Aýaz baba we Täze ýyl baýramy kimiñki?




Türkmenlerde gadym döwrlerden bäri bellenilýän baýramçylyklaryñ biri bolan Täze ýyl baýramyny sowgatlary bilen garşy alýan Aýaz baba hakynda biz nämeleri bilýäris aslynda?
Dogrudanam Aýaz baba kim? Ýaşap geçipdirmi? Hakykatdanam ol elmydama Hydyr ata ýaly diri, ýöne göze görünmeýän ýagşyzada kişimi? Täze ýylda çagalara sowgatlar berýän Santa Klaus we Täze ýyl baýramy bize Ýewropalylardan geçenmi?
Hristiýanlaryñ dini kitaplarynda Nikolas atly ''Santa Klaus'' miladynyñ 300-nji ýyllarynda Orta ýer deñziniñ gündogar kenary bolan Akdeñize ýakyn häzir Demre diýlip tanalýan Patarada dünýä inipdir. Onuñ ady hem Nikolas bolupdyr. Özem onuñ ýaşan ýerlerinde ne garlyk ne doñaklyk bolupdyr. Baý maşgalada önüp-ösen Nikolas hemmelere mylakatly, mähir paýlapdyr. Şol sebäpden adamlar ony gowy görýär eken. Ol ulalyp hristiýan ruhanysy we ýepiskop bolupdyr. Ol Palestina we Müsüre syýahat edipdir. Onuñ haçan dünýeden ötendigi belli däl ýöne hristiýanlar onuñ 6-njy dekabrda dünýeden ötendigini aýdýarlar.
Özem bary-ýogy Palestina we Müsüre aýlanypdyr. Başga ýerlere barmandyram. Ýene bir bellemeli zatlaryñ biri hristiýanlar 6-njy dekabr bilen 1-njy ýanwar aralygyny şol Santa Klaus atly meşhur bolan Nikolasyñ ýasyny tutup şady-horramlyk edilendigini belleýärler. Ine şol hem täze ýyl bilen baglanyşyklymyşyn. Bu akla sygar ýaly ynandyryjy gürrüñem däl. Täze ýyl baýramçylygy bilen tutulýan ýasyñ nähili biri-birine gabat gelýän ýeri barka? Hristiýan dünýäsiniñ her ýerden bir çykalga tapjak boluşlary kä wagtlar jyñk kakdyryp gülkiñem tutduryberýär.
Hristiýan dünýäsi ''Ýok bu beýle däl, Täze ýyl Isa pygamberiñ dogulan güni bilen baglanyşykly'' diýip bir agyzdan seslenýändirler. Ýöne Isa Pygamberiñ edil Täze ýyl bilen baglanyşykly ýeriniñem ýokdugyny alymlar bir agyzdan boýun alýandyrlar.
Bu maglumatlar nä derejede dogry ony-ha biljek däl welin biziñ ata-baba gelýän ynanç-ygtykadymyzda Aýaz baba diýip tanaýan ýagşyzadamyz bolupdyr. Türkmenleriñ köneki ynanjy, adatlary bilen gyzyklanan Deniz Karakurdyñ ''Türk söylence sözlüğü'' atly kitabynda bu hakda giñişleýin maglumatlar bar.
Şol ady agzalan eserde Aýaz han we Aýaz ata diýlip tanalan Sowuk gyşyñ tañrysy bolupdyr.
Aýaz han Aýyñ ýagtylygyndan ýaradylypdyr. Sowuk gyşyñ piri hökmünde tanalypdyr. Ol Ülker ýyldyzlar toplumyndan sowuk howa üflände ýere gyş düşýär eken. Ýüzüñi ýalap gelýän gury sowuk howa hem şol Aýaz babanyñ gelmegi bilen baglanyşyklydyr.
Soñ-soñlar Aýaz baba hakyndaky ynançlar Noel baba bilen badaşyp gidipdir.
Ol gyşyñ sowugynda garyp-pukaralara, açlara kömek edýän parasatly haýyrsöýer adam bolupdyr.
Hristiýanlaryñ Santa Klaus diýip bilýäni Keramatly Nikolasy we Gyşyñ Täze ýyl baýramçylygy bolsa asly türkilerden ýewropa geçen adatlar diýsek ýerlikli hem boljak.
Özem häzirki günlerimizde Aýaz baba diýip tanaýan kişimiziñ geýýän geýimleri, şekilleri Tomas Nastyñ we Haddon Sundblumyñ sungatyndan dörän suratçylyk eseri bolupdyr.
1863-nji ýylda Harper's Weekly sergide ilkinji gezek mahabatlandyrylan suratlary we şondan soñ meşhurlyga çykan Santa Klaus 1931-nji ýylda Koka Kola üçin taýýarlanan suratlar sergisinde daýaw, çişik, ak sakally, gyzyl reñkli donly we balakly, eli sowgatdan doly haltaly kişi hökmünde görülmäge başlanypdyr.
Suratlara ylham çeşmesini görkezen şahyr Klement Klarke Mureniñ ''Eziz Nikolanyñ syýahaty'' we ''Noelden öñki gijedi'' atly goşgulary dillere sena bolupdyr.
Aýaz babanyñ kişiligi we Täze ýylyñ bellenmegi öñki döwürlerde hem biziñ türkmen ata-babalarymyzdan bäri belli bolan ynançlaryñ biridigini, ýöne onuñ ýatdan çykarylandygyny, men ine Täze ýyly garşylamak üçin jiglerimiñ penjirämizi ak garjagazlar bilen bezäp duruşlaryny synlap, tüýs ýüregim bilen syzýaryn we ynanýaryn.





Peşeñ ogly Afrasyýap

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir