1. Men başaramok. Saňa «Sen başarmarsyň» diýip biljek ýeke-täk adam — bu seniň özüňsiň. Eger sen beýniň düýp-teýkaryndan — bir ýerlerden ýaňlanýan bu sedany eşidýän bolsaň, onda öçür bu sesi. Seniň ynamyň daglary ýerinden gozgap biler, öz-özüň babatdaky şübheleriň bolsa, olary ýaňadan dikeldip biler. Seniň öz- özüňe şübhelenmegiň — şahsy ösüş babatdaky ilkinji duşmanyňdyr. Öz mümkinçilikleriň bilen bagly esassyz howatyrlanmagyňy bes eden wagtyň, özüňe hormat goýup başlan çagyň özüňiň näderejede köp zady amala aşyryp biljekligiňe düşünersiň, özüňde şonça mümkinçilikleriň basyrylgy ýatanlygyna haýran galarsyň. Gepiň küle ýeri, seniň şübheleriň bilen ynamyň arasynda nähilidir bir umumylyk bar: olar seniň görüp bilmeýän nämedir bir zadyňa ynanmagyňy talap edýärler. Saňa diňe nämä ynanjagyňy saýlaýmak galýar.
2. Bary-ýogy degerli bir ideýa gerek. Hiç zat etmeseň, hiç zat hem gazanmarsyň.
Öz-özlüginde ideýanyň seniň üçin bitiren goşy bolmaz — saňa, nädip hem bolsa, ony durmuşa geçirmek gerekdir. Käbir halatda gowy ideýanyň seniň aňyňda ornap, haýra görä, köpräk zelel ýetirmegi-de ähtimaldyr. Seniň soňa goýmaga ram edenligiňe aňastyaň düşünýär. Seniň erteleýän işiň dert, howsala, gorky getirip, has-da köp ertä goýmaga iterýär, bu bolsa, wagtyň geçmegi bilen, öňküdenem perişanlyga, harap hala salýar. Munuň soňuna diňe hereket etmek bilen çykyp bolar. Ösüş gönüden-göni hereket bilen ölçenilýär. Eger hereket bolmasa, ösüş hem ýokdur.
3. Men muny ertir ederin. Üstünlikli adamlarda ýaltalaryň ertire meýilleşdirýän zadyny şu gün etmek adaty bardyr. Önjeýliligiň iň uly ýagysy — nämedir bir zat etmek üçin, şu güne garanyňda, ertiriň has laýyk boljaklygy baradaky zadyň alnyndan bolmadyk ynamdyr. Bu ullakan, tyňkyja ýalandyr. Ertir hem seniň özüňi duýuşyň edil şu mahalky ýaly bolar, amatly gün bolsa hiç haçan hem gelmez. Seniň hakyky meseläň (problemaň) bu gün başarmajaklygyňda däldir, asyl zandyňdadyr, niýetiňdedir. Düşün ahyry, seniň ol diýýän «ertiriň» aslynda ýok, hiç haçan hem bolmaz. Sendäki ýeke-täk mümkinçilik — bu sende şu wagt bar bolanydyr. Şu salym, şu pursatdyr. Şu günden başga parhly gün ýok. Eger sen şu gün özgeleriň etmeýän zadyny etseň, seniňkiň çüwdügidir. Ertir oýanarsyň-da, özgeleriň başarmaýan zadyny etmäge ukyplydygyňy duýarsyň.
4. Men taýýar däl. Eger nämedir bir zat seni kejikmäge we oňaýsyzlyk duýmaga
mejbur edýän bolsa, diýmek, bu seniň ähli zady dürs edýänligiň hemde ösýänligiň alamatydyr. Islendik önjeýli ösüş rahatlyk aýtymyndan çykmak bilen baglydyr. Seniň duýgularyň — bu diňe öz ýoluňy tapmaga synanyşyk üçin mahsus bolan howsala we gorkudyr. Howsala, dowul — bu seni şindi sataşmadyk şowsuzlygyň üçin yzygiderli alada galmaga mejbur edýän içki gorkudyr. Bu bir howaýy ahwalatdyr. Sen gorkynyň hiç bir ýaramazlygyň öňüni alyp bilmejekligi, oňa derek seniň durmuşyňy, ömrüňi togtadyp biljekligi bilen kaýyllan. Şunlukda, çylşyrymly duýgular bilen öwrendikli bol. Seniň üstünlige bolan islegiň şowsuzlygyň alnyndaky gorkyny boýun egdirmelidir. Umuman durmuşdaky tötänleýin wakalar hemişe-de doly akyl ýetirip bolmaýan, nähilidir bir galpyldy hem gorky döredýändir. Ýöne sen olara bolan garaýşyňa akylly-başly ygtyýar edip bilersiň. Ine, şunda ünsüňi jemle, şonda sen elmydama has önjeýli bolarsyň.
5. Meniň iň gowy bitiren işim hasaplaýanym hem o diýen bir
öwerlik däl. Öňe ilerlemäge itergi berýän bir möhüm iş bilen meşgullanan halatyň özüňe tankydy nukdaýnazardan çemeleşmek — bu kadaly ýagdaý. Bu seniň ähli zady has gowy etmäge bolan islegiň bilen bagly peýda bolýar. Sende islenilýän netije — nämäniň nähili bolmalydygy, nähili hereket etmelidigi bilen bagly hyýaly görüş bar. Köplenç zähmetimiziň miwesi bilen garaşýan zadymyzyň arasynda örän uly parh bolýar. Sen özüňe bitiren işiň entek o diýen öwerlik däldigini aýdýarsyň: jan edýäň, emma barybir isleýän netijäňe ýetip bilmeýärsiň. Bu seni kejikdirýär, telbelik hetdine ýetirýär, onsoň sen baryny güm-lam edip taşlamaga taýýarsyň. Emma başyna baran işiň kämilligine bolan isleg seni bu iş bilen meşgullanmaga iterendir. Ynha, şu hem bahasyna ýetip bolmajak esasdyr. Bu hyruçdyr, hyjuwdyr, yhlasdyr. Özüňdäki iň gowy, aňrybaş derejede bolmak islegiňe eýýäm ýeten derejäňe atanak çekmäge, kämilleşmegi we öwrenmegi goýbolsun etdirmäge ygtyýar berme. Sen islegiňe hökman ýetersiň. Ýöne wagt hem-de tejribe gerekdir. Eger sen häli-häzir hem şu basgançakda bolsaň, munuň bolaýmaly zatdygyna, kadaly ýagdaýdygyna düşün, seniň edip biljek iň möhüm zadyň — öz işiňi ýerine ýetirmegiňi dowam etdirmegiňdir. Diňe işiňi artykmaçrak etmek arkaly, sen öz ukyp-başarnygyňy kämilleşdirip we garaşylýan netije bilen öz zähmetiň arasyndaky uçudy gysgaldyp bilersiň.
6. Gowusy, şu wagt taşlap, wagtyňy we güýjüňi biderek sarp
etmezlik. Bir ýola Uinston Çerçilliň aýdyşy ýaly: «Üstünlik hiç haçan gutarnykly, şowsuzlyk bolsa ölümlikli bolýan däldir. Diňe işiňi dowam etmek islegi ähmiýete eýedir». Erjellik — önjeýliligiň enesidir. Ululy-kiçili şowsuzlyklar her gün, hatda biziň iň gowularymyz bilen hem, bolup durýan zatdyr. Iň güýçli we has önjeýli adamlar — bu hemişe üstünlik gazanýan kişiler däl-de, ýeňlen çagy hem gol gowşurmaýan kişilerdir. Birdenkä baryny owarram edip, taşlamaga taýyn hala ýetenligiňi duýsaň, eýýäm näçe menzil geçenligiň we bu işi näme üçin başlanlygyň barada oýlan. Köplenç sen işe hötde gelmäge pikir edişiňden has ýakynsyň. Käbir adamlar maksadyna ýetmäge sähelçe salym galanda synanyşyklaryny bes edýärler, beýleki birleri bolsa, olaryň tersine, islendik şowsuzlyklary böwsüp geçip, iň soňky sekunda çenli maksada ýetmek üçin çyr-çytyr çytraşýarlar. Işi orta ýolda taşlamagy öwrenseň, bu endige öwrüler. Mydama ýöremegiňi dowam et!
7. Islendik agyry-yza — bu ýaman zat. Näçe jan etseňem, sen agyry-yzadan azat bolup bilmersiň: sen ösüşiň özenini düzýän iň bir wajyp bölekden saplanyp bilmersiň. Şindem bolsa, saýlamak ygtyýary seniň özüňde: sen agyry-ynja boýun egip, baryny taşlap hem bilersiň, ýa bolmasa, hiç zada bakmazdan, işiňi tutanýerlilik bilen dowam etdirip, kem-kemden iň bir arzuwlanan maksatlara-da ýetip bilersiň. Agyry — bu ýoluň bir ülüşidir, onuň ösüp-uzalyp gitmegi we ony näme babatda ulanjagyň seniň ygtyýaryňda. Islendik bir alada-ünjüde, sözüň göni manysynda, şol aladany puja çykarýan mümkinçilik pynhan halda gizlengi ýatandyr. Seniň iň uly üstünligiň bu aladany (problemany) kabul edip, ony täze mümkinçilige öwürmek ukybyndan ösüp çykýar.
8. Tertip we yzygiderlilik hiç hili ähmiýete eýe däldir. Öz öňüňde aýdyň hem hakykata ýakyn maksatlar goýup, olara ýetmek üçin tertipli halda her gün iş alyp barmak ukyby üstünligiň kepilidir. Bu önjeýli iş usullarynyň ählisinden hem has wajypdyr. Eger sen hemme zady yzygiderli halda ýerine ýetirip, sarp edilýän yhlasda ünsüňi jemleseň, sen tarpdan başlan bolsaň-da, has öňe saýlanan adamlaryň gazanan netijesine hökman ýetersiň.
9. Aşa giç. Galat. Başga bir ýoly saýlap, durmuşyňda nähilidir bir täze zadyň peýda bolmagyny gazanmak üçin hiç haçan hem giç bolýan däldir. Bu köpler üçin mese-mälim, ýöne seniň geljegiň şu pursat näme edýänligiň bilen aýrylmaz derejede baglanyşyklydygyny, sözüň göni manysynda diýen ýaly kelläňe dykalap-dykalap salmaly bolýar. Islendik pursat seniň üçin täze başlangyç bolup biler. Ýitirilen wagt hem-de sypdyrylan mümkinçilik üçin nalamak bimanydyr. Sen muňa çäre tapyp bilmersiň. Geljek şu müddet başlanýar. Hut şu pursat. Ony iki eliň bilen garbap tut-da, güýjüňde baryny edip dart özüňe. Eger öňüňde böwet döräp, gol gowşuryp oturmak bilen öňdäki ösüşleriň hatyrasyna nämedir bir zat etmegiň ikiden birini saýlamaly bolsaň, ikinjisiniň başyny tut. Oýlan, işle, çytraş, gerek bolsa, agyr ýüzüňi bagtly geljege alyp git..

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir