Kakama hat


Kaka bu ýerler-ä sowap başlady,
Egne ýyljak penjegiñi geýdiñmi?
Garañky-da ir gatlyşýar daşarda,
Sary ýapraklaram bir çak tüýdüldi.
Hä diýmänem bu ýerlere gyş geler,
Usurgan pursatlañ serin sämedip.
Geler meñem çagalygma gaýdasym,
Lowlap ýanýan pejimize äñedip.
''Kaka, eger odunymyz gutarsa,
Aýdaýsana, onsoñ näme ýakarys?''
diýip, oýurganýan üşek gyzyñy,
Köşeşdirşiñ,
''Ähli odun gutarsa,
Asmandan bir ýyldyz getireris-de,
Pejimize salyp otlap goýarys.
Ýaz düşdügem, ýene öñki ýerine
Eltip geleris'' diýen günlere ynanan gyzyñ,
Ýyldyz hakda arzuw edip ýaşaýşyn.
Her gezek daşarda döweñde odun,
Saña penjireden seredip durşun.
Hem gijeler ýyljak pejiñ başynda,
Şorja şänik döwüp beren günleriñ.
Gar ýagdygam egne atyp penjegiñ,
Bosagadan tamdyra,
onsoñ goñşulara çen
gar arçaýşyñ söýüşim.
Indem şol günlerden juda uzakda,
Bu ýerleriñ sensiz gyşlary bilen,
Ah, şeýle bir şol günleri küýseýşim,
Hemem saña meñzeşdigme buýsanşym,
Bilýäñmi, kaka?!..


Aknur ROZYÝEWA

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir