Injiliñ stili

Mahal-mahal oýlanýarsyň, oýlaryň çöl ýodalary ýaly aýlanyp-aýlanyp çolalygyň, ýalňyzlygyň hem gam-gussanyň girdabyna alyp gidenini soň bilip galýarsyň. Aslynda, oýlanmak diýen närsede gam-gussanyň ysy bar. Hawa-da, Taňrynyň dünýäsinde ynsanyň diýeni bolup baranok. Munuň Taňrynyň dünýäsidigine-de kyrk ýaşap akyl ýetirdik... Ynsanyň oý-pikirinden kämil zady ýok, sebäbi oý-pikiri onuň içinde ýaşaýar, daşyna çykdygy weli... «Oglum bolar, hiç bolmanda Görogly bolar» diýip arzuw-hyýallara bent bolýarsyň, ogluň bolýar, ýyllar geçýär, Görogly beýlede dursun, Öwez han bolsa-da yrza gelýärsiň. «Şu powestim Hemingueýiň «Goja we deňzine» gaýra dur diýer» diýip hyruç bilen başlaýarsyň, gutaranyňda ol hem adaty powestiňden azajyk ganymadrak bolup çykýar. Sebäbi näme? Ol powest seniň hyýalyňda ýaşaýan çagy ajaýyp powestdi ahyry. Näme diýip adam öz hyýalyny fotosurat hem edip bilmeýär... Eýse, ynsan bilen kagyzyň arasynda nähili serhet ýatyr? Dünýäde her kes öz göwnüni tapyp bilmän gara heläk, ýazyjy görgüli bolsa hem öz göwnüni, hem okyjynyň göwnüni tapmaly! Okyja nähili eser gerek? Ony bilýän ýok, ýok! Diňe tankytçylardan başga! Olar haýsydyr bir eseri kötekläp, soňundan bir sözlemde: «Okyja munuň ýaly eser gerek däl, şeýleräk eser gerek» diýip takyk kesgitleme berip bilýär... Okyjy — wagtlaýyn emin! Döwür-döwran dolanýar, heňňam aýlanýar, düýnki döwrüň öňde goýan eserleri hol yza düşýär, entek ol ýerde hem uzak durjagy nämälim. Eseriň hakyky emini Wagt! Wagta näme gerekdigini hatda okumyş tankytçy hem bilmeýär, ýazyjy hem...Ýetmiş ýyllap aýra salnan eserler elýeterli boldy. Biziň «genial» diýip okan daşary ýurt ýazyjylarymyz, Bütindünýä parahatlyk baýragynyň, Lenin baýraklarynyň laureatlaryndan başga ýüzlerçe uly ýazyjylar – Nobel baýragynyň laureatlary-da bar eken. Oka, oýlan, döwür kanda, sen kanda!Soňky ýyllar Gurhany hem, Injili hem, Awestany hem, Mahabharatany hem öwran-öwran okadym. Beýik kitaplar, kitaplaryň kitaplary. Keramatly kitaplar! Üstünden müň ýyl geçendigine garamazdan ter, tämiz, dury, dana pikirlerden doly kitaplar! Men şu ýerde Isa pygamberiň taglymaty bolan Injiliň stilinden söz açjak bolýaryn. Hormatly okyjy: «Hojageldi Ödäniň ogly-ha gaty beýikden tutdy, ol özüni kimdir öýdýärkä?» diýmäweriň. «Müň pygambere ýykylanyňdan, bir Alla ýykyl» diýipdir ata-babalarymyz. Tankytçylar bizi halys dagdy edipdir. Men Injilden söz açmakçy bolýanymy hem delillendirjek bolup durun. Emma bolanok, bolanok! Gyzamykdan galan kesel ýaly, näme ýazjak bolsak: «Il näme diýerkä, tankytçylar näme diýerkä, galamdaşlarym näme diýerkä?» diýen pikir ömürlik galamyň ujunda hekgerip otyr... Eýýäm otuz üç ýaşynda haça çüýlenen Isa, meger, ýigrimi bäş ýaşlarynda il içine çykyp şeýle pikirleri aýdýar: «Men Ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň: Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. Çünki Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim. Adamyň duşmany öz içersindäkiler bolar. Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir. Janyny goran ony ýitirer: Meniň ugrumda janyny ýitiren ony tapar. Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ýollany kabul eder. ...Kim meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony göklerdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, men-de ony göklerdäki Atamyň öňünde inkär ederin. ..Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, meniň bilen bile ýygmadyk dagadar...» Isa Mesih göklerde beýik Taňrynyň bardygyny buşlamaga, ynsanyýeti halas etmäge geldi, emma ynsanlar ony haça çüýlediler. Ol haça çüýlenjegini hem bilýärdi, barybir, ol şol ýoly saýlady. Ýogsa Isa ýeke har bilen gysga ömrüni ötürmän, hekimçilik edip dünýäniň uly baýy hem bolup bilerdi... Her ýazyjy pygamber taglymatyny getirip bilmez, ýöne ynsan taglymatyny weli, ol hökman getiräýmelidir. «Mähriban, gadyrdan okyjym, okyjym jan, ezizim» diýip okyjynyň kalbyna girip bolmaýar. Mysalymyz uly boldy. Pygamber öz ornunda otursyn, geliň, Magtymguly Pyraga ýüzleneliň. Ol näme diýýär: Ýüregim sabyrdan, gitdi karardan, Ýaman işdir bogaz bolmak är-ärden. Bizara gelip men beýle diýardan, Jür bolup men başym alyp gitmäge. Ýa-da: Gadam goýsam sähralara, çöllere, Köňül gaýnap, söz joş eder tillere, Iller saňa haýran, sen hem — illere Ýa aklyň aldyryp, çaşa düşüp sen. Ýa-da: Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar, Razy men, üstümden basyp ötseler, «Magtymguly» diýip, adym tutsalar, Gören göz jort atar eşden gulaga. Mysaly kiçeldip bolar. Ýöne garsaga don biçip, gaplaňy donly edip bolmaýar! Öz sözüňe Hudaýa uýan ýaly uýman, özgäni uýduryp hem bolmaýar. Öz sözüňe janyňdan jan berip, öz sözüň üçin ölmäge taýyn bolmasaň, ol sözüň ýaşajagy gümana. Men Akmyrat Şirden: «Sen näme diýip özge ýazyjylar ýaly, eseriň aşagyna onuň ýazylan aýyny, ýylyny, gününi ýazmaýarsyň?» diýip soradym. Ol: «Eseriň doglan senesini goýsaň, ölen senesinem ýazmaly bolar. Men ýazan eserlerim ýaşar diýen umyt bilen şol senäni goýmaýaryn» diýipdi. Mahal-mahal oý-pikire batýarsyň, oý-pikirler bolsa tokaý ýodasy ýaly aýlap-aýlap gam-gussanyň girdabyna gark edip taşlaýar. Osman Öde, gözüňi aç, okyjy ýok, okyjy sen! Sen özüňi ynandyr, sen özüň üçin ýaz, seniň maňzyna batan eser okyjynyň hem maňzyna batar. Her bir jümläňi göwnüňde ganat perini ýetirip dünýä çykar. Ganat-peri kemala gelen jümle uçar!.. Edermen pikiri naçar, göçgünli pikiri gamgyn, dury pikiri bulanyk, uly pikiri kiçi, pynhan pikiri aýdyň aýtmak bolmaýar. Ýokardan gelýän pikiri ýokardan gelşi ýaly okyja ýetir. Gaplaň üçin don biç, garsak geýse geýip geçsin!..

Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir