Sanjar hakda söz

Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň at-owazasy diňe bir Merkizi Aziýada däl, eýsem, bütin dünýä ýaýrandyr. Ol özüniň täsinligi we gadymylygy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip bildi. VIII asyrdan gowrak wagt geçse-de, mawzoleý öz durkuny saklap, taryhyň köp-köp şatylaryna döz gelmegi başardy.Gynansak-da, sowet döwründe ol «döwlet tarapyndan goralýar« diýilse-de, çyndan goralana meňzemedi. Medeniýet ministrliginiň hasabat kagyzlarynda «Eýdildi-beýdildi« diýlip ýazylsa-da, ýadygärlikler gaty harlanypdy. Ýogsam ýörite jemgyýet hem bardy ahbetin.Diňe soňky zamanda bu taryhy ýadygärlik çyn alada bilen gurşaldy. Oňa ýörite serenjam berildi.Mary welaýatyna aýagy düşen her bir del ýurtdan gelen myhmanyň bu ýadygärligi gözi bilen görmän, onuň kerpiçlerini elleri bilen sypaman yzyna gaýtmaýany belli. Şu ýekeje mysalyň özem bu ýadygärligiň niçin mukaddesligini aňlatmaýarmy eýsem?!Bu hakykatdanam şeýle.Biziň aňrymyz bolan Seljuk döwletiniň şasy we soňky Soltan Sanjaryň jesedi ýatan guburyna täzeden ömür berildi. Eýsem-de bolsa, Garaşsyz türkmen topragynda ýerleşýän dünýä möçberinde uly ähmiýete eýe bolan taryhy we medeni ýadygärliklerimize täzeden ömür berildi.Beýik seljuk döwletini esaslandyran iki dogan – Çagrylbeg bilen Togrulbegdir. Soltan Sanjar bolsa Çagrylbegiň ogly Alp – Arslan, onuň ogly Mälik şa, Mälikşanyň ogly bolsa Sanjardyr.Soltan Sanjar bäş ýüz elli ikinji (1157-1158) ýylyň raby aýynyň 1-ine (aprel-maý) aradan çykýar.Ilki ol sanjylap, soň bolsa içi geçip başlaýar. «Soltan şol içgeçmeden hem ýogalýar« diýip taryhçy Ibn Al Asyr ýazýar. Ibn Al Asyryň özi 555-nji (1160) ýylda Messopatamiýada dünýä inýär. Kakasy häkim bolan. Soň olar maşgalasy bilen Mosul şäherine göçýärler.Sene ýazgysyna seretseň, Soltan Sanjar ýogalandan birikiüç ýyl soň Ibn Al Asyr dünýä inipdir.Al Asyryň ýazmagyna görä, ol Sanjarda, ýagny Jezir ýurdunda (yragyň Mosul welaýatyna degişli – A.Ç.) 479-njy (10-11-1086) ýylyňrejep aýynda dünýä inipdir. Soň Horasana gelýär. Ýaşamak üçinem Mary şäherini saýlap alypdyr. Soň ol öz dogany Soltan Muhammet bilen bile Bagdada barýarlar. Ol ýerde Halyf Al – Mustazhir Billah bilen görüşýärler. Gep ugra aýtsak, Halyf Mustazhir Abbasillerdendir. 487-512-nji (1094-1118) ýyllarda Halyflyk edýär.Şeýlelikde, iki dogan Bagdada baryp Halyf bilen duwşuşýarlar.Halyf Muhammediň soltanlygyny tassyklaýar we Sanjary onuň mirasdüşeri diýip hasaplamaly diýýär. Muhammet ýogalansoň, Soltan hökmünde Soltan Sanjara hutba okalmaga başlanýar. Onuň at-abraýy ýurduň içinde ýokary galýar. Onuň raýatyna degişli ähli patyşalar oňa bir adam ýaly boýun bolýarlar. Yslam dünýäsiniň köp-köp metjitlerinde Soltan hökmünde kyrk ýyllap onuň adyna hutba okalýar. Ondan öň 20 ýyllap diýen ýaly hem oňa mälik hökmünde hutba okalypdyr. Soltan Sanjar döwründe ýurt ykdysady we medeni taýdan asgyn bolmandyr. Köp ugurlar boýunça ösüpdir.Taryhçynyň ýazmagyna görä, Soltan güýçli we ýagşyzada adam bolupdyr. Raýatlary bilen mylakatly gürleşipdir. Onuň soltanlyk eden döwri ýurt asyda durmuşda ýaşapdyr.Soltan Sanjar heniz aýatdaka «dar-al-ahyry«, ýagny gubur üçin jaýy özi üçin saldyrypdyr. Soltan ýogalandan soň onuň wesýetnamasy boünça şol ýerde-de ony jaýlapdyrlar.1200-nji ýyllaryň başlarynda 3 ýyllap Maryda ýaşan Ýakup Soltan Sanjaryň mawzoleýini öz gözleri bilen görüpdir. Bu hakda ol gaty gymmatly ýazgylaryny galdyryp gidipdir: «Soltan Sanjar Ibn Mälik şa As-Seljuk öz soltanlyk eden ýurdunyň gözel gören şäherleriniň bardygyna garamzdan, ýaşamak üçin Merwi saýlap alypdyr. Tä ömrüniň ahyryna çenli hem şu şäherde ýaşapdyr. Onuň mazary şol ýerde uly mawzoleýde, penjireleri metjide garap dur. Mawzoleýiň gümmeziniň gupbasyna gök reň çaýylan. Ol bir günlik ýoldan görünýär. Meniň eşidişime görä mawzoleýi Sanjaryň hyzmatkärleriniň biri soltan ýogalandan soň salanmyş. Kim mawzoleýi gorasa we Gurhany çyksa, şol adamyň peýdasyna wakf ýazyp galdyryp gidenmiş». Haçan-da Soltan Sanjaryň ýogalandygy hakdaky habar Bagdada baranda metjitlerde onuň adyna hutba okamak bes edilýär we diwanda onuň hatyrasyna doga okalmaýar. Soltan Sanjar ölmezidnen öň ýegeni Mälik Mahmyt Ibn Muhammet Bogra hany Horasan boýunça öz orunbasary diýip belläpdir.1999. Sentýabr SANJAR HAKDA SÖZSoltan Sanjaryň mawzoleýiniň at-owazasy diňe bir Merkizi Aziýada däl, eýsem, bütin dünýä ýaýrandyr. Ol özüniň täsinligi we gadymylygy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip bildi. VIII asyrdan gowrak wagt geçse-de, mawzoleý öz durkuny saklap, taryhyň köp-köp şatylaryna döz gelmegi başardy.Gynansak-da, sowet döwründe ol «döwlet tarapyndan goralýar« diýilse-de, çyndan goralana meňzemedi. Medeniýet ministrliginiň hasabat kagyzlarynda «Eýdildi-beýdildi« diýlip ýazylsa-da, ýadygärlikler gaty harlanypdy. Ýogsam ýörite jemgyýet hem bardy ahbetin.Diňe soňky zamanda bu taryhy ýadygärlik çyn alada bilen gurşaldy. Oňa ýörite serenjam berildi.Mary welaýatyna aýagy düşen her bir del ýurtdan gelen myhmanyň bu ýadygärligi gözi bilen görmän, onuň kerpiçlerini elleri bilen sypaman yzyna gaýtmaýany belli. Şu ýekeje mysalyň özem bu ýadygärligiň niçin mukaddesligini aňlatmaýarmy eýsem?!Bu hakykatdanam şeýle.Biziň aňrymyz bolan Seljuk döwletiniň şasy we soňky Soltan Sanjaryň jesedi ýatan guburyna täzeden ömür berildi. Eýsem-de bolsa, Garaşsyz türkmen topragynda ýerleşýän dünýä möçberinde uly ähmiýete eýe bolan taryhy we medeni ýadygärliklerimize täzeden ömür berildi.Beýik seljuk döwletini esaslandyran iki dogan – Çagrylbeg bilen Togrulbegdir. Soltan Sanjar bolsa Çagrylbegiň ogly Alp – Arslan, onuň ogly Mälik şa, Mälikşanyň ogly bolsa Sanjardyr.Soltan Sanjar bäş ýüz elli ikinji (1157-1158) ýylyň raby aýynyň 1-ine (aprel-maý) aradan çykýar.Ilki ol sanjylap, soň bolsa içi geçip başlaýar. «Soltan şol içgeçmeden hem ýogalýar« diýip taryhçy Ibn Al Asyr ýazýar. Ibn Al Asyryň özi 555-nji (1160) ýylda Messopatamiýada dünýä inýär. Kakasy häkim bolan. Soň olar maşgalasy bilen Mosul şäherine göçýärler.Sene ýazgysyna seretseň, Soltan Sanjar ýogalandan birikiüç ýyl soň Ibn Al Asyr dünýä inipdir.Al Asyryň ýazmagyna görä, ol Sanjarda, ýagny Jezir ýurdunda (yragyň Mosul welaýatyna degişli – A.Ç.) 479-njy (10-11-1086) ýylyňrejep aýynda dünýä inipdir. Soň Horasana gelýär. Ýaşamak üçinem Mary şäherini saýlap alypdyr. Soň ol öz dogany Soltan Muhammet bilen bile Bagdada barýarlar. Ol ýerde Halyf Al – Mustazhir Billah bilen görüşýärler. Gep ugra aýtsak, Halyf Mustazhir Abbasillerdendir. 487-512-nji (1094-1118) ýyllarda Halyflyk edýär.Şeýlelikde, iki dogan Bagdada baryp Halyf bilen duwşuşýarlar.Halyf Muhammediň soltanlygyny tassyklaýar we Sanjary onuň mirasdüşeri diýip hasaplamaly diýýär. Muhammet ýogalansoň, Soltan hökmünde Soltan Sanjara hutba okalmaga başlanýar. Onuň at-abraýy ýurduň içinde ýokary galýar. Onuň raýatyna degişli ähli patyşalar oňa bir adam ýaly boýun bolýarlar. Yslam dünýäsiniň köp-köp metjitlerinde Soltan hökmünde kyrk ýyllap onuň adyna hutba okalýar. Ondan öň 20 ýyllap diýen ýaly hem oňa mälik hökmünde hutba okalypdyr. Soltan Sanjar döwründe ýurt ykdysady we medeni taýdan asgyn bolmandyr. Köp ugurlar boýunça ösüpdir.Taryhçynyň ýazmagyna görä, Soltan güýçli we ýagşyzada adam bolupdyr. Raýatlary bilen mylakatly gürleşipdir. Onuň soltanlyk eden döwri ýurt asyda durmuşda ýaşapdyr.Soltan Sanjar heniz aýatdaka «dar-al-ahyry«, ýagny gubur üçin jaýy özi üçin saldyrypdyr. Soltan ýogalandan soň onuň wesýetnamasy boünça şol ýerde-de ony jaýlapdyrlar.1200-nji ýyllaryň başlarynda 3 ýyllap Maryda ýaşan Ýakup Soltan Sanjaryň mawzoleýini öz gözleri bilen görüpdir. Bu hakda ol gaty gymmatly ýazgylaryny galdyryp gidipdir: «Soltan Sanjar Ibn Mälik şa As-Seljuk öz soltanlyk eden ýurdunyň gözel gören şäherleriniň bardygyna garamzdan, ýaşamak üçin Merwi saýlap alypdyr. Tä ömrüniň ahyryna çenli hem şu şäherde ýaşapdyr. Onuň mazary şol ýerde uly mawzoleýde, penjireleri metjide garap dur. Mawzoleýiň gümmeziniň gupbasyna gök reň çaýylan. Ol bir günlik ýoldan görünýär. Meniň eşidişime görä mawzoleýi Sanjaryň hyzmatkärleriniň biri soltan ýogalandan soň salanmyş. Kim mawzoleýi gorasa we Gurhany çyksa, şol adamyň peýdasyna wakf ýazyp galdyryp gidenmiş». Haçan-da Soltan Sanjaryň ýogalandygy hakdaky habar Bagdada baranda metjitlerde onuň adyna hutba okamak bes edilýär we diwanda onuň hatyrasyna doga okalmaýar. Soltan Sanjar ölmezidnen öň ýegeni Mälik Mahmyt Ibn Muhammet Bogra hany Horasan boýunça öz orunbasary diýip belläpdir.

1999. Sentýabr

A. Çüriýew


www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir