Jynsy gatnaşyklary haçan başlamaly?

Şeýle sorag bilen gyzyklanyp, mekdep okuwçylary bilen geçirilýän duşuşyklarda bize has hem ýetginjek oglanlar ýygy-ýygydan ýüzlenýärler. Bu soraga her kim, her dürli jogap berer. Her ýurtda hem halkyñ medeniýetine, maşgala gymmatlyklarynyñ mizemezligine, dini garaýyşlaryna, eýeleýän sosiaı derejesine baglylykda adamlaryñ bu gatnaşyklary başlama ýaşy dürli bolup biler. Statistika maglumatlara ýüzlensek, jynsy gatnaşyklary hemmeden ir Islandiýada (ortaça 15,6 ýaş), soñundan Şwesiýada (16,2 ýaş), Finlandiýada (16,5 ýaş), Norwegiýada (16,5 ýaş), Bolgariýada (16,9 ýaş) we Portugaliýada (16,9 ýaş) başlanýar. Hemmelerden giç jynsy gatnaşyklary Malaýziýada (23 ýaşa), Indiýada (22,9 ýaş), Hytaýda (22,1 ýaş) we Tailandda (20,5 ýaş) başlaýarlar. Dünýäde jynsy gatnaşyklary başlamagyñ ortaça ýaşy 18,4 ýaşa barabardyr. Lukmanlaryñ bellemegine görä fiziologiki taýdan kämilleşme 18-22 ýaş aralygynda tamamlanyp, adamyñ köpelmäge ukyplylygynyñ döreýänligini hem añladýandyr. Beýle diýsem ''ilkinji seks alamatlar döräp, ilkinji aýbaşy gelenden soñ, aýal maşgala göwreli bolmaga ukyply ahyryn'' diýip, maña garşy çykmagyñyz mümkin. Dogry. Ýöne entek fiziologiki taýdan kämilleşmedik beden, göwreliligi göterip, sagdyn çaga dogurmaga ukyplymy? ''Bizi jynsy gatnaşyklar gyzyklandyrýar, siz bolsa çagadan tutdyñyz'' diýip gatyrganmagyñyz hem mümkin. Her niçik hem bolsa, adamynyñ fiziologiki we ruhy taýdan kämilleşmegini we meseläniñ ýuridiki tarapyny göz öñüne tutup, hünärmenler jynsy gatnaşyklaryñ 18 ýaşdan soñ başlanmagyny ýerlikli hasaplaýarlar. Ýöne jynsy gatnaşyklary başlamazdan öñ, psihologiki we ahlaklyk tarapdan taýynlygyñyzy özüñiz üçin aýdyñlaşdyrmagyñ zerurdygyny belläsim gelýär.


https://m.ok.ru/www.saglyk/topik...

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir