Nazar ýokary okuw jaýyny okuwyny dynyp, hödürlenen işden ýüz öwrüp, oba mekdebine işe geldi. Ol ýokary synp okuwçylaryny himiýadan okadyp başlady.Öz obasy bolansoň işinede, kollektiwada derrew öwrenişdi. Nazaryň “okuwym dynýançam garaşmaly borsyň” diýip, halan klasdaş gyzy Şeker bolsa, obada ady belli kastyum-jalbar tikýän tikinçidi. Bularyň söýgüleri mekdep döwründen başlanansoň, ony tutuş oba bilýärdi. Bularyň arassa söýgüsine daşyndan höwes etýän hem bardy. Enebaý eje ogly Nazaryň öz tanaýanja ýeriniň gyzyny halaýanyna daşyndan guwanýardy. Şeker ýaly gyzy gelin edip, öz oglunyň ýanjagazynda görmegi arzuw edýärdi. Şekeriň ene atasy hem gyzlarynyň Nazar bilen halaşýanyny bilýardi. Şekeriň kakasy bilen Nazaryň ejesi hem klasdaşdy. Nazar işe başlanyndan soň Enebaý eje düwünjegin alyp göni Şekerlere gitdi. Öňem tanyş ýerler bolansoň bularyň gudaçylygy çekeleşip hem durmady, derrew iki gapdal hem razy bolyp toýyň ugryna çykdylar. Toý sähedi bellenildi. Toý dep dessurlarynyň bary edildi. Gyz ýeriň toýy sagaman sowulyp, bu gün toý oglan ýerdedi. Enebaý eje oglynyň toýunda gelniniň toýdan ugradan sowgadyn bir laý geýip, gelinalyjy gitmänkä owadan toý köýnegin geýip, gelen düwünjekler bilen başagaýdy. Toýa gelen her bir myhman ýaşlaryň toýyn gutlap, gelinalyjy maşynyň ugrundady. Her kim öz münjek maşynyny bezeýardi Ýaşulylaryň “wagt boldy indi ugraň hany” diýip ak patasy bilen, gelin almaga gitjek maşynlaryň uzynlygy uzak ara ýetýardi. Gelinalyjy maşynlaryň tertipli sagaman gidip gelmeklerine ýörite iki sany ýolbaşçy hem goýuldy. Enebaý eje begenjine her bir gelinalyjy maşyna owadan ýaglyklary özi daňyp çykdy. Gelinalyjy maşynlar ýola düşdi. Gelin almaly ýer ýakyn hem bolsa, toýuň ýörite bezegi üçin şäher merkezine gidip, ýadygärliklere çemen goýmak üçin maşynlar obadan saýlandy. Gelinalyjy maşynlar, goý, gelni aýlap gelmäge gidibersinler ýöne, ýöne gelinalyjy maşynlar öýden saýlanan pursatdan başlap Enebaý eje zordan özini öýe atdy. Gapjygynda duran dermanyn alyp derrew içdi. Gök çaý demledip, çaý bilen çörek iýjek boldy we ýerinden turan dessine ýere güpürdäp ýykyldy. Munuň birden beýle ýagdaýa düşenin görüp derrew oba lukmanyna maşyn ugradyldy. Enebaý ejäniň haşlap, uludan alýan demi, märekäniň howpyny basdy. Aýal dogany agzyna suw dandyryp, el aýagyn oykalap otyrka, birden batly batly sesli dem aldyda hyrk etdi, we bedeni gowşap gitdi. Aýal dogany “waý, bir zada boldy, çaşdy” diýip, suw sepip başlady. Tutuş toýa gelen märeke daşyna üýşdi... Lukman geldi, apparaty bilen gan basyşyny ölçedi, san nol görkezdi. Ýürek urşy, damar urşyny barlady, o-da nol görkezdi. Gözleri ýagta tisginmedi, döş kapasasy galan, beden sowuk, endamy agymtyl, gögümtil öwüsýärdi. Lukman başyny ýaýkap: -Jemleniberiň, boljak iş bolupdyr, yzy ýarasyn!?-diýdide, ýerinden turdy.... Öýde bolan agy sesi, tutuş oba ýaňlandy, ýaňjada aýdym sazyň sesi tutuş obany bezäp duran bolsa , indi kyyamat gopan ýaly toý ýasa öwrüldi. Enebaý eje yogalypdyr diýen habar derrew oba ýaýrady... Gelin almaga giden maşynlara baş bolyp giden adamlara telefon edip, derrewjik gelni öýe getirmeklerni we signal bermän gelmeklerni tabşyrdylar Nazara bolsa hiç zat aýtmadylar, özi gelende biler diýip, tabşyrdylar. Nazaryň bolsa hiç zatdan habary yokdy. Ol bu gün naçe ýyllap söýüp aýan gülüniň elinden tutyp, bagtdan doly gözjagazy balkyldapjyk durdy. Habary yokdy bu şadyýan gülüp duran gözlerden hazir ajy gözýaşyň döküljeginden......!? WAKAŇ BOLAN WAGTY: 07.11.2015 Hiç kimiň hiç haçan göwnüne degmäň, bir-biregiň didaryndan hiç wagt doýmaň, mydama teşne bolup geziň! Kim bilip dur bir sagatdan näme bolar.. !?

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir