Täze ýyly bellemek hakynda



Allanyñ Resuly (s.a.w) baky dünýä göç etmezinden az salym öñ ymmatynyñ başyna geljek külpetler hakynda birnäçe alamatlary aýdypdy. Bulardan iñ ünsüñi çekýäni Ymam Buharynyñ ''Sahyh hadysynda'' geçen şu hadys-şerifi bolsa gerek. Hiç şübhesiz siz özüñizden öñki milletleriñ ýoluna ädim-ädim, garyş-garyş eýerersiñiz. Hatda olardan biriniñ bir kelpezäniñ hinine girenini görseñiz, sizem şeýtmäge synanyşarsyñyz''. Bu sözi eşiden käbir sahabalar Resulallaha ''Hristiýanlary we ýewreýleri göz öñünde tutup diýýärsiñizmi?'' diýip soranlarynda Resulalla (s.a.w) ''Başga kim bolsun dagy?'' diýip azajyk sesini gataldyp jogap beripdir (Buhary, Tejtid). Allanyñ Resulynyñ hadyslarynda aýdylşy ýaly, hristiýan we ýewreýlere eýermek, aýratynam Türkiýede XIX asyryñ ortalarynda döwleti we jemgyýeti yzagalaklygy üçin ösüp barýan Ýewropanyñ yzyndan ýetirmek üçin Osman imperiýasy tarapyndan yglan edilen ''Tanzimat'' kanunynyñ heteket edip başlan wagtyndan bäri ilki añ-düşünjämizde, soñra durmuş şertlerimiziñ ýewropapisintli görnüşe geçmegi bilen başlady. Olara gyşarnyksyz eýermek günbatarly jemgyýetleriñ dörediji, biziñ bolsa öýkünji häsiýete öwrülmegimize getirdi hem-de bizi olar bilen birmeñzeş sypata öwürdi. Aýratynam soñky ýüz ýylyñ dowamynda günbatara meñzejek bolmak we olara eýermek bilen gelip ýeten ýagdaýymyza göz aýlanymyzda, musulman ymmatymyzyñ öz kimligini, ýörelgelerini, medeniýetiniñ wajyp ugurlaryny ýitirmek derejesine gelip ýetendigimizi aç-açan görmek bolýar. Olara eýerjek bolmagyñ bir subutnamasy hem 1400 ýyllap yslam jemgyýeti nukdaýnazaryndan wagty kesgitleýän hijri kalendarynyñ ýerine milady kalendarynyñ kabul edilmegi 1-njy ýanwaryñ Täze ýylyñ birinji güni diýilip kabul edilmegidir. Hristiýan medeniýetinde aýratyn orny we many-mazmuny bolan 1-njy ýanwar güni musulmanlarda hem edil ýewropalylarda bolşy ýaly baýramçylyk howasyna öwrülipdir. Aslynda Täze ýyl güni nämäni añladýar?! Hristiýanlyk kabul edilmänkä gadymy Rimde butparaz däpleriñ iñ ähmiýetlisi güýç-kuwwaty alamatlandyrýan ''Gün Hudaýy'' Mitra çokunmakdyr. Gün hudaýy Mitranyñ doglan gününiñ 25-nji dekabra gabat gelýärdi. Rimlileriñ IX asyrda hristiýanlygy kabul etmekligi bilen ruhanylar we buthana gatlagy Rimiñ paganizm medeniýetine degişli dini rituallary we baýramçylyk günlerini inkär edip durmadylar. Gadymy Rimiñ paganizm medeniýetine degişli butparaz däp-dessurlary we köpçülikleýin baýramçylyklary halklaryñ arasyna ýaýratmak üçin hristiýan mifologiýasynda duş gelýän rituallar bilen baglanyşdyrdylar. Hezreti Isa pygamberiñ doglan güni barada anyk bir sene aýdyp bilmeýän hristiýan ruhanylary gadymy Rimde Gün hudaýy Mitranyñ doglan güni hökmünde kabul etdiler. 25-nji dekabr 1-njy ýanwar aralygy bolsa gadymy Rim kalendarynda Gün hudaýy Mitranyñ doglan güni bilen Saturnaly festiwalyndaky ''Gün çalşygynyñ'' bileleşdirilmegi hökmünde bir hepdeläp bellenipdir we bu Günbatar hristiýanlary tarapyndan Isa pygamberiñ doglan güni diýip kabul etmeklerine getiripdir. Täze ýyl güni hristiýanlaryñ öz dinlerini butparaz gadymy Rim medeniýetine meñzetmäge çalyşmaklary netijesinde ähmiýetli bir güne öwrülýär.
Mukaddeslik düşünjesini ýeriñ-gögüñ ýaradyjysy bolan ýeke-täk Alladan alan musulmanlaryñ Remezan we Gurban baýramlaryndan başga ylaýta-da köphudaýly paganizm we hristiýan medeniýetiniñ önümi bolan Täze ýyl gününe aýratyn bir gadyr bilmedikleri, haýsy maksat we niýet bilenem bellenilýänem bolsa nädogrydyr. Çünki bu ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Allanyñ Resulynyñ berk gadagan eden ''öýkünmek'' manysyna öwrülýär.
Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdir: ''Kim bir kowuma öýkense ol hem şolardandyr'' (Ebu Dawud, Lybas). Allanyñ resuly Medinä göçüp baranyñdan soñra halkyñ gadymy pars medeniýetiniñ täsiri bilen Nowruz we Mihrijan günlerini gutlaýandyklaryny görüpdir we şeýle diýipdir: ''Alla bu iki baýramyñyzy olardan has haýyrly iki gün bilen çalyşdy: Gurban we Fitre (Remezan) baýramy'' (Ebu Dawut, Salat. Nesaýy. Iýdeýn).
Netijede Ýewropanyñ modernistlik akymy yslam düşünjesini özüne ýakynlaşdyrdy we täze bir taryhyñ başlangyjy diýen toslama teoriýany añymyza guýmaga çalyşdylar. Allatagala adamzady tümlükden we nadanlykdan ýagtylyga alyp çykmak üçin VII asyrda yslamy ugradandygyna garamazdan, adamzadyñ nadanlykdan ýagtylyga çykmagyny, gaýtadan döreýşini 1789-njy ýylyñ senagat rewolýusiýasy bilen baglanyşdyryşlary ýaly, wagt kalendaryny hem hristiýan-paganist medeniýetiniñ eseri bolan milady kalendary bilen baglanyşdyrdylar. Şeýlelik bilen biz ýewropa merkezli dolandyrylýan bu wagt düşünjesiniñ içinde öz kimligimizi ýitiren jemgyýete öwrülenimizi duýman galdyk. Milady kalendarynyñ kabul edilmegi we bu kalendaryñ ilkinji gününiñ Täze ýyl güni hökmünde bellenilmegi hijri kalendaryny 1400 ýyl ulanan, şol sanda wagta hem öz medeniýeti bilen baglanyşygynyñ üzülmeginiñ başy bolupdyr. Şuny unutmalyñ: biz Mesjidi-Aksa kyblamyzka, Käbä tarap kyblamyzy öwürmegi buýrulan halkdyrys (ymmatdyrys). Allatagala dinlerini öz isleýişleri ýaly üýtgeden hristiýanlar bilen birlikde bir kybla öwrülmegimize razy dälkä, nädip biz hristiýan-paganist medeniýetiniñ eseri bolan Täze ýyl gününi giñden belläp geçýäris?!... Ibn Omardan rowaýat edilmegine görä Allanyñ Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: ''Bir kişi müşrikleriñ baýramyna gatnaşmak üçin olara meñzejek bolsa, ol kişi kyýamat güni olar bilen birlikde ýerinden turar'' (Beýhaky. Es-sunenul-Kubra). Aly ymran süresinde şeýle buýrulýar: ''Kim yslamdan başga dine ýönelse, ol din kabul edilmez we ol ahyrýetde husrana ugranlardan bolar'' (Aly ymran. 85)

Abdyrahym Şen
www.mojeklermekany.com

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir