Her ýyl Kaliforniýa ştatynda uly dabara bilen geçirilýän hasyl bäsleşiginde bir daýhan «Ýylyň iň oňat mekgejöwen öndürijisi» atly baş baýraga mynasyp bolupdyr.

Gazanan üstünligine gutlaglar tamamlanan dessine ol oýüne barypdyr-da, täze ekin möwsümi üçin taýýarlan tohumlaryny alyp, goňşularyna paýlap başlapdyr. Bu ahwaly gören ýerli habarçy oňa şeýe sowal beripdir:

– Size baş baýragy gazanmaga kömek eden tohumlaryňyzy öz meýdanyňyza ekmegiň deregine goňşularyňyza paýlaýarsyňyz. Geljekki hasyl bäsleşiginde olaryň sizden ozmagy ähtimal ahyry! Siziň bu hereketiňize nähili düşünmeli, jenap?

Daýhan ýan bermän, sowukganlylyk bilen jogap beripdir:

– Aslynda beýle däl… Bolýar, men saňa bir sorag bereýin. Häzir ýüzüňde näme duýýarsyň?

– Şemalyň emaý bilen sypap geçýänini duýýaryn.

– Honha, her mellegiň çäginde näme bar?

– Haýat bar. Emma men henizem soragyma jogap almadym, jenap?!

– Şemal seniň ýa meniň ýaly däl. Ol haýatyň nämedigine ünsem bermez, hatda aňşyrmazam. Haýatlardan aşyp, islendik tarapa öwser. Eger goňşularymyň eken tohumlarynyň hili ýokary bolmasa, ol şemalyň ugry bilen meniň mellegime-de ýeter. Men näçe der döksem dökübereýin, pes hilli mekgejöwenleriň tozgajyklary meniň hasylyma-da garyşyp, önümime we tohumyma zeper ýetirip biler. Biz elmydama gowy zatlary birek-birege paýlamak arkaly bol hasyl alyp bileris. Galyberse-de, şeýtsek, özümizdäki gowy tohumlary hem goradygymyz bolar.

Durmuşda-da şeýle. Ýagny öz ömrüniň her pursatyny manyly ýaşamak isleýänler başgalaryň durmuşlaryny hem baýlaşdyrmalydyr. Bagty saýlanlar beýlekileriňem bagtly bolmagyna ýardam etmelidir. Hemmämiz agzybirlikde gazanmasak, hiç haýsymyzyň zähmeti doly ýerine düşmez.

Soragyňa indi-hä jogap alan bolsaň gerek – diýip, daýhan ýylgyrdy.

Terjime eden Aýjemal Gurbanowa

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir