksakgaly, Gurban serdary, Şyhabdyllany, Nyýazmergeni ele salyp bilsek, nohurlylaryň galanyny sürüp, alyp gidibermeli bolar« diýýär. Elekber hoja ýany bilen üç-dört sany kürti alyp, eline ak baýdak göterip gelýär. Olar Garry hojanyň öýüne düşüp, habarlaryny berýärler. Ýaşulularyny çagyrýarlar, gürleşýärler. Emma, Nazar aksakgalyň, Gurban serdaryň, Nyýazmergeniň hiç işçi bitmeýär. Şonda­da birnäçe adam «Ýaraşmaly« diýýär. Içaly Elekber: «Siz maňa ýaraşyk haty beriň, men o haty Esadylla bege bereýin. Şondan soň ol hem ynanar. Goşuny yzyna alyp gaýdarys. Men ýolda azaşan bolaryn. Daglardan aýlap, başlaryny çaşyraryn. Ahyrsoňy Garkyn bilen Könegümmeziň aýagyndaky deräniň birigýän ýerindäki Könegala alyp bararyn. Siz şol galada gizlenip ýatyň. Men zatdan bihabar bolan bolup bararyn. Siz bukuda dyryň, goşunyň üstüne döküliň. Bu meniň size kömek etdigim bolar. Gaýdyp olar siziň üstüňize dökülmezler. Ýöne maňa­da Nohurdan ýer beriň« diýýär. Onuň bu gürrüňine goňşy obalardan kömege gelen türkmen atlylary has-da ynanýarlar. Elekber ýaraşyk hatyny alyp, yzyna dolanýar.«Türkmenleriň başyny ýagşyja ýassyga goýdum, boluň ugralyň« diýýär. Şol günüň özünde ugrap, türkmenleriň barjak galasynda kürt goşunlaryny gizläp ýatyrýar. Gurban serdar, Nazar aksakgal, Nyýazmergen dagy närazy bolýarlar. «Barmaň« diýýär. Emma etmän, birtopar atly wada berlen ýere ugraýarlar. Gurban serdar "Onda bäş-on atlyny öňürti iberiň, galany barlasynlar" diýip tabşyrýar. Bäş-on atly aýdylan ýere barýaram welin, öňden gizlenip ýatan kürt goşuny dökülýär.Nohurlydan, tekeden alty adam ölýär. Dört adam ýaralanýar, adam ölen Könegala şu güne çenli Tekegyrlan diýip at berilýär. Galan türkmenler uruşmaga başlaýarlar. Kürtlerden hem adam öldürilýär. Kürtler gaçýar. Içaly Elekber hoja ele düşmän gaçyp gidýär. Şu gaçyp baryşlaryna kürtleriň öňünden öz güzeranyny gözläp ýören Nuryş diýilýän bir nohurly çykýar. Kürtler şony tutup, öldürip gidýärler. Şol wagtdan şu güne çenli şol ýere «Nuryş ölen« diýip, at berýärler. Onuň ölen ýeri Gezdepäniň gaýra ýanynda, Garkyn galanyň gündogar bärsinde.Türkmenler kürtleri kowalap, Sumbardan geçirip gaýdýarlar.Nohurlylar, tekeler gelip, Elekber hojanyň gardaşlaryny çagyryp: «Şu gan döküşlikden siziň hem habaryňyz bar bolsa gerek« diýip gyssaýarlar. Emma her häge gyssasalar hem olar ant içip, awy ýalap duruşlaryny görenler, ýürekleri awap, olary aman sypdyrýarlar. Ny­ ýazbatyr: «Süýtde agzy bişen, suwy üfäp içer« näme-de bolsa, goşun gelip birbada at salyp geçmez ýaly, Agaçderäniň dar ýerinden bogmaly« diýýär. Şol günüň ertesi nohurlylar baryp, ellerine lomdur kerki alyp, bir topary garawul durup, daglaryň üstünde iki tarapdan daş togalap şol aýdylan dar ýeri daş bilen bogýarlar. Häzire çenli şol kesilen ýere Kesim diýip at berilýär. Ondan soňra kürtleriň 10-15 atlysy ogrynça gelip, nohur ýaşulularyny ele saljak bolýarlar. Emma olaryň bu pirimleri başa barmaýar. Şunlukda aradan bir ýyl geçýär. Nohurlular topar-topar bolup, daglarda ekin ekmäge başlaýarlar welin, "Indi nohurlular arkaýynlyga düşüpdirler" diýip, içalylaryň biri habar berýär.Kürtler Esen diýen bir batyry nökerlere baş edip Nohura iberýärler. Olaryň Nohura gaýdanlygyndan habarly Gurban serdar ýanyndaky 7-8 sany mergeni bilen awa çykýar. Nurgala bilen Gargylynyň arasynda - Sumbaryň bäri ýüzünde baryp düşýärler. Bir beýik ýerde garawul goýýarlar. Nury diýen mergen töweregine garap durka, Sumbaryň aňry ýüzünden - Eýran tarapyndan 10 sany atlynyň geçip gelýänini görýär. Ýagşy saýgaryp seredýär. Usuljak bilen baryp ýoldaşlaryna habar berýär. Olar gizlenip, taýýar bolup durlar. Atlylaryň bolsa mundan habarlary ýok. Gurban serdar ýoldaşlaryna "Biz olardan öňürti urarys. Soňuna galman uruň" diýýär. Atlylar ýakyn gelýärler welin, Gurban serdar yşarat edenden uly goh başlanýar. Kürtler bolsa çalam-çaş bolup gaçmaga başlaýarlar. Emma mergenler olaryň birini hem sypdyrmaýarlar. Kürtleriň biri gaçyp ugraýar. Gurban serdar onuň yzyndan ýetip tutýar. Şondan başgalary ýykylyp ýatyr. Kimsi eňek atyp dur, kimsi agzyny açyp, gözüni gyrpyldadyp dur, birnäçesi ýetişip bildiginden "Waý" diýip gygyrýar. Gurban serdar tutup gelen kürtünden "Siz nirä barýaňyz. Dogryňy aýtsaň, goýberjek" diýýär. Ol «Dogrusyny aýtsam, biz şunuň bilen bäş sapar geldik. Emma biz näçe gelsegem, hiç elimize düşen zat bolmady« diýýär. Gurban serdar «Siziň eliňize näme düşmelidi. Sizi kim iberýär. Şolary aýdyp berseň, men seni goýbereýin?« diýýär. Onda ol: «Bizi han iberýär. Esady - llabeg han. Biz Gurban serdaryň, Nazar aksakalyň, Nyýazbatyryň, Şyhabdyllanyň kellesini kesip, hana äkidip bermeli« diýýär.- Seni birtopar nohurlynyň başyny kesip getir diýip iberipdirler. Sen ol adamlary tanarmyň!- Elekber hoja atlaryny habar berýär. Elekberiň garyndaşlary tanadar.- Ady tutulan adamlary öldürmekde Esadylla begiň näme maksady bar!- «Eger­de şularyň başyny kesip alyp bolsa, galan nohurlulary ýene ýesir edip bolar« diýýär. Olar Dübün galada şanyň köp esgerle­ rini gyrdylar. Hatda olar Japarguly hana­da baş bermändirler.- Eger biz sizi goýbersek, kürt goşuny ýene gelermi!- Bäli, hawa geler – diýip, ol jogap berýär.- Biz seni goýbersek, sen olaryň işlerini habar berermiň!- Bäli, bererin.- Eger senden «Ýanyňdakylary kim öldürdi!« diýip, sorasalar, näme diýersiň!Kürt biraz wagt pikir edip durdu­da, «aga« diýip dillendi.- «Biz Sumbardan geçenimizde howa mazaly garaňkydy. Daga dyrmaşdyk. Ümürden ýaňa göz­gözi görer ýaly bolmady. Azaşyp, bir gaýadan geçjek bolduk. Şol ýerde­de ýoldaşlarym gaýadan uçup öldüler« diýip aýdaryn. Han meniň gepime ynanar. Üstüňize goşun sürjek bolsalar hem gelip öňürti size duýduraryn.- Özüň şolar bilen gelmezmiň!- Oglumyň başy üçin gelmerin. Onuň aldaýandygyna göz ýetirip duran Gurban serdar ýoldaşlaryna göz ümleýär. Olar kürdiň golundan tutup, ölen ýoldaşlarynyň ýanyna äkidip, muny hem öldürýärler.Gurban serdar dagy oba gelip bolan wakany gürrüň berýär. «Obada içaly bar diýen netijä gelýärler. Onuň kimdigi belli, ýöne nädip boýnuna goýjak. Öňki sapar hem ant içip-awy ýaladylar. Teý ahyry obaň daşyndan garawullaryň sanyny köpeltmelidigi daga ekişe çykylanda topar-topar bolup gidilmelidigi hakda aýdylýar.Şunlukda aýlar aýlanyp, ýyllar geçýär. Şyhabdylla bilen Nyýazbatyryň kazysy dolup ölýär. Muny içalylar Eýran tarapyna habar berýärler.Esadylla beg Nedir diýen bir kürti baş edip:- Öňüňizden çykan nohurlynyň kellesini alyň. Eger ýagdaýyny tapsaňyz, Gurban serdaryň, Ymamguly batyryň kellesini getiriň - diýip, Nohura iberýär.«Ymamguly batyr häzir Könegümmeziň galasynda ýatyr« diýip, hana habar berýärler. Hanyň adamlary bu habary eşidensoň göni Könegümmeze tarap ugraýarlar. Gelseler, bularyň ekin ekip ýörendiklerini görýärler. Olar öz aralarynda «Gündiz bulara degip boljak däl. Gije galada ýatan wagtlary üstlerini basalyň« diýip maslahat edýärler.Bir gije Ymamguly batyryň özi galanyň agzynda garawul durýar. Şol agşam hiç ýerden duşman gelmez öýdüp batyr hüşgärligi elden berip ýatyp galypdyr. Duşmanlar gelip ony tutup äkidýärler. Äkidip barýarkalar «Sen Ymamgulymy?« diýip ondan soraýarlar. «Hawa, men Ymamguly« diýýär. Kürtler Ymamgulynyň bu jogabyna haýran galyp «Zerreň adam« diýýärler. Nedir kürt muňa öz ýanyndan hezil edip, «Ahyrynda ele saldym« diýip barýar. «Seni äkdiip hana berjek. Han saňa halat salar« diýýär. Ymamguly «Hawa, Nedir serdar, özün ýaly abraýly adamlar hat iberen bolsa, özümiň hem hyýalym barmadady. Ýöne ekişden soň barjakdym« diýýär. Kürtler bir-birlerine pyşyrdaşyp «Eken ekiniň besdir. Han saňa çörek berer« diýýärler. Ymamgulynyň köýneginiň ýeňinden bir kürt tutup barýar. Ymamguly batyr köýnekçe eken. Köýnegiň ýakasy giň, bagjygy açyk, ýeňleri bolsa uzyndy. Ymamguly bolsa gaçmaga amatly ýer peýläp, içini gepledip barýar. Gökgädik diýen ýere ýetenlerinde garaňky gatlyşýär. Kürtler bolsa ýola belet däl, baýryň ýüzünden dik aşak inmeli, Ymamguly bolsa «Indi şu ýerde gutulmasaň, hiç ýerde-de gutulmarsyň« diýip, «Alla« diýip gygyrýar. Kürtler: «Ymamgulynyň ýoldaşlary döküldi-ow« diýip pikir edip, başagaý bolýarlar. Batyr güýç bilen aşaklygyna omzaýar. Köýnegini egninden çykarýar. Köýnek kürtleriň elinde galýar. Ymamguly batyr bolsa şol gaçyp barşyna oba barman, göni Sumbara barýar. Hojagala baryp, ekin ekýän adamlaryň ýanyna barýar. Adamlar batyryň ýalaňaç gelenini görüp, daşyna üýşýärler. Batyrdan: «Saňa näme boldy?« diýip soraýarlar. Batyryň egnine geýer ýaly köýnek berýärler. Ymamguly batyr başyna düşen işleri aýdyp, «Könekesirdäki, Gargylydaky, Nurygaladaky we Çukurýurtdaky ekin ekýän adamlara habar beriň, atlansynlar« diýýär. Tutlygaladan Kesire çenli habar barýär. Batyryň özi hem ýanyna bir topar adamy alyp, duşmanyň geläýjek ýerlerini barlap gelýärler. Görseler, jeňňelligiň içi bilen gelýärler. Mergenler bulary görüp, taýýar bolup durlar. Golaý geliberenlerinde Batyr «Ýaragyňyzy taşlaň« diýip gygyrýar.Şondan soň Ymamguly batyr öz öýünde-de arkaýyn ýatmaýar. Daga awa çyksa-da, agşamlaryna oduň başynda ýatmandyr. Nahar-çaýdan keýpini köklänsoň, ýaragyny alyp, dik baýryň niresi daşlyk bolsa şol ýerde ýüzin ýatýar eker. Ýoldaşlarynyň biri ondan:- Batyr, sen näme üçin adam ýatar ýaly däl ýerde ýüzin düşüp ýatýaň? – diýip soraýar. Batyr oňa: «Är gezen ýerimde är gezer« diýen köneden galan gürrüň bar. Dik gapdal ýerde ýatanymyň sebäbi, duşman geläýse, olaryň şykyrdysyna oýanmaga ýetişerin« diýýär.Nedirden habar bolmansoň, han Agamämmet diýen edermen bir nökerini bäs adama baş edip, Nohura iberýär. Ýaz bilen tomsuň sepgidi eken. Şol wagtlar Ymamguly batyr hem öz adamlary bilen daga çykypdyr. Olar Kümüşdaş diýilýän ýerde bir topar atlynyň yzlaryna duşýarlar. Yz çalýarlar.Az adam bilen Nohura uly zyýan ýetirip bilmejekdigine göz ýetiren han goşun sürmegi göz öňünde tutýar. Içaly Elekber hoja şu goşunyň öňüne düşüp gelýär. Güýz aýlary eken. Tagarow dagynyň üstünde iki sany nohurly goşuny görüp gaçmaga başlaýarlar. Kürtler olary görüp oka tutýarlar. Biri gaçyp gutulýar, beýlekisini öldürýärler. Häzire çenli şol ýere «Mollady ölen« diýip at berýärler. Goşun Garawul jülgesine inýär. Görseler, üç süri goýun otlap ýör eken. Bäherdende oturýan türkmenleriň goýnumyşyn. Kürtler at salyşyp gelip, çopanlary tutmakçy bolýärlar. Bir çopan ýagdaýyň ýamandygyna düşünip gaçýar. Üçusini tutup, goýun bilen alyp ugraýarlar. Gaçan çopan Nohura gelýär. Nazar aksakala wakany gürrüň berýär. Tizlik bilen bir atlyny Arçmana, Bäherdene habar bermäge iberýärler. 120 atlty çemesinde batyrlar, mergenler atlanyp ugraýarlar. Içalynyň garyndaşlary hem özlerini aklajak bolup, bulara goşulýar. Kürtler bularyň köp atly bolup gelýänini görüp, dagdan o ýana inýärler. Ýoluň iki gapdalynda bukulýarlar. Az topary ýol bilen ýöreýärler. Nohurlylar tarapyndan şemal gaty gowy öwüsmeýän eken. Tozanyň derdinden öňlerini we yzlaryny görer ýaly bolmandyr. Bukuda ýatan goşundan geçýärler. Olar gabawa düşýärler.Ýyldan-ýyl, aýdan-aý geçýär. Ýaralar bitişýär. Ölenler ýatdan çykyşýar. Ýaş ýetginjekler ýetişýär. Gyzylbaşlaryň Nohur türkmenlerini öz golastysy edip bilmejekdiklerine göz ýetirenden soň, uly goşun sürmäni bes edýärler. Bes etmese-de boljak däl. Nohur türkmenleri gaýduwsyz, iň soňky damja ganlaryna çenli gaýtawul berýärdiler.Ruslar Ahaly eýeländen soň, nohurlularyň bu goh-galmagallardan gulaklary dynýar. Serhet goralýar, Eýran tarapyndan çapawulçylyk galýar. Galmanda-da indi öňki ýaly däldi. Nohurdan çykyp bilmän oturan halk örüsini giňeldip başlaýar. Her tire ozal oturan ata-baba ýurduna göçmäge ugraýar. Bahar(ly)lar taýpasy Aýyderä göçse, ýüzbegler taýpasy Tutlygala barýarlar. Küruždeý obasyna abdyrahman we bahar taýpasynyň bir bölegi, öwezgeldi taýpasy, jagyl­jugul taýpasy barýar. Ýüzbaşylar Hojagala barýarlar. Sygyr taýpasy Gargyly diýen ýere göçýär. Şyhata taýpasynyň bir bölegi Nurgalasynda, hywalylar Çukurýurda, aýy, çaryk, zertli, erbap tireleri Könekesirde ýurt tutunýarlar.

1992 ý, ýanwar.

A. Çüriýew

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir